00:27 Söýmüşem | |
SÖÝMÜŞEM
Goşgular
Her Täze ýyl, gyşdan başlar, Gyşyň garyny söýmüşem, Pyntyk ýaranda agaçlar, Ýazyň zoruny söýmüşem. Ýalyn öwser, ýakar oda, Bulutsyz, açyk howada, Jöwzada, hol, Awazada, Tomsuň goruny söýmüşem. Sowap başlanda gijeler, Güýzde göwünler ynjalar, Ýyla hasap – netijeler, Hasyl «baryny» söýmüşem. Wagt geçipdir «ömür» bolup, Giçden aňdym ünjä galyp, Juwan ýaşym ýada salyp, Köňlüň zaryny söýmüşem. Ýetginjekkäm, «ýetip gelip», Käte «gyzyl ütük» bolup, Ýüreklerde orun alyp, Kalplaň törini, söýmüşem. Saýlap-seçip, bilseň söýüp, Käbir, kem-käs, däldir aýyp, «Soňra daýawlanar» diýip, Özüm «horuny» söýmüşem. Döwran sürdüm, alyp paýym, Agraslandym ýyllar saýyn, Adamlary ynjytmaýyn, Namys-arymy söýmüşem. Illi sözle, öz aklyňda, Ýok hem bolsa, bar şekliňde, Şamar saçlar ak göwsüňde, Zülpleň taryny söýmüşem. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |