17:56 Aşgabatmy ýa-da Çärjew? | |
AŞGABATMY ÝA-DA ÇÄRJEW?
Taryhy makalalar
Gadyrly okyjy, siziň okajak bu materialyňyza TSSR Merkezi döwlet arhiwiniň tom-tom bolup ýatan ummasyz materiallarynyň arasynda birnäçe ýyl mundan öň gabat geldim. TSSR MIK-niň başlygy N.Aýtakow bilen TSSR HKS-niň başlygy G.Atabaýewiň goly bilen ýazylan bu hat Stalin üçin niýetlenipdir. Ýyly näbelli: hatyň ýokarsynda “Poltorask (Ashabat) 192 ý.” diýip ýazylypdyr. Eger-de Aşgabadyň Poltorask adyndan çen tutsaň, bu hat 1926-1927-nji ýyllarda ýazylan bolmaly. Respublikamyzyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň paýtagtyny üýtgetmek hakyndaky delilleri Moskwa tarapyndan goldaw tapmandyr. Sebäbi, olar bu meselä soň dolanyp gelmändirler. Ikinji gezek bu mesele 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde ýüze çykýar. Tebigy betbagtçylyk zerarly Aşgabat wes-weýran bolýar. 100 müňden gowrak adam kesegiň aşagynda galýar. Şonda “Paýtagt başga ýere göçürilmelimi ýa-da öňki ýerinde dikeldilmelimi!” diýen mesele goýulýar. Stalin “Aşgabady öňki ýerinde täzeden gurmaly” diýen görkezmäni berýär. Bu hakda maňa şol pajygaly wakalaryň şaýady Suhan Babaýew gürrüň berdi. Ol şol döwürde TSSR Ministrler Sowetiniň başlygy bolup işleýärdi. Size hödürlenjek material taryhy dokument. Mundan okyjylarymyz hem habarly bolsun diýen niýet bilen ony siziň dykgatyňyza hödürlemegi makul bildik. Allaýar ÇÜRIÝEW, baş redaktoryň orunbasary. • Meselesi Türkmenistanyň paýtagtyny Çärjew şäherine geçirmek hakynda BK(b)P MK ýol. STALINE 1. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň halk hojalygynyň täzeden döreýän, onuň sosial-ykdysady strukturasynyň düýpli özgerýän döwründe paýtagt meselesi – respublikanyň merkezi organlarynyň, onuň ýurdy sosialistik täzeden gurma wezipelerini ýerine ýetirmeli komandowaniýesiniň ştabynyň ýerleşýän ýeri möhüm ähmiýete eýedir. Şu mesele entek pugta döwlet organizmi bolmadyk täze Respublika hökmünde dörän Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetlidir. 2. Türkmenistanyň öz hususy medeni ojaklarynyň – ýokary okuw jaýlaryny (WUZ-lary, WTUZ-lary, ýakyn geljekde uniwersiteti) medeni hem ylmy edaralary (Döwlet kitaphanalaryny, muzeýleri, milli teatry, fiziki obserwatoriýany, ylmy-barlag institutlarynyň we ş.m birtoparyny) döretmäge has ýakyn gelendigi sebäpli bu mesele has-da ýitileşýär. Bu zatlary haýal etmän gurmak gerek, sebäbi olar biziň hojalyk gurluşygymyzyň öňünden gitmelidir. Olary Aşgabatda (häzirki paýtagtda) gurmak şäheriň ýagdaýyny heläkçilikli derejä çenli çylşyrymlaşdyryldygy bolardy, beýleki okrug merkezlerinde gurmak bolsa Hökümetiň kadaly işini bulaşdyrardy. 3. Gurluşyk programmasy, Çärjew-Horezm demir ýoly, Ärsary kanaly, Kelif Uzboýunyň suwlulandyrylmagy ýaly iri desgalaryň birenteginiň gurulmagy tutuş işiň agramly böleginiň Respublikanyň esasy raýonlaryna geçirilmegi bilen ýurduň hojalyk ýagdaýyna düýpli özgerişlikler girizýär. Şeýle ýagdaý öz guramaçylyk çärelerini üýtgedip gurmaga, käbir iş uçastoklarynda ýokary derejede üstünlik gazanmak üçin şolara ünsi jemlemäge mejbur edýär. Şeýle hem, bu paýtagtyň ýerleşýän ýeri bilen-de baglanyşykly. 4. Onsoňam, häzirki paýtagt Aşgabat Türkmenistanyň halk hojalygynyň talaplaryna düýbünden laýyk gelenok. Ol esasy hojalyk raýonlaryndan uzakda, serhet zolagynda ýerleşýär; suwuň juda ýetmezçiligi sebäpli şäheriň geljekki ösüşine üýtgewsiz limit bilen çäklenýär. Milli bölünişigiň bolan mahalynda, Türkmenistanyň paýtagty baradaky mesele BK(b)P MK-nyň Orta Aziýa Býurosynyň mejlisinde uzak wagtlap ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň çykaran kararyna laýyklykda Çärjew Türkmenistanyň paýtagty diýlip bellenildi, ýöne şonda onuň abadanlaşdyrylmandygy sebäpli, Hökümetiň Merkezi organlaryna wagtlaýyn Aşgabatda bolmaga rugsat berildi. Şol kararyň netijesinde Çärjewde merkezi edaralar üçin Hökümet jaýlary guruldy we şäher paýtagty hökmünde planlaşdyrylýar. 5. Türkmenistan Respublikasynyň 5 ýylyň içinde Aşgabat şäheri ýüpek hem dokma fabriklerini, medeni, aň-bilim hem okuw edaralarynyň gurulmagynyň hasabyna ep-esli ösdi. Şäheriň ilaty 37 müň bolanlygyndan 60 müňe ýetdi. Bu şäheriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrdy, sebäbi häzir ilat suwy örän gymmat bahadan (bedresi 5 köpük) almaly bolýar ýa-da suw üçin uzynly gün nobata durmaly bolýar. Şäheri giňeltmäge synanyşyk edilmegi onuň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýar. Şu sebäpli biz şäheri mundan beýläk giňeltmekde petige diredik, ony ýeňip geçmek häzirlikçe mümkin däl. 6. Her niçik-de bolsa, başlanan gurluşyklary tamamlamak üçin şäher gürrüňsiz ösmeli hem işçileriň bir toparyny kabul edip, öz üstüne artykmaç ýük almaly. Gep dokma fabriginiň diňe birinji nobatdakysynyň gurlanlygynda, onuň 18 million manat bahasy bolan ikinji nobatdakysy indiki ýyl gurulmaly. Ondaky işlejek işçileriň sany 3 müň adamdan az däl. Eger olaryň maşgalalaryny, kommunal gurluşygy, durmuş hajatlary üçin hyzmatlar, ekiljek agaçlary göz öňünde tutsaň, täze işçi şäheri emele gelip, Aşgabat suw üpjünçiligi babatda juda agyr ýagdaýa sezewar ediljek. Çykgynsyz ýagdaý hökmünde ýaplaryň betonlandyrylmagynyň hasabyna täze şäheri belli bir derejede ýarym suwsuzlyk derejesinde üpjün edip boljak. 7. Türkmenistanyň Hökümeti Respublikanyň esasy raýonlaryndan daşda bolandygy sebäpli, belli bir derejede ilatdan aýra durýar, aralygyň uzaklygy daýhanlaryň gündelik hojalyk-durmuş meselelerini çözmek üçin gönüden-göni merkezi organlara ýüz tutmak mümkinçiliklerini kynlaşdyrýar. 8. Aşgabat öňki Zakaspi oblastynyň adminstratiw merkezi hökmünde ýüze çykypdy. Onuň mundan beýläkki ösüş üçin sähelçe hojalyk bazasy bar. Aşgabat şäherine imrinýän daýhan ilatynyň umumy sany 9 müň hojalyk bilen kesgitlenilýär. Olaryň erkinde 37 müň gektar ýer bar. Şonuň üçinem ol esasan Persiýa ýük geçirmegiň, ol ýerden ýük getirmegiň hasabyna ösendir. Persiýa bilen ýük alyş-çalşygy häzirki wagtda Maşat – Artyk ýolunyň gurulýandygy sebäpli, Aşgabatdan ep-esli sowa geçer. Şu sebäpli-de şäheriň geljekden ösüşi üçin pugta hojalyk-ykdysady baza ýok. 9. Suwuň ýetmezçiligi hem ygalyň düýpden düşýänligi zerarly şäher tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly tozana gömülýär, bu bolsa ilatyň, aýratynam çagalaryň saglygyna zeper ýetirýär. Dogrusyny aýtsaň, şu ýagdaý Türkmenistanda işlemek üçin getirilen ýewropalylaryň bärde galmagyna ýaramaz täsir edýär. Olaryň Türkmenistandan gitmegine delil üçin agyr klimatik şertler bilen baglanyşykly medisina güwälikleriň birtopary ýeterlik. 10. Aşgabadyň Persiýadan 40 wýorstlyk serhet ýakasynda bolmagy goňşy ýurtlar bilen daşky çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çykjaklygynda, ony ýurduň jümmüşine geçirmek mümkin däl. Sebäbi, onuň tyly başga ýerden hüjüm edilmek howpy astynda. Şeýlelikde, Aşgabadyň Türkmenistanyň paýtagty hökmünde strategik ýerleşýän ýeri biz üçin amatsyz. Şu ýagdaýlar Çärjewi paýtagt etmek baradaky meseläni Merkezi organlarynyň öňünde birnäçe gezek goýmaga mejbur etdi. Ýöne şu meseläni öz wagtynda çözmek ýagdaýy hem biz üçin juda amatsyz. Sebäbi, biz beýleki respublikalaryň paýtagty üýtgetmek bilen baglanyşykly örän şowsuz bolan tejribeleriniň zolagyna gabat geldik. Şeýle tejribe öňdengörüjiligi artdyrmaýan, maksadalaýyk bolmadyk çykdajylary talap etdi. 11. Çärjewiň paýtagt edilmeginiň amatlydygy şu aşakdaky oý-pikirler bilen esaslandyrylýar: a). Çärjew aragatnaşyk ýollary hem Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşişi boýunça iň bir administratiw merkez. Ol Respublikanyň ähli künjeklerine ýakyn. Respublikanyň uzakdaky raýonlarynyň ählisi ondan deň alyslykda. Bu bolsa, Hökümetiň ähli ilat bilen aragatnaşyk saklamagyna, onuň hojalyk-medeni hem durmuşy isleglerine hyzmat etmegini üpjün eder. b). Türkmenistanyň ilatynyň goňşy ýurtlaryň serhet ýakasyndaky raýonlary bilen aýrylmaz gatnaşygy üçin hem zerurdyr. Özi-de bu gatnaşyk diňe bir hojalyk bähbitleri üçin däl-de, kowumdaşlyk bilen hem baglanyşyklydyr. Tireleriň yzygiderli öjükdirilmegi we şonuň netijesinde gan döküşikli çaknyşyklaryň bolup durýandygy Sowet gurluşygy meselesini aýratyn anyk hem ünslülik bilen goýmaga mejbur edýär. Sebäbi aşaky apparatyň işindäki ýetmezçilikler, Türkmenistanyň Partiýasynyň hem Hökümetiniň alyp barýan ugrunyň egreldilmegi, garşydaşlarymyz tarapyndan özümize kowumdaş bolan türkmen taýpalaryny bize garşy goýmakda gürrüňsiz peýdalanylýar. w). Aşgabadyň tersine, Çärjew Orta Aziýadaky iň uly drýa bolan Amyderýanyň kenarynda ýerleşýändir. Şäheriň geljekki ösüşi üçin amatly şertler bar. Ol suw bilen üpjün, geljek perspektiwadaky has amatly abadanlaşdyryş işini aýtmanymyzda hem, şäheri tutuşlygyna baga öwürmek mümkin. g). Paýtagtyň Çärjewe geçirilmegi bizi Orta Aziýa hem Soýuz merkezlerine ýakynlaşdyrýar. Şeýle edilmeginde, Daşkent bilen aralyk bir gije-gündizlik ýol boljak. Moskwa gitmek üçin hem ýedi gije-gündiz däl-de, bäş gije-gündiz gerek bolardy. Bu bizi artykmaç wagt ýitirmekden, komandirowkalar, dürli hojalyk-medeni meseleler geçirmek üçin edilýän ýolharjyny bisarpa tutmakdan halas ederdi. d). Paýtagtyň Çärjewe geçirilmegi bilen Çärjew-Daşhowuz-Moskwa liniýasyny döretmek mümkin. Bu Moskwa ýedi günde däl-de, iki günde barmaga mümkinçilik dörederdi. Çärjew-Saratow-Moskwa howa ýoly döredilendiginde ol ýol ähli Orta Aziýa respublikalary bilen birlikde Owganystana hem hyzmat edip biljek. Sebäbi, şeýle ýagdaýda öň bar bolan Daşkent-Duşenbe-Kabul howa ýoluny Çärjew-Duşenbe-Kabul howa ýoluna geçirip boljak. Bu bolsa, aralygy ep-esli gsgaldyp, strategiýa babatda örän girdejili, peýdaly ýoly emele getirer. 12. Şu ýyl Çärjew-Horezm demir ýoluny gurmaga girişildi. Birinji ýagdaýda, ýagny Çärjew paýtagt bolmaly bolsa, demir ýol stansiýasyny bu ýerde gurmaly boljak, eger Çärjew okrug merkezi bolanlygynda demir ýol liniýasyna stansiýa desgalarynam başga ýere geçirmeli boljak. Şonuň üçinem, paýtagtyň Çärjewe geçirilmegi meselesinde hut şuwagt prinsipal çözmek iňňän möhüm. 13. Täze demir ýol liniýasynyň gurulmagy bilen, Çärjew tutuş Horezm oazisine hojalyk-ykdysady taýdan hyzmat edýän merekze öwrülýär, sebäbi şol oazisi haryt bilen üpjün etmek tutuşlygyna Çärjewiň üstüne ýükleniler. Bu ýagdaý öz gezeginde şäheriň mundan beýläkki ösüşine goltgy berer. Çärjew-Horezm demir ýoly (450 wýorst) iki müň wýorstlyk Çärjew-Aleksandrow-Gaý ýoly äpet magistralyň diňe başlangyjydyr. Ýurduň umumy hojalyk bähbitleri üçin şu problemany iş ýüzüne geçirmek meselesini ýakyn wagtlarynda gün tertibinde goýmaga mejbur eder. Şeýle bolandygynda Çärjew – Aleksandr – Gaý liniýasy Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň (Daşkent okrugyndan beýlekiler) ýüküni gatnadyp bilerdi. Sebäbi bu liniýa Orenburg – Samaranyň üsti bilen geçýän Daşkent demir ýoly bilen deňeşdirenişde, ýük daşamak aralygyny bir müň wýorsta çenli gysgaldýar. Ýükleriň özüne düşýän gymmatynda munuň möhüm ähmiýeti bardyr. 14. Bäşýyllyk plan boýunça işlenilip düzülen umumy ýük dolanşygy, esasan pagta programmasy bilen baglanşylylykda şu ýyl bilen deňeşdireniňde 2-3 esse artar. Bu Amyderýanyň çep kenarynyň ugry, Respublikanyň gür ilatly raýonlarynyň üsti bilen 230 wýorstlyk Çärjew-Kerki aralygynda täze demir ýol liniýasyny gurmak meselesini nobata goýmaga mejbur edýär. Sebäbi häzirki tigirlenýän transport, hatda uly şosse ýolunyň gurlup, awtomobil transportynyň işe girizilmegi-de ýükleri hem ýolagçylary öz wagtynda daşamagy düýbünden üpjün edip biljek däl. 15. Şu görkezilen faktorlar bilen birlikde, Çärjew şäheri suwarylýan ýeri 3 esseden gowrak artdyrjak (häzir 70 müň gektar, geljekde 230 müň gektar bolar), häzir gurluşygy dowam etdirilýän Ärsary hem Esgi kanallarynyň gönüden-göni täsiri astynda öser hem giňär. Bu ýagdaý şäheri mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmak üçin, onuň hojalyk bazasyny giňedýär. 16. Häzirki wagtda suw Kelif Uzboýy boýunça akdyrylýandygy bilen baglanşyklylykda, Uzboýy suwlulandyrman hem suwy Çärjewden 120 wýorstlykda ýerleşýän Üçajy stansiýasyna ýetirmek barada praktiki wezipe goýulýar. Ol ýakyn 4-5 ýylyň içinde suwarymly ýerleriň meýdanyny 500 müň gektara getirýär. Bu häzir Türkmenistanda bar bolan suwarymly ýerden 1,5 esse köpdür. Şeýlelikde, Çärjewiň mundan beýläkki ösüş perspektiwasy Orta Aziýanyň beýleki ähli şäherleriniňkiden has amatly bolup görünýär. 17. Şu ýagdaýlaryň hemmesi Türkmenistanyň Hökümetine haýal etmän Çärjewi paýtagtlyga taýýarlamak çärelerine girişmäge Partiýanyň Merkezi Komitetiniň rugsat bermegini soramaga mejbur edýär. Olar hojalyk hem söwda guramalary üçin jaýlary, ýaşaýyş jaýlary gurmakdan ybarat bolup, şol işleri ýakyn 3 ýylyň içinde döwlet býujetinden serişde almazdan Komunal bankyň liniýasy boýunça goýberilýän kreditiň hasabyna ýerine ýetirmek göz öňüne tutulýar. BK(b)P MK-nyň Orta Aziýa Býurosynyň Başlygy ýol. ZELINSKIÝ paýtagty Çärjew şäherine geçirmegiň wagty gelendigini hem maksadalaýykdygyny makullaýar. TSSR MIK-niň BAŞLYGY: [AÝTAKOW] TSSR HKS-niň BAŞLYGY: [ATABAÝEW] (“Syýasy söhbetdeş” žurnalynyň 1991-nji ýyldaky 9-njy sanyndan göçürme). | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||