00:32 Ýadyma salyp | |
ÝADYMA SALYP
Goşgular
Arakesme wagty mekdebe bardym, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Oglan-gyz ýüzünde ýagty nur gördüm, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Maýdalma deňlerne baramda ýöräp, Gyzlar gülüşýärdi, oglana garap, Oglan dur, söz bilen dostuny gorap, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Biri salam berdi, sowlup ýolumdan, Biri aslyşyp dur, jora golundan, Hiç biri, habarsyz meniň halymdan, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Biri bar, göreji garamyk ýaly, Gözleriniň agy, ak gar mysaly, Nesiplä baglanar, onuň ykbaly, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Biri, gözün süzýär, badam gabakly, Biri, göz güldürýär, bägül dodakly, Müşki-anbar ýa-da, tämiz ys-kokly, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Kömeleklän ýumry, ýaka astynda, Goşa şamar, owsun atýar üstinde, Gözi gezýär, göwni halan dostunda, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Gül beden, simap deý, sandyrap duran, Aşyk dyza çöküp, boýnuny buran, Näz-kereşme bilen gaşyny geren, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. On bäş-on altyda möwç urýar ýaşlyk, Böwrekler böküp dur, göwün giň, hoşluk, Ýaňy bir, murt taban, kemala buşluk, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Joşgun berer, hyjuwyna ýaş güni, Bedeniň birneme artar gyzgyny, Allam duş etmesin, «Päli azgyny», Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Hak aşygy, hakdan bolsun, hak halan, Päk söýgüsin jandan eziz apalan, Ýaýylman berçinläp ýürekde galan, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Alada-azarsyz, tende ýok ynjy, Atada-enede heniz eklenji, Ýol sökseler, ýakyn, dünýäň dört künji, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Biz döwürde, bardy bular ýalysy, Indi, bular bize, bala balasy, Göwnüm diýdi, oýna ýene «Walsy» Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Ýaşym gaýdyp gelse diýmäýin, «Pylan», Saçym görse, agzyn açar, maşgalam, Dogrusy, şol wagtam ýok alan galam, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Ýene, ýaş juwandym, gujur gaýratly, Dag gezerdim münüp eşek, kä atly, Şu bolşumdan has köp, zyýat syratly, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Aw ederdim, dere-depe, dag söküp, Käkilik kowalap, gaýa-daş böküp, Sumbarda kän ýüzüp, kä düýbe çöküp, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Ot ýatyryp, bede towlap, daş döwüp, Oduna giderdim, eşegmi öwüp, Ähli aladamy bir ýana sowup, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Şol gözel jülgede düşenim yşka, Gaýtadan gelsedi, ylaýym-käşkä, Bir arzuwym şudur, ýok mende başga, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Bolsa şol wagtky datly tagamlar, Tenimden aýrylar, dert bolan gamlar, Birin-birin, ýatlap çykýan agşamlar, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Gözüni bir görsem, gara gözlüniň, Sesini eşitsem, şirin sözliniň, Waspyn ýazyp oturmaýyn näzliniň, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. Ilmämmet, haýyrdyr, öwüt ber sözden, Ýaşlar ýetişipdir, gorasyn gözden, Gadyry bilinmän ötüpdir bizden, Küýsetdi ýaşlygym, ýadyma salyp. | |
|
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |