17:50 Ärsowet / satiriki hekaýa | |
ÄRSOWET
Satiriki hekaýalar
Edaramyzda Azat Şükürowiç diýen köpi gören biri bardy. Günlerde bir gün ol täsin teklibi orta atdy: - Ýigitler, aýyn bolmasa, "Aýallar erkekler bilen deñ hukukly" diýilýär. Meniñ pikirimçe, bizem şolardan pes oturmaly däl. Şoñ üçribem, indi ony özgerdip, "Erkekler aýallar bilen deñhukuklydyr" diýmek gerek. Birinji bolubam edaramyzda erkekler something döretmegimiz gerek. - Gaty dogry pikir - diýip, Abdyrafik Joraýew ony goldady. - Ärsowetiñ başlygy edibem otuz ýyllap hatyn jepasyny çekip ýören, ençeme gezek žensowetde işi ara alnyp maslahatlaşylan Soli agany saýlamagymyz gerek. Kim şuña razy bolsa, goluny galdyrsyn. Barymyz gol göterdik. Soñ edaramyzyñ gapdalyndaky kafe baryp, ärsoweti ýuwduk hem-de keýpimiz çag halda öýli-öýümize dargaşdyk. Öýe döşümi gaýşardyp girdim. - Gelin baý, gelin baý. Biziñem gerşimizi güneş çoýdy. Edaramyzda ärsowet döretdik - diýip, göwnühoş gürledim. - Ýagşam bir iş bitiripsiñiz. Beýle bolsa, bar, git-de, uly jaýyñ poluny ýuw - diýip, hatynym buýruk berdi. - Bolgusyz gürrüñiñi goý. Indi biz hem deñhukukly, ýarysyny sen ýuwarsyñ, ýarysynam men. Edil diýşim ýalam etdim. Palawyñam käşirini-soganyny atyp, soñ kepgiri gelnime tutdurdym. Howlynyñam ýarysyny süpürdim. Pişige süýt beribem, iti özüñ ýalla diýdim. Hatynym jyñkynam çykaryp bilenok. Mydyrt etdigi ärsowete ýüwürjegimi bilýändir-dä. - Kakasy, indi onda şeýle - diýip, hatynym iýip-içip bolanymyzdan soñ aýtdy. - Şirzatjan ikimiziñizem oglumyz. Dogrumy? Eger şeýle bolsa, her üç sagatdan siz emdirersiñiz, her üç sagatdanam men... Ähli jenjelem şundan başlandy. Ahyrynda-da öýümden başymy alyp çykyp gitdim. Edarada Abdyrafik diwanda, Azat hatara goýlan kürsülerde ýatyr eken. Soli aga bilen Şadursun küşt oýnaýardy. Tursunbaý kresloda kitap okaýardy. - Ahror jan, sizem geläýdiñizmi? - diýip, Soli aga äýneginiñ üstaşyry äñetdi. - Hany, hapa bolma! Gämiçiniñ jany bir. Hatynlar hem biz bilen deñleşjek bolsalar, entek muşakgat baryny görerler, enşalla. Ertir ärsowetiñ birinji mejlisini çagyrýas. Gör-bak, şondan soñ öýde nämeler gopjak?! Abdysamat ABDYLHAKOW. Özbekçeden terjime. "Watan" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |