ARMAN
Ömrüniň otuz ýylyny mekdepde direktor bolup geçiren zähmetkeş mugallym barada makala ýazypdym. Aradan wagt geçeninden soň, şol mugallymyň dünýäsini täzelänini eşidip, yzy ýarasyn diýmek üçin öýüne bardym. Hal-ahwal soraşanymyzdan soň, mugallymyň ogly:
– Kakam barada makala ýazmakçydyňyz, şony ýazdyňyzmy, kakam pahyr şol makala kän garaşypdy… – diýdi.
Men haýran galdym. Ol makala bir hepde soň, gazetda çap bolupdy ahyry…
– Biz-ä okamadyk…
Otaga ýakymsyz ümsümlik aralaşdy. Şol wagt derejäň öňünde duran güldanlaryň aşagyna düşelen gazete gözüm düşdi. Gözlerime ynanman ýene seretdim, şol gazet!
– Ana, şol gazet! – diýdim.
Neressäň ogly ýerinden turup, gazeti alyp, makalany gördi. Ýüzi gyzaryp oturyp galdy. Gözleriniň ajy ýaşlaryny saklap bilmedi.
-Kakam pahyr kän garaşypdy ahyry…
Ýogsam, merhumyň üç ogly we gelni ýokary bilimli we okumyşlardy.
Terjime eden: Jahantäç Öwezowa.
Hekaýalar