00:40 Añzakly tomus: Badalga -15: Gurban mergen | |
GURBAN MERGEN
Taryhy proza
Patyşa goşuny ýetip gelende edil Bamy, Bendesen ýaly Börme obasam tozap ýatyrdy. Ilatyň ýap-ýaňyja göçüp gidendigi her ädimde bildirip dur. Howul-hara zyňylan döwük-ýenjik uk, tärim, garakeçe bölekleri, essi gidip sal-sal bolan ýarysy çüýrük, döwük-ýenjik, köne, örme gamyşlar çaşyşyp ýatyr. Sökülen öýleriň oturan ýerleri tes-tegelek bolup dur. Şol tegelekleriň ortarasyndaky ojaklaryň käbirleriniň entek odam öçmändir. Burugsaşyp durlar. Köräp, tutaşjak bolup duranlaram bar. Kä ýerde bir eýesiz galan itdir-pişik görünýär. Olaram ýat adamlara tarap üşerişýärler-de, birdenem zym-zyýar bolýarlar. Obada boşap galan tamkepbeler, pagsa jaýlaram az däl. Garaňkynyň düşmegi bilen bütin Börme obasy tümlige bürendi. Ahal obalarynyň içinde iň uly hem berk galalaryň biri hasap edilýän Börme galasy hem üstüne dökülen ýat myhmanlardan ejap edýän ýaly ýüzüne gara perde çekdi. Obanyň demirgazyk tarapyndaky uly bolmadyk baýryň üstünde ýerleşen iki gat diwarly, daşy garym bilen gurşalan, ortasyndan ýalpajyk ýap akyp geçýän şol galanyň öz aralarynda göz tussagy bolup barýan Dykma serdaryňkydygy baradaky «hyşy-wyşylar» soldatlaryň arasyna ýaýrady. Olaryň köpüsi öz ýanlaryndan Dykma serdara duýgudaşlyk bildirdiler, onuň ornunda özlerini goýup gördüler, gynandylar. Öz ýolbaşçylary tarapyndan diplomatiýanyň iň bir ýönekeýje düzgünleriniňem berjaý edilmeýändigini ýokuş gördüler. Elýeterde azygyň azlygy zerarly şol gije soldatlara agşamlyk naharyň bolmajakdygyny aýtdylar. Şondan soň, olaryň käbirleri gadagan edilendigine garamazdan bakjalygyň gözlegine çykdylar. Daş-töwerege ýaýradylar. Hä diýmänem bölek-bölek bolşup ot ýakyşyp oturan soldatlaryň öňünde terne üýşmekleri peýda boldy. Şol terneleriň biri soldat Aleksandr Iwaşowa-da ýetdi. Aç garna gökje ternäni kirtildedip oturşyna ol şony kimiň ekendigi barada oýlandy. Kim tarapyndan ekilip, kim-kimlere niýetlenen zady, nirelerden gelip kim-kimleriň iýip oturandygyna haýran galmak, bilen başyny ýaýkady. Beýleki obalara garanda Börme obasynyň has uludygyny, şeýle hem onda pagsa jaýlaryň agdyklyk edýändigi hem Iwaşowyň synçy nazaryndan sypmady. «Diýmek, bular oturymly bolmaly», diýip, ol içini gepletdi. Öz obasynyň ortarasynda göz tussagy bolup oturan Dykma serdaryň içinde gopýan harasadyň güýjüni aňynda ölçäp özi ondanam beter hopukdy. Şeýdip, kimiň terne, kimiň öz oý-pikirleri bilen gümra bolup oturan halatynda gala-berkitmäniň üstünden yzly-yzyna tüpeň sesi çykdy. Ullakan oduň ýagtysynda, ýoldaşlary bilen alawagyrdy bolşup, terne gemrip oturan bir soldat çat maňlaýyndan giren okuň zarbyna «zöwwe ýerinden galdy-da, ellerini serip çiň arkan gaýtdy. Onuň iýip oturan ternesi «patlap» bir gyra düşdi. Ýaryldy. Çigidi pytrady. Guma garyldy. Soldatlaryň arasynda başagaýlyk başlandy. Olar tasaşyp ýerlerinden turdylar-da, galanyň diwaryna söýelgi tüpeňlerine ýapyşdylar. Haýsy tarapa gitjeklerini bilmän, tüpeňleriniň nillerini garaňkylyga gezäp, iki ýana alakjaşdylar. Käbirleri bolsa alahasyrdy bolşup ody öçürmäge başladylar. Birdenem aýňalan ýaly boldular-da, tüpeň sesiniň çykan ýerine tarap ok atyp başladylar. Olaryň bu hereketlerine şol oduň başynda oturan Iwaşowam goşulman durup bilmedi. Çünki, indiki atyljak okuň kimiň niresinden girip, niresinden çykjakdygy belli däldi. Tüpeň sesi welin edil öňki çykan ýerinden ýene-de bir gezek çykdy. Bu gezek bir soldat kükregini tutdy, heniz doly öçüp ýetişmedik oduň üstüne ýykyldy. Başagaýlyk şeýle güýçli bolansoň birbada oňa üns berenem bolmady. Şeýle-de bolsa onuň özi çabalanyp diýen ýaly otdan çykdy. Çykyşy ýalam ýerinden turdy-da, alaburugsy bolup, garaňka siňip gitdi. Iwaşow oda golaý ýerde duran suwly setili alyp onuň yzyndan ylgady. Emma basym ony gözden ýitirdi. Başga birem ylgap geldi-de: «Beýtmeli däl. Ýanan adamyň üstünden suw guýmak bolmaýar» diýip, suwly setili Iwaşowyň elinden aldy. Onuň ok atyp duran ýoldaşlaryna tarap öwrülenem şoldy welin, berkitmäniň beýik diwaryndan durşuna ak geýnen bir çalajan göwre asmandaka urlan guş ýaly gollaryny kelemenledip aşak gaýtdy. Soldatlar ok atmalaryny bes edip, şol tarapa okduryldylar. Dyrmaşyp diwaryň üstüne çykdylar. Içine göz aýladylar. Giribem barladylar. Diwaryň daş ýüzünde ýatan çalajan göwreden başga galanyň ne içinde, ne daşynda janly-jemendäniň ýokdugyny görüp welin juda geň galdylar. Tüpeň sesiniň çykan ýerinde bolsa üç sany tüpeň bar ekeni. Atyjy ony diwaryň üstünde aralaryny bäş-üç ädim edip hatara goýupdyr-da, gezek-gezegine atypdyr. Galadan ýykylan atyjynyň halys eňki giden gojadygyny görüb-ä soldatlar hasam haýran galdylar. Ol goja, Garabatyr dagynyň aralap, obanam ýola salan Gurban mergendi. Öz aýdyşy ýaly ol Dykma serdar bilen bellisini etmek üçin göçden galypdy we şondan bäri berkitmäniň üstüne çykyp, goşunyň hökman Börmede düşlejekdigine, Dykma serdaryň bolsa olary öz galasyna alyp geljekdigine ol berk ynanýardy. Emma onuň bu hasaby birneme ýalňyşrak çykdy. Goşun Börmede düşledi, ýöne, Dykma serdar myhmanlaryny alyp gala girmedi. General Lazerew hemişekisi ýaly, özi üçin niýetlenip dikilen gara öýde ornaşdy. Ýöne, gojanyň barybir öz oklaryny boş geçiresi gelmedi. Duşmanyň birini awlamaklygam bir peýda bildi. Şeýdibem Dykma serdara derek soldatlary atdy. Soldatlar ýanyna gelende gojanyň entek diridigine, göz ýetirdiler. Ýöne, goja halymsyrap ýatmady. «Hyk-çok» edip ýerinden galdy. Entirekläp durşuna soldatlaryň ýüzüne ýeke-ýeke seredip erbet sögündi. ─ Götüňizi bermäne barýaňyzmy, Gökdepä? Kimdir biri: «Bu biziň iki soldatymyzy öldürdi üstesine sögünýänem ýaly-la» diýip, duran ýerinde aýtjak boldy. Başga biri bolsa ýüzi kessir tumşygyna ýelmemek üçin tüpeňiniň gundagyny ýokary göterdi. Ýöne, olaryň ikisinem sakladylar. «Bu ýagdaýy generala ýetirmek gerek, belki sorag eder» diýdiler. General ony öz ýanyna getirmekligi buýurdy. Gojany sürekläp diýen ýaly ol ýere eltdiler. Onuň ýarasy ýeňil däldi. Şeýle-de bolsa özüne erk etmek üçin ähli güýjüni bir ýere jemlejek bolup jan edýärdi. Lomakin onuň bilen dilmaç arkaly gürleşjek boldy. Goja bolsa onuň näme hakda soraýanyny biljegem bolmady-da, ýaralanan sag elini çep eli bilen tutup, «has-has» edip durşuna ilk-ä goşun başlygynyň kimdigini sorady, bilenden soňam sag eliniň başam barmagyny orta barmagy bilen süýem barmagynyň arasyndan çykardy-da, generalyň gözüne golaýlatdy. ─ Me saňa Ahal! Şeý diýdi-de, goja şalkydap bir gapdala ýykyldy. Şondan soň general Dykma serdary çagyrtdy. Gojany tanaýandygyny ýa tanamaýandygy sorady. Dykma serdar generala jogap bermezden öň gojanyň ýanyna bardy. Üstüne egildi. ─ Gurban mergen? Bu senmidiň asyl? Sen näme göç bilen gitmediňmi? Demsaýy haýallap barýan gojany, Dykma serdaryň tanyş sesi özüne getirdi. Ol gözlerini zordan açdy-da: ─ Men saňa garaşdym, Öwezmyrat – diýdi. – Ýöne, ajalyň menden däl ekeni, duduwanyma gelmediň. Indi bolsa sen maňa hudaýlygyňy aýt, sen şular bilen öz meýliňe barýaňmy ýa zoruň güýji bilen barýaňmy? Dogryňy aýtmasaň gözümi açyp armanly giderin. Dykma serdaryň bokurdagy doldy. Esli mahal gepläbilmän, eginlerini silkdi durdy. Gojanyň sakgalyny, murtuny sypalady. Barmaklary bilen bu golaýlarda päki görmedik ösgün saçlaryna timar berdi. ─ Arkaýyn gidiber, Gurban aga. Dykma serdaryň öz hinine bakyp uwlaýan tilkilerden däldigini kim bilmese-de sen bilýärsiň ahyry... ─ Berekella Öwezmyrat. Senden tamamam şeýledi. Bir säw bilen okuma gelen bolsaň nähak ganyňa galjak ekenim. Kyýamat eşegiň boljak ekenim. Şol sözlerden soň goja usullyk bilen gözlerini ýumdy. Çalarak tisginen ýaly etdi-de, jan berdi. Dykma serdar ony arkan ýatyrdy. Aýaklaryny uzatdy. Ellerini iki gapdalyna goýdy. Egnindäki ýukajyk ýektaýyny çykaryp üstüne ýapdy. Dikeldi. Diňe şondan soň Lomakiniň hälki soragyna jogap berdi. ─ Howwa, men bu kişini tanaýan, jenap ýanaral – gynaral. Bu biziň obamyzyň ýaşulysy Gurban mergen. Ol meniň bilen hasaplaşmak üçin göçden ýörite galypdyr. Dolanyp gelmämsoň meni dönükdir öýdüpdirler. – Dykma serdar goýbermän saklanaly bäri ilkinji gezek generalyň ýüzüne dikan garady. – Mergeni bu gije öz adamlarym bilen «myhman almaga», ertirem öz obamyzyň gonamçylygynda jaýlamaga rugsat ber jenap ýanaral-gynaral. General Dykma serdaryň egnine elini goýdy. Duýgudaşlyk bildirýän äheňde gürledi. ─ Bolýa. Öz däbiňiz boýunça näme edilýän bolsa ediň. Näme kömek gerek bolsa ederler. Men buýruk bererin. – General iki ädim ýaly öňe süýşüp gojanyň üstüne abandy. Oňa seredip köp durdy. – Goja örän mert adam ekeni – diýende, sözünde buýsanç alamatlary duýuldy. Gurban mergeniň obada galanyny hiç kim duýmady diýen ýaly. Obadaşlarynyň-a barysy göç-gon bilen başagaý. Özüniňkileri bolsa: «Ine, menem yzyňyzdan barýan», diýip aldady. Hemmeler gidenden soňam düýn-öňňünlikde sygyr dölede bukup goýan, nijembir wagt bäri ellenmän duran köneje aw tüpeňlerini aldy-da, ilk-ä howlukman syryp-süpürdi, arassalady, ýaglady, şol zatlary boldum edenden soňam içi-daşy boşap galan galanyň üstüne çykdy, tüpeňleriniň hersini bir ýerräkde duşmanyň geljek tarapyna garadyp goýdy. Oklady. Her gezek ok sürende: «büý-ä Dykmanyň paýy, bu ikisem kime nesip etse şoňky», diýip öz-özi hümürdendi. Ähli hysyrdylardan dynansoňam ak bürgüt ýaly diwaryň üstünde çommalyp, ýola garady oturyberdi. Hä diýmän ömrüniň tamam boljagyny duýan ýaly şu ikiarada özüniň gysga bolmadyk ömrüni ýatlady. Seredip otursa onuň oglan bolup oýnap ýörenem, jahyl çykyp gyz söýen döwürlerem ýap-ýaňyjady. Ilkinji ogla gözi düşende Aý gören gul ýaly deň-duşlarynyň ýanynda ýyljyraklap oturşam, şol ogluň oturşygy üçin awa gidişem, birgiden käkilikdir –ördegi, bir keýigi atyň syrtyna bökderip obanyň çetinden girişem düýnjik ekeni asyl. Şol zatlaryň hemmesem şu obanyň içinde bolup geçdi. Şolaryň barysyna ine, şu gala-da, onuň içinden akyp geçýän ýalpak ýap hem şaýat. Bir döwür garrarys, awdan galarys diýip dagy Gurban mergeniň o wagtlar oýuna-da gelenokdy. Ol şu obanyň aýalu-erkek, haýsynyň haçan doglanyna çenli bilýär. Dykma serdaryň doglanam şu günki ýaly ýadynda. Onuň kakasyna Mämmetnazar baý diýerdiler. Çykymly, berimli, sahawatly adamdy. Ähli baýlygyny gysymyna gysyp, syňragyndan syzyp çyksa-ha ýalap, çykmasa-da aç entäp ýören baýlardan däldi. Ol pahyr bir gezek maly talananda dagyň aňry ýüzüne öwezalamana gidipdi we şol ýerde öldürilipdi. Şol gidişlikde Gurban mergeniň özem bardy we onuň ölümine hemmeden beter gynanypdy. Maslygyny ýat ýerde galdyrmajak bolup, ony oba getirenem şoň özi. Tä, kyrky sowulýança hormat edip, awa-şikara-da gitmän onuň ýerinde oturypdy. Şol wagtlar Öwezmyrat, ýagny, şu günki bir oka tabşyrmak üçin ýoluna garap oturany – Dykma serdar ýaňy bir ylgap ýören ýortmança oglandy. Ýöne, ol ýigit hökmünde ir ýetişipdi. Özem durşuna dogum. Şonuň üçinem ol on üç ýaşyndan başlap, alamana gatnap başlady. Gurban mergen bilen awa gidýän gezeklerem bolardy, ýöne, awa gidenden alamana gidäýenini kem görmezdi. Gurban mergeni edil öz atasy ýaly gowy görerdi, sylardy. Büjnürtli kürtleriň üstüne alamana gidilende onuň şolara ýesir düşenem Gurban mergeniň ýadynda. Şonda Gurban mergen Öwezmyrady boşatmak üçin öýme-öý aýlanyp, öz obadaşlaryndan pul ýygnapdy, barjamly adamlardan karz-kowal alyp ýetmeziniň üstüni doldurypdy we Eýrana gidip, Büjnürt hany Muhammetrahym hanyň hut özünden alyp gaýdypdy. Ýaş ýigit şonda alty aýlap zyndanda oturypdy. Obasyna gaýdyp gelenden soň ol Gurban mergene-de, obadaşlaryna-da, karz bereb barjamly adamlara-da köp-köp minnetdarlyk bildiripdi we Gurban mergeniňem, obadaşlarynyňam ellerine-aýaklaryna bakman,ýaňadandan alamançylara goşulyp birnäçe gezek ileri gatnapdy hem-de bary-ýogy iki aýyň içinde ähli bergilerini üzüpdi. Soň ol Ahalyň iň bir tanymal batyr ýigileriniň biri bolup ýetişdi. Börmäniň hany, gerek bolan wagty dessine bir bitewi goşuna öwrülip bilýän umumyahal oba gerçekleriniň serdary boldy. Göreşiň gurluşyna görä, Dykma serdar lakamyny aldy. Onuň öz ýigitleri bilen hatda Hazar deňziniň ýakalarynda goş ýazdyran ors soldatlary bilen döwdüleşip gaýdan gezeklerem bolýardy. Ine, şolar ýaly tanymal adamy, bir wagtlarky söwer dostunyň ogluny, şägirdini, külli Ahalyň serdaryny atyp öldürmek üçin Gurban mergen häzir onuň geljek ýoluna göz dikip otyr. Şol zatlary aňynda aýlap oturşyna «Wah, köpeý ogly, oka dözer ýaly kişi-hä däldir welin, nätjek-dä… – diýip, gözüne ýaş aýlady. Hamsyksy. Derrewem özüni ele aldy. – Ýok, oňa dözmezçilik etmek bolmaz, oňa hökman jeza bermeli? Ol hökman öz jezasyny çekäýmeli». Howwa, ol öz etjek işiniň hakdygyna öz-özüni ynandyrmak üçin ýaňky sözleri içinden öwran-öwran gaýtalady. Ýöne, kimdir biriniň gapdalyndan zompa çykaga-da: «Ahow, Mergen aga, sen näme aklyňdan azaşdyňmy? Kim bolupsyň sen uly iliň serdaryna ok atarça? Kim saňa ygtyýar berdi? Beýdip öz-özüňden höküm çykararyňça?» – diýip üstüne gygyrmagyny, ezeneginden tutup diwardan düşündirmegini, Dykma serdaryň hakykatdan-da bigünädigini, goşununyň arasy bilen onuň mejbury ýagdaýda, göz tussagy bolup gelýändigini, bu etjek bolup duran işiniň ýalňyşdygyny elinjek subut edip bermegini, soňundanam şonuň hut şeýle bolup çykmagyny isledi. Ýöne… …Gün mazaly agan hem bolsa, howa entek yssy. Şonuň üçinem, goja suwsaýar. Gapdalynda duran içi suwly goňurja, gulpsuz toýun jürdegiň bokurdagyndan tutup agzyna ýetirýär, ýekeje owurt edibem ýerinde goýýar. Öwran-öwranam ýola garaýar. Haýy giden gurpsyz göwresine agram salýan bu ahwalatyň basymrak başyndan sowulmagyny, häliden bäri özüne ynjalyk bermeýän alasarmyk pikirleriniň basymrak bir ýüzli bolmagyny dileýär. Ol öýle namazyny diwara münmezden öň okapdy we ikindi namazyny şu ýerde okamaly bolaýsa dagy diýip, gasygy gyssap alyp barýanam bolsa, täretini bozmazlyga çalyşýar. Çünki, şojagaz jürdekdäkiden başga onuň ýanynda suw ýok. Dogry, galanyň içinden suw akyp dur, ýöne, ol bu wagt goja üçin elýetmez. Oňa bu wagt diwardan düşmegem, münmegem bolanok. Sähelçe gymyldy-hereketem duşmanyň öňde ýöreýänleriniň görmegi we gojanyň ähli meýillerini bulaşdyrmaklary mümkin. Emma Gurban mergen ol ýerde ikindi namazyny okamaly bolmady. Wagt ikindi bolmazynyň öň ýany goşunyň ilk-ä dünýe-älemi tutup gelýän sarymtyl tozany, soňam şol tozanyň asty bilen çala sudur bolup gelýän özi göründi. Kem-kemdenem aýdyňlaşdy. Tertip-düzgün bilen gelýän goşunyň daş görnüşem, egin-eşiklerem, ellerindäki ýaraglaram goja üçin geň. Üýtgeşik. Soldatlaryň hemmesi pyýada. Özlerem, diýseň ýadaw. Daşyndan seredeniňde dabara bilen hüjüme barýan goşuna däl-de, tutulyp getirilýän ýesirlere meýzeýärler. Soňky günleriň argynlygy olaryň başky badyhowalyklaryndan nam-nyşan goýmandyr. Aýaklarynda çepekmi, çokaýmy, Gurban mergen doly anyklab-a bilmedi welin, şoňa meňzeş bir zad-a bar. Injiklerine çenli dolanan dolaklarynyň üstünden bolsa üzük-ýoluk ýüp bilen emelsiz halda terslin-oňlyn oralypdyr. Eşikleri derden ýaňa gatap, eginlerinden ep-esli ýokarda gabarylyp dur. Balaklary her gezek ädenlerinde «şokur-şokur» ses edýär. Käbirleriniň aýaklarynyň ýalaňaçdygy, gan gabarçakdygam köne awçynyň ýaşyyna bap gelmeýän ýiti göreçlerinden sypmady. Olaryň bu bolup gelişlerini görende, gojanyň tebigy duýgusy oýanyp, olara nebsi agyrjak boldy. Ýöne, kimdikleri, nirä barýandyklary ýadyna düşendenem : «Gaýdyşynyňyz mundanam beter güne düşäýediňiz-dä hern-ä», diýip olara öňküsindenem has ýigrençil garady. Esgerleriň köpüsi Gurban mergeniň bukulyp oturan diwarynyň düýbünde düşlediler, hä diýmänem obanyň ilersindäki bakjalyga bakan ýüwürdiler. Gawunyň esasy hasyly sowlupdy. Sowulmadygynam her kim ýygyp, malyna ýükläp, ýany bilen alyp gitdi. Şonuň üçinem, soldatlaryň çolpusyna terneden başga ilen zat bolmady. Şeýle-de bolsa, olaryň bu bolup ýörüşleri Gurban mergene ýakmady. «Hä-ä… Eneňiz ekip, ataňyz suwa ýakandyr şo bakjany… - diýip, garaçyny bilen gyjynanda dişsiz kentlewükleri awap gitdi. – Bokurdagyňyza tegek bolaýady-da hernä… – Ol hor, süňklek ýumrugyny şolara tarap gezedi. – Tegek bolaram işşalla...» Şolaryň yz ýany bilen, Gün doly ýaşmanka gelip ýeten atly goşunyň esgerleri bolsa öz parçalanlary bilenem oňman, atlaryny doýurmak üçin biýaralaram ýeke-ýeke sogrup alyp, düşelgä daşap başladylar. Bu ýagdaý gojanyň garry göwnüni öňküdenem beter ynjytdy. Goşun bolsa bölek-bölek, entegem gelip dur. Içinden gawunçylar bilen sögüşip oturanam bolsa, gojanyň bar ünsi şol tarapda. Ol şolaryň arasyndan Dykma serdary gözleýär. Onuň ýazzy maňlaýyndan çüýläsi, türkmene dönük serdaryň gerek däldigini gelmişeklere subut edesi, il-güne bolsa: «tüweleme, Gurban mergen-ä ýaşynyň soňunda iş bitiripdir, janyny orta goýup, men diýen jahyl ýigitleriň başaryp bilmedik işini edipdir» diýdiresi gelýär. Birdenem onuň gözi birgiden ors soldatlarynyň arasy bilen ýüzlerini sallaşyp gelýän türkmen atlylaryna düşdi. Galanlaryny tanamasa-da, Dykma serdar bilen Sopy hany tanady. «Be-e... bi äteňenäledem bar ekenow, oň ýanynda – diýip, başyny ýaýkady. – Ine, ikinji ok kim üçin ekeni. Eýesiz galýany indi ýekeje ok. Zyýany ýok, men onam ýele-hä goýbermen. – Goja bir zat ýzdyna düşen ýaly «patladyp» buduna urdy. – Ýok, how, men ony bularyň iň ulusyna bererin. «Baş bolmasa göwre läş» diýipdirler, şony alybilsem ýagynyň şu ýerden yzyna dönäýmegem ahmal. Juda bolmasa-da şony alybilsem galanyny oglanlaryň özleri bir zat ederler». Howwa, goja şeý diýdi-de, hatarlanyp goýlan tüpeňleriň çep tarapkysynyň ýanyna bardy. Ilkinji awuny nyşana aldy. Ýöne, gaýda-gaýmalaşyk goja birsyhly päsgel berdi durdy. Bir görseň serdaryň öňüni öz ýigitleri gabaýar ýene bir görseň soldatlar, garaz, bolanok. Kimiň näme edip ýöreni welin belli däl. Dogry, olaryň haýsysyna degäýende-de Gurban mergeniň nebsi agyryp duranok. Näme edip, näme goýup ýörenleri bilenme işi ýok. ýöne, oňa Dykma gerek. Dönük Dykma gerek. Onuň indi oňa «serdar» diýmäne dilem baranok. Diýesem gelenok. Diýmezem. Ýurduň abat wagty serdarsyran bolup, ykbaly humara goýlan günem bagy goýnuňky ýaly ýagly syrtyny özüniňkilere tarap öwren dönüge ol hiç wagtam serdar diýmez. Asla hiç zadam diýmez. Ine, dek häziriň özünde maňlaýyndan otlar-da, janyny jähennem bazaryna iberer welin, bolar duruberer. Elbetde, ony bendi eden bolaýmasynlar, diýen pikir Gurban mergeniň aňyndan entegem aýrylanok. Gulbatyr serdaryň tä şu ýerden ugraýançalar: «Bir emmasy bardyr» diýip, özelenip aýdan sözlerem henize çenli gulagynda ýaňlanyp dur. Şonuň üçinem, Dykma serdaryň dolmuş ýüzi diduwanyň tegelek egremçesiniň içine dolan wagty bir zatlar aňmak üçin siňe-siňe seredýär. Seretdigiçe-de öz etjek bolýan işiniň ýalňyş bolaýmagynyň ahmallygyna bolan ynamy güýçlenýär. Çünki, daşyndan görmäge Dykma serdaryň özem, ýoldaşlaram keýpihon barýana-ha meňzänoklar. Elleri arkalaryna daňylgy bolmasa-da, billerinde ýaraglary ýok. Iň ýamanam ýüzlerinde ruh ýok. aladaly. Ahmyrly. Daş-töwerekleri bolsa soldatdan doly. Diýmek, olar saklawly. Bir gezek Dykma serdaryň çep döşi nyşana gowy gabat geldi, ýöne, ol wagt eýýäm Gurban mergeniň aňyny: göz tussag bolaýmasynlar, diýen pikir doly öz erkine alypdy. Oňa çenlem Dykma serdar dagyny gyssagara gurlan gara öýe saldylar. Özem edil, goýun sanan ýaly ýeke-ýeke sanap saldylar. Sanaw wagty gapynyň her tarapynda bir soldatyň, beýle ýanlarynda bolsa on-onki sany soldatyň dim-dik bolşup hekgerilişip duruşlary gojanyň: şular tussag edilen bolaýmasyn, diýen iňkisini hasam artdyrdy. Şondan soň Dykma serdaryň adamlaryndan hiç biri görünmedi. Hiç biri daş çykmady. Öýüň agzyndaky saklawlar aýrylmady. Oňa çenlem garaňky düşdi. Gurban mergen Dykma serdaryň göz tussagy bolup barýandygyna doly göz ýetirdi we tüpeňiniň nilini uludan gallanan oduň başynda terne gemrişip, ala-goh bolşup oturan soldatlara tarap öwürdi. Ol her tüpeňinden bir gezek, jemi üç gezek atdy. Onuňam ikisi nyşana degdi. Biri «pys» geçdi. Ýöne, şondan artyk atmana onuň okam ýokdy, ýagdaýam. ... Gurban mergen türkmenleriň iňňän mert hem namysjaň halkdygyny orslara subut eden ilkinji adamlaryň biri boldy. Şu çaka çenli goşunyň içinde Ruhy batyryň, Garabatyryň ady ýörgünlidi. Şonuň adyny eşitdikleri töwereklerine garanjaklaşyberýärdiler. Şol gijeden soň şol iki adyň üstüne gojanyň adam goşuldy. General Lomakiniň hut özem ony: hakyky gahryman diýip atlandyrdy. Mundan bu ýana her ädimde hüşgär bolmaklygy soldatlara berk tabşyrdy. Gojanyň merdana hereketi soldatlaryň Ahal ülkesi, onuň adamlary baradaky ozaldanam edip gelýän pikirlerini düýpgöter üýtgetdi. Umuman alanyňda-da, goşunyň içinde bu ýöriş barada üç dürli pikiriň bardygyny belläp geçmek gerek. Olaryň birinjisi ýolbaşçy toparlara degişli. Olar üçin diňe ýeňiş gerek. Ýeňiş olary şöhrata ýetirmeli. Şanlaryny artdyrmaly. Iň bolmanda çinleri galdyrylar, şundan buýanky ösüşlere itergi bolar, basgançak bolup hyzmat eder. Şonuň üçinem, haýsy tarapdan näçe adamyň gyryljakdygyna garamazdan, olar diňe söweşe höwes edýärler. Ýeňişe ynanýarlar. Ikinji pikir öň ors-türk urşunda bolup görenlere we orta çinli ofiserlere degişli. Olary ýörüşiň öň ýany komandowaniýanyň özi seçip alyndy. Çünki olaryň bu jähtden tejribeleri ýetik. Edil birinji pikiriň tarapdarlary ýaly ölüp-öçüp barmasalaram, bularam gaty bir şolardan pes päl hem däl. Ýöne, syr bildirmeýärler. Ýeňjekdikleriniň ikuçsuzdygyna şübhelenmeýärdiler. Üçünji pikiriň tarapdarlary Iwaşow ýaly ýönekeý soldatlar we kiçi çinli ofiserler. Olar diňe berilýän buýruklary bilýärler. Ölmelimi-ölmeli. Galmalymy-galmaly. Iki – ýeke Çurkin ýalylar bolaýmasa, olar seslerini çykarmaýarlar. Jebri-jepa çekselerem zeýrenmeýärler. Olaryň şu häsiýetleri tä, Gökdepä golaýlaýançalar dowam etdi. Gepiň gysgasy, tutuşlygyna alanyňda goşun ugramazdan öň, Ahal ülkesim, tekeleriň hüý-häsiýetlerem doly derejede öwrenilmändi. «Topumyzyň nilini gördükleri ellerini göterişip öňümizden çykarlar» diýen düşünje bilen ýola çykypdy. Bendesende başlanan söhbetdeşligi dowam etdirmek üçin, general Lomakin Dykma serdary, Arçmanda düşlenen gijesi ýanyna çagyrdy. Serdary iki sany soldat general üçin ýörite gurnalan gara öýüň gapysyna getirdi. Ony öňki dilmaç garşy aldy we gapynyň eňsisini galdyryp näme üçindir ulumsylyk hem äsgermezlik bilen: ─ Giriberiň – diýdi. Serdar gapydan girenden başy papaksyz, egni harby eşiksiz köýnekçe oturan general, stoluň başyndan turdy. Salamlaşdy. Görüşdi. Öz oturan ýerinden ýer görkezdi. Oturandan soň iýer-içer ýaly zatlardan mürähet etdi. Dykma serdar stoluň üstündäki kiçeňräk samowara, kiçijik tarelkajyklaryň içindäki gapdallary, hatda gulplaryna çenli haşamlanan, içi kiçijik demir çemçeli çaşkalara, ulurak tarelkanyň içindäki gant üýşmegine, suharilere, kökelere gözüniň gyýtagyny aýlady-da, işdäsiniň ýokdugyny, ýaňyja naharlanandygyny aýtdy. Şondan soň general ondan özüne, ýoldaşlaryna nähili seredilýändigini, nähili hezzet-hormat edilýändigini sorady. Telpegini ýeňseräk süýşürip, maňlaý derini ullakan ýaglygy bilen süpürip oturşyna Dykma serdar generala nägile nazaryny dikdi. ─ Hiç neneň däl, tüweleme hezzet-hormatdan kem bolar ýaly etmediňiz. Myhmanparazlygyňyza söz ýok. Indi onuň öňki alçaklygynyň ýoklugyny, sähelçe zat üçinem ýaryljak bolup, galkyjaklap oturşyndan generalyň özem duýdy. Elbetde, özüni çykgynsyz güne salandygy üçin ol generaldan kineli. Ýeke ondanam däl, tutuş Orsyýetden, ors hökümedinden kineli. Ol özüni komandowaniýe tarapyndan kemsidilen hasap edýär. Şu zatlardan ak patyşanyň habarsyzdygyna bolsa ynanmaýar. General çaýyňny ýa başga bir zadyň badynamy, çygjaryp duran ýüzüni kiçijik, akja elýaglygy bilen ýelpäp oturşyna edil öňki gezekkisi ýaly terjimeçisini ýanyna çagyrdy-da, özünden göwni hoş halda söze başlady. ─ Görşüňiz ýaly hormatly Dykma serdar, biz siziň ülkäňize girdik. Urşuň gutulgysyzdygy, ýitginiňem esasan türkmenlerden boljakdygy bolsa indi iki tarapa hem äşgär. Oňa özüňizem göz ýetirensiňiz. Şonuň üçinem, siz maňa aýdyň, biz nädenimizde galany bu diledüşmez halky az ýitgä sezewar edip alyp bileris? ─ Siz meni şo tarapa näçe çalt iberseňiz, şonça-da galany çalt alyp bilersiňiz. ─ Näme üçin? Nädip? ─ Men olara ýene bir gezek töwella ederin. Uruşmaň, gelýän goşun güýçli, diýerin. ─ Töwellaňyzy almasalar näme? ─ Onda hakykatdan-da uruş bolar, ýöne, haýsy tarapdan az, haýsy tarapdan köp adam gyryljak, ony bir Alla biler. ─ Sizem özüňiziňkiler bilen bir hatarda durup, bize garşy söweşersiňiz? Şeýle dälmi. ─ Elbetde. Lomakin gürrüňdeşini sözünde tutan ýaly, barmagyny çommaldyp hileli ýylgyrdy. ─ Görýäňizmi? Siz özüňizi bize dost hasap edýärsiňiz. Emma garşymyza uruşmana welin taýýar. ─ Sizem nijembir ýyl bäri özüňizi bize dost hökmünde görkezjek bolduňyz, emma ine, ahyrsoňy üstümize goşun çekip geldiňiz. Onsoňam, dost diýeniň öz öýüne gelen dostuny tussag etmez. General çaşkasyny eline alyp çaý owurtlady-da, boş elini bir gapdala serdi. ─ Siz bize goşun çekip gelmekden başga ýol goýmadyňyz. Dostlukly ganaşyklardan ýüz öwürdiňiz. Indem biz uruş ýagdaýynda. Uruşda bolsa kada-kanun bolmaýar. ─ Her hili ýagdaý bolanda-da ilçi babatdaky halkara kanun berjaý edilmelidir. Ony saklamak, tussag etmek, öldürmek gadagandyr. Bu ähli döwürler, ähli halklar, ähli ýurtlar üçin berjaý edilmesi hökman bolan ýeke-täk ýörelgedir. – Dykma serdar ýerinden turdy. – Men ilçi bolup geldim. Şonuň üçinem, siziň meni saklamana hakyňyz ýok. Beýtmek bilen siz diňe halkyň gahar-gazabyny artdyrarsyňyz. Özüňiziň bolsa halkara derejesindäki abraýňyzy gaçyrarsyňyz. Ýeke özüňiziňkini däl, tutuş ors hökümediniňkinem ak patyşanyňkynam gaçyrarsyňyz. ─ Bu, aýdýanlaryňyz biçeme däl, Dykma serdar. Ýöne, men ýalňyşmaýan bolsam, siz Ahalyň baş serdary bolup durýarsyňyz. Dogrumy? ─ Dogry. ─ Şeýle bolsa, bizem sizi goýbermesek, onda, baştutansyz galan goşun urşup bilmez. Onda-da biziňki ýaly uly hem ok-ýarag bilen üpjün goşunyň garşysyna. Onsoňam olar eýýäm sizi dönük saýyp ýörler. Düýnki goja-da... Dykma serdaryň hemişe mähir bilen balkyldap duran gözlerinde gazap ody uçganaklap gitdi. Garaýagyz ýüzüniňkä ýeri aksowult, sowuk reňke öwrülse, kä ýerleri sargylt öwüsdi. Gür gaşlary bäbenekleriniň üstünde birnäçe gezek üýşüp –çaşdy. Şular ýaly tolgunanda hemişe bolşy ýaly, tutuş süňňi bilen galpyldady. Elleri titredi. Uýluklary saňňyldady. ─ Siz asyl meni şonuň üçin saklan ekeniňiz-ow, jenap ýanaral-general – diýende, sesi kapasa düşüp iki ýana urunýan ýolbarsyň «arryldysyna» meňzedi. Bir okda iki towşan urmak islän ekeniňiz-ow. Halk hem-ä serdarsyz galar, urşup bilmez, üstesine-de serdaryny dönük saýar, ruhdan düşer, dyzyna çöker öüden ekeniňiz-ow... Emma bilip goýuň, halk hiç haçan başsyz galmaz. Çünki, türkmende hanam, serdaram,batyram bir ýa iki däldir. Islendik pursatda biri-biriniň ornuny tutjaklar kändir. Meniň ornuma olaryň eýýäm birini saýlan bolmaklaram mümkin. Şonuň üçinem, siz meniň getiren salgyt baradaky teklibimi kabul edip, yzyňyza dönmeseňiz, uruş bolar, men bolsamam bolar, bolmasamam bolar. Dykma serdarsyz galdyk diýip, halk size öz topragyny basgylatdyrmaz. – Dykma serdar sag eliniň süýem armagyny çep döşüne diredi. – Ýöne, ýanyňyzda saklanyňyz bilen, halkyň meň ýagyrnyma «dönük» diýen ýarlygy ýelmejekdigine-de gaty bir ynanyp barmaň. Çünki, halk meni bu gün tanamaly däl. Ol her kime «serdar» adyny beribem ýören däldir. Ol ady menem Güne ýatyp gazanana däldirin, jenap ýanaral-general. Şol günlikçe gürrüň gutardy. General Dykma serdary kabul edendäkisi ýaly tertip-düzgün hem-de hormat bilen ugratdy. Ýöne, ýüzi başdakysyndan has aladaly, pikirli, şeýle hem ýadaw göründi. Terjimeçisinem ugradyp ýeke galandan soň, ol çaý içen çaşkasyny stoluň bir gyrasyna süýşürdsi. Gaty çöregiň ulurak owuntyklaryny çöpleşdirip çaşkanyň içine atdy. Galanyny sag eliniň aýasy bilen süpürip çep aýasyna guýdy we onam çaşkanyň içine atdy. Ýerinden turdy. Tärimden asylgy gaýyş, ýol planşetini alyp, içinden Ahal ülkesini görkezýän ýöriş kartasyny çykardy. Kartanyň köp ýeri boşdy. Bellik edilen ilatly nokatlary görkezýän ýerleri azdy. Bu bolsa ýörişe çenli ençeme ýyllap, ençeme gezek barlag geçirilen hem bolsa, Ahal ülkesiniň doly kartalaşdyrylmandygyny aňladýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |