18:11 Ynsap / hekaýa | |
YNSAP
Hekaýalar
Hapby aganyňky bu saparam ugruna bolmady. Aýyň jemi jemlenende, onuň netijesi Eseniňkiden ýene-de esse ýarym dagy kem geldi duruberdi. Kem geldi, şonuň bilenem tankyt taýagy geldi. Bu ýagdaý bolsa ady telim ýyllap öwginiň gapdalyndan aýrylmadyk Hapby aga çaganyň emmeden aýrylmagyndan pes täsir etmedi. Eseni görmedik bolup gezdi, görse-de ýeňsesi bilen salamlaşdy. Asla ol öz ýanyndan Eseniň bu netijelerini baryp ýatan zyýankeşlik diýip tapdy. Onuň düşünişiçe, normany Esen ýaly turuwbaşdan artdyryp dolubermek geljekde öz aýagyňa özüň palta urmakdan başga zat däldi. Sebäbi önümçilikçileriň «Şu günki rekord – ertirki norma» diýişleri ýaly, häzirki iki-üç esse dolunýan planyň erte gös-göni norma bolup geläýmegi-de ahmaldy. Galyberse-de bu bol-telki netijeler bilen uzyn janawerleriň töweregiňde kändigini äşgär ediberseň, ýanyňa derrew ýene-de Esen ýaly birini goşup goýberibermeklerem mümkindi. Onsoň sähel salymda ol janawerleriň soňuna sogan ekip, aňňalak gapyp galaýmagyň hem daş däldir. Şonuň üçinem Hapby aga bir gün Esene şu zatlar barada assyrynlyk bilen duýduryşam etdi. – Aý, Hapby aga olaryň töweregiňde towlanjyraşyp ýörenini görüp, neneň tutjak däl-aý?! – diýip, Esen gaýta mönsürän kişi bolup, onuň özüne sorag berdi. – Men nä sen gelmänkäň gören däldir öýdýäňmi olary tutjak bolsam? Ýa-da indi, ýaş gaýdyşyp, tutup bilmän ýörendir öýdýäňmi? Arkaýynja bolgun, inijik, hemmesem elimizden gelýändir... – Onda tutubererler, Hapby aga. – Wah, sen-ä tüýs içimi ýakýan bolup çykdyň-ow. Men tutjak bolsam, görmän duramok diýip aýtdym ahyry. – Aý, Hapby aga o zatlaryň aladasyny edip ýörmegiň geregi ýok-la. Tutup bolsa köpräk tutubereliň. Özümize-de peýda, ile-de, lukmanlara-da. – Esen, oglan bolma. Sammyklygyň geregi ýok bu taýda... Bir gün ileri ýa-da gaýra tutanyň bilen gaçyp gidýän ýeri ýok ahyry ýylanlaryň. Biz gaýta çig maly aýawly ulanýan bolarys. Rejeli peýdalanarys, has zerur gün üçin tygşytlarys. Uly iliň öňe sürýänem şol syýasat ahyry. Düşün-ä senem şu zatlara! – Ýok, Hapby aga, farmasewtler heniz biziň çig malymyzdan doýanoklar. Gaýta barha gyssaýarlar, «Iberiň, çaltrak iberiň, köpräk iberiň» diýýärler... – Ýok, Esen düşünjek däl. Düşünse-de, Hapby aganyň toruna düşjek däl. Onuň ýanyna kimi ibermelidigini bilip iberipdirler. Ol, ýylgyran bolup ojagazyň ýekegepjedigini. Özüni indi aňrybaş dogruçyl, döwlet adamy saýan bolýar-ow. Saý bakaly saýsaň. Hapbam-a entek-entekler ýan beräýmez saňa!.. Ýaşuly sözüni düşündirip bilmänine erbet boldy. Ol kesik-kesik ýygyrtlar düşen maňlaýyny az salym gysymlap oturdy-da: – Onda näme... – diýip, pikirini kesgin orta atdy. – Akylyň aňry başyna çykaýypsyň-da sen. Gaty gowy. Bar, alan galaň özüňki. Ýöne ýylanly ýerini bölüşmeli bolarys... – Bölüşmeli?! O nä bölüşmeli? Hapby aga, beýtsek... – Şeýle-dä. Sen bir ýerden tutarsyň, menem bir ýerden. Men saňa beýdip, öz nan iýýän jandarlarymy gözümiň alnynda parçaladyp bilmerin. «Ýaman sözüň jaýdar jogaby dymmak» diýip, Esen dymdy. Muny gowşamaklyk hasap eden Hapby aga bolsa anyk teklibe geçdi: – Ana hol ommuk gaýany görýärmiň? Esen tötänden elinden gaçyran zadyny almak üçin aşak eglen adama çalym edip duran dag gaýasyna nazar aýlap goýberdi-de, basyk seslendi: – Görýän... – Görýän bolsaň, ana, araçäk şol. Isle, günbatary al, isle gündogary. Asyl sen, ine, şeýläni alaý. Şol gürrüňleriň dek ertesi alabaharyň ir säheri bilen aw agtaryp olaryň hersi öz örüsine baka barýardy. Dyzmaç, müň bir oýunly alabahar ýylan awlamak üçin amatly möwsümleriň biridi. Arly gyş gara ýeriň astynda ýatyp-ýatyp ýadan günüň ýylt-ýyltyna daş çykyp, süýnüşip-sarkyşyp gezim edip ugraýarlar. Ýyla meýmireşip, endamlaryny ýazýarlar, bolmajysyny bolýarlar. Şonuň üçinem bu gün dag eteginden boş dolanmajagyny Hapby aga-da bilse bildi welin, Esenem seýliniň bişow bolmajakdygyny aňdy. Aňyşy ýalam boldy. Onuň iki-üç baýyr aşyp, dag eteginiň güneş ýapgydyna ser salanam şoldy welin, äpet bir ýylanyň göwünli-göwünsiz süýşüp ugranyny gördi. Göze ýakymsyz, emma özboluşly rehimdar bu janaweri ömründe görmedikler ýaly ýüzüni ak-tam edip doňup galmak ýa-da zähresi ýarylan ýaly bolup arkan zyňmak ýylançylaryň endigi däldi. Esen assa basyp, ýylanyň arka tarapyndan öwrüm etdi-de, oňa golaýlady. Bukuldy. Emma duýgur janawer töwereginde öz kastyna çykan bir ynsanyň bardygyny barybir syzdy. Ýöne «ýa, medet!» diýip, ökje götermek ýylanyň bu uly göwresine, onuň häsiýetine gelişjek zat däldi. Şonuň üçinem ol başyny göwresiniň iki-üç tutam ýeri bilen bilelikde dim-dik etdi-de, Esen taýa äwmän äňetdi. «Bukulma-da, barybir görýän» diýýän ýaly doňup durşuna alkymyny şapbat kimin ýasylady. – Hmm... Kepjebaşdyryn diýsene... Görenimdenem-ä aňypdymla şonuň ýaly bir zatdygyňy... – diýip, Esen ýylan bilen ikiçägem bolsa, awa keýpi göterilip, sesli pyşyrdady. Ýylan bilen birek-birige synagly garaýşyň uzaga çekjegini bilibem ýerinden turup, kepjebaşa seresap, çakgan ädim urdy. Şunça mahal çydam berip ýatyp, şu gün äwip-säwip ýagta çykandada, iki aýakly mahluk bilen güýç synanyşmaly boljakdygyna ýylan janawer hem gynandy, hem gaharlandy. Seýle çykmaga yran, soňam taşlap giden kowumdaşyna käýindi, nälet okady. Teýahyr ýalpagrak galamçemçä çalym edýän kellesini iki ýana yrap, nalaç tutluşyga taýynlandy. Amat gözledi... Emma onuň bu aýgydy uzak bolmady. Näçe daýawdyryn öýtse-de, güýjüniň özüne golaý gelen iki aýaklynyňkydan ejiz geljekdigini syzgyrlygy bilen syzan bolsa gerek, ol birden egrem-bugram bolup suwuldy-da, güneşli baýra dyrmaşyp ugrady, şol taýyp barşyna uly hinleriň birine baryp, mesgäň içine sümen ýaly bolup sümüp gitdi... Esen hiniň içine eglip-eglip näçe seretse-de, garaňkydan başga zat görmedi. Soň ol ýüzünde keşbiň görnüp duran ýalpyldawuk kepjesini aldy-da, onda günüň, şöhlesini tutup hiniň içine gönükdirdi. Içi ýagtylan ýaly boldy. Kepjebaşyň inçeden uzyn guýrugyny gorky hem howsala bilen gymyldadýandygy goründi. Eseniň ýörite kagyzjyklar bilen hiniň agzyna guş ganatlarynyň sesine meňzedip çalan pyryrdylary-da, beýleki emelleride netije bermedi. Ýylan janawer aldanmady – hini köwüp almaly boldy. Daşly baýyrda hin köwmek Eseni mazaly ýadadanam bolsa, ol oljasyna guwanyp, argynlygy unutdy. Kepjebaş inini-boýuny kemsiz alan kepjebaşdy. Ol Eseniň boýy bilen deňleşeýin-deňleşeýin diýip, ýere ýetip durdy. Ol kepjebaşa güýmenip durşuna, birden ýeňse tarapdan eşidilen sese tisginip gitdi: – Hmmm... Hakyňa jür bolupjyk gezmek kyndyr görseň. Ahyram şojagaz göz dikip ýörenjämem apardym diýsene. – Hapby aga, niçik görýäň, öňki tutanlarymyzyň iki-üçüsiçe dagy bar gerek? – diýip, kärdeşiniň sözlerini doly eşitmedik Esen sadalyk bilen degişdi. – Zäheri dagam ýarty bulgur dagy çyksa gerek. – Kepjäň näçe ýylançadygyny, zäheriniň näçedigin-ä bilemok, ýöne onuň meniňkidigini, geçen tomusdan bäri aýap ýörenjämdigin-ä bilýän. Oslagsyz eýeçilige Eseniň ýüzi boz-ýaz boldy. Oňaýsyz ýagdaýa düşüp aljyrajak ýaly etdi-de, birdenem kepjebaşy sen-men ýok Hapby aga uzatdy: – Me, alaý onda... – Maňa uzatma ony, nireden tutan. bolsaň, şo taýyk goýber ony. – Tutan ýerim şu taýy-da ony, ine, şu hin. – Hmm... edil araçäk. Äý, hawa-da, çägiňi-beýlekiňi näbilsin janawer geçipdir-dä... Hemişe-de gabat gelemde degmeýänimi bilip, oýun eden bolar ýörerdi... Esen dört-bäş ädim gapdala ätdi-de, kepjebaşyň ýüzüni Hapby aganyň örüsine tarap etdi-de, emaý bilen «ýüzdürip» goýberdi. Kepjebaş göwresi ýere degensoň, bu gün ele düşenine namys edýän ýaly eýläk-beýläk buruljyran bolsa-da, erkinlige imrinip, süýnüp derrew gözden ýitdi. Kepjebaş bilen birlikde Eseniň ähli keýpi-höwesi hem alla-owarralara ýitip gidene döndi. Ol az wagt eýläk-beýläk göwünsiz aýlandy-da, bu günki şowsuz gününe nokat goýup, öýüne dolanmagy ýüregine düwdi. Birdenem ýene-de özi duýmazdan kepjebaş köwüp alan hininiň üstünden geldi-de, näme üçindir esli salymlap oýa gidip eglendi... Hapby aga Esen kepjebaşy goýberen badyna yza dolanypdy. Esli mahal aýlanansoň, ojagaz kepjebaşy haltasyna atypdy. Emma soň näçe köw ursa-da gözüne ilen zat bolmady. Ahyrda-da aýagyndan irip, bu günki awyny ýokdan gowy hasap etdi-de, gaýtmakçy boldy. Onuň aw haltasyny egnine alanam şoldy welin, birdenem ileri ýanyndan äpet daşyň aňyrsyna bir kepjebaşyň süýnüp geçenini görüp, doňup galdy. Ýüregi Jigledi, ýüzüne ýalyn çabran ýaly boldy. Be, indi Hapbynyň gözem könelişip ýörmükä? Indi onuň öz hususy gözlerem özüne hyýanat etjek bolýamyka? Bi süýşüp ýörenem bir kepje ýaly-la... Hapby aga boýnuny daşyň üstüaşyry uzadyp, kepjebaşy mazaly synlady. Ol hakykatdanam Eseniň ýap-ýaňyja goýberen kepjebaşydy. Guýrugynda atanlykda pil çintgän ýeri-de, holha, ýagjaryp bildirip durdy. Ýylançy aw haltasyna atan hälki kepjebaşynyň Eseniň tutup goýbereni däldigine bir begendi, bir gynandy. Kellesinde dürli pikirlere at çapdyrtdy. Nätjegini bilmän, az salymlap sazanaklap durdy. Hol alysda aňyrsyny bakyp, pikire batyp duran Esene garşy-garşy ýaltyldap äňetdi. Birdenem aw haltasyny emaý bilen ýerde goýdy-da, ýaradar kepjebaşyň üstüne dähedem-dessem ýöriş etdi. Ýylan janawerem bendilikden öňem ýaňy boşanyndanmy ýa-da Eseniň piliniň tötänden degen ýeriniň şindizem yzasy barlygyndanmy, atan-satan yşaratyň özüne tarap ýönelenini göreninden aýgyt bilen başyny galdyrdy. Başardygyndan haýbat urdy. Bu gününe ikinji öwra nälet okady. Iki aýakly mahlukdan şu sapar sypyp bilse, hinine tarap zut gitmekligi ýüregine düwdi. Ýöne pete-pet gelen bu ajal duzagyndan sypmakda iş bardy. Töweregine ýygy-ýygydan ýaltyldaýan yşaratyň gelşi juda aýgytlydy. Bir eli ýalpyldawuk pilli, beýlekisi haçjaly, eýýäm özüniň amatyna gözleýärdi... Kepjebaş soňky müddetiň başyna gutulgysyz inendigini aňdy. Iki aýakly yşaratyň haçjasy gerdeninden ymykly inenem bolsa, «çykmadyk janda umyt bar» edip, ähli güýjüni ýygnap urundy. Umydy elden bermän, garşylyk görkezdi, yşaratyň ahmalyna garady. Birdenem diýeni boldy. Yşarat näme üçindir säginip, ýeňsesine biwagt ýaltyldady welin, kepjebaşam şol pursatdan peýdalanyp, onuň goşaryndan dişini ötürdi... «Öwühh!» edip ör dikelen yşarat bilen boýdaş boldy. Sesýetim uzaklykda bolsa Esen bu zatlardan bihabar henizem pikire çümüp durdy. Birdenem ol: – Esen ýetiş! Esen jan, ýetiş! – diýen janagyryly sesi eşidip, depe saçy üýşdi. Ses gelen tarapa ýalta äňedende bolsa daşa ýaplanyp burlup duran Hapby agany gördi. Esen ör-gökden gelip eňdi. Ýaşuly ýylançynyň gana boýalan çep goly gara ört bolup şalkyldaýardy, aýagynyň aşagynda bolsa çapym-çapym edilen äpet kepjebaş daşly topragy gana boýap ýatyrdy. Esen nähak gurban bolan kepjebaşamy, nähak etmişli Hapby agamy – haýsyna duýgudaşlyk etjegini bilmän, bir ýylana, bir kärdeşine seredip, alaçsyz sägindi. Hapby aga çyglyp gyssandy: – Sançsana! Sanj-a bar bolsa!.. Meňki öýde galypdyr... Esen ýanyndaky däri-dermanlar bilen ýagşy em edensoň, Hapby agany ýanbaşynda gop berip, şähere baka alyp ugrady. Hapby aga ýüzüni näçe egşetse-de, ýüregine elinden başga-da bir zadyň ymykly azar berýändigi, Esene mese-mälim bildirýärdi. Emma ýaşuly ýylançy «ýumruk ýaly oglanyň» ýanynda ol ezýeti neneň edip daşyna çykarsyn? Ol ejizlik bolmazmy? Men boýun diýmegi aňlatmazmy? «Ýumruk ýalyjak oglanjyk» soň başa çykmazmy? Her niçigem bolsa, ol bäş-on ädim ädenlerinden soň «ýaryldy»: – Esen... o... haltadakynam äkideli-le... Kyn görmeseň... Esen ýylanhalta elini ýetireninden içindäkiniň kepjebaşdan ejiz jandar däldigine magat göz ýetirdi: – Baý-bo-ow!.. Hapby aga, bu gün iki kepjä dagy duşupsyňyz-ow?! Hälkinem tutan bolsaňyz, üç dagy boljak eken. Tüweleme, awyňyz ganly bu gün siziň! Esen bu sözleri göwni hiç bir çirksiz aýtsa-da, ol näme üçindir Hapby aganyň ozaldanam lowlap duran ýüzüni hasam gyzartdy. Ol ap-ak hasadan henizem zäher garyşykly gan syzyp duran goşaryna gözüni aýlady-da, ýuwdunyp-ýuwdunyp gepledi: – Haltadaky meň häki aýap ýörenim diýýänim şo... Seň häki tutup goýbereniň meň diýýänim däl bolup çykdy. Janawer nähak ölmeli boldy, kysmaty şol eken oň... Ony tutagedin saňa özüm elinje eltip beräýjekdim welin, näme bolmady-da, haýwan-da. Gaýta nähak elimden çakyp... Esen gürrüňi başga tarapa sowmagyň ebeteýini agtardy... Amannazar AŞYROW. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |