12:08 Añzakly tomus: Badalga -7: Gökdepedäki maslahat | |
GÖKDEPEDÄKI MASLAHAT
Taryhy proza
Goşunyň Çekişlerden çykyp Ahala ugrandygy baradaky habar gelip ýetenden soň Ahalyň han-begleri, serdarlary maslahat üçin gyssagly suratda Gökdepä, Nurberdi hanyňka ýygnanadylar. Nurberdi hanyň syrkawlygy sebäpli henizem Marydan gelmändigi üçin, maslahaty bu gezegem onuň ogly Berdimyrat han alyp barmaly boldy. Dykma serdar, Gulbatyr serdar, Orazmämmet han, Hanmämmet atalyk ýaly gala hanlary, oba serdarlary, Gurbanmyrat işan, Kerimberdi işan kimin din wekilleri bilen bir hatarda maslahata Gönübek, Tilkiçi şahyr ýaly il içinde sylanýan gepi-sözi han-begleriňki bilen deň-derejede diňlenýän bagşy-sazandalardyr-şahyrlar, Gara batyr, Jyýky batyr, Ruhy batyr Ahally ýaly ýaş, edermen ýigitlerem gatnaşdylar. Hakyda molla ýarawsyzlygy zerarly gelip bilmedi. Ol köpçüligiň geljek karary bilen ylalaşjakdygyny aýtdy. Içeriniň darlyk edendigi sebäpli ýaşlaryň köpüsi öýüň daş-töwereine üýşdiler. Maslahat öňküden giň hem has çynlakaý boldy. Gürrüňiň iňňän ähmiýetli mesele barada gitjekdigini ýygnananlaryň ýüzleriniň tutuklygyndanam aňmak bolýar. Nahar-şor iňlip, töwür galdyrylandan soň, daşyndan seredeniňde uly gyz ýaly edepli görünýän, ýuwaştap, her bir sözüni howlukman, däne-däne edip düşnükli gepleýän, göwresi gamçy ýaly syrdam, boňny dutaryň sapy dek uzyn, nepisje gara murty inçe hem akýagyz ýüzüne gelşik berip duran Berdimyrat han hemişe wajyp bir zat aýtjak bolandaky eden endigine görä çalarak ardynjyrady-da, çep dyzyny gobsundyryp goýberdi, soň arkan gaýyşdy, gözlerini gypyrjykladyp eginleri üstaşyry taýly gezek daş-töweregine seretdi. Onda näme, başlabereliňmi, adamlar? – «Başlaber», «Aýdyber Berdimyrat han» diýen ýaly kimden çykandygy belli bolmadyk, başly-barat sözlerden soň ýaş han şeýle diýdi: - Köpden bäri böwrümize sanjy bolup duran tikeniň ýarasy iriňledi. Ol indi ýaryljak bolup dur. Köpden bäri deňziň boýunda bäri garap, käte bir guňrugyny «tarpyldadyp», haýbat atyp ýatan aždarhanyň agzy Ahala tarap öwrýldi. – Berdimyrat han sesini ýuwaşadyp, öňküsindenem asuda gürledi. – Gürrüňiň näme hakda barýandygyň-a bilýänsiňiz, adamlar. Näme üçin çagyrylandygyňyzam aňýansyňyz. – Ol ellerini ýere diräp biraz yza süýşdi. – Indem näme, söz sizden. Kimde nähili teklip bar bolsa çekinmän aýdybermeli. Tutuş ýurduň, halkyň ykbaly şu maslahatyň çözgüdine bagly. Hakyda mollanyňam aýdany şol. Bir bada elhenç dymyşlyk emele geldi. Soň oturanlaryň barysy birden Gurbanmyrat işan bilen Kerimberdi işanyň ýüzüne seredişdiler. Ol ikisem esli wagtlap biri-birleriniň ýüzlerine seredişip oturdylar. Ahyram Kerimberdi işanyň daýaw göwresi yraň atdy. Dodaklary çalaja gymyldady. Gurbanmyrat, sen özüň başlaý öňürti. Gurbanmyrat işan «bor» diýen ýalam etdi-de, şondan soňam esli wagtlap sesini çykarman aşak bakyp oturdy. Birdenem çalt-çalt hem aýgytly gürledi. Maslahat-a näme, Berdimyrat han, öňki gezekki Aşgabat maslahatynda-da jemleniberipdi. Şonda ine, şu oturan adamlaryňam köpüsi bardy. Hemmeler biragyzdan: boýun bolmaly däl, uruşmaly, diýdiler. Dogry şol! – diýip, ýaş batyrlary daşyna üýşürip oturan Garabatyr dogumly çykýan ýogyn sesi bilen «gübür-gübür» etdi. Maslahat Aşgabatda jemlendi. Indi bize diňe uruş hereketleriniň gürrüňini edäýmek galýa. Başga maslahat ýok. Kim nämä ýolbaşçylyk etmeli, kim nireden çozmaly, kim-kimler bukuda durmaly, atlylar nähili hereket etmeli, pyýadalar özlerini nähili alyp barmaly, ine, şu zatlary takyklamaly. Ýaşlaryň hemmesi diýen ýaly Gara batyryň aýdanlaryny alyp göterdiler. Dogry! Köp çekeleşip oturmagyň geregi ýok! Maslahat belli, uruşmaly! Boňun egmeli däl. Getirmeli däl duşmany şu tapraga. Muny eşidip, öýüň daşynda gum ýassanyşyp ýatan ýigitlerem ýanbaşlarynyň gumuny kakyşyp ýerlerinden galdylar. Duşmany diňe ýarag bilen garşylamaly! Başga gürrüň ýok! Ýaşlaryň ýaşulylardan öňürti öňe omzaşyp oturmaklary köplere ýaramady. Muny esasanam ýaşulylaryň özleri gaty gördüler. Olar aşak bakyp oturyşlaryna ýaşlara tarap göz astyndan gaharly seredişdiler, nägile halda ardynjyraşdylar, başlaryny ýaýkaşdylar. Kimdir biri ýaşulylar gepläp bolman ýaşlara söz bermeli däl, diýen teklibi girizjek boldy. Ýöne, başlyklyk ediji Berdimyrat han geňeşiň deň hukuklydygyny, kimiň haçan gepläsi gelse hakynyň bardygyny aýdyp, ol teklibi ret etdi. Şeýle-de bolsa, ýaşlara mümkin boldugyça sypaýyçylygy saklamaklygy tabşyrdy. Duýduryş berdi. Soňam Gurbanmyrat işanyň ýüzüne seretdi. Gurbanmyrat işana ýüzlendi. Dowam ediberiň işan aga. Men aýtjagymy aýtdym. Çözgüt öňki. Uruşmaly. Köp gepläp ýa çekeleşip oturandan peýda ýok. – Ol Kerimberdi işana seretdi. – Galanynam näme, ine Kerimberdi aýdar. Kerimberdi işan özüne mahsus bolan agraslyk bilen esli wagt aşak bakyp, sesini çykarman oturdy. Soňam usullyk bilen, başyny galdyrdy. Meňňem, pikirim şol. Duşmany ýurda goýbermezlik. Dogry, güýç deň däl, ýöne gelinen çözgüt şol. Berdimyrat han bir ýerde çogdum bolup oturan han-beglere tarap seretdi. Işan agalaryň, ýaş batyrlaryň sözün-ä eşitdiňiz. Hany, siz özüňiz näme diýýäňiz? Olaňky belli, Berdimyrat han. Olar öňki gezegem uruşmaly däl, diýdiler. Bu gezgem üýtgeşik gep aýdaslary ýok – diýip, Garabatyr söz berilen adamlardan öňürti dillendi. Goý, ýene bir gezek aýtsynlar. Öňki maslahat bilen bu maslahatyň tutumam deň däl, derejesem. Ähmiýetem uly. Öň bir adama gelen hat ara alnyp maslahatlaşylan bolsa, bu gün ýetip gelýän ýagynyň maslahaty gidip dur. Uly iliň ykbaly çözýljek bolup dur. Onsoňam belki, adamlaryň pikirini üýtgedini bardyr.. Goşmaça bir zat diýjekleri bardyr... Aý, hatam bolsa, petegem bolsa aýdybildiler-le şo gezek aýtjaklaryny – diýip, Gurbanmyrat işanam Garabatyry goldady. Megerem gaharyny ýuwdan bolsa gerek, Kerimberdi işan uludan ýuwdundy. Onda-da aýtsynlar, Gurbanmyrat, Berdimyrat dogry aýdýar, geňeşiň düzgüni şeýle. Berdimyrat han oturan ýerinde çalaja gozganjyrady-da, ýene-de han-beglere ýüzlendi. Aýdyberiň adamlar, söz sizden. – Soň ol Dykma serdara tarap baş atdy. – Öwezmyrat aga, siz başlaýyň. On üç ýaşlaryndan başlap alamançylyk edip ugran, telim gezek Tähran-Maşat ýollaryny, Nardyny, Büjnürdi, Goçandy çapyp külli Eýrany dada getiren, Nurberdi han hanlar hany edilip belleneli bäri Ahalyň baş serdary hasap edilýän, Börme hany Dykma serdar lakamly Öwezmyrat batyr edermenligi, çaparmanlygy, batyrlygy, güýçli serkerdeligi bilen ýeke bir Ahalda ýa türkmen topragynda däl, eýsem Eýran, Hywa, Buhara ýaly goňşy döwletleriň arasynda-da, on ýyla golaý wagt bäri Hazaryň gündogar kenarynda, Krasnowodsk berkitmesinde ornaşyp, wagtal-wagtal Ahal sary owsun atýan, kä hoşniýetli, käte bolsa talaňçylykly ýörüşler geçirip gelýän ors harbylarynyň arasynda-da giňden tanalýan meşhur adam. Ors generallarynyň Ahal hany Nurberdi han ýaly uly hanlar bilen bir hatarda, onuň adyna hem hat yzyna hat ýollamaklary-da, sylag-serpaý ibermekleri-de, onuň hut, şol meşhurlygy bilen bagly. Çünki, birneme gyňyrrak häsiýetli, özdiýenli, il içinde gepi ýöreýän bu adamy öz tarapyna çekmekligiň edilmeli işiň ňarysyna barabardygyna olar gowy düşünýärdiler. Ençeme ýyl bäri, onda-munda, aram-aram ors otrýadlary bilen bolan ownukly-irili çaknyşyklarda hem Dykma serdar hemişe ýeňiji bolup çykýardy. Hatda, Hazar deňziniň ýakalaryna çenli gidip, ol ýerdäki harby berkitmelerine çozan gezeklerem az bolmandy. Ondan ýaňa dat edip, goşmaça kömek üçin, garnizon naçalnikleri hatda birnäçe gezek öz hökümdarlaryna ýüzem tutupdylar. Ol bu zatlaryň hemmesini orslary Ahal topragyna getirmezlik üçin edipdi. Emma ine, häzir welin ol düýbünden başgaça sözlemäne mejbur bolup otyr. Sebäbi, öňli-yzly bolup geçen şol çaknyşyklardan soň ol bu mesele babatda köp zatlary öwrüp-çöwürdi. Köp pikirlendi. Hususan-da, Gazawat urşunyň pajygaly wakalary baradaky habarlar Ahal iline dolansoň-a hasam köp zatlary sallarlap gördi. Juda köp zatlary akyl paýhasyndan geçirdi. Eger uruş bolaýsa, onuň berip biläýjek netijelerini göz öňüne getirdi. Soňky döwürlerde bolsa, ol urşuň halka gyrgynçylykdan başga hiç zat berip bilmejekdigine ymykly göz ýetirdi. Ýetip gelýän goşunyň öňküler ýaly sanlyja soldatlardan ybarat otrýadlar däldigine, urşuňam alamançylyklardaky ýaly ýalaňaç gylyçly urşulýan «gaç teke», «çöz teke» urşy däldigine-de düşündi. Şonuň üçinem, geçen gezekki Aşgabat maslahatynda açykdan-açyk, uruşmazlygy teklip etdi. Ol bu gezegem şol sözüniň üstünde durdy. Meniň-ä sözüm dogrudanam, ýaňky Gurbanmyrat işanyň aýdyşy ýaly şol bir söz, Berdimyrat han. Uruşmazlyk. Özem meň şuny gorkaklygymdan ýa namartlygymdan aýtmaýandygymy şu oturanlaryň hemmesem bilýändir. Ýöne, başga ýol ýok. Käbir adamlar gaty görseler-de, ýumşak görseler-de, men şuny aýtmaly bolýan: bu ýagy bizlik däl. Olar gajarlar däl, biziň çekinmän urýan tatlarymyzam däl. Bularyň tutumy uly – diýip, daýaw göwresine gelşik berip duran, aşak etegi seçelenäge-de, çalarak ikä bölünip gidýän sakgalyny sypalap, aşak bakyp oturşyna Dykma serdar iki dyzyna gop berip söze başlady – Şu sözleri aýdyp oturmak maňa-da aňsat däl. Gelýän goşunyň aňyrsynda uly döwlet dur. Biz kim? Biz bir bäş oýnam agzala türkmen. Beýleki taýpalar-a beýlede dursun, siz entek öz tekeleriňizem doly ýygnap bilmersiňiz. Şonuň üçinem gala gurýaňyz... Halky şonuň içine ýygnap, mejbury suratda uruşdyrjak bolýaňyz... Ýaşlaryň içinden kimdir biri: «Eýdýäňiz, beýdýäňiz» diýen bolup, sen özüňi bizden başga tutýan ýaly terzde gürleýäň-le, how, serdar aga – diýip, kinaýaly gepledi. Gep ýeke mende däl, adamlar. – Ol gürrüňe başlaly bäri birinji gezek bereketli ýüzüni ýerden göterdi. Balkyldap duran mähirli gözlerini daş-töweregine aýlady. – Sizde-de däl... – Soň ol Garabatyryň daşyna üýşüşip oturan ýaş batyrlara tarap baş atdy. – Bularda-da däl. Orta çykaga-da, gylyç işledenimize, darkaş guranymyza, ýeňsek ýeňdik, ýeňilsegem ýeňildik diýäge-de gaýdyberenimize-de bagly däl. Gep halkda. Aýal-ebtatda. Çagalarda. Gojalarda. Bu urşuň şolardanam sowa geçmejekdiginde. Şol gelýän apy ýylanyň barymyzy bilelikde ýalmap-ýuwutjagynda. Ýaşlaryň arasyndan ýene-de närazyçylykly sesler eşidilip ugrady. Ondan gürrüň bolmaz, serdar aga. Ol bir züwwetdin gorkagyň aýtjak zady-laý. Serdar aga, biz sizi tanamajak bolýas. Duruň entek, men aýdyp bolaýyn – diýende, Dykma serdaryň sesi ynjyly çykdy. – Iň ýamanam güýç deň däl. Olaryň çalt atýan ýaraglary bar. Bizde bolsa sowuk ýaragdan başga zat ýok diýen ýaly. Gurbanmyrat işan: Ýa, he-eý... – diýende, ynjamakdan ýaňa, aksowult ýüzi çapady ýaly gyzardy. – Ýürek bolsa ýarag bolar. Şol bolmasa ýaragdanam peýda bolmaz. Uruşda, göreşde iş bitirýän şoldur. Onsoňam bize iňlisler kömek etjekler. Aşgabatdaky maslahatda özüňizem eşitdiňiz. Ony iňlisiň wekili öz agzy bilen aýtdy. Aý, ojagaz utanjaň iňlisden-ä asman ýakynmyka diýýän – diýende, Kerimberdi işanyň gözleri üzre bürelip duran çal gatyşykly gara gaşlary çytyldy. Çalarak gara öwüsýän bugdaň reňk tegelek ýüzi agardy. Süňklek çekgelriniň hamy tirpildedi. Boňun damarlary göz-görtele galdy. – Asla hiç kimdenem haraý bolmaz. Şuny bek biläýiň. Bar zat diňe öz güýjümize bagly. Ho-ol, öňräk Mekgeden meň bilen bile gelen bäş-üç sany arap bilen türki-hä bilýänsiňiz. Ýadyňyzda bolsa şolaram agyzlarynda aş baryny gatyklapdylar. «Orslary getirmäň, din-duşmanyňyzdyr, gerek bolsa bizem kömek ederis», diýşipdiler. – Kerimberdi işan damarlary görnüp duran süňklek elleriniň aýalaryny serip töweregindäkileriň ýüzüne seretdi. – Hany şolar? Hany eden kömekleri? Gyssanan wagtyň birem-ä görnenok gapdalyňda. Dykma serdaryň sesi güňleç çykdy. Görünmezlerem. Gurbanmyrat işanyňam sözüni gaýdyp alasy gelmedi. Görünerler, görünerler. Ýöne, oň üçin olara habar ýetirmek gerek. Men ine, şu meselä-de garalmagyny isleýän. Kölegäňden öýkeläp oturman, yslamyň goragyna ymykly çykmak gerek. Onsoňam ýer ýüzünde Emrika, Pereň, Hytaý ýaly uly döwletler bar. Olaram bulara beýtdirip, edenlerini etdirip ýörmezler-ä. Haý-küş ederler-ä... Hakykatyň ýüzüne dogry seredeliň, işan aga – diýende, Dykma serdaryň göwresi elenip gitdi. Giň maňlaýy çygjardy. – Öz bähbidi bolmasa hiç kim saňa kömek etmez. Seň üçin, meň üçin o-ol, agzan ýurtlaryň Orsýet ýaly uly döwlete duşman bolmazlar. Ýene bir haýyşym bar, şu ikorta din dawasyny goşmaň. Sebäbi bu ýerde o mesele ýok. Ors seni öz dinine salmak üçin gelenok. Bu ýerde onuň dindenem has möhümräk, başga bähbitleri bar. Gurbanmyrat işan gök çäkmmeniniň syýlaryny iki dyzynyň aşagyna düýrläp, öňe omzady. O-da bolsa bardyr, ýöne, din dawasam bar, Öwezmyrat. Sebäbi ors kapyr. Birinjiden-ä haýsam bolsa bir dine uýýan, Hudaýyň barlygyny ykrar edýän adama ors bolsun, «hyrs» bolsun, kapyr diýmek külli günädir», işan aga. Ikinjidenem.. Gurbanmyrat işan ýüzüni kese sowdy. Bä-ä-ä... Sen-ä Öwezmyrat, tüweleme, bizi okutjag-ow. Töwerek – daşdanam: Ahow, Dykma, bize seniň takwalygyň gerek-gä bu wagt. Rast, sen baş serdarmy, köp gepleme-de, meseläni bir ýüzli et. Bolmasa-da sowul ýoldan. Biz bu ýere agzaçara ýygnanamyzok, orsly meseläni çözmäne ýygnandyk. Aý, ol öz sözüni gögertjek bolup her zat eder-laý... – diýen ýaly kinaýaly sesler eşidildi. Dykma serdar özüni elden bermedi. Men o gürrüňi gepiň gerdişine görä diýdim, adamlar. Düşünişmezlik bolmasyn. Gynansak-da, şol mesele boýunça ýene bir zady aýtman durup biljek däl. Ýagny, işan agaň aýdyşy ýaly gep orsuň kapyrlygynda bolsa, dawa-da din dawasy bolýan bolsa, onda bi, siziň iňlisden kömege garaşmaňyz näme? Olar näme musurmanmy? Galyberse-de Hytaýy, Emrikany, Pereňistany näme üçin agzaýaňyz? Olar bilen näme, dinimiz birmi? Ýa orsy gaýtaryşanlaryndan soň şol döwletleriň mollalary gelip her jumada biziň mollalarymyz bilen namaza durarlar öýdýäňizmi? Ýa-da ine, Eýrany alyp göreliň. Olar bilen näme dinimiz bir dälmidi?... Oturan ýerinden ýapyrylaga-da, Dykma serdara tarap dodagyny çommaldyp: Eýran şaňy-y – diýende Gurbanmyrat işanyň ullakan ala gözleri ýaldyrap gitdi. Aşagy çürelip gidýän uzyn, mäşbürünç sakgaly titredi. – Biz bolsak sünni-i... Dykma serdar biliner-bilinmez ýylgyrdy. Şaýy näme, musurman dämi? Däl diýseňiz onda Hywa bilen Buharany alyp göräýeliň. Şolar ho-onha, sünnem-dä! Emma olardan biz az sütem gördükmi? Ir döwür şu sebitlere gelip Hywa hany Abylgazy hanyň bir özüniň gyranam-a bardyr, türkmeniň şu wagtkysyça. – Dykma serdar tutuş öýüň içine nazar aýlady. – Bagyşlaň adamlar, men muny öňde duran wakanyň din dawasy däldigini nygtamak üçin aýtdym. Muny men Orsyýediň Hywany, Buharany basyp alandan soň: dinimize giriň ýa diniňizden çykyň diýmändigi bilenem düşündirip biljek... – Dykma serdar Berdimyrat hana ýüzlendi. – Men-ä aýtjak sözümi aýtdym, han. Ýöne, köpçülik nähili karara gelse menem şonuň bilen bolaryn. Köpçüligiň çözgüdinden çykman. Uruşmaly bolsa uruşarynam, gerek bolsa başymam goýaryn. Gurbanmyrat işan kanagatlanmak bilen Dykma serdara tarap baş atdy. Ine, munyň bolýa. Şondan soň Berdimyrat han sözi syçmazlaryň kethudasy, Ahalyň Hywa raýat bolan döwründe şolaryň şu ýerdäki dikmesi bolup oturan, Gazawat urşuny gözi bilen gören Hanmämmet atalyga berdi. Hanmämmet atalyk Gönübek sazandanyň gapdalynda, Berdimyrat hanyň çep tarapynda tärime arkasyny ýaplap otyr. Ol häliden bäri Gönübegiň yzly-yzyna çekip oturan çiliminiň tüssesine boguljyrap üsgürýär, özüne tarap burum-burum bolup gelýän çalymtyl tüssäni eli bilen kowýar. Ýöne, Gönübege: goý şunyňy, çekme, diýip bilenok. Özüne söz berilenden soňam ol birmeýdan gark urup üsgürdi-de, dikejegine galdy. Ykjamlandy. Owurdy içine gidip duran hortap maňlaýy, çekgeleri hal atan sarymeňiz ýüzüni ilki hana, soň Dykma serdara tarap öwürdi. Şonda onuň çep gabagy titir-titir etdi. Bir zatdan gorkan ýaly hemişe howatyrly görünýän ullakan, şöhleli gözleri birnäçe gezek açylyp-ýumuldy. Söze başlamazdan öň inçe barmaklary bilen etegi sarymtyl, galan ýeri çal, seýrek sakgalynyň düýbüni dyrmalady. Geplände, endigine görä sesini sandyradyp pessaý gürledi. Eýsem-de bolsa... – Ol sakyndy-da, esli mahal böwrüni diňläp oturdy. Pikirini jemländen soň başyny galdyryp Berdimyrat hanyň ýüzüne çiňerildi. – Eýsem-de bolsa men uruşmaklygy teklip edýän adamlaryň ýüreklerine düşünýän. Onda-da edil öz ýüregime düşünişim ýaly düşünýän. Sebäbi meňňem ýüregim şony diýýä. Meseňa diýäge-de, ýurduňy bermeg-ä däl, düşmana ýekeje daban ýeriňi basgylatmagyňam nähili agyr düşjekdigini duýýan. Ýöne, nätjek, Dykma serdaryň aýdyşy ýaly güýç deň däl, batyrlyk bilen bitirjek goşuň ýok. Mert uruş däl. Gyrgynçylykdan başga gazanjak zadyň ýok. Ýagdaý şeňlekä halky şo tarapa iteklemek hökmanmyka? – Hanmämmet atalyk ýüki ýeňlän ýaly uludan sowuk demini aldy. – Meňň-ä nüçe geplesemem şundan başga aýtjak zadym ýok. Köpçüligiň içinde gowur döredi. Dumly-duşdan ýene-de her hili içi güjükli sözler ýagyp başlady. Hern-ä Berdimyrat hanyň göwresini dikgerdäge-de, boýnuny süýndürip öýüň içine göz aýlamagy bilen galmagal kiparlady. Kem-kemdenem ýatyşdy. Şondan soň Berdimyrat han, söz nobatyny Orazmämmet hana berdi. Boýy ortadan ýokarrak, eti-gany ýerinde, burny gönümel, ýüzi dolmuş ýaňaklaryýaş gyzyňku ýaly ýalpyldap duran, murty ýogyn, sakgaly boldumly, ýeke geplilikde agraslykda özüni bütin ile tanadan bu kişi şu maslahatyň içinde Berdimyrat handan soň ikinji adam diýsegem ýalňyş bolmaz. Ol tekäniň togtamyş taýpasynyň beg urugyndan, onuňam goňur, goňuryňam garagoňur tiresinden. Kakasyna Hyjygurban, atasyna Mämmetweli kazy, ondan aňyrsyna Ak kazy diýerler. 1850-nji ýylyň gyşynda külli tekä ýeke-täk bir han saýlamak barada Gökdepede uly maslahat geçirildi. Oňa Mary etraplaryndan, Sarahsdan, Tejenden, Kürtüşden, Gyzylarbatdan, Balkandan, köp-köp serdarlar, han-begler, Ak işan, Atajyk molla ýaly görnükli din wekilleri gatnaşdylar. Maslahaty Atajyk molla alyp bardy. Şonda, Görogly begden Şirgazy han zamanasyna çenli tekeleriň 18 sany baş hanlygynyň bolandygy dogrusynda söhbet edildi. Şirgazy han döwründe baş hanyň Döwletmämmet Düýegöz aga bolandygy, ondan soň baş hanlygyň Keýmir köre, ondan soňra Annaseýit wekile, ondanam Myrat serdara geçendigi, 1819-njy ýyldan, ýagny Myrat serdaryň wepadyndan soň tekeleriň birnäçe gala hanlarynyň bolandygy, emma baş hanyň bolmandygy ine, indi şonuň dikeldilmeginiň zerurdygy aýdyldy. Türkmenleriň mongollardan bäri belli bir başsyz, dagynyk halda ýaşaýandyklary, şol zerarly dumly-duşdan çapylýandygy, halk hökmünde hiç kim tarapyndan äsgerilmeýändigi göz öňüne tutulyp, şundan şu ýana ýeke bir tekeleri däl, eýsem külli türkmeni bir hanlyga birleşdirmek meselesem orta atyldy. Şeýle-de bolsa, şol gezekki maslahatyň esasy wezipesi teke türkmenleri üçin baş han saýlamakdan ybaratdy. Şonda hanlyga ak wekilli Nurberdi han bilen garagoňurly Orazmämmet han teklip edildi. Şol wagt olaryň ikisem öz tireleriniň hanydy. Haçanda ses sanaşyk bolanda Orazmämmet hanyň sesi köp çykdy. Ýöne, ol öz islegi boýunça hanlykdan ýüz öwürdi. Köpçülige ýüzlenip: Adamlar! Ynam bildireniňiz üçin men sizden köp minnetdar. Ýöne, maäa dogry düşünmegiňizi haýyş edýän. Çünki, men hanlyk maäa görä-de Nurberdi hana has mynasypdyr, diýip pikir edýän. Sebäbi, ol birinjiden-ä Was eýýäminiň ýaşulysy Döwletmämmet düňegöziň şägirdi Aman begiň yzy. Ikinjidenem Döwletýar baýyň ogly. Iliň öňüne düşüp hanlyk kesbini ýöretjek bolsaň mal-döwletli, çörekli bolmagam gerek. Menem, Hudaýa şükür, rysgalymdan nalamok, ýöne, hanlyk sürere harajadymyň ýokdugyna welin gözüm ýetýä. Nurberdi handa şo zatlar bar. Onsoňam nöker ýygnamaly, olaram gerekli serişdeler bilen üpjün etmeli. Atlandyrmly, ýaraglandyrmaly. Şonuň üçinem, men hanlyk mertebesini ak ýüregim bilen Nurberdi hana bagyşlaýan. Öz sesimem şoňa berýän – diýdi. Şolar ýaly mert, üstesine-de uruşmazlygyň tarapyny tutýan akylly-başly adamyň hüzirki aýtjak sözüniň aýgytlaýjy häsiýete eýe bolaýmagagynyň ahmallygy, uruşmaklygyň tarapyny tutýan adamlarda az howsala döretmedi. Şeýle-de bolsa, oňa kesesinden kesek atmana hyýallanan adam bolmady. Hatda Dykma serdara pitjiň atan ýaş batyrlaram şol wagt aşak bakyp dillerini dişlänlerini kem görmediler. Orazmämmet hanam edil Hanmämmet atalykdyr, Dykma serdar ýaly, özüniň öňki pikirinde galýandygyny aýtdy. Soňam pikirini delillendirmäne synanyşdy. Başga ýol ýok, adamlar – diýende, sesi diýseň dözümli çykdy. Hanmämmet atalyga tarap çalaja baş atdy. – Ine, orslaryň hywaly ýomutlar bilen eden urşuny gözi bilen gören adam otyr gapdalymyzda. Isleseňiz gürrüň bersin şü, Gazawatda nämeleriň bolanyny. Garabatyr barybir şondan artyk çydam edip oturyp bilmedi. Hanmämmet atalygyň şol döwli ertekisini biz öňem az diňlämizok, han aga. Gowus-a ol asla şol gürrüňini goýsun. Egerde, görelde almalam bolsa biz Gazawatly ýomutlary orslaryň gyrandygyndan däl-de, ýomutlaryň gorkman orslara garşy çykandyklaryndan, boýun egmändiklerinden almalydyrys. Berdimyrat han gürrüňüň ula ýazmagyndan heder edip, bir dyzyna galdy-da, sag elini ýokary göterdi. Şu maslahatda islendik maglumat nazara alynmalydyr, adamlar. Goý, Hanmämmet aga-da görenlerini aýtsyn. Belki, araňyzda eşitmedikler bardyr... – Berdimyrat han ýene-de jaýlaşyp oturdy. – Atalyk aga, aýdyberiň... Aýtsam, olar ýaly gyrgynçylykly urşy men heniz göremok – diýip, Hanmämmet atalyk söze başlady. – Gökezmesinem. Hywaly ýomutlaryň ähli obalary, mülkleri otlandy. Mallary talandy. Gaçyp çöle çykan halkyň yzyndan atly goşun ýetip keýpine kerçedi. Ne ulyny syladylar, ne kiçini. Baş açyk, aýak ýalaň aýallaryň, gyzlaryň çabga ýaly ýagýan okuň aşagynda iki baka elewreşip ýörüşleri, çagalaryny bagyrlaryna basyşyp, iki tigirli arabalaryň, boş duran köne howutlaryň aşagyna, suwsuz çelekleriň içine sümülişip, şol ýatan ýerlerindenem üstlerinden inip gelýän ýalaňaç gylyja tarap aýalaryny gerip, aman dileýişleri, garry-gurtularyň ahy-nalalary, källeriň, zeýkeşleriň içinde biri-birine kaklyşyp ýatan maslyklaryň elhenç suraty henizem göz öňümden gidenok. Tä, kyýamat ahyra çenli giderem öýdemok... Garaz, azaňy alypdyrlar-da... – Kinaýaly çykan bu sözi kimiň aýdany belli bolmady. Ýöne, Atalyk ony barybir jogapsyz galdyrmady. Howwa, azamy aldylar. Şonuň üçinem, men Gubadagda bolan şol elhenç wakanyň Ahal topragynda hem gaýtalanmazlygyny isleýän. Aý, agam, alsalar seň azaňy alypdyrlar, gyrylsalar Hywada oturan Gazawatly ýomutlar gyrlypdyrlar, bize näme – diýip, Garabatyryň gapdalynda oturan, kelteräk, dykyz göwreli, bugdaý reňk, aşaky dodagy öňe tarap çürelip durandygy üçin hemişe ýalmanyp ýören Jyýky batyr sesine bat berdi. – Bu ýeri Hywa däl Ahal. Menem şony şuň Ahal bolandygy üçin aýdýan. Onsoňam men sizi gorkuzjak bolamok. Gören zadymy aýdýan. Aýtma sen şo gürrüňleriňi – diýip, Jyýky batyr tow alyp ugrady. Birdenem alahasyrdy bolup ýerinden turdy. – Şol gürrüňleriň bilen sen galanyň gurluşygyndakylaryňam ötlerini ýardyň. – Jyýky batyr ilk-ä Berdimyrat hana, soňam Gurbanmyrat işana ýüzlendi. – Sizem aýdyň muňa, goý, şu günden şeýläk halkyň arasynda ters wagyzlar ýöretmesin, halkyň susuny peseltmesin, ruhuny çökermesin. – Ol märekä ýüzlendi. – Tutuş maslahat bolup şunuň şo sözlerine gadagançylyk girizmegiňizi soraýan men adamlar sizden. Goý, her kim öz gorkaklygyny iliň üstüne atjak bolmasyn. Berdimyrat handan öňürti Hanmämmet atalygyň özi dillendi. – Bor, han ogul. Aýtma diýseňiz men şundan şeýläk aýtmaýaryn. Ýöne, Atalyk gorkak däldir. Ýer-ýurt, il-gün üçin biri ölmäni başarsa menem başararyn. Men ýöne, hem ölmän galmanyň, hemem halky agyr kesapatdan alyp çykmanyň gürrüňini edýän. – Atalyk ýüzüni Berdimyrat hana tarap öwürdi. – Şoň üçinem, etseňiz-ä Orazmämmet ikimiziň ýanymyza otuz-kyrk adam goşuň-da, iberiň orslaryň ýanyna. Biz olar bilen gürleşeli. Töwella edeli. Jyýky batyr aşak çökdi. Ýüzüni bir gyra sowup kinaýaly gürledi. Töwella gider ýaly biz olardan gyz alyp gaçamyzok. Gandaram bolamyzok. Töwellany goý, olaryň özleri bize etsinler. Olaram töwella etme kemin-ä goýmadylar-la – diýip esli wagt bäri sesini çykarman oturan Dykma serdar ýene-de gürrüňe goşuldy. – Ýöne, biz olaryň töwellalaryny almadyk... Jyýky batyr Dykma serdara tarap gamçysyny çommaltdy. Siziň ol, töwella diýýäniňiz hatdyr ýa para-peşgeşdir. O-da belli-belli adamlara berlendir. Onsoňam biz öý eýesi. Töwellany alsagam, almasagam öz işimiz. Oňa hakymyz ba. Olaryň welin beýdip, goşun tartyp üstümize gelmäge, haýbat atmaga, haklary ýok!... Onyň dogry, batyr ýigit, ýöne, gürrüň bu ýerde diýdimzorluk barada barýar. Olar hak näme, nähak näme, seljerjege meňzänoklar. Onda näme olaryň tarapyny tutýaňyz? Tarapyny tutamyzok biz, başga çykalganyň ýoklugyny aýdýas. Näalaçlyk barada aýdýas. Çykalga bar! Çykalga-da bar, alajam bar. – Jytýky batyr gylyjyny syryp dik depesine göterdi. Dalawlatdy. – Ine, çykalga. Ine alaç. Şundan başga çykalga-da bol,az, alajam. – Ýaş batyr kellesiniň gyzgynyna öte geçeninem bilmän galdy. – Siz ýöne çykalgany başga ýerden gözleýäňiz. O-da bize mälim. Sizem, Orazmämmet hanam, Hanmämmet atalygam, barysy bir adam. Size gulak asýanlaram, siziň yzyňyza düşýänlerem baryňyz dönük! Satlyk! Dogrusyny aýtsam orslary çapmaklygy öňürti sizden başlamaly. Sizden dynmaly. Ençeme gowgany başyndan geçiren serdara çagasy ýaly birinden beýle sözleri eşidip oturmak juda ýokuş degdi. Ol özi-de bilmezden syçrap ýerinden galdy. Elini gylyjynyň bagjagyna ýetirdi. Çyk daşaryk, eşşekataly! Jyýky batyram edil, goltugyndan göterilen ýaly Dykma serdar bilen deňine gopdy. Bolmasy bir işiň bolaryndan howatyr edip, han-beglerem, ýaşulylaram ördüler. Berdimyrat han sakgyç ýaly süýnüp baryp Jyýky batyryň alkymyna dykyldy. Iki eli bilenem egninden basyp ýuwaş, emma hökümli gepledi. Otur! Jyýky batyr ýalmanyň çagasy ýaly dilini ýalmandyryp durşuna howul-hara her kimiň ýüzüne bir seredip çykdy. «Bu meniň atama, dil ýetirdi», diýen manyda Dykma serdara tarap elini uzadyp bir zatlar diýdi. Ýöne, onuň «madyr-muduryna» düşünen bolmady. Her niçik hem bolsa ol hanyň raýyny ýykmady. Oturdy. Şondan soň Berdimyrat han Dykma serdara ýüzlendi. Öwezmyrat aga sizem oturyň. Adamlar, baryňyzam oturyň. Oturdylar. Berdimyrat hanyň özem oturdy. Uly-kiçi hemmäni tertibe çagyrdy. Birek-biregiň sözüni bölmezligi, kellegyzgynlyga ýol bermezligi haýyş etdi. Beýdip, «sensireşip» otursak belli bir gepiň başyny çatyp bilmeris – diýdi. Ara esli mahallyk dymyşlyk aralaşdy. Her kim öz gapdalyndaky bilen gümür-ýamyr edişdi. Kerimberdi işan bilen Gurbanmyrat işanam özaralarynda pikir alyşdylar. Soň ikisi bilelikde Berdimyrat hana bir zatlar diýdiler. Han olary diňledi-diňledi-de, başyny atdy. Märekä ýüzlendi. Adamlar! Bir teklip bar: Şundan şeýläk özüne erk edibilmän, özünden başganyň pikirini äsgermän, dawalaşyp, maslahatyň işine päsgel berjek adam bar bolsa märekeden çyksyn! Ýogsa-da şolar ýaly hereket etdikleri zor bilen çykarylar, maslahatdan kowular. Soň eşitdim-eşitmedim diýmäň. Öýüň içinde şeýle bir ümsümlik peýda boldy welin, daşardaky biş-düş, çaý-suw bilen meşgul bolup ýören aýallaryň, çybyk atlaryny haýdadyşyp gara öýüň daşyndan «daz» ýasaýan, geljek ýagyny eýýäm gaýtaryp ýören oglan-uşaklaryň seslerine çenli eşidildi durdy. Obanyň aňry çetlerinde bir ýerde düýe bagyrdy. Märekeli öýüň arka ýüzünde çaga aglady. At toýnagynyň dükürdisi eşdildi. Şol atmy ýa başgamy, belli däl, megerem baýtal gören bolsa gerek, bir at hokrandy –hokrandy-da, haýkyryp goýberdi. Dymyşlygy Berdimyrat hanyň özi bozmadyk bolsa, onuň näçe wagta çekjekdigini aýtmak kyn. Ol Dykma serdara ýüzlenip usullyk bilen: Ýene aýtjak zadyňyz bamy, serdar aga – diýdi. Dykma serdar aşak bakyp oturşyna mähir gatyşykly gahar bilen sesini sandyradyp gürledi. Men aýtjak zadymy aýtdym. Ýaş han Orazmämmet hana tarap baş atdy. Siziň öňküňize goşjak, aýyrjak zadyňyz bamy? Orazmämmet han: «Hany, bular boluşdylarmy»? Diýýän terzde o ýan, bu ýan gaňrylyp, eginleri üzre daş-töweregine göz aýlady. Berdimyrat hanyň hälki sözýnden soň bady gaçan ýaş batyrlaryň aşak bakyşyp oturyşlaryny görendenem oturan ýerinde ykjamlandy: Başga ýoluň ýoklugyny ýene bir geazek terkarlamaklygy men özüme borç bilýän, adamlar. Haýwanu-ynsan ejiz bolsa ejizligini bilse ýagşy. Iş salyşýanyň doňuz bolsa, tüýüni tersine däl-de, ugruna sypalasaň ýagşy. Ýene bir zada düşüniň: Biziň iň uly betbagtçylygymyz bütewi döwlet däldigimizdir. Hökümediň bolmasa, döwlet diwanyňdyr-kazyýetiň, möhürli hatyň, hazynaň, kada-kanunly kitabyň, hemişelik goşunyň bolmasa, bir bölek gara güýç bilen, onda-da derekli ýaraglanmadyk güýç bilen alan galaň bolmaz. Şu wagtky bir karara gelibilmän uluny-kiçini sylaman ýaňkalaşyp oturşymyzam şo zatlaryň alamaty. Ähli türkmen bir bütewi döwlet bolup oturan bolsady, onda orslar beýdip üstümize çöwjäp gelibem bilmezdiler. Özleri bilen deň derejeli döwlet hökmünde gepleşikler geçirerdiler. Hindistana, Owganystana gidip söwda edesleri gelýän bolsa adam şekilli rugsat sorardylar. Haýyş bilen resmi suratda ýüz tutardylar. Iňlisleriň gelerinden gorkýan bolsalar, onda olaryň garşysyna özümiz bilen bilelikde göreşmekligiň çärelerini agtarardylar. Emma olar beýdenoklar. Sebäbi ýurduň döwlet däldigini, halkyň harby taýdan ejizdigini, üstesine-de agzybir däldigiklerini bilýärler. Öňlerinden taýaklaryny galgadyşyp çykjak bäş sany tekäniň aňyrsynda ähli türkmen taýpalarynyň döş direşip durmajakdyklaryna düşünýäler. Iň bärkisi ine, Mary bilen bir hanlyk bolup oturansyň welin, ertir şondan näçeräk mukdarda goşun geljekdigini aýdybiljegiňiz ýokdur. Baş-başdaklyk, dagynylyk zerarly ýomutlaryň nä günlere düşendiginem bilýäňiz, bir çeti Hywada, bir çeti Eýranda. Biri-birinden habary ýok. Salyr bilen sarygyňam hersi bir derede enäp-tenäp ýör. Ärsarylar Buhara emirliginiň penjesinden sypyp bilenok. Şoň üçinem, bir zady bek belläň: Şu, öňümizde duran uruş ors-türkmen urşy däl-de, ors-teke urşudyr. Has takygy ahalteke urşudyr. Teke bolsa ýekedir. Diýmek, bu uruş bir güýçli pälwan bilen on iki synasy düzüw däl adamyň gurjak bolýan darkaşy. – Orazmämmet han kükregini dolduryp uludan demini aldy-da, ellerini ýaýdy. – Ine, meniň-ä aýtjak zadym şulardan ybarat, adamlar. Ýene-de birmeýdan dymyşlyk boldy. Berdimyrat han: «Başga-da söz sözlejek bamy» diýen manyda oturanlaryň ýüzüne ýeke-ýeke garap çykdy. Nazary ýaş batyrlaryň oturan böwrüne düşendenem Garabatyr söz sorady. Adyna görä özem garaýagyz, eginlek, çeýeden gelen daýaw göwreli, yhlas bilen gyrdalandygy sebäpli çürüje eňeginiň sakgal ýeri göm-gök bolup duran, ortasy açyk inçejik murty edil galam bilen çyzylan ýaly nepis, ullakan ala gözleri jalahlap duran bu ýigidi ýaş batyrlar öz serdarlary hasap edýärler. Şonuň üçinem, ol geplemäne hyýallanandan gapdalyndakylaryň barysy birden leňňer atyşdylar. «Bir, çöp döwlen ýaly etsene» diýen manyda ýumruklaryny düwmek bilen oňa yşarat etdiler, gaýra-gaýra gaýşyşyp, ýüzüne buýsançly seredişdiler. Biz şu toprak üçin jan çekdikmi, ganam dökeris – diýip, Garabatyr çürt-kesik gepledi. – Jepasyny çekdikmi, wepasynam görkezeris. – Ol Berdimyrat hana tarap tutuş göwresi bilen ümzük atdy. – Han! Sen öz egindeşleriňe aýt! Goý, olar ýaga boýun sunmak, raýat bolmak barada pikirem etmesinler. Ol gürrüňlerini goýsunlar. Siz bizi Gazawat urşy bilen gorkuzjak bolýaňyzmy, emma honha, raýat bolup orslardan hazarýaka ýomutlary näme gördi? Olar indi düşen ýagdaýlaryndan nädip synjaklaryny bilmän gan eňreşip ýörler. Düýelerini degerli bahadan alan bolup, başda olaram özlerine imrikdirdiler, soňundan bolsa müňläp-müňläp düýelerini ellerinden zor bilen aldylar. Gaňryp aldylar. Mugt aldylar. Ýa-da ine, geçen ýylky Hojagalany ýykan-ýumran, ilinem zir-zowran edişlerini ýadyňyza salyň. Hojagalanyň hojalary näme, olaryň bakjasyna girip zamçalaryny ogurlapmydy? Ýa-da ine, Japarbaý ýomutlarynyň hany Kyýat hanyň ykbalyny alyp göreliň. O bende otuz ýyllap orslardan raýatlyk sorap gezdi. Almadylar. Ahtyram Tiflisiň zyndanynda gözleri kör bolup dünýäden ötdi. Ogly Ýagşymämmet bolsa Orsyýediň Woronež diýen şäherinde tussaglykda çüýredi. Sebäbi, Türkistana aýak basan günlerinden başlap olaryň jyny türkmenlerde düşdi. Her zat etmeli welin öňi bilen şulardan dynmaly, şularyň gözleriniň oduny almaly diýen düşünjä geldi. Çünki, türkmenlerden başga hiç kimden garaw görmejekdiklerini aňdylar. Muňa olar Buharany alanlarynda-da, Hywany alanlarynda-da göz ýetirdiler. Ikisinde-de olara esasan, şol ýeriň türkmenleri garşylyk görkezdiler. Türkmenler bolsa köp. Aýry-aýram bolsa, dagynygam bolsa köp. Türkmenden ýaňa çölüň içine edil gurt düşen ýaly. Bu bolsa olara ýakanok. Şonuň üçinem, olar indi seni raýat bolsaňam gyrarlar, bolmasaňam gyrarlar. Hemmäňi uçdantutma gyrmasalaram köpüňizi gyrarlar. Iň bolmanda gözüňi gorkuzmak üçin, ruhuňy öldürmek üçin şeýderler. Şeýdere bahana-da taparlar. Gazawatly ýomutlaram salgyt bahanasy bolmadyk bolaýanda-da başga bir bahana bilen gyrardylar – Garabatyr gaýşarylybraga-da Orazmämmet hana tarap seretdi. – Güýjümiziň deň däldigine, ok-ýarag srrenjamlarymyzyň olaryňkydan kän pesdigine biziňem gözümiz ýetmän duranok, han aga. Ýeňiläýmegimiziň ahmaldygynam aňýas. Ýöne, biziňem olardan artykmaç taraplarymyz bar, o-da hupbulwatanlygymyz. Biz öz topragymyzyň üstünde durus. Ýüreklerimiz ýolsa Watan, ar-namys diýip urýa... şonuň üçinem, ölmeli bolaýanlygymyzda-da, biz şolara ana, şony görkezip. Gurt oýnuny görkezip öljek. Gurban ediljek goýun ýaly gassabyň öňünde sessiz-üýnsiz güýlünip ýatjak däl-de, gurt ýaly göreşip öljek. Bu çölüň boş däldigini, türkmeniň öňýetene özüni basgyladyp ýören halk däldigini subut edip öljek. Şu topragy orslara göreşsiz bermändigimizi indiki nesilllerimiziň bilmegi üçin göreşip, uruşyp, söweşip öljek. Gara batyra golaý ýerde on dokuz ýaşlaryndaky, ezýaka ak köýnegiň üstünden gyrmyzy don geýnen, gök tirme guşakly, gara ädikli, buýralary seçelenip duran päkize ak telpekli, akýagyz, dodaklarynyň üstündäki ýumşajyk hem seýrek murty timarlanan, görmegeý ýigit otyrdy. Ol her gezek ara maý düşende söz aljak bolup çemeleşýärdi-de ýene-de gezek ýetmän galýardy. Ýöne, Garabatyr şu ýere ýetende welin ol durup bilmedi. Hatda sözem soramady-da, Garabatyryň egnine elini goýup: Ýagşy. Sen gaty dürs hem owadan geplediň, Garabatyr. Ýöne bir soragym bar – diýdi. Garabatyr ýigidiň ýüzüne söýünçli garady. Aýt, Ruhy batyr. Sen ýurdy gorap ölmek barada aýtdyň. Ölüňki düşnükli. Ýeňseňem, ýeňilseňem olaryň bar tamakin zatlary: sadaka, aýat, gurhan. Egerde ýeňsek, onda diri galanlaryňkam düşnükli. Ölüsine aýat okadyp, ýeňiş toýuny toýlabermeli. Ýöne, egerde ýeňilsek, özümizem ölmän galsak, şonda nätmeli bor. Garabatyryň jogaby nagt boldy. Başgalary bilemok, Ruhy, ýöne, özüm-ä ýa alaryn ýa ölerin. Egerde ýeňilsek bir sebäp bilenem diri galsam, onda tä ölinçäm söweşi dowam erdirerin. Ýeňlenimi boýnuma alman. Duşmanyň hyzmatyny etmen. Gullugynda durman. Arkamy Garaguma dirärin-de men diýen ýigitlerim bilen bilelikde gaça urşa başlaryn. Ýoldaşsyz galsam ýeke özüm urşaryn. Ruhy batyr Garabatyryň egninden elini aýyrdy. Bolýa. Men seniň jogabyňdan kanagatlandym. Sözüňi dowam ediber. Dykma serdar, Orazmämmet han, Hanmämmet atalyk ýaly hormatly adamlaryň pikirlerine-de düşünmän duramok diýip, Garabatyr sözüni dowam etdirdi. – Olary gorkakdyr ýa namartdyram öýdemok. Beýle adamlar däldiklerini olar öz ömürleri bilen subut etdiler. Bize görelde görkezdiler. Käbir gyzma adamlaryň aýdyşlary ýaly dönükdirler ýa satlykdyrlar diýen düşünjedenem daşda. Olaryň iki zyýanyň has bähbitlirägini saýlap aljak bolýandyklaryna-da düşünip durun. Ýöne, biziňem öz pikirimiz bar. Onam ýaňy aýtdym. Biz şol ýoly saýlap aldyk. Kynam bolsa aldyk, aňsadam bolsa aldyk. Siz unasaňyzam aldyk, biz şo ýoly unamasaňyzam aldyk. Onsoňam biz ýeke däl. Bizi goldaýanlar kän. Şonuň üçinem meniň pikirimçe uruş bolar. Berdimyrat han Gara batyra tarap gyýalap garady. Bolduňmy? Boldum. Han hälki owadan geýimli, görmegeý ýigide tarap ýapyryldy. Ruhy batyr, aýtjakmysyň bir zat? Egerde rugsat bolsa aýdaýyn bäş-üç agyz söz. Rugsat Alladandyr, aýdyber. Siz bilýäňiz, meň otuza golaý nökerim bar – diýip, Ruhy batyr görmegeý keşbine gelşip duran sypaýyçylyk bilen söze başlady. – Biz şolar bilen öz maslahatymyzy etdik. Netijesinem size aýdýas. Biz ýurdy goramaklygyň tarapynda. Duşmanyň ýurda goýberilmegine biz garşy. Ýap-ýaňyja Garabatyryň aýdyşy ýaly, güýjümiz asgyn gelip ýeňiläýen ýagdaýmyzda-da biz duşmana boýun bolmarys. Gaça uruşlar bilen göreşi dowam etdireris. Ýaňy şol soragy Garabatyra berenimem şonuň üçin. Özümiz ýaly şol pikire gelenler başga-da barmy ýa ýokmy, bileli, diýdik. Bildigem. Şu meselede biz Garabatyr bilen pikirdeş bolup çykdyk. Bu ýerde bolsa näme üçindir şol meselä garalmaýar... – Ruhy batyr sesini kesdi-de, jogaba garaşýan terzde märekä göz aýlady. Bu soragyň jogabyny eýýäm beren Garabatyr-a arkaýyn, murtuny sypalady oturdy. Onuň ýigitlerem özlerini juda arkaýyn duýdular. Ýöne, ine, han-begler, dini hadymlar üçin welin bu soragyň garaşylmadyk hem iňňän kyn bolandygy bildirdi. Olar hatda biri-birleriniňem ýüzlerine-de seredibilmän, aşak bakyp ellerini owkalaşdylar oturdylar. Ruhy batyr bu ýagdaýdan özüçe many çykardy. – Düşnükli... – diýip, ol täzeden söze başlady. – Diýmek, bu mesele maslahata goýulmandyr. Emma haýp! Goýulmaly ekeni. Çünki, esasy zat şol. Gelen gün-ä öňünden ýaragly çykan bolup, gylla ýaryňy gyrdyryp ýeňileniňden soňam onuň gullugynda durjak bolsaň, onda dogrudanam şumatdan ylalaşyga geleniň ýagşy. Iň bolmanda birtopar adamyň janyn-a halas ederdiňiz. Häzirem bolsa bir pille, kimde şeýle hyýal bar bolsa, baýdak götersin-de duşman bilen ýaraşyga çykybersin. Uruşly tarapyny biz Garabatyr ikimiz oňararys. Her kim başarjak zadyna ýapyşsa ýagşy. Oňararys! Beterem oňararys! – diýip, Garabatyr hyjuwly dillendi. Ýigitlerine ýüzlendi: - Oňararys gerek? Oňararys! Beter ederis! Bize geregi şol! Kim uruşdan basylan bolsa oturybersin. Ruhy batyryň ýigitleriniňki bolsa gerek, şolar ýaly makullaýjy sesler daşardanam eşidildi. Ýene bir zat: Biz öz ýigitlerimiz bilen siziň galaly meseläňize-de garşy – diýip, ýigitleriň sesi birneme kiparlandan soň Ruhy batyr buýsanç bilen aýtdy. – Kim girse-de biz oňa girmeýäs. Häliden bäri: «Tüweleme ýaşlar zor. Hyjuwly. Görýäňmi ediberişlerini», diýip, Kerimberdi işanyň gulagyna öwran-öwran pyşyrdap oturan Gurbanmyrat işanyň ýüzi birdenkä üýtgedi. Gözleri ulaldy. O näme üçin? Şol çözgüde gelendigimiz üçin, işan aga. Köpçülikden bidin çözgüde gelmäne kim size ygtyýar berdi? Ol ygtyýary biz özümize özümiz berdik, işan aga. Gurbanmyrat işan tirseklerini iki dyzyna goýup, Ruhy batyra tarap ýapyryldy. Her näme diýseňem girmel-ä borsuňyz gala. Girmeris, işan aga. Gurbanmyrat işan Garabatyra ýüzlendi. Senem girjek dälmisiň gala? Garabatyr başardygyndan parahat gürlemäne çalyşdy. Umuman-a menem Ruhy batyryň aýdanyny goldaýan, işan aga. Bu teklibi Orazmämmet hanam aýtdy. Özem juda jaýdar aýtdy. Maşgalalarymyzy Mara, Tejene ugradyp, özümiz gaça uruş edeliň, diýdi. Ýöne, näme üçindir siziň köpüňiz gala girmekligi ündeýäňiz. Şonuň üçinem, egerde köpçülik şo tarapa ýykgyn etse, men gala girerin. Menem gierin, ýigitlerimem girer. Çünki, Ruhy Batyryňky ýaly erkinlik mende ýok. Men tutuş, atly goşuna jogap berýän. Galaly meselä ýene bir aýdyňlyk girizmek isleýän, - diýip, Ruhy batyr täzeden söze goşuldy. – Taryha belet kişiler bilýändirler, sorasaňyz muny Hakyda molla hem tekrarkap biler, ýagny, henize bu güne çenli galasynda bukulyp ýagyny gaýtaran halk ýok. Gala girmek ejizligiň ejizligiňi boýnuňa almaklygyň alamaty. Sebäbi, galadakynyň güzerany azyk-suwlugy gutarýançadyr. Ajygan, suwsan güni çykar, «aman» sorap, iki elinem göteräge-de. Daşyndakynyň welin, azyk-suwlugam, ok-ýaragam geler durar yzyndan. Sebäbi onuň arkas-a açyk meýdan aňyrsynda bolsa dag ýaly döwlet dur. Şonuň üçinem, biz gala girmekligi hiç kime-de maslahat bermeýäris... –Ruhy batyr uludan demini aldy. – Men aýdyp boldum, adamlar. Hany, sen ýigit dur entek – diýende, Gurbanmyrat işanyň sesi gyryljak çykdy. – Maslahat karar etse-de girmezmiň gala? Girmen, işan aga. Sebäbi, ýaňky aýdyşym ýaly, ýurt gala girip goralmaýar. Ýaraga, serenjama daýanyp goralýa. Biziň galamyz Garagum. Şol gala ata-babalarymyzy gorandyr, bizem gorar... Gurbanmyrat işan henize çenli Ruhy batyry ýakyndan görmedik borly, «ziňk» edip, Kerimberdi işanyň ýüzüne bakdy. Kim-äý bi? Ruhy batyr. Ruhy batyr? Hä-ä Guşly batyr diýsene... Häý, galtaman diýsänim. ... 1858-nji ýylda bolup geçen Garrygala urşundan bir ýyl soň ýüz beren meşhur Nyýazdepe gyrgynçylygynda hossarlygyny ýitirip ýetim galan Ruhy batyra Gurbanmyrat işanyň «galtaman» diňmeginiň özüne ýetik sebäbi bar. Ýaşlygynda bolup geçen şol wakany ol ýyllar geçse-de unudyp bilenok. Ýatladygam, edil şu günki ýaly ýeke-ýeke gözüniň öňünden geçip dur... ...Şol günem ol hemişekisi ýaly dosty Durdy sakaw dagy bilen tä sütüni süýnýänçü kepderi oýnapdy. Agşam öýlerine gelip kakasydyr – ejesi bilen degişip, gülüşip çaý içipdi. Şol iki mähriban adamyň gürrüňlerine diň salybam uka gidipdi. Sag-aman ýatyp tursa, ol ertirem Durdy bilen kepderi oýnamalydy. ...Gijäniň bir mahallary gopan goh-galmagal, tüpeň sesleri gylyçlaryň «jarkyldysy» ýeke bir süýji ukuda ýatan Ruhyny däl, bütin obany örüzdi. Güýzüň çigrekli gijesidigine garamazdan, aýal-erkek, oglan-uşak, barysy aýak-ýalaň, baş açyk ylgap daş çykdy. Birbada nämäniň-nämedigini bilmezden iki ýana elewreşdiler. Çagalar çykylyklaşdylar, aýllar gykylyklaşdylar. Ruhy hem goltugyna bäbegini alyp daşaryk ylgan ejesi Nargüliň eteginden aslyşyp şol haýsy tarapa ylgasa kelte tirkelen ýaly ylgady ýördi. Nargüliň üç gün mundan öň Gökdepeden myhmançylyga gelen jigisi Gyzylgülem aýy-güni ýetik garnyny gujaklap agyr ädimler bilen olaryň yzyna düşdi. Tärimden asylgy duran tüpeňini kakyp alyp, özlerindenem öň bosagadan böküp çykan kakasy: Giriň! Giriň öýe! Çykman oturyň! – diýenden hemmesi bilelikde sürlenişip yzlaryna girdiler. Şol wagtam gara öýüň gapdalyndan ylgaşlap barýan biriniň: Adamlar! Ýagy çozdy! Gajar çozdy! Alaman basdy üstümizi! –diýen howsalaly sesi eşidildi. Nargül Ruhyny ýatdan çykaran ýaly elindäki çagany bir sallançaga saldy, bir çykardy, bir bagryna basyp gapa tarap ylgady, soň ýene-de yzyna döndi. Birdenem eli bilen tärimden aslyşyp, bir eli bilenem garnyny penjeläp duran jigisine gözi düşdi. Onuň eýýäm biynjalyk bolup ugranyny aňandanam, çagasyny sallançaga saldy-da: Waý, işim gaýtdy, nätsemkäm indi men... –diýip, oňa tarap topuldy. Şol wagtam adamsynyň «tark-turklaryň», «park-purklaryň» arasy bilen: Nargül! Gyzylgül! Gaçyň ikiňizem! Çagalaram alyň-da, Nyýazdepä tarap gaçyň! – diýen sesi gulagyna geldi. Ol Gyzylgüliň golundan tutup süýrekläp ugrady. Ýör jigim, gaýrat et! – Nargül ýüzugra sallançakdaky çagasyny garbap aldy. Goltugyna gysdy. Oňa çenli goh-galmagal hasam golaýlaşdy. Nargül Ruhynyňam öz yzynda elewräp ýörenini diňe şondan soň bilip galdy. – Ýör oglum, Nyýazdepä gideli!.. Entek öýden çykmankalar kimdir biri «ah»çekdi-de, gapynyň daş ýüzüni dyrmalap aşak çökdi. Onuň badyna gapy çalarak açyldy. Işigiň iç ýüzündäki eňsini şemal göterdi. Saçy ýaňyja syrylan kelle bosagadan içerik gülçüldäp gaýtdy. Kellä sähelçe ilişip duran göwre-de onuň yzy bilen gaýtdy. Ol tisginýärdi. Henizem sag elinde saklap ýatan gylyjyny ülňejek bolup biderek azara galýardy. Muny görüp Ruhynyň gözleri hanasyndan çykara geldi. Dili tutuldy. Allaniçiksi bolup ejesiniň ýüzüne seretdi. Gözünden welin ýekeje damjada çykmady. Waý, kakaň-la bi – diýip, çagasyny ýene-de «hasyr-husur» sallançaga salaga-da – özüni indi bütinleý hereketsiz galan jesediň üstüne zyňan ejesiniň çirkin sesi bolsa onuň galanja deramatynam aldy. Oňa çenlem meýdiň üstünden ätmerläp üç sany gajar öýüň içine döküldi. Olaryň biri adamsyny bagyrtlap ýatan Nargüliň ýeňsesinden penjeläp galdyrdy-da, sürrekläp dula geçirdi. Ýene biri henizem tärime ýapyşyp duran Gyzylgüle topuldy. Gelin tärime gysdyrylgy duran dokma keserini garbap aldy-da ullakan ala gözlerini boýnundaky gymmat bahaly şaý-seplerine dikip gelýän pişge murt, durşuna tüý bolup duran gajaryň damarlak boýnundan gyýaladybraga-da okardan aşaklygyna tarap syhap goýberdi. Diýseň naýynjar halda duran, näzik bedenli, ejizje naçardan beýle garşylyga garaşmadyk gajar, henizem gözlerini gelniň boýnundan aýrybilmän, ellerini uzadyp durşuna «hyrk-hyrk» etdi-de, sermagallakdan gaýtdy. Bu ýagdaý ikinji gajaryň huşuny başyndan göçürdi. Ol derhal gylyjyny syryp Gyzylgüliň üstüne topuldy. Nargül özi bilen hasanaklaşyp ýören gajaryň elinden sypdy-da, Gyzylgüliň öňüne howala boldy. Gollaryny gerdi. Waý, ezit, degme oňa! O gelin göwreli! Emma sowuk tygyň ujy eýýäm Gyzylgüliň gyzgyn garnyna giripdi. Gajar gylyjynyň ujyny hasam aňyrrak iterdi. Towlady. Zarp bilen yza çekdi. Gylyç bilen bilelikde aýy-gýni ýetik çaga-da birgiden gan gatyşykly suwuklyk bilen bilelikde patlap ýere gaçdy. Gyzylgül oňa seredip: Wah, çagajygym!.. – diýdi-de, özem şalkyldap şonuň üstüne ýykyldy. Nargül ylgap baryp ojagyň başynda duran mis kündügi eline aldy-da, ýaňky gajaryň depesinden inderdi. Ýöne, kündük nyşananyň golaýyndanam barmady. Gajaryň çignine gyltyzrak kakdy-da, hiç hili zeper ýetiribilmän, «taňkyldap» ýere düşdi. Gajar bärsine öwrülip gorkunç bir syrtaryldy-da, Nargüli nazarlap gylyjyny dik ýokary göterdi. Nargül şol ikiortada häliden bäri tärime gysmyljyrap, doňan ýaly bolup durAN Ruhynyň egninden tutaga-da, südenekledip gapynyň ýanyna eltmäge, eňsini serpip, ony işikden çykarmaga ýetişdi. Bar oglum, gaç! Näzdepä tarap gaç! Özüňem durman gaç. Yzyňa garaman gaç! – diýibem, äriniň heniz sowabam ýetişmedik jesediniň üstüne egildi. Onuň gapdalynda ýatan gylyjyny garbap alyp yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýalam üstüne abanyp gelýän gajaryň ýazzy maňlaýyndan saldy. Ullakan, burunlak, gap-gara ýüz darka ikä bölündi. Ýöne, arkadan hasanaklap gelen üçünji gajaryň gylyjy Nargüliň iki kebzesiniň arasyndan girdi-de, göwreden parran geçip, döşünden çykdy. Gylyç arkadan girenem bolsa, Nargül näme üçindir kellesinde erbet agyry duýdy. Edil, süýr depesinden biri daş bilen uran ýaly beýnisi gurşup barýar. Gitdigiçe-de agralýar. Öýüň içem agdar-düňder. Gana boýalan Gyzylgülem ýatan ýerinde «pyr-pyr» aýlanýar. Tärimem, uklaram, tüýnügem, hatda onuň aňyrsyndan görünýän ýyldyzlaram aýlanýar. Asyl jümle-jahan hereketde. Kem-kemdenem garalyp gidip barýar. Şonuň üçinem, ol gajaryň öz bedeninden «şowurdadyp» sogrup alan gylyjyny baryp sallançakda ýatan bäbejiginiň üstünden inderenini görmedi. Gylyç welin çagany sallançagy bilen bilelikde iki bölüp taşlady. Bäbek düýäniň üstünden oklanan iki bölek et ýaly «pat-pat» edip honda düşdi. Bu elhenç suraty Nargül görmese-de, söýerlerini taşlap Näzdepä gidibilmän öýüň daşynda köwejekläp, tärimleriň arasyndan jyklap duran Ruhy gördi. Ejesiniň bir ýerde, daýzasynyň bir ýerde, kakasynyň ýene bir ýerde gana bulaşyp ýatyşy, iki bölünen jigisiniň ýokarky bölegindäki akja eljagazlarynyň hamala özi bilen hoşlaşýan ýaly galgapjyk durşy onuň ýaş beýnisine ömürlik ýazyldy. Ejesi bilen daýzasyny öldüren iki gajaryň keşbem aňynda hemişelik surat bolup galdy. Ol diňe şondan soň, ejesiniň iň soňky buýrugyny berjaň etmek üçin Näzdepä tarap ylgady. Oba adamlarynyň eli ýarag tutany duşman bilen döwüşip ýör. Aýal-gyzlar, garry-gurtular, ýetginjekler bolsa azyk-suwluklaryny, gerek-ýarak öý goşlaryny Näzdepäniň üstüne daşaýar. Mergenler depäniň gap bilindäki atyşhana üçin gazylan garymlarda ýerleşipdirler. Soňabaka oba arasynda uruşýanlaram çekile-çekile depäniň düýbüne üýşdiler. Güýç deň däl, üstesine-de üstlerini gapyllykda basdyransoňlar Näzdepelileriň köpüsi gyryldy. Ýigitleriň gyltyzrak ýaralananlary depäniň üstüne çykyp howul-hara ýaralaryny daňdyrýardylar-da, gylyçlaryny bulaýlaşyp ýene-de aşak inýärler. Wepat bolanlaryň sanyny artmagy bilen, soňabaka garry-gurtularam, aýal-abtatlaram urşa girdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |