14:24 "Aşyk-Magşuk" / dessan | |
"AŞYK -MAGŞUK"
Poemalar
Oýuma-küýüme getirmeýän zadyma ýüzbe-ýüz duş gelip, şeýle ahwalatly başdan geçirdim. • TANYŞLYK Zerur işim çykyp, şähere geldim. Bärden barşyma, ýapyk gapynyň öňünde säginip, demimi dürsedim. Ýuwaşja, seresaply, iki gezek gapyny tyrkyldadyp içeri girdim. Salam berdim, baş atdylar. Şolaryň biri, gören şol gözlerim, şol ýüz meniň kalbyma juda üýtgeşik täsir etdi. Soraglanymyň ýokdugyny aýtdylar. Günüň ikinji ýarymynda geläýmeginiň mümkindigini, esasanam, şol: gelip, heläk bolup ýörmän, jaňlaşyp habar tutsam hem boljakdygyny, ýaňzytdy. Telefon belgilerini soradym. Gözleri aklymy alan derejede özüne çekensoň, aýdan sanlaryny aňşyrmadym. Gaýtadan sorap, telefon belgilerini berk belledim. Bu nä boluş? Jadylandymmy ýa-da... Näme üçindir jaň etmäge howlukdym. Meni iş gyzyklandyranokdy, ol bir ýöne, bahana ýalydy. Içimi ýakyp: «Bir-iki sagatdan» diýeni haýal geçýärdi. Özüme zor salyp, üç sagat çydam etdim. Ahyr: «Indi-hä, çen boldy» diýip, jaň etdim. Şol aldy. Tama edişim ýaly, tüýs bolaýdy. Gözleýänimiň iş ýerine gelmändigini aýdyp, trubkany goýdy. Gözüne mahsus, sesiniň ýakymlydygyny duýdym. Inimde jümşüldi peýda boldy. «S-s-sag bo-oluň,» diýenimde, sesim sandyrawuk çykdy, sakawlap düwnükdim, gury ýuwdundym... Iki-üç günden ony ýene gördüm. Şol, gözleriň täsirinden çykyp bilmän ençe günläp gezdim. Şol, keşp göz öňümde birden peýda bolýar-da, mylaýym sesi aňymda gaýtalanyp dur. Bu ýagdaý bilen kem-kemden öwrenişdim. Şeýlelik-de, aradan dört ýyl geçdi. Bu ýyllarda onuň bilen köp gezek ýüzbe-ýüz bolup, mylaýym sesini eşitmek miýesser etdi. Ýöne, her gezek, görüp gaýdamsoň, şol gözleriň täsir ediş möhleti uzap-uzap, ilki güne, soň hepdä, aýa ýetdi. Soňa baka, ýyllap oýumda galdy, aňymdan aýrylyp gitmedi. Köp oýlandym, özüm bilen çekeleşip, «Ony bir, rahat günde goýaýyn-la» diýdim. Iň soňunda bolsa, «Oňa duýdurmaly» diýen, netijä gelip:» «Janserek men dilberim» diýen şygry ýazyp, eline berdim. JANSEREK MEN DILBERIM Beýan etsem saňa köňül telwasym, Sen gereklim, janserek men, dilberim. Belki myrat tapar, saňa yhlasym, Sen dereklim, sen gerek sen, dilberim. Gije ýatman, gündiz saňa zar diýsem, Saňa hyjuw-höwes, mende bar diýsem, «Eý sen!» eý görýäni söýmezmiň eýsem, Sen gereklim, çyn ýürek men, dilberim. Nädip, erkim alyp, kalbyma dolduň, Hary-zar bolşuma, haýranlar galdym, Mejbury-mätäjem, boýnuma aldym, Sen gereklim, biderek men, dilberim. Nähakdyr, bimany bu ýanyp-bişmäm, Artyk bu alada özüme duşman, Göremde, gül ýüzüň, näzdir kereşmäň, Sen gerek sen, sen gerek sen, dilberim. Umytda netije, çykaryp many, Takykla, ýok edip gorky, gümany, Durmuşyň «Gaýykdyr», lezzet ummany, Sen gereklim, ur, «kürek» men, dilberim. Razylykda öýkeleşmän, uruşman, Galybersek, bir-birege gowuşman, Ölmezden, ömrüme ederim puşman, Aýterek – sen, günterek – men, dilberim. Rehm eýleseň gözden akan ýaşyma, Gözüň ýumsaň, bu çalaran başyma, Gulak goýsaň ýürekdäki joşuma, Sen gereklim, öteräk men, dilberim. Illi, sen, dyza çök, ýalbar ol ýara, Daşlaşyp gitmänkä, «näbelli» ara, Belki, rehim eder, men hyrydara, Sen gereklim, bil, seýrek men, dilberim. «Kime ýazdyň?» diýip, sorady. Aýtmadym. Ýüzünden aňdym, ol özünedirem öýtmedi. Goşgyň ýazylyşy, ylham gelşi barada degişme äheňinde, gülüp soramak bilen oňaýdy. Şeýlelikde, «Janserek men dilberim» nyşana degmedik ok ýaly boş geçdi. Şol, gün agşam, onuň gözlerini güldürip geplände, ýüzüniň bir enaýy nurlanyp ýagtylanyşy, sözleri ýadyma düşüp, wagty bilen uklap bilmän aňymda: Döwürdeşler arzym aýtsam sizlere, Bar ekeni, beýle zyýat zenana, Saý-sebäpden gözüm düşdi gözlere, Bar ekeni, şeýle zyýat zenana. Ukym aldy ýatyrmady bu gije, Oý-hyýalym çykarmady netije, Ilmämmet mäkäm tut, özüňi tije, Zar ekenim, beýle, zyýat zenana. – şu setirler aýlanyp-dolanyp, düýşe öwrülip, daňa golaý irkilip-uklap, howa ýagtylyp başlanda düýşürgäp oýanypdyryn. Sermenekläp ýörşüme bir bölek kagyz tapyp, elime galam aldym we şu aşakdaky setirleri ýazmaga başladym. SEN-SEN Eý, söýenim, söwer ýar, Janyma jepa, sen-sen. Çekdirip, şeýle azar, Bermezmiň wepa sen-sen. Hyýalda eýläp telwas, Barmaga tapman esas, Gülseň bolaryn halas, Bakdyrdyň gapa, sen-sen. Gör, ne, yssy gözüme, Meni çekýäň özüňe, Diýsem göni ýüzüňe, Ol, zowky-sapa, sen-sen. Ähli çeken zähmetim, Az – uz gördüm, rehnetin, Saňa galsa büs-bütin, Biparh, biwepa sen-sen. Taýyň ýokdur, hiç ýerde, Syr saklagyn, sen bärde, Aýap goý, ýürek törde, Ýokdurma hapa, sen-sen. Adam sulhy alany, Her kimiň bir halany, Ilmämmediň nalany, Derdime şypa, sen-sen. Günlerde bir gün, onuň özüme tarap däliziň ugry bilen ýöräp gelýänine gabat geldim. Tutuş bedenimi her-hili düşnüksiz duýgular gurşap aldy. Gorkup ätiýaç etdimmi, utandymmy, bilmedim, garaz, ol meni aljyraňňylyga saldy. Oba gaýdyşyn ýolda, öýe ýetýänçäm aşakdaky setirler aňymda at salyp duransoň, öýe ýetip, öýe girmän, göni iş ýerime baryp kagyza geçirdim. BILEN Görsem, ine, ýarym gelýär, Assa ýöräp, emaý bilen. «Göz gyýmazym» bagrym dilýär, Şol gözleri humaý bilen. Düşünip, hile-alyna, Gül düşäýin, men ýoluna, Aslynda, jübüt halyna, Özün mensiz, bitaý bilen. Hoşwagt çagym, güler ýüzüm, Golaý gel sen, görsün gözüm, Lak ataýyn, dürsäp özüm, Dok sözi, göwnejaý bilen. Saçyn ysgap, togap etsem, Ýüze örtsem, sogap öýtsem, Ahwalymy jogap etsem, Husny äleme baý bilen. Edebinde boý kamaty, Owal Allaň keramaty, Aňy dury, bar gurbaty, Bulaşarmy, «Men – laý» bilen. Ýürek ýuka, elim ýuka, Kelep uçsuz soňa baka, Berip bägül, süýji-köke, Hezzetlesem, serpaý bilen. Dünýe malym oňa bersem, Nirä dirär soňy görseň, Şo boluşda oňubersem, Özüme galan, paý bilen. Diýsem: eý, ýar, niýet birdir, Köp aglatdyň, birje güldür, Asyp ýa-da basyp öldür, Nä kylsaň şo, kylaý bilen. Ýetip gelýär, men nädeýin, Özümi gurban edeýin, Bukulaýyn, men gideýin, Bizardyr, başagaý bilen. Müň hyýalda öwsüp durýan, Suwdan çyksam oda urýan, Ýol bereýin, sowlup bir ýan, Ugradaýyn, Hudaý bilen. Şeýle yssy ol gözüme, Beýany sygmaz sözüme, Eý, Ilmämmet, diý özüňe, Ara daş asmanda Aý bilen. Şeýlelikde goşgularyň höwri köpelip gidiberdi. DÖWRAN BIZIŇKI Gapdalyňda oturamda ýanaşyk, Sen, özüm – ikiçäk, döwran biziňki. Pikir tümlügimde göründi yşyk, Diýen sözüm: «Bu çak döwran biziňki». Syrdaş bolar, syrym saklan sap aýal, Arzuwym – umytdyr, owsunşym hyýal, Bu ugurdan meniň gobsunşym haýal, Ýumdum gözüm, «Gaçgak döwran» biziňki. Saldamlydyr, sypaýydyr, sadadyr, Men ugrunda diýmen: «Meni ýadadar», Didar görmez bolan aşyk dat eder, Ýalançyda bu hak döwran biziňki. Otyryn ymsynyp, ogryn syn kylyp, Arzuwlap söýginiň sazyny çalyp, Ýuwduna-ýuwdunyp, bogaz dykylyp, Gör, hezillik boljak, döwran biziňki. Dur, Illi, howlukma, ýok seni gyssan, Ylham ummanyndan alyber, sussan, Ýadygär-ýatlama ýazylan dessan, Nesillere galjak, döwran biziňki. SENDEN JOGAP BOLMAZMY Aňlatdym arzymy bolşuna görä, Näme diýýäň, senden jogap bolmazmy? Oý-pikir sürüsin çykarsam örä, Näme diýýäň, senden jogap bolmazmy? Utanç däldir sulhuň alsa, «Ýar» diýmek, «Men hem, sen deý, bir didara zar» diýmek, Hata däldir, «Sende göwnüm bar» diýmek, Näme diýýäň, senden jogap bolmazmy? Maňa aýan bolar: baş at, göz ümle, Ýa-da dilden aýdaý, utanjyň gümle, Senden uly haýyş, pikiriň jemle, Näme diýýäň, senden jogap bolmazmy? Diýseňem bor: «Samsyk samramaň tüket!», Sen tarapdan bolsa bolýar, hereket, Ýogsa gury azap, gaçýar bereket, Näme diýýäň, senden jogap bolmazmy? Diýiber sen, näme gelse diýesiň, Öldürmänkäň, ýokla, seniň iýesiň, Isläniň et, ähli erke eýe sen, Näme diýýäň, senden jogap bolmazmy? Keç habar däldi-rä ýüregim ýarjak, Üfleseň, yrýasyz demime sorjak, Tä jogap alýançam başyňy garjak, Näme diýýäň, senden jogap bolmazmy? Ýakymly sen, degişeňde-gülşeňde, Zaryň çekip, gan aglaýar bir bende, Illi diýr: bagyşla, durmadym çende, Näme diýýäň, senden jogap bolmazmy? KYNDYR, SENDEN AÝRYLMAM Gahara bäs gelmän, al-petim alsaň, Men näderin, kyndyr, senden aýrylmam. Inim tikeneklär ýadyma salsam, Men nädeýin, kyndyr, senden aýrylmam. Geljegi görmäge gözlerim kütek, Haýyr işlem, soňa galýar birentek, Şygyr ýazyp, ýatdan çykdy «Hat-petek», Men nädeýin, kyndyr, senden aýrylmam. Sensiz tümlük, sen, çyragsyz galdyrma, Kalbym boşar, ýerni közden doldurma, Pynhan sakla, syrym ile bildirme, Men nädeýin, kyndyr, senden aýrylmam. Kemineçe pul tapamok zülpüňe, Dilim açar, ýürekdäki gulpuňa, Hakykatdyr, duşan dälsiň galpyma, Men nädeýin, kyndyr, senden aýrylmam. Döş kapasam boşdur, ýüregim aldyň, Lerzana getirip kalbyma dolduň, Pakyr men, başymy ýok güne saldym, Men nädeýin, kyndyr, senden aýrylmam. Ilmämmet, soňundan sataşdyň güle, Umydyň Alladyr, şepagat dile, Kömek et, özümi alaýyn ele, Men nädeýin, kyndyr, senden aýrylmam. GORKY Şähere gitmeli bolanymda meniň göhümi getirýän, guşumy uçurýan bir «Ymtylyş» bar. Şol «Ymtylyş» meniň şähere barýan ýolumy ýagtylandyryp ak ýola atarýar. Şähere ýetmäge howlukdyrýar. Sebäbi, meniň her saparymdan, her gezek, umydym uly. Ýüregimiň syzyşy gowulyga garaşýar. Kalbym heýjanlanma howlugýar. Hatda ony daşdan görsem-de, yzyma tarap gaýdanymda özümden göwnüm hoş, keýpihon halda öýe öwrülip gelýän. Ýöne, bilmedim, nämeden, kalbymda birahatlyk. Bu gezek öýe tarap gelşimde: oýlanyp, öz içki dünýäme gümra bolup maşynymy sürüp gelýärdim... «Şol mähirli gözlere göni garagymy dikip, ýüregimdäkini aýdyp goýbersem näderkä?» diýip, oýlanamda inim jümşüldäp, tisginip gitdim. Hä, ine, üstünden bardym. Men gorkýan ekenim. Onuň göwnüne degmekden gorkýan ekenim. «Oňa ýokuş deger, öýkelär, gaty görer» diýip, heder edýän ekenim. Ine, meniň dillenmäge dilime badak salýan zatlar şundadyr. Men şeýle netijä gelenimden soň, özümden öýkelemämi goýup, ünsümi sowmak üçin, magnitofona kasseta saldym. Öwezgeldi Tekäýew joşup aýdym aýdyp başlady. Onuň aýdymy maňa ylham berdi, bir täze goşgynyň döremegine sebäp boldy. Diňlän bolsam aýdymyň 1-2 bendini diňländirin, soň meniň gulaklarym bagşynyň sesini eşitmesini goýdy. Aýdym gutarmanka, özüm bilmezden, eýýäm, şol heňde özümçe, başga sözlerde aýdyma hiňlenip başladym. SEN YNJAMA Men aglaýyn, aglama sen. Saýat Nowa. Aşyk asly ynjyk bolýar, Men ynjaýyn, sen ynjama, Saňa şatlyk laýyk gelýär, Men ynjaýyn, sen ynjama. Ýaraşyksyň ýaz gülüne, Seni dözmen, gyş ýeline, Jellat tapyp, ber eline, Men ynjaýyn, sen ynjama. Keýpiň gaçsa güldüreýin, Yhlasymy bildireýin, Gel, özümi öldüreýin, Men ynjaýyn, sen ynjama. Şamar saçyň ele alsam, Lebleriňe agyz salsam, Ahmyr çekip ünjä galsam, Men ynjaýyn, sen ynjama. Maňlaýyňdan öpüp gaýym, Alkymyňdan soň ysgaýyn, Bil, Ilmämmet mydam taýyn, Men ynjaýyn, sen ynjama. Bu goşgynyň hem höwri köpelip başlady. MEN HEM DILLENMEN Janyma hoş ýakar mylaýym sözi, Özi dillenmese, men hem dillenmen. Seredemde, maňa bakanda gözi, Özi dillenmese, men hem dillenmen, Gyzaran ýaňagy ýatladar nary, Kirişdir owaza saçlarnyň tary, Tapyşyp gözünde, kirpigniň bary, Özi dillenmese, men hem dillenmen, Ýörände gönüger belende başy, Oklanyn gaparyn kakanda gaşy, Ýylgyrsa görüner hünji deý dişi, Özi dillenmese, men hem dillenmen. Elin ele alyp, tutsam goşardan, Özge eşret, islemezdim daşardan, Deň meýil bolmasa, kime başardan, Özi dillenmese, men hem dillenmen. Şirinlikden süzüp ýumsam gözümi, Iki göwüs ara goýsam ýüzümi, Melul bolup ýatsam bilmän özümi, Özi dillenmese, men hem dillenmen. Guwanyp boýuna, inçe biline, Aklym haýran bu näzenin geline, Rehmi inip, soň söz gelip diline, Özi dillenmese, men hem dillenmen. Yşkyma şert bardyr, söýenim besdir, Galp duýga duwlanan özi näkesdir, Naçardyr, bir goltga belki höwesdir, Özi dillenmese, men hem dillenmen. Güýjüme güýç goşýar, hyjuwly kuwwat, Syna sagatlygym, ýar bagly abat, Rehm eýle, halymy eýleme berbat, Özi dillenmese, men hem dillenmen. Illi diýr, arzuwum aýtmandym tassam, Ýar ýanyňa barma çemini tapsam, Gujagyna girsem, bagryma bassam, Özi dillenmese, men hem dillenmen. Dört-bäş aý mundan ozal, şol gün: «Heý bir ýüzüni-gözüni görüp bolmazmyka» diýen, niýet bilen gelşimdi. Gapyň agzynda pete-pet gabatlaşdyk. Ol, maňa çala göz aýlap, sowuk salamlaşyp, deňimden howlukmaç geçip gitdi, yzyndan argyn halda seretdim. Barşyna, garaşyp duran maşyna münüp, güw gitdi, gözümden ýitdi. Näme üçindir, göwnüme bolmasa, onuň öňki mähirli gözleri aladaly göründi. «Saglyk bolsun-da, hernä...» diýip, öz işlerim üçin ýolumy dowam etdim. Ýöne, onuň aladaly ýüzi, göz öňümden gitmedi. Öýe gelenimden soň hem, başga işe höwesim bolmady. Ahyry, elime boş depder alyp, «Bakmadyň maňa» diýen sözbaşy goýup, ýazmaga oturdym. «Boldy» diýip, goşgyny täzeden gözden geçirip okadym. BAKMADYŇ MAŇA Salamlaşyp, sowa geçdiň-de gitdiň, Göz süzüp, gaşlaryň kakmadyň maňa. Bir aladam artdy, kine döretdiň, Nur saçyp, ýylgyryp bakmadyň maňa. Geçdiň gidiberdiň, yzyňdan garap, Hiç ugur tapmadym, hallarym harap, Tebsirän kalbymyň törüne tarap, Gözli çeşme bolup akmadyň maňa. Nazaryň gysgandyň öçli gözümden, Many alma ýetişmedim ýüzüňden, Mensiz hem aladaň artyk özüňden, Tütedip, otluçöp çakmadyň maňa. Müň paý gowy bolar, ýansam ýok bolsam, Hiç bir müýnsüz, seň alnyňda ak bolsam, Gapyňda garawul, dursam, sak bolsam, «Göz gorag» tumaryň dakmadyň maňa. Illi diýr, gaýbana ýandym hem öçdüm, Gury sözler bilen ýüregňe düşdüm, Men seni saýladym, men seni seçdim, Men özümki saýdym, ýatmydyň maňa. Ynjalmadym. Azajyk oýlanyp, oturanymdan soň, «Sendedir» diýen sözbaşy goýup, täzeden ýazmaga başladym. SENDEDIR Diýme: «Göwnüň Kap dagynda», Göwün-küýsegim sendedir. Çydamy başdan aganda, Bagrymy dilseň sendedir. Ýöräp gaýtsaň messan-messan, Gadamlaryň hersi dessan, Gül bürelen bagy-bossan, Şadyýan gülseň sendedir. Maksadym bar, bile ýetjek, Erem bagyna äkitjek, Haçana çen meni itjek, Çyragym, bilseň, sendedir. Sensiz, galmaz meň deregim, Iki dünýä sen geregim, Gursagymda ýok ýüregim, Özgede däl-de, sendedir. Wagty boldy, ýok bahana, Sözle, gelsin dür dahana, Ýagty saçjak nur jahana, Myssa ýylgyryş sendedir. Aňymda ýaňlansa adyň, Sensiň meniň ýakyn-ýadym, Yhlasym saňa sowgadym, Al, kabul kylsaň sendedir. Günä ýokdur Ilmämmetde, Körük özüňde elbetde, Duýmadykdan durma çetde, Göni ýol gelseň sendedir. Ilmämmet bendi-bendedir. MENIŇ IÇKI DÜNÝÄM Hasabat işlerimi düzetmek üçin, gapydan-gapa girip-çykyp, ýörşüme, ýol ugrumdan sowarak çeträkde, «Oňa» gözüm düşdi. Bütin dünýä ýagtylanyp gidene döndi. Göz açyp-ýumasy salym wagtda ony il duýmazdan ogryn synlap, owadan keşbini aňyma surat edip aldym. Göze ýakymly bu keşp, has mähriban we eziz göründi. Onda ullakan bir özüneçekiji dartyş güýji jemlenendi. Salamlaşardan biraz sowarak bolansoň, geçip gaýtdym, emma, aňymdaky aslyşma erkime goýmady. Gözbatyrlyk edip, hyrra yzyma öwrülip, göni ýanyna ylgap barasym geldi. «Öldür ýa-da güldür, ine, men. Ýöne, beýdip meni köseme!» diýesim geldi. Emma, akyl-paýhasym muny aýyp hasap etdi. Men özümi köşeşdirdim. Näme bolsa-da, hudaýa şükür, özüni gördüm, bir pursat bagtyýar boldum. Meniň göwnüm giňedi, ökjäm ýeňledi, biçäre bedenim ekizlendi. Böwreküsti mäzden dömüp ganyma goşulan adrenalin, meni hyjuwlandyryp, ylham atyna atardy. Gözüme guwanç doldy. Barmaly gapym minutlyk ýol bolansoň, öz pikirim bilen gümra, öz-özüme hemra bolup gelşime gapydan giren ekenim. Jaýyň içinde oturanlary görüp, öz dünýäme gaýdyp geldim. Oturanlara salam berdim. Hal-ahwal soraşdym. Bu ýerde ähli işlerimi düzedip, bir ýüzli etdim we gaýtmak üçin ýola düşdüm. Oý-pikirimde bolsa aşakdaky setirler gaýnap-çogup durdy. AŞYK BOLDUM GÖZÜŇE Men saňa sataşdym bahar gününde, Ilki görüp, aşyk boldum gözüňe, Şol bakyşyň galyp, gözüm öňünde, Şondan bäri, zar galyşym sözüňe. Şol günden soň, oda düşdüm elewräp, Ymsynyp başladym, bir duýgy döräp, Seň mähriň çoguna gitmezden eräp, Zowzuldaýan, aýak basyp közüňe. Her göremde gözleň göze nur saçýar, Dyňzanyp dursamda, dilim lal açýar, Aýgyt etsem, akyl aňymdan gaçýar, Howum ýatýar, gözüm düşüp ýüzüňe. Yşk ummanda ýüzýän, daşda adasy, Yşk awusy ötgür, ýokdur sodasy, Howp-hatar, çarkandakly ýodasy, Ýoly kötel, duş gelmedim düzüne. «Küýsegim sen» diýip, durun şu mahal, Duýup bilseň, gören wagtyň ýada sal, «Özüň eýger, öz erkiňi ele al, Besdir indi» diý, Ilmämmet özüňe. YŞK Meniňki ýene-de ugruna däl. Göwün islänim bolmady. Bedenimiň kuwwaty gidip, ysgynym gyýylana döndi. Lapykeç halda, maksat-manysyz, nirä barýanymy doly aňşyrman, gelşime, aýaklarym meni maşynyma getirdi. Maşynda biraz salym oturanymdan soň, maşyny işletdim. Şunuň ýaly lapykeçlik maňa köneden tanyş göründi. Beýle ýagdaý, meniň başymda öňem bolana meňzeýärdi. Özem örän yssy-mähriban duýulýardy. Oýlanyp başladym. Haçan? Men maşyny öçürdim. Geçmişime göz aýlamaga oturdym. Meniň ýadyma saljak bolup, azara galýan duýgym nämeden ybaratka? Lapykeçlikmi, öz-özüňden göwnüň galmakmy, kemsinmekmi, ykbalyma bolan nägilelikmi, öz ejizligiňi duýmakmy, ökünçmi, ahmyr-armanmy, şoňa doly göz ýetiresim geldi. Mähriban obamy ýatlap, çagalyk döwrümden başladym. Hyýalymda maňa eziz bolan, maňa mähirli garan gözler göründi. Ol taýly gözleri ençeme gezek doýup bilmän synlapdym. Ulygyzsyrap utananda, nar ýaly gyzarýan ýaňaklar göründi. Olary öpmek arzuwym, ömürlik arzuwlygyna galdy. Gyrmyzy pisse dodaklar göründi. Olara men näler dodaklarymy degresim gelipdi o-da hyýallygyna galdy. Ýakymly ýylgyranda, ýalkym saçýan, hünji dişler göründi. Iki örüm saçlar göründi. Gyýma galam gaşlar göründi... Gaş kakanda, guşum uçýardy. Dişler kalbyma nur saçýardy. Saçlar meni şamar ýaly okap, özüne çekýärdi. Bu, meniň ilkinji söýgim. Bu, meniň ahyrky günüme çenli kalbymyň agysy... Ilkinji yşkymy ýatlamak üçin, bu oturan ýerim amatly däldi. Men maşyny işledip öýe tarap ýola düşdüm. Sag-aman geldim. Hudaýa şükür! Ýöne, nädip? Nähili tizlik bilen aňşyramok. Gelşime, maşyndan düşüp, öýe girmän göni iş ýerime baryp, stola geçip elime galam aldym. Bu, meni kanagatlandyrmady. Hiç kim päsgel bermez ýaly ýer gözledim. Ýerimden turup öýe bardym. Öýe girip, 2 sany ýassygy keçäň üstüne oklanymam şoldy welin, aýalym gapyny açyp: «Nahar guýaýynmy, ýa çaý içjekmi? Sowatman naharyňy iýseň-ä gowy bolardy» diýdi. Meniň ýalňyz galasym gelýärdi. Men çykalga tapdym: «Nahar-çaýyň soň, birhili kelläm dykylyp dur, 1-2 sagat ýatyp dynç aljak. Çagalar şu jaýa girmesin, hiç kim bimaza etmesin, özüm turýançam» diýip, ýüzin düşüp, ýüzümi ýassyga berdim «Näme bolýar? Ýaraňokmy?» diýip, aýalym aladalandy. Men oňa: «Hiç zat bolanok» diýip, jogap gaýtardym. Soň sesimi ýumşadyp: «Gaýrat et-de gitmänkäň üstüme ýapynja oklap gitsene» diýip, haýyş etdim. Bu, meniň oňa, «seredip durman, basymrak çyksana» diýdigimdi. Aýalym emaý bilen sesini çykarman üstüme ýapynja örtüp çykyp gidensoň, men ýatlamalar ummanynda öz peýwagtyma gulaçlap ýüzmäge başladym. Ol, günlerden bäri tegelek kyrk ýyl geçen eken. «Garrap galan ekenim-ow...» diýdim, geňirgendim. Obamyzdaky (Durdyhandaky) mekdep 4-ýyllyk başlangyç bolansoň, 5-nji klasy okamak üçin 6 oglan bolup (biziň aramyzda gyz ýokdy) 4 km uzaklykda ýerleşen Tutlygala obasyndaky 9-njy orta mekdebe gatnap başladyk. Göwnüme bolmasa bu obadaky klasdaşlarymyz bizi içlerine sygdyrmajak bolýan ýalydy. Gepiň keltesi, alty oglandan her gün diýen ýaly birimiz täze klasdaşlarymyzyň biri bilen dawalaşmaly, sögüşmeli, itenekleşmeli, kä gün bolsa ýumruklaşmaly hem bolýardyk. Abat galan diňe, mendim. Ahyr, beýle ýagdaý meniňem başyma düşdi. Jaň kakylandan soň, iliň soňuragyndan klasa girdim. Ýerime baryp oturmak üçin, «edeplije» ýörän bolup barýarkam, maňa tarap kowalaşyp gaýdan iki oglanyň öňündäkisi meni bady bilen kakyp geçdi. Netijede, men yzymdan gelýän gyz bilen kakyşyp, onuň elindäki kitaplaryny ýere gaçyrdym. Bolan işe utanyp, ýere gaçan kitaplary galdyrmak niýet bilen egilip, ýaňy bir kitaby elime alanym şoldy welin, edil süýr depäme ýumruk degdi. Men aňk bolup dikeldim. Nämäň-nämedigine doly düşünmän elimdäki ýeke kitaby gyza uzadyp durşuma, diliniň ýetişibildiginden sögünýän gyzyň, bir agzyna, bir-de gözüne seredýärdim. Haýran galmakdan ýaňa aňkaryp galypdyryn. Gyz sögünmesini dowam edip, ýerdäki kitaplary ýygnap alyp, iň öňdäki partaň üstünde goýup, maňa öwrülip: meýdimi ýakdy, meýdimi ugratdy. Elimdäki kitaby iki eli bilen tutup, gazap bilen çekip alyp, «Ýüzüň gursun, gök göz meýit!» diýip, kitap bilen berdi burnumyň üstüne. Gözüm ümezläp gitdi, «Sögüp ile ryswa edeni-edeni, indikisi näme?» diýip, gaharyma ýumruklarym düwüldi. Urmak üçin, gözlerim gidip barýan gyzyň ýeňse çukuryny nyşana aldy. «Hudaý» diýen ýerim bar eken. Meniň uly masgaraçylygyň üstünden baraýmagymam ahmaldy. Ýöne, edil şol pursat burnumdan gyzgyn zadyň akyp, dodaklarymyň üstünden geçip, eňegime ýetip gelýänini duýdum. Elim bilen süpürip seredip görsem, gyzyl gan... Ýaňy ýerine geçip oturan gyza ahmyrly seretdim. Hemmeler tomaşa edýärdiler. Ol gyz welin iki eliniň aýasy bilen çekgelerini tutup, gaharly aşak bakyp otyrdy. Gan akmaz ýaly elim bilen burnumy tutup, egilip, klasdan daşaryk çykdym. Öňümden çykyp, geň galyp sereden mugallyma üns hem bermän, ýabyň gyrasyna baryp ýuwundym. Köýnegime degen gan tegmillerini ýuwdum. Meniň klasa giresim gelenokdy. Oglan bolsa gyzyl ýumruga girip içimi sowadardym, arman gyz bolýarda... Kitaplarymy hem alman göni öýe gaýdyberjek boldum. Ahyrynda, « klasa girmeli » diýen netijä geldim-de, ýüzümi sallap, boz-ýaz bolup gapydan girdim. Beýle ýagdaýa garaşmandym. Görsem bir-biri bilen kowalaşan iki oglan bilen «gaharjaň» gyz klas tagtasynyň öňünde dik durlar. Menem gapynyň agzynda duruberdim. «Allagulyýew, sen, geç ýeriňe!» diýip, mugallym sypaýy gürledi. Mugallym dik duranlara ýüzlenip, gahar bilen: «Baryň ötünç soraň!» diýenden soň, oglanlaryň ikisi hem «Bagyşla!» diýip, ýerlerine geçdiler. «Bar, senem bagyşla diý!» diýip, mugallym gyza aýdandan soň, gyz maňa tarap ýöräp gaýtdy. Deňime gelende, men başymy galdyrdym. Diňe men eşider ýaly dişinden syzdyryp, «Eşit-mä-ä-ä-njikler geçersiň, ýerçeken...» diýenden soň, gyz, gapdalymdaky partada aňyrsyna ýarym-kese öwrülip oturdy. Mugallym sapaga başlady. Öz pikirlerime gümra bolup, men ony diňlämokdym. Birden meniň kelläme çaknyşykda çep elimiň tirseginiň gyzyň göwsüne degenligi ýadyma düşdi. Sag elim bilen tirsegimi elläp gördüm, gaty süňk, agyrdan bolmaly. Elbetde bu ýagdaý gyzy namysa goýandyr. Galtaşma atanlykda, göz açyp ýumasy salymda bolup geçse-de, mende üýtgeşik, düşnüksiz we ýakymly bir duýgy galdyrdy. Burnum ýatdan çykdy. Gyzy gapdalyndan synladym. Ol käte gaharjaňrak bolsa-da, alçak gyzdy. Ýüregindäki dilindedi. Salamy bilmeýän gyzlaryň hilinden däldi. Her gün ilki görende «Salam!» diýip, ýuwaşja seslenip baş atardy. «Indi salamdan kesilsem gerek» diýip, men gynandym. Gyzyň öýkesini ýazmak üçin burnuma ýene-de urdurmaga-da kaýyldym. Ol gyzyň bolup oturşyna meniň haýpym gelip başlady. Men kowalaşan iki oglana seretdim we pikirlendim. Bular men gelmezimden öň dilleşip şeýle gödek oýny gurnan bolmaly. Men gyzda günä ýok, günä şol iki oglanda, diýen netijä geldim. Şeýle-de, «gyzyň ynjamagyna men sebäpkär, men ondan ötünç soramaly» diýip, oýlandym. Klasda mugallymyň barlygyny, bütin klasy unudyp ýerimden tarsa turdum. Gyza tarap öwrülip: «Klasdaş, bagyşla, men seniň yzymdan gelýändigiňi göremokdym-a, men bilkastlaýyn etmedim-ä, men günäkär. Meni bagyşla!» diýdim (Men oňa: «Beýle perişan halda oturma, ýüregim gyýylýar, açylsana, ýylgyraý-da» diýesim geldi, ýöne dilimi dişledim). Gyz beýle sözlere garaşanokdy. Ol bir gobsunjak ýaly etdi-de ýene-de şol oturyşyna galyberdi. Özelenip, dalda isleýän ýaly, naýynjar halda gyza bakyp durşuma ýuwaş-ýuwaşdan özümi ele alyp, aklyma gelip töweregime göz aýlasam, bütin klasyň gözi mende. Mugallym doňan ýaly, ýuman agzyny açman, maňa seredip dur. Beýle batyrlyk edip bilşime özüm hem haýran galdym. Tolgunjymdan aljyrajak ýaly etsem-de, özümi ýitirmän ýuwaşlyk bilen ýerimde oturdym. Hiç kimden ses çykanok. Aňymda öz sesim klasda ýaňlanyp duran ýaly. Hemme göz: «Bu nätdigi boldy?» diýen ýaly geňirgenmek bilen garaýardy. Mugallymymyz sözüni nirede soňlany ýadyna düşmedimi-nämemi, gelip, azajyk egilip, stoluň üstündäki gaty açyk «konspektiniň» sahypasyny agdaryp, okamaga durdy. Meniň sapagy diňleýşimiň ugry bolmady. Sapak gutardy, arakesme üçin jaň berildi. Meniň özüme seredýän gözlerden basymrak ara açasym gelýärdi. Men hemmelerden öň ýerimden turup daşaryk çykmak üçin gapa tarap ýöneldim. Wagt geçdi, ýadyrgama ýatyşyp, biz durdyhanlylar: klas bilen öwrenişip, höwrügip-ysnyşyp gitdik. Klasdaşlar bolup, äbede-jüýbe, okap ýörsek-de, bütin okuw ýylynyň dowamynda şol gyz bilen gürleşenim ýadyma düşenok. Biri bilen gürleşip ýolumy ýapyp duran wagtyna gabat gelemde: «Klasdaş goýber, geçeýinle» diýmezdim. Tä özünden bilip, ýol berýänçä, partalaryň arasyndaky ýodajykda penjireden daşaryk ýa-da ýere sereden bolup garaşardym. Altynjy klasda salamlaşyp, gepleşip başladyk. Ýöne onuň barlygy-ýoklugy meniň üçin des-deňdi. Başga gyzlardan onuň üýtgeşikligi ýokdy. Ýedinji klasda-da şeýleräk boldy. Emma sekizinji klas başgaça başlandy. Matematika mugallymyň tagtada ýazan mysalyny göçürip durkam, gapdalymdaky partadan biriniň üýtgeşik enaýy, näzijekden ýuwaşja, çekinjeňlik bilen «Haý, oglan» diýen sesi gulagyma eşidildi. Bu ses meniň ýüregimi jigletdi, inimi jümşüldetdi. Men ol sesiň gaýtalanmagyny isledim. Sebäbi näme üçindir şol ses maňa ýakymly we mähriban bolup göründi. Şeýle-de bolsa, men eşitmediksirän bolup, mysal göçürmämi dowam etdim. Gulagym welin galkana dönüp garaşýardy. Gözlerimiň gapdala garasy gelýärdi. Göwrämiň şol pyşyrda golaýlasy gelýärdi. Boýnumy öwürmän saklanmaga zordan erk edýärdim. Garaşýanym boldy. Pyşyrdy gaýtalandy. Ýöne bu gezek ol süýndüribiräk «Alla-guly-ýew» diýip, pyşyrdyly seslendi. Meniň göwräm öz-özünden oňa tarap öwrüldi. Gyz ruçkaly elini tagta tarap uzadyp, «Ýagty düşüp ýalpyldansoň görnenok, ikinji hatarda näme ýazylypdyr?» diýip, sorady. Men tagta seretdim. Birdenem sen-men ýok, gaty açyk depderimi iki elim bilen tutup oňa uzatdym. Ol göçürip bolansoň, depderimi şol açyklygyna maňa tarap uzadyp, «Sag bol!» diýdi. Şonda gözlerim gözlerine düşdi. Göreçler göreçlere bakdy. Bu biziň şol «uruşdan» soň ilkinji gatnaşygymyzdy. Özem muňa hoş owaz bolup ýaňlanan pyşyrdy sebäp bolupdy. Şondan bolmagy mümkin, häli-häzire çenli zenanlaryň pyşyrdyly sesleri maňa üýtgeşik täsir edýär. Sapagyň soňunda tötänleýin ruçkamy elimden gaçyrdym. Ruçka togalanyp onuň partasyna tarap gitdi. Men bir aýagymy partanyň daşyna çykaryp ruçkamy almaga hyýallandym. Gyz çalasynlyk bilen egilip ruçkany aldy-da, elime-de bermän, şapladyp partanyň üstünde goýanda: «Sagja bol!» diýip, men oňa öz minnetdarlygymy bildirdim. Gyz meniň ýüzüme-de bakmady. Aşak seredip oturşyna ýylgyryp, has-da owadanlandy. Bu ýylgyryş meniň göwnümi galkyndyrdy. Ine, bu biziň hoşniýetli gatnaşygymyzyň başlangyjydy. Hawa, meni şahyr eden şol gyz boldy. Barha ýygjamlaşýan ogryn-ogryn bakyşlar meni şeýle bir ysnyşdyrdy. Hatda ýaşaýşyň many-mazmuny ony görüp durmak hasap ederdim. Sapaklar gutaranda men güýmenen bolup oňa garaşardym. Ol hem güýmenerdi, soňra kitaplaryny ýygnaşdyryp, maňa göz aýlardy-da başyny aşak salyp, sesini çykarman ýöräbererdi. Ol klasdan çykandan soň men hem ýola düşerdim. Her gezek okuw gutaranda gynanyp, ertirki bizi sataşdyrjak güne sabyrsyzlyk bilen garaşardym. Mekdepden çykandan soň onuň yzyndan seretmezdim. Käte bolsa beýleki gyzlara sereden bolardym, ýöne gözlerim olarda kän eglenmezdi. Söýgimi pynhan saklamak üçin şeýderdim, hiç kim bilen syr alyşmazdym. Hatda onuň özüne-de bu barada dil ýarmazdym. Bu ýagdaý meni heläk edýärdi. Bar küýüm-köçäm şol gyzdady. Ejem: «Oglumyzyň häsiýeti göwnüme bolmasa üýtgän ýaly, ol birhili dymma bolupdyr» diýse, Dädem: «Ogluň yşka düşen bolaýmasyn» diýip ejeme degerdi. Dilim dymsa-da, ýüregim şol gyz diýip, atygsaýardy. Men ol gyzyň bütinleý aňymy gurşap alan keşbini şygra geçirip wasp etmäge synanyşýardym. Ynha, şol gyzyň yşgyna düşüp döreden goşgularymdan biri. GELMEDIŇ Garaşdym gelerňe, ýüregim howlap, Näme boldy, neçün bu gün gelmediň? Ýandyrdy yşk meni, tutaşdym lowlap, Näme boldy, näme bu gün gelmediň? Gelmäniňe özge bilmez gynanjy, Eýgilikmi, eý, köňlümiň daýanjy, Ýüregime ünji, böwrüme sanjy, Näme boldy, näme bu gün gelmediň? Ilki maňa bakýaň giç galsaň, käte, Maňa golaý durýaň çykaňda çete, Bu günki «etmişiň» – örteýäň öte, Näme boldy, näme bu gün gelmediň? Jaň boldy, hemmeler daşary çykdy, Göz dikdim, gözlerim ýoluňa bakdy, Başymy salladym, eginlem çökdi, Näme boldy, näme bu gün gelmediň? «Bol, basym aýt!» diýip, goňşyňy darap, Bu yşkym pynhandyr, bilemok sorap, Okuwa gelmäge bilmediň ýarap? Näme boldy, näme bu gün gelmediň? Iliç diýr, ertirim asyra döner, Aladam dag bolup başyma iner, Gözlerim görgüden görende dynar, Näme boldy, näme bu gün gelmediň? Şeýlelik bilen, 8-nji klasy tamamladyk. Men arzuwlarymyň gursakda garramagyndan gorkýardym. Gorkuşym ýaly hem boldy. 8-nji klasy gutaryp, lukmançylyk uçilişesine okuwa gitdim, ony tamamlanymdan soň bolsa, harby gullugynda boldum. Gullukdan gelenimden soň işe başladym. Bir ýyl işlänimden soň, zähmet rugsadynda oba gelenimde meni oda oklan gyzyň toýy gidip duran eken. Meniň kelläme her-hili pikirler geldi. Şonda mähriban gyzyň bagtly boljagyna begensem-de, öz bagtsyzlygyma gynandym. Nätjek-dä, öz-özüme igenip: «Sen şeýle nalajedeýin, bigaýrat, şol gyza öz söýýänligiňi duýduryp hem bilmediň, indi giç» diýip, ýanyp-bişip galyberdim. Ynsan ýüregi garşylykly güýçlere her näçe daýanykly bolsa-da, ajaýyp gözelligiň garşysynda durnukly durup bilmeýär. Şol gözellik ony ýesir alýar, tabyn bolmakdan başga alaç galmaýar. Seni özüne bendi eden güýç ýaşaýşyň maksadyna, ömrüň manysynyň maňyzyna öwrülýär we hakydaňda ömürlik orun tutýar. Her gezek ýatlanyňda sönüşen söýgiň körejek-körejek bolýar. Onuň lowlap tutaşmagyna sähelçe bahana ýeterlik. Ýatlama garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykýar. Özem köplenç meniň asuda-parahat ýagdaýymda bolup geçýär we özüniň ýakymly ýalkymy bilen kalbymy nurlandyrýar. Şol ýatlamalaryň biri – MENIŇ ILKINJI SÖÝGIM... ÝADYMA DÜŞDI Saňa köňül berip, bezäp, özümi, Gezen günlem, bu gün ýadyma düşdi. Şirinlikden ýumulýança gözümi, Süzen günlem, bu gün ýadyma düşdi. Aşyk boldum saýlap gülleň terini, Humaryna serhoş etdim serimi, Çogup çykan ýaşa kirpiklerimi, Ezen günlem, bu gün ýadyma düşdi. Söz siňdirip syýa bilen setire, Sözlemleri sazlaşdyryp hatara, Irdi, goşgy kämillige ýetere, Düzen günlem, bu gün ýadyma düşdi. Diýseň owadandyň, ter gyzyl güldüň, Mähriban gyz bolup aňymda galdyň, Lak atamda, gyzarşyňa uýaldyň, Tezen günlem, bu gün ýadyma düşdi. Başyňy bogdular dolduryp tamy, Meniň ýaly ýanan dünýede bamy?! Ahyry ynjaldym, ýolup tamamy, Üzen günlem, bu gün ýadyma düşdi. Gowşuryp bilmedik hatlarym bar-a, Ýatlap ýörün ýatdan aýdýan «suwara», Habar alabilmen, daş düşdi ara, Dözen günlem, bu gün ýadyma düşdi. Hany, şo mahalky hyjuwly halym? Ýa özüne siňdirdimi aýalym?! Illi diýr, henizem sende hyýalym, Bezem günlem, bu gün ýadyma düşdi. HAT Bu, ýene men... saňa ýüzlenýän! Salam! Ýagdaýlaryň ýagşymy? Görüneňok, näme, gizlenýäň? Gowsy, diňle meniň yşgymy. Tomus pasly öýde ýatamsoň, tok pes bolup, jaý sowadyjy gowy işläp bilmän, içeriň howasynyň dymyk-petişligi sebäpli, gije ýary ýakymsyz halda oýanypdyryn. Turup, daşary çykdym. Daşaryň howasy seleň eken. Öýe giresim gelmedi. Howluda gezmeläp ýörşüme, ukudan açyldym. Dag tarapa seretdim. Dolan aý gijesi bolansoň, dag gerişleri göze görnüp dur. Asmana bakyp, ýyldyzlary synladym. Ýyldyzlaram, daglar hem, maňa syrly bir habar aýtjak bolýan ýaly bolup göründi. Özleri hakda oýa batyrdy. Aýa seredip, onuň owadanlygyna haýran galdym. Aý, seredip synladygyňça barha owadanlanyp, nur çaýyp, özüne maýyl edip çekip alyp barýan ýalydy, lezzet berýärdi. Şeýdip, oturşyma, soňa baka süňňüm tutuş älemdäki hereketi syzyp ugrady. Durkum bilen üznüksiz, bir bütewi baglanşykly sazlaşyk duýdum. Gojaman Zeminde bu duýgular, diýseň terdi, arassady, ýaşaýşyň nyşanydy, ýüregiňde ýakymly, yssy mähir oýarýardy. Munda, tebigata bolan ullakan ymtylyş bardy. Janly bolmak, görmek, duýmak-syzmak, datmak, eşitmek, hoşboýlykdan lezzet almak gör, nähili bagt! Millionlaryň, milliardlaryň içinde «Menjagazy» hem ýaradanlygy üçin, Allatagala müňde bir kerem tagzym, şükür edýän! Şükür hudaýa! Erkimiz hem özümize bagly! Wagtlaýyn bolsa-da, aýtmyşlaryna görä, «Alan galamyz özümiziňki». Alla beýik. Onuň sahawatynyň çägi ýok. Bize Allaň özi ynsap bersin! Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanşyny, Gün ulgamynyň şeýle takyklyk bilen gurulşyny, hereketini, Zemindäki yns-jyns gatnaşyk baglanşyklaryny, howa, suw, ot, tebigy hadysalary, molekula, atomlaryň hereketini, bakteriýadyr, wiruslary, ýaşaýyş işjeňligini, hut, öz bedenimizde bolup geçýän maddalaryň himiki öwrülişiklerini, jisim häsiýetlerini aňyma alyp, ölçerip-dökmä synanyşdym. Kelläme agram saldym. Kellä syganok. Akyl ýetirerden agdyk. Asla mümkinem däl... Adam ömri, ömrüň manysy, durmuş gyzygy, adam gatnaşyklary, bagt, söýgi-gaýgy, kesel, nebs, ynanç, gorky, alkyş-gargyş, tamakinlik-sahylyk, aldaw-hile, dogruçyllyk hakda oýlandym. Bu aňlamalaryň bary kelläme basym gelip geçýärdi, sekuntlara barabardy. Meniň uky ýadyma düşmedi. Stoluň başyna gelip, elime galam aldym. Umumy tebigat, ömür-durmuş barada bir zatlar ýazasym geldi. Şunça, jan edip çemeleşdim, bolmady. Iki sözüň başyny çatyp bilmedim. Zym-zyýat. Aňymda olara hiç-zat galmandyr. Bulaşyklyk, salgym bolup dur. Üstesine kellämde bolgusyz agyry peýda boldy. Elbetde, «Ýokardan» rugsat eden däldir-dä... Miltim üçin Allaň özi günämi ötsün-dä, hern-ä! Birdenem, kellämi tutup, näderim bilmän oturşyma, bir ýerden, «Sen» peýda bolduň. Meni aň almaz, agyr oýlardan halas etdiň. Dünýä barada oýlananymdan, sen hakda oýlanmak maňa ýakymly, ýeňil düşýär, eşret bolup görünýär. Diýmek sen meniň dünýäm! Aňym aýdyňlaşdy, kelläm ýeňledi we aşakdaky goşgular dünýä indi. BOLAR MAŇA Ýyldyzyňa düşdi «gurram», Sen ser salsaň, bolýar maňa. Harytda harjym owarram, Bir sen bolsaň, bolýar maňa. Seýrek gördüm, seniň deýi, Ýerlikli hem, aklyň öýi, Tapyp bilsem, ebeteýi, Bir sen bolsaň, bolýar maňa. Allam bersin owal-başda, Gurşawymdan durma daşda, Döwre laýyk, bu durmuşda, Bir sen bolsaň, bolýar maňa. Ezsem, üzümiň suwy sen, Süýji suwly köl guwy sen, Gatnaşykda, has gowy sen, Bir sen bolsaň, bolýar maňa. Illi aýdar: «Bil, gadyryn!», Sen bolmasaň, men näderin?! Inçe bir, tama ederin, Bir sen bolsaň, bolýar maňa. BAKYP DUR Ýüregiň ümzügi ýanyňa ýarym, Köňül küýsäp, gözüm-gaşym çekip dur. Ýaranyp bilmedim, janyma ýarym, Tisginip-tirsildäp ýürek böküp dur. Eýgerip-eýlänim, özüme geňdir, Eý görüp, peýlänim, gözüme deňdir, Ykbaldan nalamok, nesip edendir, Bu başyma, çal dumanlar çöküp dur. Kalbyma ýaýlandyr, näzu-kereşmäň, Dyzansam, per bermez, zynjyr irişmäň, Ugruňa çyn çykdym, indi garaşman, Görk-görmegiň iki gözüm çokup dur. Nireden we nädip, döredi derdim? Arzuwlarym aýlap, umyda berdim, Bilmedim, men sende nämäni gördüm, Görmesem, göwrämi ýere sokup dur. Gül keşbiňi görýän aýa bakamda, Ýazylyp ýaýnaýan, seýle çykamda, Senden täsirlenýän, bolsa çakymda. Iýenim-içenim ine ýokup dur. Her saparda ala bilmen awumy, Badyhowa barýan, basýaň howumy, Ýa-da meniň sözlemänim gowumy? Ýüregime gözleň çawuş çakyp dur. Ylham gelýär, owal seniň adyňdan, Mähriňe çoý, çoguň eçil oduňdan, Dymyşlykda doýumlyk däl dadymdan, Muhabbetiň dam-dam, kalba akyp dur. Bu ahwal, köpleriň maňzyna batmaz, Batyrlyk etmäge ynsabym çatmaz, Öň yşka düşmedik, başyn agyrtmaz, Aňmaz akyl, «ahlaksyz» at, dakyp dur. Bärde many: müňkür ähli çalam-çaş, Teýkarda sebäbim, sensiň galam gaş, Aňymy alypsyň, sag serim serhoş, Dillenmesem jigerimi ýakyp dur. Gaýtadan köwlendim, gelipdim irden, Köneden tanyşym sataşdy, birden, Ilmämmet, eglenme, basym git, bärden, Ogryn synlap, goşa del göz bakyp dur. ŞOL BAKYŞ Zym-zyýat, ýok bolar alada-gaýgym. Dünýäme nur çaýar gözleriň baksa, Heseri güýçlenip, imriner duýgym, Ýaňadan zabt eder, küýümden çyksa. Jynym jyňkyrşansoň, seni dost saýdym, Kalbym mätäç bolan, ýakynlyk duýdum, Ýaşyrmadym senden, syrymy ýaýdym, Nädeýin, bäs gelip, näzleriň ýaksa. Duş geldim, ýylgyryp aşak bakaňda, Gypynçsyz synladym, gozüm çakynda, Tenime tok ýaýrar, gaşyň kakaňda, Göreçleň çüňk bolup, gözlerim çoksa. Galpylda gaplanýan, golaý geleňde, Ýürek ýerne barýar, bakyp güleňde, Seniň üçinligin birjik, bilemde, Awy awundyrmaz, zährimar soksa. Oýlanyp otursam, «ebedilik» bar, Elmydama dowam, yşkdan güýç alýar, Göwnüm «küýsegini» tapsa ynjalýar, Takat ýok, «gözlänim» özüni buksa. Illi diýr, «Agyrmyş dünýäniň keşgi», «Çydama» zor salýar, «täsirler daşky» Dirilik suwudyr, «gözleriň yşky», Ajaldan gutarar, bela ýoluksa. Aňymda aýlanyp, serime gelip duran setirler meni öz günüme goýmaýardy. Ine şol setirler. DILBERIM Biperwaý göwnüňe, bolsun-da hernä, Syr aňmadym, gül ýüzüňden, dilberim. Şübhämdir, howluksaň sen jogap bermä, Bagtym bagly, şol sözüňden dilberim. Agyr synag maňa, bu geçjek ýolum, Bu ýoldan sowulsam, agralar halym, Deregme özüň dur, saňa sowalym, Jogap agtar, sen özüňden dilberim. Ýazyk ýokdur, mende, «Derdim» sen berdiň, Ygtyýarym aldyň, erkim giderdim, Arada daşrakdan barýanyň gördüm, Göze sürtdüm, yz-tozuňdan dilberim. Meýlim mesgen tutman oturýan, turýan, Aňk boldum özüme, öwelip durýan, Çäresiz, aljyrap, çemine barýan, Derek tapman hiç dözümden dilberim. Illi diýr, «Lak atmak» düşendir paýňa, «Görklimsiň», görmegiň getiräý oýňa, Eger, ynanmasaň, barda, bak aýna, Habar tutsaň, meň gözümden, dilberim. DÖNEÝIN Hesretimsiň, hemram sensiň, her demde, Göz güldürip, ýylgyrşyňa döneýin, Ýegşermedim, aladam ýük gerdende, Uýaljyrap, şol durşuňa döneýin. Näzik gül sen, ýöne bardyr tikeniň, Gaýgymsyň sen, gam labyrym çekenim, Eý görenim, ezizlänim ekeniň, Bir synlaýyn, geç garşyma döneýin. Ötemidir, seni özümki saýşym, Arzuwlanyp al-asmanda gaýyşym, Göwnüm bitdi ýumşa, eden haýyşym, Oturşyňa, tiz turşuňa döneýin. Içim dökýän, geňlemegin, diňlegin, Yşk ummanna özüň atdyň çeňňegiň, Alyň ala meýdanynda ýeňmegiň, Seýkin basyp, şol barşyňa döneýin. Illi diýr, aslynda, aýyp däl söýmek, Seň özüň söýgümi gazandyň, diýmek, Müýnüm ýokdur, kiçelmek däl, beýgelmek, Saňa bakyp, ýalbarşyma döneýin. KÖŇÜL KÜÝSEGI Aýlyk meýilnamasy boýunça her aýda edýän gorag sanjymlaryny geçirmek üçin, şähere gelip, sanepidstansiýa bardym. Bu meniň üçünji gün gatnap ýörşümdi. Maýsa Durdyýewa gabat gelmedim. Uzuk Berdiýewa bolsa: «Men waksina goýberip bilemok» diýýärdi. Edaranyň daşky howlusyna girenimde waksina berilýän otagyň açykdygyny gördüm. Meni görüp, Epid bölüminiň müdiri Güljahan Nurmyradowa: «Illi aga waksina goýber» diýeninden soň, maňa ýüzlendi: «Illi aga waksina alanyňdan soň, Maýsanyň ýanyna baryp, žurnala gol çekersiň, men harby bölüme gitmeli» diýip, çykyp gitdi. Gepiň keltesi meniň şäherlik işim bitdi. Işimiň oňuna bolandygyny Täçgeldi aganyň okan dogasynyň güýji diýip, hasap etdim. Bu şeýle bolupdy. Maşynly obadan çykanymda uly ýolda Täçgeldi aga duran eken. Elini galdyrdy. Durdum, saglyk-amanlyk soraşdy we gapdalymda oturan badyna begenjini beýan etdi: – Hudaýa şükür, kösenmedim. Meni ýola çykaran maşyndan düşenime geçse 2-3 minut geçendir, öňüňden çykandyra şo maşyn – diýdi. Men: – hawa, edil şu wagtjyk çykdy garşymdan – diýip, baş atdym. Gelýärkäk gürrüňdeşlikde onuň soraglaryna jogap berenimde, özümiň zähmet rugsadyndadygymy, ýöne muňa garamazdan, gorag sanjymlaryny hökmany geçirmelidigimi, üç gün bäri şoň ugrunda şähere gatnaýandygymy gürrüň berdim. Ol hem maňa birnäçe tymsal getirip, dini gürrüňlerden aýdyp berdi. Soňundan bolsa: – Ähli halal işler byssymylla bilen başlanmasa ugruna bolýan däldir. Ilmämmet, namaz okap başla, saňa-da bir çen boldy. Namazly, täretli halal bolsaň işiň ugruna bolar, rysgal-döwletiň artar – diýip, gowy maslahatlar berdi. Düşjek bolanda ikimiziň aramyzda şeýleräk gürrüň gitdi: – Täçgeldi aga, arkaýyn otur, özüm barjak gapyňa elinje eltjek. – Ýok, Ilmämmet. Men bir artyk azar bolmaýyn saňa, barjak ýerim daş dälle. Özümem ýöränimi kem göremok. Şu sylaýşyňa-da köp sag bol! Taňry ýalkasyn! Ömrüň uzak bolsun! Bala-çagalaryňa guwanyp gez! Me, şunam al, hiç çekinme, halal hakyňdyr, benziniňe kömek bolar – diýip, garşylyk görkezmegime-de bakman, maňa puly aldyrjak boldy. Men: – Ýok, munyňyz bolanok, Täçgeldi aga. Siziň beren Taňryýalkasynyňyz aňrybaş ýetik. Ýoldaş bolanyňyz üçin, maslahatlaryňyz üçin, öwüt-ündewli tymsallaryňyz üçin, özüňize Taňryýalkasyn. Şeýdip käte-käte gulagymyza kakyp duruň – dýenimden soň, ol puluny goltuk jübüsine saldy. Maşynyň gapysyny açanam bolsa, düşmedi, «Onda Ilmämmet, bir azajyk sabyr et» diýip, doga okap bolandan soň, «Işiňi Alla oňarsyn» diýip, iki elini ýüzüne syldy. Täçgeldi aga düşüp galandan soň, men oýlanyp, içgepletmelerime berildim. Dogry aýdýar, ýaş ýetjek çenine ýetdi-le. Ölümiň daşda dälligi belli. Indi-hä günleň geçişem çaltlaşan ýaly. Hiç zada ýetişip bolanok, üstesine-de, aladalaram artyp barýar. Asla elim boşaşar diýjek gümanyň ýok. Ömrüň beýle çalt geçäýşini... Bisarpa geçen günlere gynanýarsyň. Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn: Dünýäni gyzgyn tutmagyl, Işiň gör bikär ýatmagyl, Magtymguly unutmagyl, Gidejek sen, gidejek sen! Dädemiz 80 ýaşynda dünýeden gaýtdy. Allam oňa rehmet eçilsin. Nämüçindir ol 100 ýaşy arzuw etmändir: Sapar diýr, Allahym, ýatlasam sizi, 90-na ýetirmän ýygnawer bizi, Gözümiz saýgarsyn dag bilen düzi, Näçe ýaşasaň-da azdyr bu dünýä. – diýip gidipdir. Belki-de ol, Magtymgulynyň: ... Magtymguly aýdar garramaň beter, Ýetmişiň, segseniň arasy ýeter, – şu setirlerinden ugur alandyr... Gelp-geçmeli dünýe bi... Jan Allam! Muhammet ymmatynyň içinde bizi-de öz penaňda aman saklap, maksat-myradymyza ýetireweri. Şeýleräk oý-pikirler bilen şähere gelipdim. Işim bitensoň, maşynyma ýangyç guýduryp, ýola düşdüm. Mendäki öňki oý-pikirler zym-zyýat bolup, ýerine başga bir pikir geldi. Görüp gitsem-ä gowy bolardy, ýöne nämäni bahanalasamka? Oýlana-oýlana hiç hili sebäp tapyp bilmedim. «Heý bir uç-gyrakda görünmezmikä» diýip, öwrüm edäge-de şol köçä düşdüm. Meniň ýüregim gürsüldäp, gursagymdan çykaga-da galjaga meňzeýärdi, bütin bedenim galpyldaýardy. Aýak hem ýürek bilen dilleşen ýaly, deň gopýardy. Gazdan aýrylyp, tormoza geçýärdi. Gözlerim hanasyndan böküp çykyp, ony gözlemäge gidiberjek bolýardy. Tizlik näçe pes bolsa-da, ahyry ara açylyp «dartyş güýjüň» täsiri azalyşdy we süňňüme ýeňillik aralaşdy. Uludan demimi aldym. Ýola bolan ünsüm maşynyň tizligine görä artyp başlady. Hudaýa şükür sag-aman öýe geldim. ÝYLLAP IDENIN Habardar edeýin, aýdaýyn bilseň, Gül ömrümi, baý manyly edeniň. Ýaňy oýanamda, aňyma gelseň, Gernip galyşymda berkär, bedenim. Bilsemdim, ölümim öňünden aňyp, Göz öňüme getiremde synanyp, Seni görmez boljagyma gynanyp, Elhenç däldir, ýom-ýok bolup gidenim. Arzuw edip, ýetmejegi şalaryň, Bagtym çüwüp, saňa duşan hallarym, Ýalançyda baky ýaşap galaryn, Seniň ysyň berse, alan her, demim. Didaryňy tümde görýär, garagym, «Sen-sen sen-sen» diýip, urýar ýüregim, Şükür görýäniňe, «galam» ýaragym, Ak kagyza yz galdyryp gidenim. Ilmämmet, ýaşansyň, bardyr bir çeni, Yşk höwesi, ýaş soňunda ekeni, Hiç erke goýbermän, jуlawlap meni, Bilýärmikä, nije ýyllap idenin? IKINJI HAT Ilki bilen, taňry salamyny bereýin. Salam! Jogap alaryn-a öýdemok. Hal-ahwallar ýagşydyr-la her-nä!? Hawa, men seni düýşümde gördüm. Ynanaý, hut huşumdaky ýaly... Bu düýş öňkülerden has üýtgeşik. Şonuň üçin bu gören düýşüm barada ýazmagy makul bildim. Onuň lezzeti, dady juda üýtgeşik, men onuň täsirinden çykyp bilmän otyryn. Çuňňur uka gidip, rahat ýatyp, düýş görmän, ukusyny alyp, oýanan adamyň beýnisiniň gowy dynç alýandygy lukmançylykda bellidir. Men beýnimiň nähili dynç alandygyny aýdyp biljek däl, ýöne ýüregimiň ynjalandygyny welin aýdaýyn. Kalbym rahatlyk tapdy. Heziller etdim. Näme üçinligini anyk bilemok, düýş görüp ýatyrkam, süýji ukydan oýandym. Megerem, ol ýüregiň urşunyň üýtgäp, gan aýlanyşygynyň artyp, kalbymy heýjana salmasyndan bolsa gerek. Düşekde ýatyşyma az wagtlyk oýlanamdan soň, bagtyýar halda ýeňil gopup, ýerimden turup daş çykdym. «Tüýs wagty» diýleni ekeni. Oba horazlarynyň gezekleşip daň atandygyny buşlaýan sesleri şeýle-de, obanyň aňry çetinden üýrýän itiň ýogyn sesi hem eşidilýärdi. Horaz seslerini we itiň üýrmesini hasap etmäniňde dünýe ümsümlikdi. Saba-säherde üýtgeşik ýakym bolup, göwnüňi göterýärdi. Eger-de şu wagt sen ýanymda bolaýsaň, onda men ganat baglap uçardym... Maşgala bolup oýanardan entek irräkdi. «Ýeke özüm ham-hyýal bolup, daşarda sümsünip ýörmäýin-le» diýip, öýe girdim-de, düşege geçip, ýorgany üstüme çekdim. Düýşüň dowamyny göresim geldi. Gözlerimi ýumup, şunça jan edýänem weli uklap bilemok. Gaýta kalbym möwjäp, kelläme heňi bilen setirler gelip başlady. Men aňymda aýdym aýdýardym we diýseň bagtyýardym... Şol pursatda ukydalygyma ýa-da oýalykdadygyma şu wagta çenli düşünip bilemok («Bilmen oýalykda, bilmen düýşümde» diýen aýdymdaky ýaly ýagdaýda). Setirler aňymdan gitmänkä galama ýapyşdym. ÝAGŞA ÝORÝAN Gülüm, seni düýşde görýän, Galpyldaýan, gagşaberýän. Mährim gidip, durup bilmän, Ýüz-gözüňden ogşaberýän. Dalaş gurýas, biz birigip, Posa alýan, diller degip, Ikimiz hem deň düýrügip, Essim agýar, çagşaberýän. Şeýtan işin men nädeýin, Haýsysyn beýan edeýin, Oda gaçan doň-buz deýin, Eräp-akyp, lagşaberýän. Ne ajaýyp gözel görküň, Aňmaz muny, duýmaz her kim, Tarhanyň men, boldum erkin, Gören düýşüm ýagşa ýorýan. Illi aýdar, indi şeýdip, Huşda duşmak nesip edip, Düýşüme dessan döredip, Umyt bilen ýaşaberýän. Her gezek goşgy döredenimden soň, ara biraz wagt salyp, taraşlamajygym bardy emma şu gezek şol edähedimden el çekdim, bu goşgyny kelläme gelşi ýaly üýtgetmän goýdum. Rahatlanyp, gerinjiräp ýatyrdym. Birdenem jaýyň içi ýagtylyp gitdi. Men oý-pikire, hyýala gümra bolup ýatyşyma, aýalymyň turanyny, meniň otagyma girenini çyrany ýakynça aňmandyryn. Ol meniň gözlerimiň açykdygyny görüp, diwarda asylgy duran sagada seredip, maňa ýüzlendi: «Sen ýatyberseňem boljak, çaý-suw içeriňe bir sagatdan gowraga wagtyň bar» diýip, meniň kurtkamy egnine atyp, ýylgyrjaklap, maňa näz bilen bakyp, dygdanaklan bolup, tisginjiräp: «Heý-wiý, sowukdygyny» diýip, çyrany öçürip öýden çykmak bilen boldy. Men onuň yzyndan: «Üşeseň gel gujagyma, ýyladaýyn...» diýip, gygyryp galdym. Aýalymyň maňa dözümsizlik edip, «bimaza bolmasyn» diýip çyrany öçürip gidişine monça boldum. Söýeniňden söýleniň gowudygyna göz ýetirdim. Men özümiň düýş görüp başagaýlap ýörşüme öz ýanymdan utandym. «Ody özüňe bas...» diýleni ýadyma düşdi. «Bu ýaşda, bu başda, men nä işde?» diýip, iňkise gitdim. Beýle oýlanmalarymy özüme zor salyp, bes etdim. Rahatlyk tapanymdan soň, ýene-de gören düýşüm barada oýlanyp başladym. Netije çykaryp belli bir karara geldim. Ýürege emr edip bolmaýar. Meniň yşga düşenim hak, belki, meniň söýgim şeýtanyň ýelgini bolaýmasyn. Aslynda, hakyky çyn söýgi bar bolsa belki şoldur. Bu meniň özüm üçin synag bolaýmasyn. Oýlandym. Gaýybana aşyk bolup, aralykdan söýüp gezibermelimi? Ýok! «Ýatyp galandan, atyp gal» diýenlerini etmeli. Elbetde bu ejizlik ýa-da erksizlik däldir – hakykatdyr. Magtymguly Pyragynyň: «Her ýetene ýarym diýip, Yzynda bimar olmagyl.» – şu aýdanyndan başga ýagdaýdyr. Sebäbi ol «her ýeten» däldir. Ol perişdeleriň saňa eçilen ýeke-täk bagtydyr. Aşyklar ir wagtlar hem bolupdyr ahyry. Bu ýerde hakyky aşyklar barada gürrüň gidýär. Meniňem aşyklygym hak. Utanara zat ýok. Men ony düşen ýagdaýym barada habardar edýän. Ýaş barada aýdanyňda ömür hemme adamda birmeňzeş geçmeýär. Kim däli, kim diwana, kimse aşyk. Her kim özüçe durmuşy saýlaýar, her kim durmuşa özüçe düşünýär. Kysmaty Alla ýazýar. Ýaradana şükür. Adam özüne dost, pikirdeş agtarýar. Ömürlik ýoldaş gözläp janserek bolýar. Giçki söýginiň howply bolýanlygyndan habarym bar. Şonuň üçin ätiýaçlygy elden bermejek bolup kalbyma garşy aň-aklym dört ýyllap göreşdi. Bir zada düýpli düşündim, çyn söýginiň öňünde akyl-paýhasam ejiz gelýän eken. | |
|
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |