00:33 Göwnümemikä? | |
GÖWNÜMEMIKÄ
Goşgular
(Aýdym üçin) Gül alyp, garşylap, öňüňden çyksam, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? Hoş söz berip maňa, ýylgyryp baksaň, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? «Ol gün» baryp, oturamda ýanyňda, Hoş ýakansoň, aram tapdy janym-da, Aýlanşyny artdyransoň ganym-da, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? Görjek bolduň, ejap etdiň bakmadyň, Belki, bir söz diýjek bolduň, çakladym, Seň alnyňdan, ýönelige çykmadym, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? Turasym gelmedi, gitmeli boldum, Aýagmyň diýenin, etmeli boldum, Gaýtadan gapyňdan ätmeli boldum, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? Oturan şol jaýyň jaýlardan ýagty, Şo taýdan, şo jaýdan gözleýän bagty, Şo ýüzden, şo gözden alyp kuwwaty, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? Diýip, bilemok men, ýüzüňe garap, Käýarym jaňlaşsak, hal-ahwal sorap, Ýüregimde yşkyň möwç urup, köräp, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? Ýanaşyk ýöresek hökman däl, sözler, Görmese görmesin, bir-birin gözler, Ýaňaklar degişip, görüşse ýüzler, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? Goşaryňdan tutup, özümki saýsam, Eliň aýasyna, aýamy goýsam, Biotok deý, teniň ýylysyn duýsam, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? Ilmämmet, arzuwyň ýürekde besläp, Beýan et, baryny hemaýat isläp, Ynanaý, özümden tapamok toslap, Ýigdeläýjek ýaly, göwnümemikä? | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |