11:56 Asma sagat / hekaýa | |
ASMA SAGAT
Hekaýalar
Ol eli bilen diwardaky sagady görkezdi. Ene-atasy onuň näme diýjek bolýanyna düşündi. Diýmek, ogullary ýatmakçy bolýar. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, öz otagyna ýöneldi. Ol çagaka ukusy tutsa aglardy. Şeýdibem ýatmak isleýändigini duýdurardy. Agy-garany saýgaryp ugranyndan soň, has takygy, kakasy şu asma sagady getireli bäri, ol ýatmakçydygyny sagada ümläp düşündirerdi. Ene-atasy geplemekden dogabitdi mahrum ýalňyz ogullarynyň diňe bir bu hereketini däl, eýsem, her bir gymyldysyndan onuň näme diýmek isleýändigine düşünerdiler. Bu gün şol hereket ýene bir gezek gaýtalandy. Ol ýerine geçip, pikir-hyýallaryna berildi. Nahar wagty enesiniň hereketlerinden, ýüzündäki gaýgy-aladalaryndan öýlerinde ýene-de azyk-owkadyň azalandygyny duýupdy. Ýatlamak islemeýän bolsa-da, mundan bir hepde ozalky gün göz öňünde janlandy. Şol gün agşam kakasy öýe ýylgyryp giripdi. Elinde-de birgiden zat bardy. Muny gören ejesi ör-gökden geldi. — Nireden aldyň? — Penjegimi satdym. Eneli-ogul geň galdy. Soňra ejesi adamsyny mäkäm gujaklap: «Indi aýazly howada näme geýersiň?» diýip aglapdy. Ol şu zatlar hakynda oýlanyp ýatyşyna: «Penjekden gelen zatlar eýýäm gutaran bolmaly!» diýip, içinden ahmyr çekdi. Alasarmyk duýgulardan saplanyp bilmänem, süýji uka gitdi. Ertesi gün ol ejesiniň öý işlerine kömekleşdi. Elleri ýukalygy sebäpli onuň hat-sowatdan başy çykanokdy, mekdebe hem gatnanokdy. Şowhunly köçelerem özüne çekiberenokdy. Şonuň üçinem ol uzakly gün öýde bolman, dagy nirede bolsun?! Eneli-ogul uzakly gün hysyrdanyp geçdiler. Öýle mahaly kakasy ýene-de aňry-bäri alyp geldi. Emma bu sapar öňküleri ýaly kän däldi. Ol bu zatlaryň öwezine nämäniň berlendigini bilmek isleýän ýaly, ejesine howatyrly äňetdi. Ejesi hiç zat diýmedi-de, zatlary öýe saldy. Ol giçlige çenli öýde kemelen zady bilmek isläp, iki ýana aýlandy. Agşamlyk özüne niýetlenen kartoşkadyr bir döwüm çöregi iýip, endigine görä diwardaky sagada seretdi. Ýöne ýalňyşyp, başga diwara seredendirin öýtdi, sebäbi sagat ýerinde ýokdy. Intizarlyk bilen soragly nazaryny dikýän oglundan ene-atasy gözlerini gizlemek bilen boldy. Onuň şu pursatda gaýgy-hasratdan, gynançdan, horlukdan, ahmyrdan — hemmesinden nalap, dady-perýat edesi, bar güýji bilen gygyrasy geldi. Arman... ol gürläp bilenokdy!.. Özbek dilinden terjime eden Atamyrat ÝAZWELIÝEW | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |