04:48 Añzakly tomus: Badalga -6: Aleksandr Iwaşow | |
ALEKSANDR IWAŞOW
Taryhy proza
Pyýada goşunyň hatardaky esgeri, ortadan pesräk boýly, kellesi ullakan, topazburun, ýeke bir üçburçlyga çalymdaş çym-gyzyl ýüzi däl, eýsem boňunlaryna, döşlerine, elleriniň üstüne çenli künji sepilen ýaly çypar, kirpikleri ak, jylk sary saçy gytyk hem çalarak buýraly, gürlejek wagty sesini çykarmazdan öň ullakan mawy gözlerini giň hem tüňňi maňlaýynyň aşagyndan mölerdip gürrüňdeşiniň ýüzüne esli mahal seredip durýan, az gepli, dünýäniň bar aladasy bir özüniň başyna düşen ýaly hemişe içini hümledip, kiçijik göwresine gelişmeýän, orangutanyňky ýaly uzyn hem tagaşyksyz gollaryny aşak sallap, aýy dek abşanaklap ýören, ýekeligi gowy görýän, nalamany halamaýan, dişgysdy, hudaňhon, hakykatparaz, entek ýigrimi ýaşynam doldurmadyk Aleksandr Iwaşow hem general – maýor graf Borhuň ýolbaşçylygyndaky birinji kolanna bilen ýola düşdi. Aslyýeti Kuban kazaklaryndan bolup, häzir ol onuň Aly hezretleri Hökümdar Imperatoryň hemişelik hereket edýän goşunynda gulluk borjuny berjaý edip ýör. Yzynda bir ejesi, birem entek doly tanyşybam ýetişmedik gelinligi bar. Ahalteke ýörüşine öz gulluk borjy boýunça, mejbury düşen bu ýigidiň beýdip, üstlerine atly-ýaragly, gideri ýaly türkmenlerde köýüp ýatan ary-ha ýok, asla ol olaryň nähili halkdygynyam bilenok, olary göz öňüne-de getiribilenok. Ýöne, türkmenleriň gadym döwrýň kada-kanunlaryna laýyk gelýän merdi-meýdanalyk düzgünleri boýunça söweşýän, ýer-ýurda, ar-namysa gezek gelende gorkyny-ürküni bilmeýän, okdan gaýtmaýan, ölümden heder etmeýän, ygtykat ugrunda şehit bolmaklygy özüne bagt bilýän, edermen halkdygy baradaky «hyşy-wyşylary» welin soldatlardan köp eşitdi. Şol zeýilli gürrüňçilikler Çekişlerde geçirilen taýýarlyk döwründe soldatlaryň iň bir gyzykly güýmenjeleriniň biridi. Olaryň degerli maglumatlara salgylanyp aýtmaklaryna görä, türkmenler döwletem dälmişin. Ahalteke diýmegem olaryň diňe teke taýpasynyň agyp-dönüp ýören ýerleriniň adymyşyn. Hemişelik hereket goşunlaram, toplaram, raketalaram, hatda uzaga atýan tüpeňlerem ýokmuşyn. Dagynykdyklary sebäpli türkmen taýpalary birek-birege kömege-de gelmeýärmişinler. Gazawatda-da şeýle bolupdyr. Bu gezegem şeýle boljakdygy gürrüňsizmişin. Şonuň üçinem, şol gürrüňçiliklerde soldatlar tekeleri ýeňip bolarmy ýa bolmazmy, diýen soragyň dagy üstündenem barmaýardylar. Asla, şeýle soragy orta atmaklygy özlerine kiçilik bilýärdiler. Ýöne, şeýle gürrüň bir gezek nahar iýip otyrkalar boldy. Kimdir biri şonda: «Be-e ýeňermikäg-aý diýip ýeňsesini gaşady. Dragunlaryň pereýaslaw polkunyň 2-nji eskadronynyň hatardaky esgeri, Çurkin atly inçesagat, ýüziniň ýarysy elleriniň üsti tegmil-tegmil ak, saçy, gaşy, hatda kirpiklerine çenli hurmaýy gyzyl, inçejik burnuna salyp haýal hem birsydyrgyn gepleýändigi ýçin mesaýy gürlände-de sesi kimdendir birinden kineli ýaly iňirdili çykýan, soldatlaryň arasynda ýaşuly, şeýle hem syýasata ökde adam hökmünde tanalýan öz aýdyşyna görä rus-türk urşuna-da gatnaşan soldatyň bijaý gahary geldi. Ol gaýmalaşyp ýören ýüredüşgünç siňeklerden ýaňa kemsiz goýalan çorbaly gazanyň içine çemçesini çümdürip oturşyna ýüzüni-gözüni alty aýlyga ýatyp turan hassanyňky ýaly ynjyly çytdy-da: – Alyp-almazlyk, ýeňip-ýeňmezlik baradaky gürrüňleriňizi goýuň, oglanlar. Ýaltanman barybilsek o hakda gürrüň ýok. Olar bir topuň sesini eşitmän, goýunlaryny «kişşüwläp» bakyp ýören tosun çarwalardyr. Bärden baraga-da, birki ýola «gümmürdedip» goýbäris welin nädersiň barysy birden ellerini göterip çykaňsalar – diýip, iňňildäp başlady. Gepe güýmenip bir çemçe çorbany ilden kem içäýmezlik üçin, siňekden ýaňa gyrma bolup duran çorbanyň ýüzüni serpmäne-de howlugyp, çemçesini gazana susdy-da, şol durşuna hopurdadyp goýberdi. Göm-gök damarlary mesaňa-mälim bildirip duran horja elleri şol hereketi birnäçe gezek gaýtalandan soň, üflenmän içilen gyzgyn çorbanyň zarbyça çerrielen gözlerini çat maňlayndan oturanyň iki gözüniň içine dikdi-de, sözüni dowam etdirdi. – Biziňkiler türkleriň başyna nähili oýunlar saldylar? Şolaram başda ne Şipkany, ne Karsy beresleri gelmändi. Tüpeňlerini çoçjaýdyşyp bolubilenlerini bolupdylar. Emma nätdiler? – Ol öz sözüni tassyklatmak üçin şol urşa gatnaşanlaryň birini gözleýän ýaly egni üstiaşyry o ýan, bu ýan seretdi-de, «ýeri bolýada» diýen manyda elini silkip goýberdi. – A şolary nätdiren kim? – Ol şeý diýdi-de, jogaba-da garaşman kelesini gyşardyp ýeňse tarapa ülňäp goýberdi. – Lazarew! Biziň şumatky goşun başlygymyz general Lazerew! Ol türkleriň niresinden tutup, niresinden towlamalydygyny gowy bilýär. Türkmenlerem näme, şolaryň bir syçrantgysydyr-da! Olar «türk» bolsa, bulara «türk-men»!. Şonuň üçinem, ýaňky ýaly ýeňerismi diýen gümürtik gürrüňleriňizi goýuň. – Şondan soň ol kellesiniň gyzgynyna çenden aşa köp ýuwudan siňekleri üçin mädesiniň öňünde ötünç soraýan ýaly bir salym gaýra gaýşyp, böwrüni diňläp oturdy-da, bäbenekleri öňe çykyp duran çalymtyl gözjagazlarynyň gyrasyndaky gyzylja kirpiklerini gypyrjykladyp, täze bir hyruç bilen gürläp başlady. – Gowusy siz biziň şolary näme üçin boňun egdiremäne barýandygymyz barada oýlanyň. Tüňňi maňlaýynyň aşagyndan Çurkiniň ýüzüne mölerilip, iki eli bilenem siňekden goranyp oturan Iwaşow şonda özüniň ýuwaşdan gelen güňleç sesi bilen: A sen özüň näme pikir edýäň şo barada – diýip sorady. Özümmi-i... – diýende Çurkiniň sesi bolşundanam beter iňňildili çykdy. Agzyna, burnuna, gulaklarynyň içine girip-çykyp, jokgarylyp duran gözleriniň jikgelerini işdämenlik hem uly yhlas bilen çokalap ýören siňeklerden goranmanam unudyp, sözüni üýtgeşik bir hyruç bilen dowam etdi. – Öz pikirim şeýle, Saşok. – Ol barmaklaryny büküp başlady. – Tekeleri biz almasak, bireýýämden bäri Hindistanda hekgerişip oturan iňlisler alar. Düşündiňmi? Büý-ä bir! Ine, onsoň olar özleriniň kelte balakly, tüýi biziňkidenem has sary aýaklarynyň aşagy bilen tekeleri basgylap geçerler-de, ine şu, ikimiziň oturan ýerimizde peýda bolarlar. Bü-de iki! Näme, olar beýle, siňegi gowy görýärlermikän-aý?.. – diýip, soldarlaryň biri oýunlyga saldy. – Ýa Hindistanda Çekişleriňki ýaly harasat ýokmuka? Bar! – diýdi-de, Çurkin akar suwuň içindäki gamyş ýaly sandyrap duran inçe hem sary barmaklaryny deňze tarap uzatdy. – Harasat bar! Deňizem bar. Hatda okeanam bar. Ýöne, olaryň göwni ine, şu deňzi küýseýär. Şuňa suwa düşesleri gelýär. Egerde, biz pursady goldan sypdyraýsak, olar gelerler-de, ine şu kenarda saýawan gurarlar. Londondan öz eýjejik ledilerini getirip, aşagynda keýp çekerler. Ikimiz ýaly orsça däl-de, iňlisçe gürleşerler. Wodka däl-de, rom, wiski içerler. Bir gözleriniň gytagy bilenem birsyhly o kenara tarap serederler. – Çurkin ýapyrylyp sorag bereniň ýüzüne jiňkerildi. – A, o kenarda oturan kim? Azeriler. Galat aýdýaň, biz! – «Azeriler» diýen soldat günäkär çaga ýaly çalaja ýylgyrdy-da, ňeäsesini gaşady. Onuň bu bolşundan beleň alan Çurkiniň «iňňildisi», «hüňňüldä» öwrüldi. – Syýasatdan başyňyz çykanok, gardaşlar! – Ol seňregini ýygyrdy. – Azeriler diýen bolýaňyz. A azeriler kimiňki? Biziňki! Gürjülerem biziňki! Dagystanlylaram, çeçenlerem, balkarlaram biziňki. Diýmek, iňlisleriň o kenara göz dikdikleri – bize göz dikleridir. Ine, türkmenlerem boýun egdirip geleris welin, bu kenaram, türkmenleriň uç-gyraksyz sähralaram biziňki bolar. Indi düşnüklimi? Düşündiňizmi? Onyň-a bilemok welin, ýöne men-ä bu ýörüşde biziň esasy maksadymyz tekelerden ýomutlary goramakmyka diýýän – diýip, gazan boşandan soň birneme arkaýynlaşan üçünji bir soldat demir çemçesiniň arka ýüzüni ýalap oturşyna birinji gezek gürrüňe goşuldy. – Sebäbi, biz ýomutlary öz raýatlygymyza aldyk. Tekeler bolsabirsyhly üstlerine çapawulçylyk edip olary günlerine goýanoklarmyşyn. Ine, onsoň bizden goldaw bolmajakdygyny bildikleri ýomutlar tekelerden dat edip Eýrana ýüz tutarlar welin, halkara sahnasynda bahamyz bir şaýa döner. Elindäki sapy egri çemçesi bilen gazanyä düýbüni gazalap oturan başga biri bolsa ýeňi bilen maňlaýynyň derini syrdy-da başynam galdyrman: Biderek ýaňraýaňyz – diýip, öz pikirini orta atdy. – Ýomutlar bize diňe kagyz ýüzünde raýat. Hakykatda welin olar ýylyň sekiz aýyny Eýran tarapynda mal bakyp geçirýärler. Salgydam şolara töleýärler. Tekeler bilenem şu çaka çenli oňuşypdyrlar, mundan buýana-da oňuşarlar. Öz týrkmenleridir, gitjek ýerleri bolmaz. Oňuşmasalaram özleri bilsinler, olar bilen biziň işimiz ýok. Iňlisler bilenem işimiz ýok. Olar barybir Hyratdan bäri geçibilmezler. Çünki, biziň bu gün-erte türkmen toparyna ýöriş etmek üçin, telim aý bäri şu ýerde goş basyp ýatmagymyzyň özem iňlisler üçin uly haýbat. Olaryň köpi isläp azdan galaslary gelmez. Şonuň üçinem, bu ýörüşiň maksady iňlislerem, ýomutlaram däl-de, Krasnowodsk bilen Hywa aralygynda guruljak söwda ňolunyň asudalygyny berkitmek. Şumatdan seňriklerine kakmasak, tekeler o ýoldan biziň ýeke kerwenimizem geçirmezler. Şonuň üçinem, biz olara Orsyýediň Eýran, Hywa ýa Buhara ýaly görene kerwenini taladyp ýören ýurt däldigini bildirmäge barýas. Siz bolsaňyz eý diýýäňiz, beý diýýäňiz, ýok gepleri tapýaňyz. Bir gözi bitaýrak, çep gulagynyň ýokarysy kertik, şilliň uzyn başga bir soldat bu meseläni has ylmy nukdaň nazardan düşündirmäge synanyşdy. Durmuşyň öz kanunlary bar, adamlar, ýagny, haýsydyr bir yzagalak halk hökmany suratda medeni taýdan ösen goňşusyna tabyn bolaýmaly... Onda näme üçin olar Eýrana tabyn bolaýmandyrlar – diýip, Çurkin ýene-de orta sokuldy. Eýranyň näme, medenýeti türkmenleriňkiden ýokarydyr öýdýäňmi? Elbetde. Ýok. Biz ýokary. Biziň medenýitimiz ýokary. Biz häzir dünýä derejesindäki döwlet. Uly döwlet. Türkmenleri bolsa oglanlaryň ýaňky aýdyşlary ýaly iňlisler Owganystanyň üsti bilen gysyp gelýäler. Şonuň üçinem, şu wagt biz baryp basyp almaýanymyzda-da, ertir barybir olaryň özleri gelip bizden raýatlyk sorarlar. – Şol ikiarada Çurkin bir zat diýjek boldy, ýöne ýaňy bir diliniň keýpini görüp ugran„kertikgulak» oňa gepläre maý bermedi.– Onsoňam, ýigitler, siz Ahalteke diýilse diňe Ahal ülkesi ýa Ahal tekeleri göz öňüne tutulýandyr öýtmäň. Ýo-o-o!.. bu asla beýle däl. Hernäçe dagynyk bolsalaram, bütewi bir döwlet bolmasalaram, biz şumat tutuş türkmen topragyny, ähli taýpalary bilen bilelikde külli türkmen halkyny dyza çökermäge barýas. Hywadyr – Buhara türkmenleriniň bolsa bireňňäm bellisi edildi. – Öz aýdýan sözlerine buýsanmakdan ýaňa «kertigiň» kalby joşdy. Gözlerine ýaş aňlady. Haýsydyr bir watanperwerçilikli harby-söweşjeň aýdyma zowladybermekden zordan saklandy. Çalarak hamsykdy. – Howwa, biz häzir külli türkmen topragyny dyza çökermäne barýas. Bu biziň taryhy missiýamyz! Adamzadyň öňündäki borjumyz. Özümizden kän gowşak, medenýetsiz goňşy halka doganlyk golumyzy uzatdygymyz. Türkmenler muny bu gün bilmeselerem ertir bilerler. Olaryň bala-çagalary bizi alkyşlarlar. Şeýle ynsanperwer halkyň öňünden duz-çörekli däl-de, gylyçly çykandyklary üçin öz ata-babalaryna nälet okarlar. Egerde, barşymyz ýaly Ahaly alybilsek-k... Alybilsek diýen gürrüňňizi goýuň how, jan doganlar – diýip, Çurkin aýaklary bilen ýer depip durşuna aglaýjak-aglaýjak boldy. – Almak hakda gürrüň ýok diýip näçe gezek aýdyldy size. Ýöne, meniň bir gorkýan zadym bar, o-da garamyzy görenden tekeleriň galalaryndan çykyp zut gaçyp gidibermekleriniň ahmalygy. Çünki, söweşsiz gazanylan ýeňşiň mazasy bolmaýar. Onyň-a dogry. Şonuň şeýle bolaýaryndan bizem az ätiýaç edemizok – diýip, oturanlaryň barysy birden öňe-yza gaýkyjaklaşdylar. Iki – baka yranyşdylar. Eňňämhaçan bar zatdan ät galan ýaly gultunyşdylar, gurak-gurak ýuwdunyşdylar. Umuman, ýeke bu däl, Çekişlerde bolýan gürrüňçilikleriň ählisinde-de tekeler barada diňe äsgermezçilikli gürrüňler edilýärdi. Olar ullakan howp hasap edilmeýärdi. Öňde duran ýörüşe-de häki bir baryp gaýdybermeli güýmenje hökmünde garalýardy. Soldat Aleksandr Iwaşow o gürrüňlere goşulmaýardy. Dogrusy goşulara ýagdaýam ýokdy. Çünki, onuň syýasatdanam, taryhdanam, jugrafiýadanam gaty bir başy çykyp baranok. Ýöne, ýoldaşlarynyň şolar ýaly irginsiz öwünjeňliklerinem halap baraýanok. Onuň öz pikiri öz dünýägaraýşy bar. Ol urşy ýigrenýär. Mejbury ýagdaýda Ahalteke ýörüşine goşulanam bolsa, hökümediň şol syýasatyny goldanok. Parahat oturan halkyň üstüne sürnüp barylybermegini unanok. Şonuň üçinem ol özüni hemişe şolar ýaly gürrüňçiliklerden çeke tutýar we ähli wagtyny öz pikirlerine gümra bolmak bilen geçirýär. Birinji kolonnanyň ýola düşmegi bilenem şol gürrüňler kiparlabermedi. Gaýtam möwç aldy. Güýjerledi. Ýöne, indi olaryň arasynda syýasata ökde, harby tejribeli hasap edilýän, Çurkin ýok. Çünki, atly goşun ertir ýola düşmeli. Telim wagt bäri bizar-peteňini çykaran şol öwünjeňçilikli gürrüňleriň wagty bilen gutarmajakdygyna gözi ýeten Iwaşow soldatlaryň aýaklarynyň sazlaşykly gürpüldisine gulak salyp barşyna öz ýanyndan ýene-de oýa batdy: „Dogrudanam şol ülkä biz näme üçin barýas? Biz-ä patyşalyk goşun. Nirä git diýseler şo tarapa jünäbermeli. Şol iş watan üçin bähbitli, şol işiň ugrunda öl, diýseler öläýmeli. Dagystanlylardan düzülen meýletinçileriňkem düşnükli. Olara gazanç, pul, olja gerek. Biri öýlenmeli, biri jaý salmaly, beýlekisi öýlenende alan bergisini üzülişmeli, garaz, bahana kän. Şol maksatlaryny olar gizläbem duranoklar. Gaýtam arzyly pursada ýetmäne, tekeler bilen tyg çaknyşdyrmana howlukýalar. Hyruç edýärler. Sebäbi olar üçin tekeleriň üstüne gidilsin, ýomutlaryň ýa düýbünden başga bir halkyň üstüne gidilsin, tapawudy ýok. Hindistana ýa Owganystana gidilse-hä has gowy. Sebäbi olar şäherli, kentli, patyşalyk hazynasy bolan gadymy, baý döwletler. Çurkin ýaly öň ors-türk urşuna gatnaşanlaram Lazarewiň hut özüniň tapyp ňygnan adamlary. Ozal synagdan geçen adamlar hökmünde generalyň esasy bil baglaýanam şolar. Umuman, bu zatlar düşnükli. Bu ýola biz gitmänimizde-de gitjek tapylar. Tapylmajak bolsa-da taparlar, ýöne, towugyňa tok diýmedik, parahat oturan bir halkyň üstüne sen-men ýok, şeýdäge-de, gylyjyňy dalawladyp barybermek dogrumyka? Onda-da özüňden kän ejiz, oksuz-ýaragsyz ilatyň üstüne. Oglanlaryň aýdyşy ýaly goý ýomutlar sebäpli bolsun, goý, iňlisler sebäpli bolsun, goý olaryň sowatsyzlygy, medenýetsizligi sebäpli bolsun, barybir bu ýörüşiň düýbünde diýdimzorluk, ejize ganymlyk ýatyr. Eger-de olar kimdir birinden zorluk görüp, bizdenem kömek sorap, haraý isläp ýüz tutan bolsadylar, onda başga mesele. Keýpihonluk bilen kömek etjek, doganlyk goluny uzatjak adam beýdip goňşusynyň üstüne goşun çekip gitmez-ä. Eýsem, Çingiz hanyň ors topragyny basyp alyp, iki ýarym asyrdanam gowrak gol astynda saklanmagy biziň ata-babalarymyzyň janyna hoş ýakandyrmy? Ýa Napelýonyň üstümize sürnüp gelmegi, Moskwanyň ýakyp ýandyrylmagy hoşlaryna gelendirmi? Ýa şol söweşlerde gyrlan halkymyzyň ahy nalalary gulaklaryna ýakandyrmy? Özlerinden ejiz saýyp, duşmanyň öňünden ak baýdakly çykaga-da göreşsiz tabyn bolan bolsalar bu günki gün biz öz ata-babalarymyza nälet okamazmydyk? Aleksandr Newskiý ýaly gerçekler öňe çykyp, ýurdy şwedlerden, nemeslerden goramadyk bolsalar bu günki gün olaryň barysy taryhyň öňünde günäkär bolmazmydylar? Eger-de şeýle bolsa biz nämüçin boýun egenoklar diýip türkmenlerden gaty görýäs? Nämüçin özümize rowa görmedik masgaraçylyklarymyzy olara rowa görýäs? Ýa olarda watançylyk duýgusy ýokdur öýdýäsmi? Ýa olaryň gerçekleri ýokdur öýdýäsmi? Olaryňam indiki nesilleriniň öňünde buýsançly görünesleri gelýän dälmidir eýsem? Ýa erkinligi bizçe söýýän däldirlermi? Iwaşow öz agyr oýlaryndan açylanda, soldatlaryň başky goh-galmagallary, gep-gürrüňleri, aýdym saz, barysy ýatyşypdy. Çünki, ýere sokup barýan tüp yssy, tozan, daş-töweregi gurşap alan çöllük, Ahaly nazarlap Çekişlerden uly hyruç bilen çykan soldatlayň sussuny basym peseltdi. Diňe aýak sesi eşidilýär, o-da başly-barat. Aýak aşagyndan göterilýän tozan dik asmana galýar, soldatlaryň demini tutýar. Hopukdyrýar. Kimdir biri irkiljiräp barşyna özi-de bilmezden gyşara-gyşara assa-ýuwaş hatardan çykýar, yza galýar, birdenem tisginip özüne gelýär we ylgaşlap baryp öňki ornuny eýeleýär. Halys içi gysan soldatlayň käbiri iň bolmanda ünsüni çeker ýaly geň bir zat görmek tamasy bilen boýnuny süýndürip daş-töweregine garanjaklaýar. Ýöne, tamasy çykanok. Şol, birmeňzeş meýdan. Tekizlik. Çöp-çalam. Iň ýamanam soldatlaryň suwy gutardy. Çekişlerde limonaddan we selter suwundan boşan çüýşeleriň daşyna keçe tikip, adama iki mytara ýasapdylar we suwdan dolduryp ýanlary bilen alyp gaýdypdylar. Olaram basym taňkyrady. Gün bolsa depäňi deşip barýar. Hemmeleriň endam-jany, eşikleri bilen bilelikde öl-myžžyk. Arasynda şemal öwsen wagty eşikler gurap doňýar-da, gabarylyp, şokurdap dur. Ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny guran dilleriniň ujy bilen ýalaşyp, suw tamakinçiliginde alyslardan-alyslara garaýarlar. Birdenem, öňde köl göründi. Soldatlar guran bokurdaklaryndan çykýan ysgynsyz sesleri bilen: «Ur-ra-a...» diýşip şo tarapa ylgaşdylar. Emma, bular golaýladyklarysaýy köl aňryk gaçdy. Onuň salgymdygyny soldatlar esli ýere çenli kowalaşanlaryndan soň bilip galdylar we lapykeçlik bilen, öňki hatarlaryna dolanyp geldiler. Ýerli-ýerden hüňňürdeş diler. Hoňňuldaşdylar. Kimedigi belli däl, hapa-hapa sögünişdiler. Şol günüň ertesi öňlerinden çykan Dülidepe kölüniňem salgym däldigine olar tä, gyrasyna baryp dyzlaryna çökýänçäler, goşawuçlaryny dolduryp agyzlaryna eltýänçäler ynannyp bilmediler. Ýöne, soldatlar barybir bu kölüň suwundan içip bilmediler. Ajy ekeni. Gyrak-bujakdaky guýularyň suwy bolsa zaýalanypdyr. Şonuň üçinem, soldatlar ýerli-ýerden, alaka ýaly ala-hasyrdy bolşup täze guýy gazmaga girişdiler. Ýer yzgar bolansoň suw uzak garaşdyrmady. Ýöne, suwsuzlykdan ýaňa halys surnugan soldatlaryň bisabyrraklary soldat köýneginden ýasalan ilkinji meşigiň doldurylaryna hem garaşman, ýerli-ýerden guýa tarap topuldylar. Meşigi biri-birleriniň elinden aljak bolşup, suwy dökän-saçan etdiler. Itenekleşdiler. Käbirleri çiňarkanlygyna suwly çukuryň içine gaçsa, käbirleri onuň gyrasyndaky gyzgyn çägäniň üstüne ýüzün ýykylyp maňlaýyny daglady. Iki sanysy bolsa desbe-dähel ýaka tutuşyp başladylar. Biri beýlekisiniň döşünden itip ýykdy. Ýykylanyň ýeňsesi guran gara çöňüre degdi. Ganady. Ol ýaralanan ýerini tutup oturşyna özüni ýykana seredip erbet sögündi. O-da onuň enesine ýetdi. Ýykylan gana boýalan aýalaryny gyzgyn çägä diräp ýerinden turdy-da, enesine är bolanyň ýakasyndan ýapyşdy. Ýöne, olary basym araladylar. Oňa çenlem bir ýaş komandir ylgaşlap geldi-de, olaryň ikisine-de käýýedi. Ilkinji duş gelen berkitmede ikisine-de berk çäre görjekdigini aýtdy. Suwly «meşigi» ilkinji bolup başyna çeken daýaw, ýap-ýaňyja saçy syrylandygy sebäpli kellesi günüň şöhlesine tylla tas kimin ýaldyrap duran, egni köýneksiz, aýagy köne çepekli soldat gök gözlerini petreýtdi-de, düýbünden suw syzdyryp duran meşigi pylçap ýere urdy. Ajy-yy-y – diýip, edil ýaraly böri deý diň-gögüne bakyp uwlady. – doganlar, içmäň, bu-da ajy-y... şo-or!... Hernäçe suwsanam bolsa, göwresiniň ejizligi zerarly dyknyşyga giribilmän, gezek ýeter diýen tamasy bilen häliden bäri guýunyň daşynda gybyrdyklap ýören eli kelte, aýaklary ondanam kelte burny paşşygrak, tegelek ýüzli ullakan gözleri peträp duran ýigdekçe ýaňky howsalaly çagyryşdan soň özýni lampa ýere goýberdi. Mawy gözlerini çerreldip daş-töweregine aýlandy. Hamsygýan çaga ýaly «has-has» edip aýaklaryny debşenekletdi. Birdenem ýer ýumruklap ulyili bilen gygyrmana başlady. Nälet siňmiş ýurt! Jähennem bolmuş teke! Öň-ä bize üç aýlap siňek iýdirdi. Indem ýola çykar-çykmaz suwsuz kösäp başlady. Kim bilýär, bize öňde nämeleriň garaşýandygyny! Familýasy Matrosow bolansoň, soldatlar onuň öz adyny Matros diý ip tutýardylar. Elmydama tagaşyksyz, gülkünç hereketler edip, gülkünç sözler aýdyp ýörendigi, şeýle-de garaşylman durka çyna berimsiz morta bir zat aýdyp goýberýändigi üçin ol köplenç degişmäniň, gülüşmäniň sebäpkäri bolýardy. Başga bir wagt bolan bolsa-dy, onda ol häzirem gülki ýassygyna öwrülerdi, ýöne, häzir hiç kimiň ýadyna gülki düşenok. Her kim öz başyna gaý. Şonuň üçinem, asla oňa hiç kim, ünsem bermedi. Özi gygyrdy, özem goýdy. «Aglap» bolandan soňam aýaklaryny uzyn salyp, agzyny açyp, her kimiň ýüzüne bir öweldi oturdy. Ýöne, her niçik hem bolsa, başga çykalga bolmansoň soldatlar şol suwdan içmeli boldular. Limon kislotasy, gant bilen suwuň tagamyny üýtgeden boldular welin, barybir keşdiň çeker ýaly däl. Gaýnadyp gyzgynlygyna içip gördüler, erbet däl ýaly, ýöne sowansoň ýene-de öňküligi. Edil aşgazanyňa bir gysym çakyrtiken taşlanan ýaly edäýýär. Içegeleriňi köýdürip barýar. Bokurdagyň dagy edil, içine pyçak sokup çykarylan ýaly. Hä diýmänem soldatlar çermeklerini çekişip çar tarapa ýumlukdylar. Hersi bir çöpüň aňyrsyna bukuldylar. Garaklaryň çygar şahalaryndan ýapyşyp, çygylyşyp, gözlerinden «paýyr-paýyr» ýaş döküp, oýan, buýan kak kimin towlanyp oturyşlaryna indi barysy birigip tekelere sögüp başladylar. Birdenem garaklaryň biriniň aňyrsyndan: Doganlar! Meniň hajatymda gan görünýä! Içimden gan geçýä! – diýen naýynjar ses eşidildi. Ýöne, içinden gan geçip ugran soldatyň sany bir ýa iki däl. Çünki, şolar ýaly şor suwdan olar düýnem birki ýola içmeli bolupdylar. Onuň üstesine soldatlaryň içinde Gün uranlaram az bolmady. Şol iki günüň içinde bäş sany ýabam öldi. Çekişlerden çykylaly bäri kolonnanyň gapdaly bilen seňkildeşip gelýän iki sany gara it hem jöwzanyň pidasy boldy. Bu ýoluň iňňän agyr hem hupbatly boljakdygyny, ähli zadyň edil çak edilişi ýaly ýeňillik bilen ele gelmejekdigini soldatlar indi aňyp başladylar. Şolar ýaly oý kiçijik hem tagaşyksyz göwresini ulurak garagyň kölegesine sokup, içegeleriniň jugurdysyna diň salyp ýatan Iwaşowyaňam aňyndan sowa geçmedi. Dini-ygtykada ynanýandygyna görä, bu zatlaryň sebäbini ol bigünä oturan halkyň üstüne başlanan ýerliksiz ýörişi Hudaýyň halamandygyndan gördi. Onuň göwnüne Biribar şol wagt tekeleriň tarapynda ýaly bolup göründi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |