14:31 Çoça / hekaýa | |
ÇOÇA
Hekaýalar
- Hoh, juk, juk!.. Geçir ahyry eýäňi... Heý, heýwan, çoça janawer-ä!.. Hoh, juk, juk, juk!.. Ullakan sary güpbüsini düşenip, süýnüp ýatan Illi ussa ýatak tarapdan eşidilen ýognas sese tisginip gitdi. Ses gelen tarapa gaňrylanda, goňşusy Döwli ussanyň düýe ýatagyň üstünden geçýän ýodada garry göherde çörňeşip duranyny gördi. Döwli ussa onýança-da düýesiniň boýnunyň aşagyndan sümlüp geçdi-de, bärik ýöneldi: - Goňşy, manlykmy, man-saglykmy! Illi ussanyň häzir gürrüň dherkaryna däldi. Salam-helik bilenem seri ýokdy. Dogrusy, oňa azar bermeseň ýagşy, öz bagyr awusy özüne ýetikdi. Oňa bolan-geçenleri paýhas eleginden birin-birin geçirip, içini hümledip, ymyzganyp ýatsa kem däldi. Emma nätsin, Illi ussa bu ýeriň täze göçüp gelen, salama geldi... Ol wagty bilen turaýmadam, gürrüňini iňňän uzakdan tutdy. Emma soňabaka gephaltasyny kem-kem daraldaý-daraldaý, ahyrda maksadyny äşgär etdi: - Illi sakgaldaş, herki zat owalabedinde bilşilip, ýatlaşylyp goýulsa ýagşy. Görşüň ýaly, Sytdyh neressäniň... Ömri gysga eken neressäň, imany hemra bolsun!.. Sytdyh neressäň maşgalasy bilen dul degşirişip otyrys. Aňry süýşewer diýşemzok. Özüňe mälim, men bolsam şu obaň özüň ýaly pil ussasy. Şu kesbimden nan iýýän, abraý alýan. Ynha, indi senem göçüp geldiň weli... - Goňşy, düşündim, diýjek bolýanyňa düşündim... Sen men tarapdan arkaýyn bol. Men indi pil ýasaýyn diýsemem başarjak däl. Gözümde nur, golumda yragwat galmandyr. Galaýanda-da, beýle çoça häsiýetli bolmak, meniň oňarjak zadym däl. Şükür, ile-de oňardygymyzdan hyzmat etdik, besdir... Sen, sakgaldaş, sandalyňy arkaýyn ýenç. Illiden kişä garaw gelmez. - Garaw gelmezem diýme, sakgaldaş. Men garaw göremsoň duýdurýan. Men garawy onda-da sen göçüp gelmäkäň gördüm. Birküç ýyllykda Sytdyh neresse ol, gaýraky Mämme Merede seň bir piliňi peşgeş edipdir. Galyň bozgaklar, “Pil diýeniň şoňky ýaly bolaýsa, Sytdyhyň gaýynyny oba göçürip äkeläýmeli” diýen bolup, şonam hil bir gürrüň edip gezdiler. Näme, Döwliň pili gutaryp edilýändir öýdýämiň şo gürrüňler? Ýok, sakgaldaş, pil mende näçe diýseň ba. Ýöne, oba ynjyk, nirä öwüsjegini bilenok. Büž adamlary bar içinde. Uruş öňküje boluşlarynam ýitirtdi olaň... Ýogsam, uruş turmaka-da üsti uly bazar bolan Döwli ussaň piline döw çalanmyşmy indi?! Illi ussa bu oba göçüp gelmeli däldi. Onuňam öz obasy, maşgalasy, öýi, goňşusy bardy. Emma nätjek, barjasyndan aýyrdy. Onuň aýalynyň kyrkyny sowanyna-da köp wagt geçmänkä, gyzy Näzigiň ýanýoldaşy Sytdyhyň frontdan ýogaldy habary geldi. Telim çagany eli bilen gara ýere duwlap, ýekeje gyzyna göz dikip galansoň, oňa dünýe barynda ýalňyzym diýip guwanan gyzynyňam bir ganatynyň bimahal gyrylmagy garry ussany ymykly entetdi. Ol, hol, bir çeträge çekilip, sary güpbüsini aşagyna ýazynyp düwdek bolup ýatdy. Sytdyhyň aşyny-suwuny goňşy-golamlar sowdy. Sytdyhyň kyrky geçdi diýlende, goja öýüne gaýtmak barada dil ýardy. Emma rugsat diläp-dilemänkä, bagry awuly Näzik zeýrenjini aga ýugrup, ony geplänine puşeýman etdirdi: - He-eý, kaka, kaka... Diýseň diýen bol welin, seň giderligiň, meň git diýerligim galan däldir-le!.. O günler indi baky ötdi bizden. Guwanç jan üçimiz indi biri-birimizi goraglap ötmeli bolandyrys-la ýalançydan... - Gyzym “Jany ýanan taňrysyna gargar” etme ahyry. Görjegiňiz öňde entek siziň. Menem göterenini-goýanyny bilmän oturan üflit däl. Mert bolarlar. Bi bela uly iliň başyna geldi. Goja borjuna görä göwünlik beren bolsa-da, gyzynyň ýagdaýyna düşünmän duranokdy. Näzik Sytdyh bilen niçik süýji ýaşaşýardy! Atasy öýüne gezmäge baranda-da, garrylaryň özi gelse-de, Näzik onuň adyny dilinden düşürmezdi. Emma ömür diýlen zat şeýle gysga bolaýmalymy? Ýigitdir gyz bary-ýogy bäş-alty ýyl ömür sürmek üçin durmuş gurýarmyEger şeýle bolmasa, näme üçin Sytdyh Näzik ýaly üýtgeşik maşgalany, Guwanç ýaly göz görejini, hezil dünýäni bimahal taşlap gitdi?.. Nägehan urşuň hut öz kalbynda diýen ýaly gidip duranyny aňsa-da, goja Illi bu sowallara göwnejaý jogap tapmaýardy. Düýn, goş-golamyny eşegaraba ýükläp, agtygy Guwanç bilen göçüp gelýärkä-de, bu günem sowallaryna näçe jogap agtarýardy. Emma, jogap ýok. Aslynda, bu sowallary çözmek, her akylyň işi-de däl bolara çemeli... Eşegaraba gapylaryna gelip, säginip-säginmänkä, Guwanç goşlaryň bir gyrasyna gysdyrylan iki sany ululy-kiçili pili eline aldy. - Köşegim, alaý indi pilleňňi! – diýip, Illi ussa goşy düşürmegini bes edip, agtygynyň ýanyna gelip çökdi: - Iň soňky ýasanjalam şular. Eline çekiç alyp pil ýasanyny görmersiň babaň. Näden, başardanok. Baryp, mamaň pahyr barka saňa ýörite niýetläp ýasapdym bi ikisinem. Kiçisi bilen-ä ösersiň, boý alarsyň, deýhançylygy öwrenersiň. Deýhançylygam öwrenmelidir, oglum her kişiň oňarjak işi däldir ol... Ynha, bi ulusy bilen bolsa, at-abraý alarsyň. Babadýhana mynasyp bolarsyň... näme, düşünmediňmi Babadaýhan diýenime? Düşünmeseň, ir mahallar Daýhan baba diýip biri ýaşapdyr. Ömürboýy bir eli pilli, beýlekisi kätmenli ötenmiş o bende. Daýhan baba toprak bilen söhbet edip, ekinleriň diline düşünenmiş. Gurbany boldugym toprak, hasyly onuň yhlasyndan utabynam eçilmek eçilermişin. Biziň şü görüp ýören ekin-dikinlerimizem eldeki eden, şu kadda ýetiren köşegim, Daýhan babamyş. Şindikileň at berşi ýaly, Babadaýhanmyş... Şol günüň ertesi irden Illi ussalaryň bosagasynda Döwli ussanyň çepiksije gyzy käkilik peýda boldy: - Guwanç jan, hany ejeň! Işe gidýämi, bu gün? - Ejemmi?.. Daşarda bolaýmasa... – diýip, ukudan ýaňy oýanan Guwanç ýorgandan sogrulyp, ylgap daşaryk çykdy. Ýöne ejesini görmedi. Birdenem gulagyna samankepbeden şygyrdy eşidilen ýaly boldy. Ol Käkiligiň öňüne düşüp, kepbä girende bolsa, ejesiniň eline ýalpyldawuk pili alyp, bir zatlara güýmenip duranyny çala saýgardy. - Gelneje, gurgunmysyň. Gelneje, işe gidýänsiň-ä bü gün? Öňňunky gaçyda işlemelimikä bu günem? Näzik Käkiligiň guşuň sesi ýaly inçejik sesini mese-mälim eşitdi. Emma jogap gaýtarmady. Ol alagaraňkyda hasam lowurdaýan pili köne mata dolady-da, kepbäniň ýokarsyndaky çüýe gysdyrdy. Birdenem burnuny taýly egzek çekdi-de, hamsygyp ugrady: - Ine, käkilik jan, düýn-öňňun-a ýer gorsap, bu günem eýesiz galan pil şü... Irmän sargap ýörenoň, kakama ýörite ýasadypdym şuny. Ýogsam, seň kakaňam, täzeje pili bardy-la öýde. Neresse şu pildfe aranyny bilmän işlärdi. Aýyn bolmasa-da, “Men işlämok, kakaň piliniň özi işleýä. Oö ýere sümşem, eliňe ýakymam üp-üýtgeşik” diýen bordy. “Häzir pil bilen aýallardan beter zerurlyk ýok Watan üçin. Biri baýlyk, birem batyr ogullar öndürip berýär” diýip degşerdi neresse. Ana, indem... heý, bolýa-da ýöne!... Guwanç jan, bar, meň perejim bilen guşagymy daşaryk çykar. Babaňa-da “Ejem işe gitdi” diý. Näzik Käkiligiň öňüne düşüp daş çykanda, kakasynyň Käkiligiň tamyň burçuna söýäp goýan pilini elinde saldarlap, synlap duranyny gördi. - Gyzym, sen şü pilde işleýämiň?! Tüweleme! – diýip, goja pilini almak üçin ýanyna gelen Käkilige ýüzlendi. Emma käkilik makullaýjy gülümsirese-de, sesini çykarmady. - Köşegim, men ony piliňi çemäňe görä gödeňsi görüp diýäýýän. Türkmen piliniň gumhanasy tegeleniberse, bolmadym diýdigidir. Depüwe-de bolmaz, uzak işlemäge-de. Bükäýer... Sen bir özüňe agram salmanrak işleýän bolsaňam biri, gyzym. Näzik bilen Käkilik gapdallaşyp, esli ýerik barýançalar garry ussa gözüni gyzynyň daýanykly, Käkiligiň onuň kölegesi ýaly çepiksije göwresinden aýryp bilmedi. Ol şeýdip durşuna, Mämme Merediň gelip, salam bereninem duýmady. Ussa bilen görşüp-görüşmänkä, daşarda bir almanyň ululy-kiçili bölegini ýada salşyp ýatan, bir uly, bir kiçi täzeje pili Mämme gördi. Birde gadymy gazma dutary, birde-de oýtumy süýnmegräk kaşaň galamçemçäni ýatladyp duran pilleri onuň salamdan öňürti garbap alasy, synlasy, ýer depip göresi geldi. Emma saklandy. Salam-helik soraşdy. Fronty, Gyzyl Goşunyň ýeňiş üstüne ýeňşini, oba içiniň ýagdaýlaryny birme-bir agzaşdyryp, pilli gürrüňe iň soňunda dolandy: - Ussa aga, Sytdyh neresse maňa-da bir piliňi peşgeş edipdi seň. Baý, şonyň-a iki-üç ýyllap hezilem berdi welin, indi nä, halys eňek ýaly bolup galdy-da. Ussa aga, maňa ýene-de bir şoň ýalyrak pil edip beräýseň-ä, onsoň-a... Mämme häliden bäri gözi bilen synlap oturan piline elini ýetirdi. “Paý, paý, paý!” diýip, ony çep eliniň aýasynyň üstünde bäbek bökdüren ýaly saklatdy. Goja bolsa Sytdyh neressäniň jana-jan dostunyň haýyşyna näme jogap berjegini bilmedi. Aýyn bolmasa ardynjyrady. Mämmäniň ýüzüne seretmejek boldy, seretmejek boldugyça-da, gözi zol-zol onuň gözüne kaklyşyp, gözüni hiç tarapa soäwup bilmän ejir çekdi... - Köşegim, ussaçylyk gutuldy indi bizden – diýip, ol birhaýukdan soň özüni zordan ele aldy. – başardanak indi. Çekiç götersem, elimden gaçyrýan, demir ýençjek bolsam, barmagyma gan öýdürýän... Ýetmişiň onuna gireňsoň, ne gözüň bolar eken bi zatlara, ne-de gurbuň. Ine, şu iki piljagazamGuwanç jana menden bolsun diýip, telim günde zordan kemala getirdim... Mämme, köşek. Döwli ussada taýýar pil kän ýaly-la, alaýsaň bolmadymy?.. Illi ussa dogry aýdýar. Döwli ussada taýýar pil kän. Olara näme bolanmyş eýsem? Dek öňňil, öňküsi ýylam olaryň arzysy ýeterlikdi ahyry! Ulurak, gödeňsiräk görülse-de, her niçik obanyň men diýen daýhan ogullary ol pilden alardylar. Emma uruş turdy, bilegi ýogyn ýigitler obada sabady-da, döw çalan ýaly boldy o pillere. Setanda-seýranda birdir-ikidir hyrydar geläýmese, Döwli ussanyň agzy hamyrçanak ýaly tegelenişip duran pilleri ussahanasynda üýşüp galdy. Mämme uludan bir demini aldy-da, pilleri ýerinde goýdy. Düýe ýatak tarapa gözüniň gyýtagyny aýlap göýberdi-de, gönüsinden geldi: - Wah, Döwliň pili diýmesene, ussa aga. Adyny ýitirsene şoň!.. özüm işlejek bolsam, Döwliň pili däl, döwüň pili bolsa-da, men gural dannajak däl welin, aňry galsam, iki-üç günden fronta ugramaly, yzymda çagalar işlemeli boljak, men şolaryň gaýgysyny edýän. Maýdalara nan bermäge, biziňkileň hiç birem-ä daýaw zat däl welin, Söýünli jan galjak. Olam çymçygy gör-de – şony gör... Döwliň läheň bedähedi bolsa, şu wagt bir garny dok çagalary, dogrusy, maýraýjak. Oglum düýnem “Kaka, bilim” diýip, uzak gün dulda süýnüp ýatdy. Oň öz gyzam-a bir-iki günlükde Ýanbaşyň gaçysynda tas bilini omurdan ekeni... - Hä-ää, şeý diýsene!.. – diýip, garry ussa garşydaşynyň sözüni ýüreginden makullanyny duýman galdy. – Mämme, inim, onyňa ynanýanam, goşulýanam. Guwanç jan, köşegim, eşitdiňmi Mämme kakaň diýýänini? Urşa gidýän diýýä. Bereli şulara uly piliňi. Pronta, seň kakaň janyny goýan ýerine gidýän diýýä. Kakaň ganyny ýerine salmaga gidýän diýýä. Şuň ýaly wagtda haýyş bitirmesek bolmaz ahyry. Bereli şu pili, men saňa ýene bir pili her edip-hesip edibem ýasap bererin. Mämme kakaň pronta goý, ünjüsiz gitsin!.. Mämmäniň haýyşyny bitirenine goja öz ýanyndan agşama çebli hoş bolup gezdi. Näzik agşam işden gelip, ol pili Guwançdan käkilik üçin dilände bolsa, lohhuldap gülüp goýberdi. - Päheý, gyzym, dünýeden habaryň ýog-ow seň!.. O pilde hijiňiziňem nesibäňiz ýok eken. Men ony Mämme Merediň ogly üçin ýasapdyryn... - Kaka, iki-üç gün bäri Ýanbaşyň gaçysyny galdyrýas weli, Käkilik görgüli her gün ölüp-dirilýä. Ogrynça pilini çalyşdyryp äkidiberjekdim-dä... Üstesine-de gözi çykmyş, şeýle bir namysjaňja welin, heý ýöne goýaý. Şo göwresine kakasynyň hamyrçanak ýaly pilini öl gumdan dolduryp. Gaçyň dik depesine zyňýa. Ine, ýaňy gaýtmazymyzyň öň ýanam “Waý, bilim!..” diýip, tas ýüregimizi ýarypdy. Hernä... - Päheý, şü Döwli diýlen adam eýsem... Çoçarakdyr öýtdüm-le ilki göremde-de. Suw ýaly çagany beýdip... Häýk, ojagaz görgüli... Gyzym, oň bilen jigiň ýaly tirkeşip ýörsüň ahyry sen. Bolmasa, Sytdyhyň pilini beräýerler gaçydan geçýänçäňiz? Näzik kakasynyň ýüzüne ýalt edip seredip goýberdi. Gözleri uçganaklady. Ýüzi üýtgäp, bada-bat bir zatlar suňşurmakçy boldy. Emma şo bada-da saklandy. Birdenem: - Sytdyhyň pil-ä eger-eger...! Özüňden başga her kim gelse-de berilmez! Ondan ýaňa-ha... – diýdi-de, çalt-çalt ädimläp çykyp gitdi. Ol pili Näzik başga kişä nädip berip bilsin? Sytdyh neresse ony özge birine ynanar ýaly, berer ýaly etdimi! Näzigiň atasy öýünden sowgat getiren pilini görüp, ol: “Näzim, kakaň gutaram ýasap bilýämidi?” diýip sorady. “Ýok, dutar-a ýasabam bilenok, çalybam. Ony nämeden soradyň?” diýip, Näzik geňirgendi. “Aý, hiç-le, ýöne ähli pili, birhili, dutara çalym edip duransoň soraýdym. Şuň-a kiriş dakagedin kaksaň, owazam çykararmyka diýýän...” ...Käkiligiň inçejik sesi Illi ussalaryň gapysynda ertesi irdenem ýaňlandy: - Baba. Näzik gelnejem öýdemi-i? Işe gidýämikä bü gün? Emma Näzik häzir öýde ýokdy. Ol daň bilen ogluny ýanyna alyp, dogduk obasyna pata görnüp gelmek üçin gidipdi. Ýöne, Illi ussa Käkilige Näzigiň aýdanyny ýetirdi: - Bu günem şol, peläket gaçyda işlemelimisiňiz? Al, şu günlükçe sen Näzigimiň pilini al-da ötäýt. Al. Özi şeý diýdi. Bi pil her zeýilli... Manysyz ejire meýletin gidesi gelýän barmy näme? Has beterem gyz maşgala ýaly paýhasly, akyly dury halkda! Käkilik görgülijik düýe ýatak tarapa ýalt-ýult äňetdi-de, pilini utanjaňlyk bilen çalşyp, işine ýöneldi. Emma taýak atym ýere saýlanmaga-da ýet-şmedi: - Güm et eliňdäkini!.. Güm et diýýän eliňdäkini! Häh, boýnuň oňrulsyn seniň, boýny oňrulmyş!.. Wah, seň ejeňe çeken damaryňy çapsaň-da düýbünden şo pil bilen!.. Häh, çöpe jan bitdi gyrnak diýsänim!.. – diýip, kakasynyň düýe agylyň gapdalyndan eşidilen ýogyn, zarply sesi ony duran ýerinde kökerdi. Nätjegini bilmän, töwereginden delalat isläp sazanaklady. Birdenem: - Waý-h, işim gaýtdy!!. – diýip, pessaýdan gorkunç gygyrdy-da, hyrra yzyna öwrülip, gelen ugry bilen gybyrdyklady. Döwli ussanyň bolmajysy bolupdyr. Onuň repide ýaly tegelek ýüzi bagyr ýaly gyzaryp, hyýrsyzlanypdyr. Kä ýeri-kä ýeri çogmak-çogmak gara tüýli, ösgün çal sakgaly tüweleýe duçar bolan arpagan ýaly başly-barat ykjaýardy. Ol saňňyldap, göwresini saklap bilmeýärdi. - “Goňşy”, “sakgaldaş”, “garradym” diýen bolup, syrtyma güljegiňi bilýädim ahyry seň!.. Dagy adam tapman, indib garşyma öz dulumdaky maşgalamy küşgürip ugradyňmy!.. Ejesi başlyklaýyn olaň meň bilen ugur däldigini nä bildiň!.. Kim diýmeli indi saňa? Çstüne gelip, bigünä birini nanyndan kesýäne kim diýýä türkmenler? - Sakgaldaş, düşünişeli, beýle däl ahyry... - “Beýle däl”... Hä, beýle däl... Mämme Merede assyrynlyk bilen düýn-öňňun pil satmaňam beýle däl, öz bagrymdan önen çagama bar yhlasymy siňdirip ýasanja guralymy taşladyp, özüňkini hödürlemegiňem beýle däl. Şeýlemi, sen asyl... - Goňşy, men ony... - Seň “men” diýen sözüň tüf ýüzüne!.. Üstesine, seň bilen goňşy bolanyňam, gatnaşanyňam!.. Illi ussany şagga der basdy. Gözleri garaňkyrap, dünýä daşyna pyrlanyberen ýaly duýuldy. Ol birhaýukdan soň özüni dürsäp, goňşularyna tarap gaňrylanda, güýürdedip ýandak çeýnäp duran çoçadan başga hiç kimi görmedi... Gün öýlä sandy. Goja ussa welin oturan ýerinde kellesini gujagyna alyp otyrdy. Ol gyzydyr agtygynyň sesine zordan özüne geldi. Näzik häzir kakasynyň ýüzüne siňe sereden bolsady, ondan köp hesreti, pajygany, nadyllygy okap bilerdi. Emma seretdmedi. Saýgaranja ünjüsinem ejesiniň, Sytdyhyň ýogalmagyndan galan ünjülerdir hasap etdi. Emma ol işigiň, hol, beýle gabadynda, göreşde armanly ýykylan pälwan ýaly, ýüzüni ýokary tutup ýatan pilini görüp, bir zatlary syzdy. - Gyzym, garry ataň ýalňyşdy... Erbet ýalňyşdy... Sogap gazanjak bolup, günä gazandy... Seni goňşyň bilen çep etdi... Näzik kakasynyň gürrüňlerini eşidip, gulaklaryna ynanmady. Az salym nätjegini bilmän, aňalyp durdy. Birdenem samankepbä kürsäp girdi-de, eline Sytdyhyň mata dolangy pilini alyp, atylyp daş çykdy: - Kakilik jan-a şol sütemöýi läheň demir bilen kakasy öldürýänem bolsa, Ýanbaşd-a işlemez! Göreli hany! Döwüň atasy ýaly bolup, ýumruk ýaly gyzynda näme kassy barmyş!.. Gaýratly bolýan bolsa, iliňkä meňzeş gural ýasasyn. Naçarlaň ýagdaýyna haýpy gelsin!.. Näzik şeý diýip, ýasy guşagyny biline howul-hara orady-da, her eline bir pil alyp, işe baka ugrady. Obadan saýlanyp-saýlanmanka Ýanbaşyň gaçysynyň ýanyna üýşen çogmak gyzyl-çyzyly görüp, ýüregine ot düşdi. “wah, wah, Käkilik jan, wah, wah!” diýip, öz ugruna howsala düşüp, ädimini barha çaltlandyrdy. Zenan ýüregi syzgyr bolýar. Ol bir adamy, bir zady çyndan halasa, ony gaýdyp unutmaýar. Gaýta tersine, oňa alys bir ýerlerde bolmasy bir zat bolaýsa-da, awunyp syzýar, duýdurýar. Näzigiň ýüregem şu wagt bir zatlar syzýan ýaly boldy, atygsady, gysdy... Näzik näme üçindir näzir hasanaklap barşyna, mundan dört-bäş gün ozal Käkilik bilen bolan duşuşygyny ýadyna saldy. Ol gün agşamlyk Käkilik Näzigiň ýanyna iş etmäge gelipdi. Illi ussa agtygyny ýanyna alyp, sakgaldaşlarynyň biriniň ýanyna çaýlaşmaga çykypdy. Şonda Näzik gürrüň arasynda amatydyr bilip, Käkilige ýüzlendi: - Käkilik jan, araky diýjek bolýan zadyňy indi aýdaý!.. - Wa-ýeý, şü gelnejemi... Ýöne duýdurman sorap... - Käkilik jan, aýdaý, utanma, halaşmak, oňat görýän oglanyň bilen göwün ýüwürdişmek, ýerliksiz utanç, ätiýaç bilen bir ýerde oňuşmaz. Olar öňde bir bagşynyň “Bir-biriniň yzynda ölüp gitse razydyr” diýenidir... Aýdaý, kim ol oglan? Käkiligiň çepiksije barmaklary lyp-lyp edip, içerini tümlükden zordan saýlap duran çyranyň burmasyna ýetdi. Ony peseltdi. Içeri mazaly garaňkyranyndan soň bolsa, inçejik sesi eşidildi: - Söýünli-le bir... Şü gelnejemi... ýöne gyssap sorap... - Hä-ä, Mämme Merediň ogly diýsene!.. Näzik käkiligi birden gujagyna gysdy. Şeýdibem ýoňsuz wagt oturdylar. Zenan bedenleriniň ýylysy biri-birine geçişip ugrandan soň bolsa, olar şol oturyşyna meýmirediler. Bu ýakymly pursatdan hersi özüçe lezzet aldy, hersi bir zat barada göwün ýüwürtdi. - Käkilik jan, özüňe kybap oglan-a saýlabilipsiň. Söýünli janam özüň pisint, ýag ýaly oglan-da. Bolubilýä, alny-bagtyň açyk bolsun! – diýip, Näzik Käkiligi barha gysdy. Degişdi. Az wagtdan soň bolsa Käkiligiň özi süýji-süýji pyşyrdap ugrady: - Söýünliň kakasy bu gün-erte pronta gidýämiş. Düýn oňa kakamdan bir pilem äberipdir. Özem: “Sag-aman ýeňip gelsek, seni öýermelem bor. Saýlan gyzyňy äberip, uly toý edersi” diýýämiş. Söýünlem: “kakam dagy prontdan geläýse, sözaýdyjyny size iberjek” diýýä... Wah, gelneje, ejem-ä razy bolsa-da bor welin, arman, kakam... Näzik ylgaşlap gaça ýetip barşyna, Käkiligiň soňky sözlerini eşiden ýaly boldy. Anha, gyzlar doňan ýaly bolşup durlar. Piller duran-duran ýerinde taşlanypdyr. Ýanbaşyň gaçysy düýnkä görä ep-esli beýgelipdir, galňapdyr. Gaçynyň edil on-ýigrimi ädim gapdalynda bolsa, Döwli ussanyň göherdi perwaýsyzlyk bilen otlap ýör... Boljak iş bolupdyr. Käkilik daşyna egele bolan gyzlaryň ortarasynda ýaraty guş ýalyjak bolup, süýnüp ýatyr. Ýüzünde ne reňk-pet bar, ne-de özünde dem-düýt. Çöp ýaly injikleri, topuklary bolsa gara gandy... - Hiýk-k, ýapyň-a!.. Seredişip dursuňyz-la! – diýip, Näzik Käkiligiň etegini çekip, ganly aýaklayny gizledi. Oba habar iberilipdir. Käkiligiň ejesi Gynna eje eýýäm aýagy ýalaňaç, başy perejisiz, elem-tas bolup gelýärdi. Hol, yzynda bolsa sojap, alakjap Döwli ussa süýrenýärdi. Gynna eje gele-gelmäne gyzyny gujaklap, eňräp ugrady: - Wah, neneň edeýin men, işim gaýtdy, neneň edeýin!.. Günortanam tut ýaly çagama nä döw çaldy? Näme boldy muňa eýýäm şu iki arada!.. - Daýza, gyzyň şo uly piliňizi gumdan dolduryp, gaçyň dik depesine zyňýa. Şeýdip, ho gün-ä bilini agyrdty. Ine, bu günem... Gynna eje hol, gyrada, adamsynyň gapdalynda ýalpyldap ýatan ýaýbaň agyz pile göwresine gelişmeýän çakganlyk bilen okduryldy. Ony garbap aldy-da, gum alnan kertiň gyrasyna başyndan aýlap urdy: - Şu pil gursun, Hudaýym, şu pil gursun!.. Amannazar AŞYROW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1979 ý. | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |