22:54 Araba | |
ARABA
Goşgular
Tigirlemmi saklap duran okum bar, Nowadyr arşymdan biraz görk aldym. Kämahal bedewe, Käte eşege - Tirkeldim men, parhyn bilmän tirkeldim. Ýüz sowmadym, ýygyrmadym seňrigmi, Näme buýrsaň, hyzmatyňy bitirdim. Gatatdym ýigitdir çuwal gyzlary, Çagalary enelerne ýetirdim. Aýlandym obanyň ýolsuz ýerinem, Goýmadym köprüsin, Atyz-pelini. Käte "keýpim galyp" äkelip berdim Jahyl ýigitlere maýa gelini. Garaz, men ýykmadym seniň sözüňi, Gurbum çatan zatlaň baryn getirdim. Tigirlene, Tigirlene ahyryn Eýäm, seni maşynlara ýetirdim. Arman şonda ýitirdim men gadyrmy, Kerm-kem maňa öwürdiň sen ýeňsäni. Maşyn görüp öz ömürlik hemraňy Harlamagyň, aýt, eýýäm geň dälmi? Gynanamok has ökdäni tapanňa, Hasam güýçlä duşarsyň sen ýöreseň. Ýöne eýýäm hasam beýik bolardyň, Aýazhan dek çarygyňa garasaň. Bilýän, geçip gitdi meniň zamanam, Öz günüň talabyn öde, hakla sen. Emma näletlemän meni - geçmişi Iň bolmanda, muzeýde bir sakla sen. Amannazar AŞYROW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1971 ý. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |