22:36 Assaja kapasa tarap ýöredi | |
ASSAJA KAPASA TARAP ÝÖREDI
Goşgular
Ir zaman kapasa kalbym bagladym, Gizläp çuňlugyna elhenç agyry, Çäklenmän muň bilen daşyn gabadym, Geýdirip üstüne tikenli demri. Bagladym, duýsam-da bir gysym bolup, Düýrülip, bükülip sessiz aglaýşyn. Görsem-de alaçsyz her ýan çyrpynyp, Alan ýaralarnyň çasly ganaýşyn. Bilsem-de mejalsyz teşne göwnümi, Gandyrjak çeşmäniň onda barlygyn, Şonda-da pedermiň ýykman sözüni, Tümlüge dözdüm men ähli barlygym. Basdym öz erkimi, gülletmän ýazym. (Kalbymdan kalbymy taladym özüm) Şeýdip öçürjekdim onuň oduny, Däli köňlüň ýatyrjakdym badyny. Ýyllar boýy ýetirip durdum üstün Damdyryp çaladan duýgy ajysyn. Kyrkdan agyp, ýüze düşende gasyn (Indi ömrüň sa:lam tükener basym) Dönüklik edenim boýnuma alyp, Ýaşlygyma, arzuwyma, söýgime, Bardym huzuruna ýüzümi salyp. Ömürboýy erkinligi arzuwlan Ýüregim begençden guş bolup uçdy, Asman zemin ara sygmajak ýaly, Tolgunyp, gürsüldäp bir hala düşdi. Şol pursat pyşyrdap ýagyş damjasy, Direlişiň buşlugyny getirdi. Mähirden püre-pür nurana kalbyň, “Päk niýetli” salamyny ýetirdi. Atygsady durdy ýaşajyk ýürek, Özün osup, ägä bolmaga derek, Saldamly, usully owadan hiläň, Ähtibarsyz bir bigaýrat bigänäň, Zandy päklik bilen ýuwlan kalbyma Çenäp atjak bolan hyrsyz okunyň Tasdan öwrülipdim nyşanasyna. Niçe sütemlere döz gelen ýürek, Juda ejizledi ilkinji gezek. Soňky ýola töweregne garady, Assaja kapasa tarap ýöredi. | |
|
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |