00:45 Añzakly tomus: Badalga -16: Galadaky taýýarlyk | |
GALADAKY TAÝÝARLYK
Taryhy proza
Goşunyň golaýlaşýandygy baradaky habarlaryň ýygjamlaşmagy, şeýle hem ekabyrlaryň üznüksiz tagallalary bilen, gala göçüp gelýänleriňem sany artyp başlady. Mähnet diwarlaryň derwezeleriniň girim-çykymy içindäki erewde-berewlik köpeldi. Galanyň gurluşygyna jogapkär adamlar häli-şindi iş üstüne aýlanyp durýarlar we her hili görkezmeler berýärler. Gurluşyk, göç-gon meselesi bilen bir hatarda urşa taýýarlyk işlerem gije-gündiz dowam edýär. Öňi bilen-ä, Aşgabatda geçirilen uly maslahatyň gelen netijesine görä, Änewdäki ýeke-täk, topy getirip, Diňlidepäniň üstünde dikdiler. Halk ondan köp zada garaşýar. Aýratynam aýallaryň tamalary uly. Olar onuň daşyndan aýlanşarlar-da, ýaşmaklaryny çalarak aşak düşürip: «Jan dogan, hiý şuň öňünde ýagy durubiler öýdýäňizmi?» – diýip, ýuwaşjadan pyşyrdaşýarlar. Çagalaryňam top baradaky düşünjeleri şolaryňky bilen deň. Olaryň pikirine görä, şolar ýaly top dünýäde başga hiç ýurtda ýokmuşyn. Orslaram şu ýerde şular ýaly aýylganç guralyň bardygyny bilmän gelýärlermişin. Biläýenlerinde dagy tekä tarap gaňrylyp bakmajakdyklary düşnüklimişin. Ýöne, şuňa gözleri düşenden, zut gaçyp gitjekdiklerine welinşübhe ýokmyşyn. Abdylla ussa Ahally ýaly şägirtleri bilen gije-gündiz şol topuň daşynda aýlanyp ýör. Elbetde, olar arasynda beýleki ussaçylyklarynam edýärler: tüpeňler üçin ok guýýarlar, däri ýasaýarlar, ýarag bejerýärler, gylyç taplaýarlar, pyçak çarhlaýarlar. Şolar ýaly hysyrdylar her bir öýde-de dowam edýär. Halys ýaragy ýoklar uzyn syrygyň ujuna gykylyk, gaňyrçak ýa keser daňyp özboluşly «naýza» ýasaýarlar. Paltadyr-teşe, pildir-çarşak bilen ýaraglanýanlaram bar. Enehakyda başlyklaýyn gelin-gyzlaram edil erkekler ýaly syryklaryň ujuna gyrkylyk daňyşyp, ony her daýym howa sary ülňäp-ülňäp görýärler, ýere sanjyp berkligini barlaýarlar. Soňam uludan demlerini alýarlar-da, galanyň diwarlarynyň üstündäki eginlerini terezilendirip, duşmanyň ýoluna garap duran ýigitlere bakan kemsinmek duýgusy bilen seredişýärler, özleriniň ýigit bolup dogulmandyklsry üçin gynanýarlar, şolaryň duran ýerinden özlerine-de orun berilmeýändigine namys edýärler. Boýdaşlarynyň şol duýgularyny köşeşdirmek üçin, Enehakyda olara gadymy oguz gyzlarynyň gahrymançylykly işleri barada gürrüň berýär. Sylyjan hatyndan, Burla hatyndan, Barçyn salyrdan, Günin görkliden söz açýar. Ýurduň başyna düşen bu kyn günde joralarynam şolar ýaly mert bolmaklyga, ýigitler bilen bir hatarda durup, duşmana gaýtawul bermeklige çagyrýar. Täze göçüp gelenleriň köpüsi öý dikmek, çatma gurmak, tüm gazmak bilen meşgul. Alakanyň hinine meňzeýän tümler esasan azyk-suwluklary, öý goşlaryny, gymmatbaha zatlary saklamak, top okundan penalanmak üçin, öýler, çatmalar bolsa ýaşamak üçin niýetlenen. Galanyň içindäki jemendäniň urşa ýarawsyzynyň sany ekabyrlaryň hasaby boýunça otuz müň boldy. Öý sany on iki müň. Urşa ýaraýanlaryň atlysy on bäş müň, pyýadasy ýigrimi müň. Bulardan başga Nurberdi hanyňam bu gün-erte Marydan alty müň atly goşun we alty sany top bilen gelmegine garaşylýar. Galanyň içine sygmadyk dört ýüze golaý maşgalanyň öýi galanyň daş ýüzünde, demirgazyk derwezäniň öň ýanynda dikildi. Gurbanmyrat işan öz egindeşleri bilen käte iliň ýygnanýan meýdanynda, käte diwarlaryň üstündäki ýigitleriň arasynda, käte Diňlidepäniň düýbüne üýşýän ekabyrlaryň arasynda peýda bolýar we at üstünde sakgalyny, gök ýektaýynyň syýlaryny epgekli, gyzgyn şemalyň ugruna galgadyp oturşuna öňkülerindenem has aýgytly surata giren ullakan, ala gözlerini daş-töweregine aýlap: ─ Adamlar! Ors baýarlary biziň töwellamyzy almadylar. Çünki, olaryň maksady bizi basyp alyp, özleri ýaly käpir etmek. Käpir bolmadygyňy gyrmak. Şonuň üçinem bek biliň: bu uruş-din urşudyr. Din gylyjynyň dessesini mäkäm tutuň! Käpirlere per bermäň. Aslyýetinde, bu ýagy bize alamana gatnap köp-köp musulman bendeleriň ganlaryny nähak döken käbir ýaramaz adamlar zerarly Allatagalanyň ýollan jezasydyr. Ýüzüňize bala-çagalaryňyz, zenanlaryňyz garap durkalar, mert boluň, berk duruň... – diýip, wagyz-nesihat edýär. Onuň ýanynda köplenç Kerimberdi işany hem görmek bolýar. Şolar bilen bilelikde, käte olaryň öň ýany, käte yz ýany egni ýüpekden dokalan gyrmyzy donly, başy buýralary zire-zire bolup, seçelenip duran silkme telpekli Berdimyrat han atyny säpjedip peýda bolýar. Kümüş gaşly eýeriň üstünde sarsman, syrdam göwresini dik tutup oturan han her baran ýerinde gylyjyny gynyndan «şowurdadyp» çykarýar-da, depesinde bulaýlap, ýigitleri söweşe ruhlandyryjy sözleri dabara bilen aýdýar. ─ Ýigitle-er! Allanyň bize bagş eden abraýly güni ýetip gelýä! Toý mütdedi golaýlaşýa... – diýende, hemmeleriň endam-jany jümşüldeşip, gözlerinde dogum uçgunjyklary uçganaklaşyp gidýär. – Bu toýy hem biz edil öňki toýlary sowuşymyz ýaly abraý bilen sowmalydyrys. Watan, il-gün, ar-namys ugrunda ölmek üçin şundan amatly pursat bolmaz... ─ Arkaýyn bol, Berdimyrat han! Enşalla biz duşmany ýeňeris! ─ Alla bizdendir! ─ Duşman Ahala aýak sekmez!.. – diýen ýaly joşgunly sözleri eşidibem, ol üzeňňä galýar-da, gylyjyny gynyna salyp olara tarap telpegini bulaýlaýar. Soňam atynyň başyny beýleki diwarlaryň üstünde gaýmalaşyp ýören ýigitlere tarap öwürýär. Galanyň eýýäm boýy ýeten diwarlarynyň üstündäki uly ýola gözegçilik edip duran ýigitleriň ellerindäki naýzalaryň gür tokaý ýaly bolup görünýändigine gözi düşende buýsanjy artyp, indiki baran ýerlerinde hasam ynamly gürleýär. Galanyň gurluşygyna gözegçilik etmek üçin, mahal-mahal Orazmämmet han, Gulbatyr serdar, Hanmämmet atalyk ýaly atly-abraýly adamlardan ybarat ýörite topar hem aýlanýar. Olaryň hemmesem edil dilleşen ýaly, işi köp synlaýarlar, az gepleşýärler. Geplänlerinde-de ýuwaş sözleýärler. Tutuma göwünleri ýetmän ýa maslahatda sözleriniň geçmändigi üçin kine edip däl-de, häsiýetleriniň şeýledigi üçin ýuwaş şeýdýärler. Hanmämmet atalyk hasam ýuwaş sözli. Ýöne, onuň pyşyrdap aýdýan sözlerem menziline ýetmän galanok. Çünki, gylygyna, gepe çeperligine belet her bir adam onuň dodaklary gymyldap ugrandan, durşy bilen gulaga öwrülýär. Hywa hany oňa ýöne ýerden: «Ol bir dilli tüýdük. Onuň sözünde-de hata ýok, özem bihal adam däl. Göni başyny alaýmasaň, gepletseň-ä ölümden sypar», diýip, uly baha beren däldir. Orazmämmet han bilen Gulbatyr serdaryň bolsa asla ýasawary agras. Gygyraly diýenlerinde-de bokurdaklaryna zor salyp bilmeýärler. Ähli harasatlary içinde. Bir söz aýtjak bolsalar telim wagtlap içlerini hümledip oturýarlar, aýtjak sözlerini ölçerýärler, dökýärler, oýlanýarlar. Kimdir birine beren jogaplary göwünlerine jaý bolmasa, ýa öz wagtynda berip bilmeseler, telim günden soň käte telim aýdan soň, hatda telim ýyldan soňam: «Häý, şol gezek şoňa şeýleräk jogap beren bolsam göwne jaý boljak ekeni», diýip, ahmyr çekýän wagtlaram bolýar. Şular ýaly häsiýetnamany Gulbatyr serdar babatda-da dowam etdirmek mümkin. Ol dymmalykda Orazmämmet handanam geçiren. Şeýle hem hiç haçan, hiç kimiň ýüzüne gelmeýär, şeýle-de bolsa, onuň senden hoşdugyny ýa nägiledigini gözleriniň şöhlesinden, dodaklarynyň müňküldisinden, hususanam giň maňlaýyndaky sanaýmaly, kese geçýän egri-bugry çyzyklaryň hereketlerinden aňmak bolýar. Ol at ýüzli, ujy sähelçe tommaýrak uzyn burunly, gaşlak, eňegi çürüräk, iri süňkli, gaty bir uzyn bolmadyk sakal-murtly, epeý adam. Olaryň hemmesem, göwreleriniň uludygyna ýa kiçidigine garamazdan, öz borçlaryna, özlerini alyp baryşlaryna görä epeý görünýärler. Şonuň üçin, göwresiniň beýlekilere görä çepiksijedigine garamazdan Hanmämmet atalygam olardan pes görnenok. Galanyň gurluşykçylaram, urşa taýýarlyk görýänlerem, kime gulak asmasalar-da, şol «epeý» adamlara gulak asýardylar. Garabatyryň ýolbaşçylygyndaky atly goşunyň bir bölegi Bendesenden bäri topar-topar bolup, kä sagyndan, kä solundan çozup, duşmana birsyhly päsgel berip gelýär. Duşman Börmä gelenden soň, olaryň hereketleri has hem işjeň häsiýete eýe boldy. Şonuň iň ähtibarlysy bolsa, Bäherden bilen Durun aralygynda bolup geçdi. Şol gün agyr goşun Bäherdende goş ýazdyrdy. Bir bölek atly otrýad bolsa Duruna tarap ýola düşdi. Muny goşunyň her bir hereketini sypdyrman, garaba-gara synlap gelýän türkmen atlylaram gördülere. Şonuň üçinem, bölek otrýad esasy bölümden saýlanansoň, Garabatyryň görkezmesi boýunça, ellä golaý atly olaryň üstüne çozdy. Duýdansyz çozuş soldatlary diýseň aljyratdy. Olar ur-tut at başyny yza öwrüp gaçmak bilen boldular. Ýigitler olary oka tutdular. Oklarynyň gaty bir kär edibilmeýändigini bilibem gylyçlaryny syrdylar-da, atlarynyň jylawyny gowşatdylar, çalaragam debsilediler. Üstündäki ýigitleriň göwün isleglerini her bir owunjak yşaratlaryndanam duýmany başarýan, ýüwrük aýakly türkmen atlary edil ýaýdan sypan ok deý, «şuwwuldaşyp», duşman sary süýndiler ötägitdiler. Aralygy, hatda ýigitleriň öz hasabyndanam has basym ýygyrdylar. Soldatlar gaçyp baryşlaryna, yzlaryna öwrülip atýardylar we şol ýagdaýda olara ýigitleriň birini, ýaralamak başartdy. Emma ol barybir hatardan çykmady. Yzyna öwrülmedi. Ýoldaşlary bilen birlikde kowgyny dowam etdirdi. Yzlaryndan ýetişleri ýaly, iki soldaty çapyp, atyndan agdardylar. Soňam ýetişibildigiklerinden gylyçlaryny işletdielr. Atdan agýan soldatlaryň sany gitdigiçe köpeldi. Kömege çagyrýan çirkin sesleri «doganjyklaryna» özlerinden öňürti baryp ýetdi. Oňa çenlem ors goşunlarynyň düşelgesine golaýlaşdylar. Soldatlaryň yzyndaky kowgunçylary görüp, goşundan iki ýüze golaý atly saýlanyp gaýtdy. Ýigitler at başyny çekdiler. Yza öwrüldiler. Dragunlar olary tä, Duruna çenli kowaladylar. Obasyna ýetmänkäler, türkmen ýigitleri birdenkä, ýoluň iki gyrasyny tutup duran, adam boýy gür künjülige urdular. Dragunlar ýoldan çykmana het edip bilmediler. Egerde künjülige uraýsalar ýaňky ýoldaşlarynyňkydanam beter kyn güne düşäýmekleriniň ahmaldygyna düşündiler we ur-tut yzlaryna öwrülmak bilen boldular. Ýene bir hüjüm Garagan obasynyň deňinde, gije bolup geçdi. Goşunyň düşlän ýerinden günbatarda, dag tarapda bir ýap akýardy. Soldatlar şol ýaldan atlaryna suwa ýakýardylar. Bu ýagdaý hem olary ädimme-ädim yzarlap gelýän ýigitleriň nazaryndan sypmady. Garabatyr bu gezek duşmany biynjalyk etmekligi Garly gaýşaga tabşyrdy. Ol birnäçe ýigitleri ýanyna alyp ýabyň golaýyna bardy we künjüligiň içinde güzeri garawullap oturdy. Häli-şindi biynjalyk edilip durulansoň, soldatlaram ätiýajy elden bermeýärdiler we aňsat iki-ýeke çykmaýardylar. Onda-da gijesine. Şeýle-de, bolsa bäş sany töwekgel tapyldy. Ýöne, ýalňyşdylar. Güzere gelip atlaryny suwa goýberdilerem welin, Aýyň aýdyňlygyndan peýdalanyp, Garly gaýşak dagy olary oka tutdular. Soldatlaryň ikisi duran-duran ýerlerinden «pagşyldaşyp» suwa ýykyldylar. Olar hatda gygyrmana-da ýetişmediler. Üçüsi müpeň sesi çykandan, suwaryp oturan atlarynyň jylawyny ellerinden taşladylar-da, pyýadalap gaçdylar. Ýigitler olaryň atlaryny tutdular. «Tark-turka» düşelge tarapdanam ýigrimi sany gazak çapdyryşyp geldiler. Ýigitler oalryňam onusyny atyp öldürdiler. Galan onusy gaçmak bilen boldular. Ýarym sagatdan soň birgiden pyýada soldatlary yzlaryna tirkäp yzlaryna geldiler. Ýigitler san taýdan özerine görä birnäçe esse köp görünýän soldatlar bilen söweşjegem bolmadylar. Böküp atlaryna mündüler-de, olja düşen iki atyňam jylawyndan, tutup assa-ýuwaş ol ýerden daşlaşmak bilen boldular. Ýöne, soldatlar olary aňdylar we çen bilen oka tutdular. Çawup gelen ok olja alnan atlaryň birini ýaralady. Ony taşlamaly boldular. Şeýdip, şol gijeki waka tamam boldy. Garabatyr öz ýigitleri bilen şeýdip, tä, Gökdepä çenli gaça uruş edip, duşmana wehim salyp geldi. Şondan soň Berdimyrat han oňa uly galanyň günorta-demirgazyk burçundaky kiçi galajygyň içinde ýerleşmek barada habar gönderdi. Kiçijik gala ýanaşyk gurlan harazyň içinde-de iki ýüze golaý atly ýigit goýuldy. Kiçijik gala duşmany ilki bolup garşylamaly. Gerek bolsa öňürti çozmaly, egerde duşman öňürti çozsa berk gaýtawul bermeli. Uly gala tarap goýbermejek bolmaly. Güýçleri asgynlaberse, harazyň içindäkiler olara kömege barmaly. Galajykdan öňde, duşmanyň geljek ýolunyň daş-töweregindäki künjüli meýdanda hem birnäçe mergenleri ýerleşdirdiler. Ýerli ýagdaýa näbelet duşmanyň künjüli meýdanda aljyrajakdygy atly goşunyň-a asylam hereket edip bilmejekdigi görnüp dur. Mergenler bolsa, her gezekki atyşykdan soň, künjüligiň içi bilen nirä çekilmeli, nirede täzeden duşuşmaly hemmesini öňünden ölçäp, biçip goýdular. Galanyň içindäki we daşyndaky taýýalyk işleri umuman alanyňda şolar ýalyrak. Diwarlaryň üstünde duşmanyň ýoluna garap gylyçlaryny çalşyp, tüpeňlerini arassalaşyp oturan ýigitleriň bolsa içlerini it ýyrtýar. Duşman bilen garpyşmaga howlukýarlar. Olaryň biri: ─ Orslaryň näçe kellesi barkan-aýt – diýip, bälçirese başga biri: ─ Olaňňam janlary birmikä ýa ikimikä – diýip, ýaňsyly gürleýär. Üçünji biri bolsa: ─ Tenlerine tyg bir ötýämikä ýa şol, syhap oturmalymyka – diýip, «hikir-hikir» gülýär. Ýene birem ýola bakyp durýar-durýar-da: ─ Al-aýt kän garaşdyrdylar-aý, Kakamyz Hywa gidende-de ýoluna şunça garamandyk – diýip, uludan demini alýar. Käbirleri bolsa topar tutup öň onda-munda orslar bilen çaknyşyp görenleriň ýanlaryna barýarlar-da, ýaňky ýaly bolgusyz soraglaryny olara-da berýrler. Olaram entek gara görmedik bu ýigitleriň badyhowa gürrüňlerini sessiz-üýnsiz diňleýärdiler-de: ─ Aý, ony ine, basym özüňizem görersiňiz – diýşip, işli-işleri bilen boluberýärdiler. Hanmämmet atalyk ýaly Gazawat gyrgynçylygyny gözi bilen gören adamlar bolsa, bilgeşleýin dowul ýaýradýalar diýen gepe galmazlyk üçin seslerini çykarmaýarlar. Ýigitleriň käbirleri bolsa käte bir ýere üýşýärler-de, mesaýy gürrüňlere başlaýarlar. Dykma serdar baradaky «myş-myşlary» ara alyp maslahatlaşýarlar. O gürrüňem bir ýüzli bolandan soň gezek gyz-gelinlere ýetýär. Ondan soň öýlenmedik ýigitleriň ýa-da sallah gezip ýören dullaryň üstünden düşýärler. Şolaryň birem otuz ýaşap barýan Atda kelew. Oňa her kim bir zat diýýär. ─ Aý, bu indi öýlenmez, bi-i... ─ Näm üçin? ─ Sebäbi, bu gyzlaryň ysyna bolmaýamyşyn. ─ Beh, il-ä gyzyň ysyna zar. Öňde-de bir şahyr: «Saçy sünbül, ysy ýupar» diýip öwüpdir-ä gyzlaä ysyny. ─ Öwse-de bu şoňa bolanokmyşyn. ─ Gyzlaň ysy ýakmaýan bolsa gelin alaýsyn. ─ Alaýyn diýende näme, üýşüp ýatan gelin bamy-aý? ─ Tapylar, tapylar. ─ Haý, näbileýin-dä. Atda kelewiň özi bolsa bu gürrüňleri diňlemejek bolup diwaryň üstünde aýläk-beýläk gezmeläp ýör. Ýigitlere tarap gyňraýlyp durşuna bir zatlar diýip hüňürdeýär, sögünýär, gyjynýar, sallahlygy üçin özüçe bar – ýoklara gep ýassygy bolýandygyna kemsinýär, kejikýär. Namys edýär. «Şeýdip ýörenimden-ä orslar bilen urşup ölenimem gowudyr», diýip, içini gepledýär, göm-gökje, kiçijik gözüne ýaş aýlap, duşmanyň geljek ýoluna tarap bikararlyk bilen garaýar. Özüni şular ýaly kemsitmelerden halas edip biljek şol arzyly pursatyň gelerne garaşýar. Howlugýar. Gaharyna bäs gelibilmän diwaryň ugry bilen iki-baka haýdaýar. Birdenem sakga saklanýar-da, öýkenini ýelden dolduryp, daýaw göwresine gelişmeýän inçejik sesi bilen: ─ E-eý häziriň özünde sem boluňe-eý... Bolmasa-da baryňyzy şu diwardan başaşak goýbärin e-eý... – diýip, gygyrýar. Ylgap gelip, dogrudanam biriniň ýakasyndan ebşitläp tutaýarly görünýär. Diňe şondan soň ýigitler oňa degmekligi bes edýärler-de, Sapar aga atly başga bir, ýaşulyrak adamyň üstünden düşýärler. Gepbaşylaram Hakyda mollanyň goňşusy, elli ýaşlaryndaky Baýramgül tebip. Her kim Sapar aga şony hödürleýär. Ýüzi gazan ýaly gap-gara, göwresi kiçijik, depe saçy düşen, eňegi çüri, ýöräp barýarka-da irkiljiräp ýören, ölemen naskeş Sarap aga bolsa aýbogdaşyny gurup, gözlerini süzgekledip çep elindäki çöpjagazy bilen ýer gorjalap oturşyna käte bir: «Hym-m» «Hä-ä» diýip, baş atýar, ýalanam bolsa hoş habar hoşuna gelýän borly, içini güldürýär, aram-aramam iki erniniň gyrasyndan syrygyp gaýdýan ýaşylymtyl suwuklygy sag eliniň aýasy bilen süpürip goýberýär-de gözlerini süzgekledip, töweregindäkileriň ýüzüne ýeke-ýeke seredýär, soňam nasly agzyny dik ýokary tutup: ─ Boz, boz, alaýazyn. Sony alaýazyn. Siz göwneseňiz men zazy. Ýöne, hany entek bi, öňümizdäki uly toýy biz sag-aman sowalyň – diýýär-de, ýene-de ýüzüni aşak sallap öňki güýmenjesi bilen boluberýär. Onuň degişmäni göterýänligi, oýna çydamlylygy, Atda kelew ýaly ur-tut gyzybermeýändigi ýigitleriň henek damarlaryny hasam galdyrýar. Hatda degişmäniň nämedigini bilmeýänlerem, oňa bäş-üç agyz gep atyp galaýanlaryny kem görenoklar. Ýöne, Sapar aga: «Siziňki näme-aý» diýip, ýüzlerini alyp duranok. Gaýtam şular ýaly kyn pursatda uly iliň şatlanmagyna, göwün açmagyna sebäp bolýndygy üçin öz ýanyndan hoş bolýar. Birdenem Diňlidepe tarapdan aýdym sesi eşidilýär. Bu – bagşy Kör kepele. Ol depäniň günorta-günbatar ýapgydynda oturyp «Görogly», «Döwletýar», «Ýusup-Ahmet» ýaly gahrymançylykly dessanlardan, Magtymgulydan, Seýdiden we beýleki şahyrlaryň ar-namys, watançylyk baradaky goşgularyndan döredilen aýdymlardan yzly-yzyna sepläp gidip otyr. Ony ýanynda oturyp ýörite diňleýänlerem bar, işli-işleri bilen gümra bolup ýörkäler daş gulakdan diňleýänlerem bar. Soňkular köplük. Olar söweşe taýýarlyk görýärler. Oturyp bagşy diňläre wagtlary ýok. oturyp diňleýänleriň aglabasy işe ýaramaýan garry-gurtular. Olar tä, bagşy boldum edýänçä gapdalydan turanoklar. Onsoňam aýdym aýdýan ýeke Kör kepele däl, Tilkiçi şahyr, Ahally dagam aýdýarlar. Başga-da aýdýan kän. Şahyrlaram olardan kem galanoklar. Agşamyň düşmegi, bagşylaryň, şahyrlaryň dynç almak we garbak-gurbak etmek üçin öýli-öýlerine dagamaklary bilen: «Ýa, Alla, özüň medet ber...» diýşip diňleýjilerem «hyk-çok» ýerlerinden galýarlar-da, näderejede ygtybarlydygyny göz çaky bilen bilmekçi bolýan ýaly, hasalaryny arkalaryna goýup, çöňňelişen gözlerini gymşaýdyşyp, garaňka garyşyp barýan galanyň diwarlaryna, onuň üstünde iki – baka gaýmalaşyp ýören goraýjylara tarap çiňerilişýärler. Soň Diňlidepäniň üstünde parlap duran ýaşyl baýdagy, onuň düýbünde bir zatlaryň maslahatyny edip duran ekabyrlary, Abdylla ussanyň ussahanasyny, onuň töweregindäki erewde-berewlikleri synlaýarlar. Uludan demlerini alybam ýene bir gezek Barhudany çagyrýarlar we diňe şondan soň hersi bir ýana bakan mytdyldaşyp ugraýarlar. Ahalyň iň bir abraýly adamlarynyň biri bolan Gönübek sazanda hem bir ýerde dek duranok. Ol külli türkmeniň agzyny birikdirip bir döwlet gurmak, bir agza balmak ýaly hemişe-de il içinde aýdyp ýören döwletli gürrüňleri bilen gala ýygnanan adamlaryň arasynda gürrüňçilik geçirip ýör. Agşamlaryna bolsa käte Berdimyrat hanyň ýanyna baryp, ekabyrlaryň maslahatlaryna gatnaşsa, käte ýanyna Ahallyny ýa Tilkiçi şahyram alyp, onda-munda, ot başynda üýşüşip, öňde duran uly synag barada özara pikir alyşýan jahyl-juwanlaryň ýanyna barýar. Olara saz çalyp berýär. Göwünlerini göterýär. Ruhlaryny beýgeldýär. Soň Tilkiçi şahyrdan goşgy okap bermegini haýyş edýär. Tilkiçi şahyr onuň bu haýyşyny höwes bilen ýerine ýetirýär. Ýöne, her näçe içini it ýyrtyp barýan hem bolsa aýaly Ogulaýyň aýdan sözüni ýatlap düýn-öňňünki gören aýylganç hem ýowuz düýşi barada dil ýaranok. Ol bu hakda Gönübege-de hiç zat aýdanok. Bu mähnet galanyň içindäki gije-gündiz bolup geçýän erewde-berewligiň arasynda görünmeýän bir adam bar, o-da Hakyda molla. Ol «kasam» günündäki ýaly juda bir derwaýyslyk ýüze çykaýmasa, hiç ýere baryp bilenok. Ömür tanapynyň keltelendigini indi onuň özem duýýar. Şonuň üçinem, gije diýmän gündiz diýmän, entek öwredip ýetişmedik hakydalarynam Enehakyda öwredýär. Öwüt-ündewlerem berýär. Ogul ýerinde durup, Watany goramaklygy, duşman bilen är kimin döwdüleşmekligi pent edýär. Ony çat maaňlaýynda oturdyp: ─ Watanyň başyna bular ýaly iş düşen güni naçardyryn-ow, diýip çetde durmagyn gyzym. Är kimin döwüşgin. Tüweleme, diýdirgin. Ýöne, başyňy goragyn. Sebäbi, sende halkyň hakydasy bardyr. Ol ölmelem, ýitmelem däldir. Sen ony gylyny gyşartman indiki nesillerimize ýetirmelisiň. Ol agyr ýükdür, ýöne gereklije ýükdür. Ony her kes göteribem bilmez. Hakydany taryhyň gatlaryna kesgir gylyçlary, pähim-paýhaslary bilen ýazan adamlaryň özlerem göteribilen däldirler. Sen welin götermelisiň. Götermelisiňem, ýetirmeli menziline ýetirmelisiňem... – diýýär. Bir gezek ol halyny soramak üçin ýanyna gelen Gönübek sazanda hem şolar ýaly sargyt etdi. ─ Gönübek... – diýip, ol şonda dumanly gözlerini tüýnükden düşýän yşyga dikip, arkan ýatyşyna ýuwaşja seslendi. – Sazam hakydadyr. Dutaryň kümüş perdeleriniň, şabram kakuwlarynyň arasynda halkyň ömürbeýany ýatandyr. Saz bilen beýan edilýän hakydany hatda söz bilen, beýan edip bolmaz. Sözi öňýeten özüçe üýtgedip biler, emma sazy üýtgedip bolmaz. Üýtgetdigi, binýady bozulan bina ýaly süňňi arassa adamlaryň ýüreginden çykan saz bolanda şeýle bolar. Şonuň üçin senem halkyň şu heýhatly günleri barada saz döretmelisiň. Wakanyň soňuna garaşaýyn diýme. Sen ylahy adam. Seniň ýaly adama munuň eýýäm öňem, soňam aýandyr. Kemi galsa üstüni soň ýetirersiň. Özüň ýetişibilmeseň yzyny şägirtleriň ýetirer. Gönübek onuň bilen razylaşdy. Öýüne barşy ýalam bir çilim çekdi-de, dutaryny eline aldy. Bolar-boldajyny, geler-geldejini birlaý göz öňünden geçirdi. Şu günki bolup duran wakalary aňynda aýlady. Birdenem ylhamy joşdy-da, tňze bir mukamyň heňi daglardan inen sil kimin damarlarynyň içi bilen böreň-böreň akdy, gürsüldäp duran ýüregiň üsti bilen aýlana-öwrüle, lars urup gaýnap duran beýnä doldy. Şol gara güýje döz gelibilmän, sazandanyň çepiksije göwresi kä o ýan, kä bu ýan elendi. Hä diýmänem sazyň sudury peýda boldy. Şonda Gönübek onuň tötänden döremändigine, mesenesiniň öz kalbynda köp wagtlardan bäri çiş alyp, sähelçe gondalaw tapdygy yňmana häzir bolup durandygyna göz ýetirdi, dutaryň ýüpek tarlaryny adatdakysyndanam has çalt-çaltdan çalyşdy, güýç yaýdan deň bolmadyk söweşde Ahal ilatynyň ruhuny has-da belende göteribiläýjek täze-täze öwrümleri, inüwleri, çykyşlary gözledi. Tapanlaryny taplady, sünnäledi, käte barysyny ilik-düwme söküp, täzeden kökledi, sepledi, çigdi, çöşdi, işdi. Ahyram saz taýyn boldy. Ol sazyň süňňüne uly toýa taýýarlyk görýän galanyň garaňkylykda gorkunç görünýän galyň diwarlarynyň «hüňňüldisem», Ahal ülkesiniň ilersinde elesläp oturan Köpetdagyň kert-kert gaýalarynyň arasyndan sozulyp gelýän dag ýeliniň ýüregiňi gyýyp barýan inçejik hem çalymtyl «şuwwuldysam», günbataryny jähekläp ýatan gyzgyn Garagumuň goňrasdan gelen agras «iňňilgisem», ýetip gelýän ýagynyň at toýnaklarynyň «dükürdisem» eýýämhaçan onda-munda eşidilip ugran top sesiniň «gümmürdisem» siňdi. Entek uruş başlamadygam bolsa, onuň ýeňiş ýa ýeňliş bilen tamamlanjakdygy nämälim hem bolsa, barybir şol urşuň iki tarapa-da betbagtçylyk getirjekdigine, gurbansyz bolmajakdygyna göz ýetiren duýgur sazanda ol sazyň süňňüne mähremlerinden aýrylan aýallaryň agysynam, garry-gurtularyň ahy-nalasynam, ýetim galan we ýesir bolan çaga-çugalaryň çirkin seslerinem, agyr çaknyşyklarda çarpaýa galyp, aýylganç-aýylganç kişňeşýän aýgyr atlaryň owazynam siňdirdi. Binýadyny bolsa batyr ýigitleriň ýürek gürsüldisinden, çaknyşanda çar tarapa uçgun syçradýan uz gylyçlaryň «jarkyldysyndan» tutdy. Şol zatlaryň ählisiniň aňyrsyndan bolsa ýeke bir Ahalyň däl, eýsem külli türkmen halkynyň asyrlarboýy başyndan geçiren, içi müň dürli ajy külpetlerden doly hakydasy magallaklady durdy. Ors goşunlarynyň jyda golaý gelendikleri baradaky howsalaly habar galany goraýjylaryň arasyna ýaýrandanam Gönübek sazanda dutaryny alyp Hakyda mollanyň ýanyna bardy. Döreden sazyny çalyp berdi. Ol sazy Enehakyda hem diňledi. Saz gutarandan soň Hakyda molla tirsegine daýanyp sazandanyň ýüzüne seretdi. ─ Sogap iş edipsiň, Gönübek. Bu saz biziň başymyzdan inen bu gowgaly günleri geljekki nesillerimize ýatladar durar. – Ol dutary eline aldy. Gury süňk bolup galan damarlak eliniň aýasy bilen dutaryň kädisine çalarak kakdy. – Bujagaz senetde oýun kändir, ýöne, edil ýaş gyz ýaly ynjykdyr. Duýgurdyr. Gara çynyň bilen köňül berendigiňi duýmasa ýüz berýän däldir. Bu seni hatda öz çagaňdanam aýalyňdanam gabanýandyr. Binýady halal bolmasa, binasy bek bolýan däldir, süňňi seýik tutýan däldir. Sen muňa halal hyzmat etdiň, Gönübek ýüregiňi berdiň. Ömrüňi bagyşladyň. Yhlasyňy, güýjüňi-kuwwatyňy sarp etdiň. Şonuň üçinem, bu seni özi bilen gelejekden-gelejege alyp gider – Hakyda molla dutary eýesine uzatdy. – Bu sazy bolsa sen söweşden soňam dowam etdirersiň. Jeň güni görjek ahwalatlaryňam bu saza täze-täze röwüşler bermäne mejbur eder... Ylaýyk üç günden soň, guşluk wagtlary Gönübek ýene-de Hakyda mollanyň ýanyna geldi. Hal-ahwal soraşdy. Esli wagtlap ondan-mundan gürüň edip oturdy. Ýöne, näme üçindir ol özüni birhili bisereşgen duýdy. Häli-şindi gorsandy oturdy. Hiç zat ýok ýerden ardynjyrady. Aşaklyk bilen bir Hakyda molla, birem gap böwürde tikin-çatyna güýmenip oturan Enehakyda seretdi. Bir zatlar diýjek bolup agzyny müňküldetdi, emma hiç zat diýibilmedi. Birdenem telpegini çykaryp öňünde goýdy. Içinden kiçeňräk, ak ýaglyk alyp ýüzüni süpürdi. Boldum edenden soň ýaglygy ýerinde goýup, telpegini ýene-de başyna geýdi. Hakyda molla tarap gobsunjyrady. Yzly-yzyna çilim çekdi. Hakyda mollanyň berýän gürrüňlerini, gulagyndan sowa geçirdi. Soraglarynas alasarmyk jogap berdi. Onuň bu bolup oturşy Hakyda mollanyň synçy nazaryndan sypmasy. Ahyram ýüzüni iki-baka sypajakladyp: ─ Bir zat soraýjakdym-da welin... diýdi. ─ Ýöne... Senem biynjalyk etmejek bolup... Bolmasa... Soň... Ýene bir gün... ─ Ýok, ýok! biynjalyk etmersiň. Çekinme-de arkaýyn aýdyber. Men jogap beribilmesem ine, Enehakyda berer. Bu-da menden köp bilmese az bilenog-a. Gönübek öňküsindenem beter ykyrgandy. ─ Meň soragym hakyda hakynda däl, mollam, başga zat barada. ─ Näme hakda bolsa-da aýdyp ber. Men indi gaýtam sen şony aýtman gitseň biynjalyk borun. ─ Aýtsam... – Sazanda oturan ýerinde gobsunjyrady. – Aýtsam-m... Men bir düýş gördüm. Sen şony maňa ýorup beribilmezmisiň diýäýjekdim... Hakyda molla kynlyk bilen bir tirsegine galdy. Soň dik oturdy. Gür gaşlaryny gözleriniň üstüne büräp Gönübeke dikan seretdi. ─ Pygamberler ýorgudy bolsun, Amangeldi, aýdyber. – Şondan soň ol Enehakyda ýüzlendi. – Senem diňläý, gyzym. – Enehakyda iňňesini tikinine sanjyp bir gyrada goýdy. Bärisine öwrüldi. Gönübeke tarap çiňerilmese-de, diňlemäge taýyndygyny aňlatmak üçin, ünsüni şol tarapa gönükdirdi. Hakyda molla ýene-de Gönübeke tarap öwrüldi. – Aýdyber, Amangeldi. Gönübek geleli bäri näçenji gezekdir gaýtadan otlan çilimini sorup oturşyna boguljyrap gepledi. ─ Düýşümde daýaw bir ak at münüp günorta-günbatara tarap barýarmyşym. Özem şol at jahyl wagtlarym alamana gidenimde münýän ak atymmyka diýýän. ─ Çapýamy? – diýip, Hakyda molla ýektaýynyň syýlaryny dyzlarynyň aşagyna düýrläp oturşyna Gönübekiň ýüzüne seretmän sorady. ─ Buw-w... Onda-da nä çapmak! Şo-ol, ýüzün salyp gidip barýa. Daş-töweregimem alaň-açyk, giden bir düz meýdan welin, birdenkä, öňümden ullakan gara telär peýda boldy-da, öňümde keserdi duruberdi. Göni-hä geçer ýaly däl. Sowjak bolsamam at eýgerdenok. Başyny çekdirenok. Telärem üstüme abanyp gelýä. Allajanlarym nätsemkäm, diýip, töweregime garanjaklaýan. Oňa çenlem at özüni tälere urdy. Kürsäp aşagyna girdi. Girişi ýalam maňlaýym teläriň üstüne keseleýin taşlanan, endam-jany göz-göz bolup duran egri agaçlaryň birine «patylap» degdi. At welin suwulyp geçdi-de, şol bir barýan ugruna bakan ýeldirildi ötägitdi... Başyny galdyrman oturan mollanyň sesi güňleç çykdy. ─Sen muny gije gördüňmi ýa gündiz? ─ Gije gördüm mollam. Özem daňdanaralar gördüm. Sen muny ýolda-yzda kimdir birine aýtdyňmy? ─ Ýok, çykamda seň ýanyňa diýip çykamsoň hiç kimiň ýanynda dil ýaramok. ─ Gowy edipsiň... ─ Hä, näme, bir zatlar göwnüňe aýan bolýamy mollam? ─ Ýo-okla, ýöne syrly ýa şübheli görnen düýşleri her öňýeteniň ýanynda aýdyp ýörmeseň gowy. Onsoňam... Tomsuň düýşüne kän bir üns beribem ýörlen däldir. Bir ýakymsyz zady süňňi syzan ýaly, Gönübek hasam bekine tutdy. ─ Ýok mollam, sen muny maňa ýorup ber. Özüňem ýüz görmän dogryňy aýt. Sebäbi, maňa geregi şol. Şondan soň Hakyda molla ilk-ä çep gapdalyndaky goşa ýassyga tirsegini berdi, soňam arkan düşdi. Gözüni agtygyna tarap aýlady. ─ Eşitdiňmi, gyzym? Gönübek gürrüňe başlaly bäri boz-ýaz bolup oturan gyz howlukmaç gürledi. ─ Eşitdim ata. ─ Eşiden bolsaň aýt, bu düýşüň ýorgudy näme bolar? Enehakyda sag eliniň sülüge meňzäp duran süýem barmagyny dişläp aşak bakdy. Gürlände sesi sandyrady. ─ Özüň aýdaýsana, ata. Gönübek indi Enehakyda ýalbarmaga başlady. ─ Çekinme gyzym, aýdyber. Nähili ýorsaňam men senden gaty görmen. Gaýtam minnetdar bolaryn. Hakyda molla ýene bir gezek ak ýürekden rugsat berensoň, Enehakyda çekinjeňlik bilen söze başlady. ─ Bu düýş bu gün-erte halkyň başyna düşjek agyr ahwalat bilen bagly. Amangeldi aga. Ýöne, onuň gowy ýerem bar, erbet ýerem... Enehakyda azajyk sägindi. Onuň täzeden dil açaryna Gönübekiň karary ýetmedi. ─ Näme, biz ýeňilýäsmi – diýende sesi ynjyly çykdy. ─ Ýok, ýeňilemizok... – Enehakydanyň ýaňaklary elwan öwüsdi. Bägüliň ýapragyna meňzeş ýuka dodaklary kynlyk bilen çyzyldy. Dil dişe birnäçe gezek degip gitdi. Sesi öwküsindenem pessaý çykdy. – Ýöne... yzyny aýtmaga dilim baranok... ─ Weý, aýt gyzym, aýt. Nähilem bolsa aýt. Maňa degişli bolsa-ha asylam egleme. Maňa şol, ýeňýäs diýen sözüň bolýa. Ýeňilmeýän bolsak bolýa. Galan zat hiç. Hakyda molla Gönübek sazandanyň bolup oturşyna dözmedi. ─ Aýdaý gyzym. Amangeldi sazanda dogry sözi gowy görýändir. Göwnüne zat almaz. Gönübek oturan ýerinden uçjak guş ýaly ganatlaryny kakdy. Galkyjaklady. Geplände tutuş göwresi bilen «titir-titir»etdi. ─ Men özüm haýyş edip otyryn-a gyzym, aýt diýip. Ýörite gelemsoň bellisini bilmän gitmejegimi bilýänsiň-ä özüňem. Aýt!.. Enehakyda uludn demini aldy. ─ Siz uly iliň öňüne düşüp ýören adam, Amangeldi aga. Onuň ruhy daýanjy. Han-begleriň maslahatçysy. Şonuň üçinem, siziň münüp barýan ak atyňyz meniň pikirimçe halk bolmaly. Uly il bolmaly. Giň meýdan – biziň azatlygymyz, erkinligimizdir. Öňüňizden çykan gara täler bolsa bizi özüne bakna etmek üçin gelýän ýagy. Bu gün-erte il-günüň başyndan agyr apat. At özüni teläre urýa, diýdiňiz, o-da halk bilen ýagynyň arasynda boljak çaknyşyk. Atyň sag-aman geçip gitmegi şu uruşda biiziň ýeňiş gazanjakdygymyzy aňladýar. Ýöne... – Enehakydanyň damagy doldy. Gözüne ýaş aýlandy. Ýuwduna-ýuwduna zordan gepledi. – Ýöne, şondan aňyrda siz ýok. ─ Weý, ylahy omyn! Käşgä!.. – diýdi-de, Gönibek agyr ýüküň aşagyndan çykan ýaly göwresini dikeldip Enehakyda bilen Hakyda molla tarap taýly gezek göz aýlady. – Asyl bolaýdy şüý-ä! Göwnüme gelip duranam, eşitjek bolýanymam şudy asyl. Ylaýyk bolaýdy-da weli! Hiý, şundan gowam bir ýorgut bolarmy? Il-gün şu beladan baş esen-bagry bitin çykýan bolsa boldy şol!. Bolany şol! Taňryýalkasyn gyzym. Alnyň bagtyň açyk bolsun!... Enehakyda sessiz-üýnsiz aňyrsy öwrüldi-de, tikin-çatyny bilen boluberdi. Hakyda molla tirsegine daýanyp tesbisine ýapyşdy. Bir meýdan öýüň içinde ümsümlik höküm sürdi. Gönibek welin şondan soňam ur-tut turup gidibermedi. Öý eýeleriniň kalbynda myhmany öýkeleden bolaýmaly, diýen duýgunyň döremezligi üçin, juda bir gürrüň tapmasa-da çilim çeken boldy, daş çykyp gelen boldy, garaz, ap-esli eglendi. Ahyram: ind-ä bir çen bolaýan bolsa gerek, diýdi-de, ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy, Hakyda molla bilen hoşlaşdy, onuň basymrak aýak üstüne galyp gitmegini diledi, ýene bir gezek Enehakyda taňryýalkasyn aýdybam öýden çykdy. Tutuş Ahal iliniň uly howpuň öýünde durandygyna garamazdan, şol wagt onuň gözüne daş-töwerek, ýer, gök, ähli zat diýseň owadan göründi. Enehakyda welin ol çykyp gidenden soňam esli wagtlap müýnli ýaly eginlerini gysyp, mugruljyrap oturdy. Şonda onuň göwresi öňkülerine görä kän kiçelen ýaly göründi. Edip oturan işi bilenem ugry bolmady. Atasynyň: ─ Düýşüň ýorgudyny dogry çözdüň, gyzym, sen meniň tamamy ödediň – diýeni dagy gulagyna-da ilmedi. Birdenem maňlaýyny dyzynyň üstüne goýdy-da, ýüreginden syzdyryp aglady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |