00:37 Arak we serhoşlyk barada / goşgular | |
ARAK WE SERHOŞLYK BARADA
Goşgular
• GETIR BÄRI, GUÝ, GUÝ, GUÝ! Erkim ýokdur durmaga, Zat tapylsa urmaga, Suw meýilli gurbaga, Getir bäri, guý, guý, guý! Köp saklama, al bäri. «Goýdum» diýse ynanma, Goýmaga-da synanma, «Ýoldaş ýok» diýp gynanma, Getir bäri, guý, guý, guý! Garaşdyrma, al, bäri. Ýazdyryp, kä pozduryp, Içmeýäni azdyryp, Gižželäp, hem gyzdyryp, Getir bäri, guý, guý, guý! Wagt ýitirme, al bäri. Aňym aldy, aldandym, Goýmaga hyýallandym, Bişdim, köýdüm, wah, ýandym, Getir bäri, guý, guý, guý! Bol, ölmänkäm al, bäri. Kyrkdan agsa-da ýaşym, Aňy bolmaz, alkaşyň, Çolardy degre-daşym, Getir bäri, guý, guý, guý! Bu bolaýdy, al, bäri. Goýmadady hyýalym, Düýnkiden beter halym, Aglap otyr aýalym, Getir bäri, guý, guý, guý! Dünýe öter, al, bäri. Içdigiňçe saz bolar, Näçe içseň az bolar, Dünýe bahar-ýaz bolar, Getir bäri, guý, guý, guý! Erkek bol how, al bäri. Şunda görýän gözellik, Keýipler bäş, düzellik, Illi aýdar, hezillik, Getir bäri, guý, guý, guý! Bol, uraly, al bäri. DAT EDER «Saglyga» diýp içerler, Şagalaňa bat eder. Tutuk ýüzüň açylar, Özün aldap şat eder. Içýän gramyňa bagly, Hatamtaý sen, Görogly, Aýak tutmaz gundagly, Çaga meňzeş zat eder. Ýürek ýüwrer her ýana, Beýni agar bir ýana, Aşgazan yza jana, Böwrek taýyn ýat eder. Bagyr bozlar bagyrar, Öt öýkeläp agyrar, Içegeler çygyrar, Dalak dagly dat eder. Geliň dostlar içmäliň, Jan, abraýdan geçmäliň, Dykysyny açmalyň, Açsaň seni mat eder. • KÖÝER Içme dostum, datsaň dertdir-azardyr, Hem jan köýer, hem pul köýer, öý köýer. Bagtly durmuş alkaşlardan bizardyr, Akyl köýer, aň-huş köýer, oý köýer. Başda az-kem içseň, käte kä-ýarym, Kelläň gyzdy, boşatdyň jübüň baryn, Artyk içip, erte çekdiň azaryn, Oňşuk köýer, meýlis köýer, toý köýer. Ertir turup, alkaş etmez şüküri, Ýolun gözlär, tapmak üçin çakyry, Karz ýazdyryp, etmez üzmek pikiri, Aýlyk köýer, baýlyk köýer, baý köýer. Her gün entäp, ýöräp geçseň köçeden, Saňa sylag gaçar, uly-kiçiden, Arakhora pelek, ykbal keç eden, Abraý köýer, arzuw köýer, paý köýer. Basyrganyp, gorkup gören düýşüňe, Müýnli borsuň, serhoş eden işiňe, Zeper ýeter, ýatkeşlige – huşuňa, Uky köýer, işdä köýer, çaý köýer. Köp içensiň şagalaňlar şanyna, Saklan indi, meý siňmesin ganyňa, Illi sözlär, haýpyň gelsin janyňa, Ömür köýer, günler köýer, aý köýer. • ON ÝEDI ÝYL Arakhorlyk derdin çekip, Kesellänim on ýedi ýyl, Bar bahana çybyn çakyp, Tesellänim on ýedi ýyl. Gelse myhman ýakyn daşdan, Orta goýlar ilki aşdan, Aýlyk-günlük öň az başdan, Pes alýanym on ýedi ýyl. Duz-tagamdan gadyrlandy, Nirä barsam, hödürlendi, Arak içmäm has gürlendi, Mes bolýanym on ýedi ýyl. Jorap alsam ýuw diýdiler, Gaçamda «gulak» iýdiler, Çagyrdylar «Gyýw» diýdiler, Ses alýanym on ýedi ýyl. Aýlyk alan ýuwmalydyr, Küme salan ýuwmalydyr, Pensä galan ýuwmalydyr, Esellänim on ýedi ýyl. Halk yňanda bu gullukda, Toý-baýramda bol-bollukda, Etresi gün melullukda, Sus bolýanym on ýedi ýyl. Diýrler «Kelle düzedeli», Maýyl bolsaň uzat eli, Duşup ülpet ýygnar puly, Çus bolýanym on ýedi ýyl. Munuň ahyry haçandyr? Ömrüň ýarpysy geçendir, Diňle Illi, indi çendir, Kesellänim on ýedi ýyl. | |
|
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ýar / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ "Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." / Goşgular - 03.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |