14:26 "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy | |
Eý, dildar! Eý, söýgüli söwer ýar! Galany saňa bagly. Göwnüňe geňeş ýöne ýekeje haýyşym, berk belläp goý. Men saňa göwün berdim. «Näden nä bolarka» diýip, alakjap, çekinip duramok. Indi men soňuny saýgaramok. Esasy zat, dörän duýgymyň gursakda ebedilik galmagyna ýol bermedim. Men seniň adyňy-abraýyňy belentde goýýandyryn, hiç ýerde ätiýaçlygy elden beren däldirin, seniň adyň, sen hakdaky pikir duýgylarym meniň içki dünýämden daşyna çykan däldir, enşalla indem çykmaz. Ençe wagtlap kalbym bu duýgylaryň ejirini çekip lezzet-joşgunynda gezendir. Meni eýmendirýän ýekeje zat ol-da bu duýgulary duýdurmaga ýetişmejek ýaly... Ýöne meniň hasratly içki dünýämiň kagyza siňip galjakdygy maňa teselli berýär. MEN SENI GÖRMÄGE GELDIM Oturanmysyň ýeriňde, Men seni görmäge geldim. Ýüz-müň hyýal bar, serimde, Men seni görmäge geldim. Zerur görmek, şu çak maňa, Geçirim et, men akmaga, Hoş ýylgyryp, bir bak maňa, Men seni görmäge geldim. Gözüm elek-çelek eder, Ýalňyz dälsiň, edýän heder, Kowsaň bärden läşim gider, Men seni görmäge geldim. Bir görsedim güler ýüzüň, Gulak zary süýji sözüň, Wah, ýeriňde barmy özüň? Men seni görmäge geldim. Barlygyňy ýürek syzýar, Aýaklarym menden ozýar, Nämedenkä, ýüzüm gyzýar?! Men seni görmäge geldim. Gaş galdyrma girsem bolýar, Bir söz diýme, görsem bolýar, Ýanyňda durasym gelýär, Men seni görmäge geldim. Dolan, Illi, nirä barýaň, Gelejekde näme görýäň, Öňün-soňuny saýgarman, Men seni görmäge geldim. BARDYR Diýsem, size biziň ýaryň, Tükeniksiz näzi bardyr, Güzaply gördüm azaryn, Yşk derdinden közi bardyr. Guwanaýyn boýlaryna, Togap edip öýlerine, Başym gurbandyr baryna, Huşum alan, sazy bardyr. Ysgap-ysgap ýörän ýolun, Her gün görsem şähtli halyn, Sadagasy dünýe malym, Goýny eşret ýazy bardyr. Bu dünýäde myradymdyr, Göwün islän bar zadymdyr, Gadry bilinjek adamdyr, Ýakymly owazy bardyr. Günde görüp didarlaşsam, Bile ýörsem köp dalaşsam, Jennet budur ýagdaýlaşsam, Hüýr-periniň özi bardyr. Kellämde ýok beýle pikir, Allaň işi bolmaň müňkür, Illi aýdar, muňa şükür, Oda salýan näzi bardyr. HALYM HARAP Kürsäp girdim, ýar ýanyna, Söz gatjakdym, halyn sorap. Delalat tapman janyma, Delmurdum men herýan garap. Ýany adamly bolansoň, Soň gelseň däl, bir gelensoň, Ederimi bilmän onsoň, Ýöneldim men gapa tarap. Ser-sepil men, her ýan çapyp, Alyp barýar, Ýer hem hopup, Aý-ýyldyzlar Gökden gopup, Gaýtjak ýaly halym harap. Edýän işim özüm bilmän, Netijesiz, baryp-gelmäm, Agym tutýar, ýokdur gülmäm, Teşne galdym dodak gurap. Illi, indi kes sözüňi, Näm bolsa şol, ýum gözüňi, Şübhesi ýok, men özümi, Bu ýagdaýdan bilmen gorap. SEN BARKAŇ Saňa tarap, ýola düşsem, tolgunýan, Galagop men, seň ýanyňa barýarkam. Öz-özümden heserlenip galkynýan, Sebäp näme, niçik beýle bolýarkam? Doýa bilmän, görküň görýän guwanyp, Hoş ýakmazdan gaýta galýan awunyp, Seni gizlin, özgelerden gabanyp, Başym aşak, oýa batyp, gelýärkäm. Meni oda goýan, ala gözleriň, Saldamlydyr her bir sözlän sözleriň, Bir bada duýmak kyn, edýän näzleriň, Ne sebäpden şondan lezzet alýarkam? Sen meniň şatlygym, aladam, gaýgym, Her niçik sendedir iň eziz duýgym, Sende gördüm, men özüme laýygym, Husny baýlar Ýer ýüzünde bol barkan. Ýakymlysyň, ýalkymymsyň tümlükde, Hoş owazsyň, ker durşuma, güňlükde, Seni aýap, öz ahwalym teňlikde, Daşda durma, seni ýada salýarkam. Akyl-huşum dursa, eger dargaman, Ýalkasaň ýaz, gyşa elter gargamaň, Ilmämmet diýr, görüp ýörsem garraman, Guwanaryn, bu dünýämde sen barkaň. BARYMSYŇ Görk gaçyp, gyzyksyz, garalar dünýäm, Aňymdan sen ýitseň, gözümden gaýyp. Takatym tükener, daralar dünýäm, Azarly, hyk-çoklap, galaryn maýyp. Ogul-gyz guwanjym, Watan buýsanjym, Söýgüli kärimde edýärin sanjym, «Söýenşen ýykylmaz», sensiň daýanjym, Men bagtyýar munda seni dost saýyp. Il-günüm, dost-dogan göwnümi açar, Göwnüm tümde galsa, ýagtylyk saçar, Ýene sensiz Aý-Gün depämden gaçar, Ýyldyzym ýylgyraý mähriňi çaýyp. Hyýalym bisarpa, umydym çenden, Ysgynymyň taby suw içer senden, Gözlem soraglaýar gelip-gidenden, Tamam puja çyksa, laýyk lagşaýyp. Seniň barlygyňdyr, bagtyň maýasy, Seniň barlygyňda, Jennet saýasy, Impulsdyr, tenime eliň aýasy, Mejala galdyrar, ýykylsam taýyp. Göwün gönençligi «Bagu-Eremde», Ine, şeýle bolýar, Hudaý berende, Ilmämmet, gözelleň görkün göreňde. Ýamana ýanaşma, ýagşyňy ýaýyp. AÝTMALY BOLDUM Ugruna bolmady, gaşyňa barmam, Bagrymy ezipler, gaýtmaly boldum. Garşyňda, golaýdan gül ýüzüň görmän, Umydym üzüpler, gaýtmaly boldum. Nädeýin, çekindim ýakmaz sözlerden, Teýene, gybatdan, görip gözlerden, Ýogsa gaýduwsyzdym, heder bizlerden, Özüme dözüpler, gaýtmaly boldum. Netijesiz boldy bu baryp-gelmäm, Teňdir halym sensiz, kyndyr düzelmäm, Barşymdy gapyňdan, ýoklugyň bilmän, Başgaça çözüpler, gaýtmaly boldum. Ýol boýy, ýatladym görüşim keşbiň, Azajyk ynjalyk, ganmady çeşmim, Ykbal bagtym bu gün sen beýle keçmiň? Kösençli gezipler, gaýtmaly boldum. Güwänama bolar, oýa batanym, Aljyrap, adyňy ýalňyş tutanym, Sagbollaşyp zordan habar gatanym, Sebäbin syzyplar, gaýtmaly boldum. «Illi, sen, üýtgäpsiň», diýrler «büs-bütin», Dert bolsa, dowasy bardyr, ahbetin, Bir sözde beýany bolman söhbetim, Setirler düzüpler, aýtmaly boldum. GÖZLENE-GÖZLENE Tapylgysyz bir ýitgim bar, Ilden gözlene-gözlene, Oda atma, erkana ýar, Menden gizlene-gizlene. Bar arzuwym, saňa ýetsem, Ýalbaraýyn diýen etseň, Demim barka aýdyp ötsem, Dilden sözlene-sözlene. Söýlen dälsiň, heniz beýle, Ýör, çykaýly bile seýle, Men garyba rehim eýle, Takat tizlene-tizlene. «Dat», okum sowa atmagym, Umytdyr saňa ýetmegim, Käýäp, içiň sowatmagyn, Şerden duzlana-duzlana. Demiň ysgap, lebiň sorsam, Eşretimi sende görsem, Göni barsam, gujak gerseň, Keýpiň, sazlana-sazlana. Mahsus däldir her akylla, Magşuk aşykdan bukulýa, Eremeseň «Berekella», Doňuň çözlene-çözlene. Yşk adama hemra bolar, Yşka tabyn guş-gumrular, Bu ýüke boýun omrular, Zordan dyzlana-dyzlana. Boşmy bu gün, näme kärde, Aladaňy taşla törde, Garaşýanym bilip bärde, Gelgin näzlene-näzlene. Gör, gözlerim gözýaş döküp, Gör, ýüregim urýar böküp, Illi, ýara dyza çöküp, Ýalbar, özlene-özlene. SETlRLER Niýet, ýazmak däldir, seniň üçindir, Sebäp sensiň, döremegne setirleň, Gysylyp alnandyr, manysy giňdir, Üsti hyjuw, yhlas bilen ýetirlen. Bu setirler, söz aýtmakdyr bilene, Jogabym ber, kaýyl başa gelene, Şeýlekin hem, golaý geldim ölüme, Hasap etmän, sensiz ömri ötürlen. Tahyryň men, Mahyma taý gelersiň, Bakyşyňda meniň janym alarsyň, Meger, özüň perizatdan bolarsyň, Hüýr-melekden, sensiň nusga getirlen. Sorag salyp aňjak bolýaň «Sypjyk men», Gaçgaklama müň bahana tapjak men, Aladamdyr, öz aýbymy ýapjak men, Ahwalat şu, ýeri däldir «Batyrlaň». Hut, özüňsiň, özgelerden gözleme, «Garaýşyňy», gel, sen menden gizleme, «Ýerçeken» diý, hemle bilen sözleme, Ilmämmet men, seni söýüp hatyrlan. ÝAR GÖRÜNDI Oslamandym bu ýerlerde, Gözüme ol ýar göründi, Hemaýat bar, är-pirlerde, Gözüme şol ýar göründi. Gözläp, göre bilmän ýörşüm, Özi geldi, meniň görşüm, Tüm gijede ýanan deý şem, Ol, lebi bal ýar göründi, Synlamadym durup, bakyp, Aňym gördi gözüm bukup, Göze ilip, ýürek ýakyp, Halym elhal, ýar göründi. Geçip gaýtdym, durjakdandym, Ýöräp, golaý barjakdandym, Bagtym synap, görjekdendim, Hut, şu mahal, ýar göründi. Küýüm-köçäm şonda galdy, Bar işim, bir ýanda galdy, Alasarmyk halda boldy, Ýowuz ahwal, ýar göründi. Ýetenimde barjak jaýma, Niýet näme, gelmez oýma, Illi, özüň aşyk saýma, Hany tijen, ýar göründi. MEŇZEŞ Seniň barlygyňdyr, ýaşadýan meni, Yşkyňda aglasam, gülene meňzeş. Aslynda aňlasam, munda ekeni, Durmuşyň gyzygyn bilene meňzeş. Derde duçar boldum, derman özüme, Gözleýän gözlerden, bak sen, gözüme, Diýjek zadym bezeg berip sözüme, Saýratdyň, şahyryň diline meňzeş. Arada göremde keýipsiz halyň, Ýüregim sanjylap gaçdy mejalym, Dirilikde bolşum nedir ykbalym? Ezraýyl janymy alana meňzeş. Sensiz bilýän, maňa gyzyk ýok munda, Manysyz, gezmeklik ýagty jahanda, Bezenip-beslenip, öýden çykaňda, Sen meniň ömrümiň gülüne meňzeş. Sen bolmasaň gaçar tagamyň dady, Panyda köýdürer dowzahyň ody, Seniň barlygyňda, bagtyň şaýady, Jenneti ýadyma salana meňzeş. Ykbalyma nirden geldiň bagtyma, Täç geýdirjek, gel, mün, köňül tagtyma, Illi sözle, hiç rahat ýok wagtyňa, Yşkyň ýeli çyndan çalana meňzeş. MEN SENI SÖÝÝÄN Garşyňdaky jaýyň üçegne çykyp, Gygyrasym gelýär, «Men seni söýýän!», Gyrasyna gelip, kerpijin ýykyp, Zowladasym gelýär: «Men seni söýýän!». «Adamlar eşidiň, men Aşyk», diýip, «Gören däldir, Mežnun meniňçe söýüp», Senem diňle, dilber, galmankam köýüp, Gygyrasym gelýär: «Men seni söýýän!». Ber, perman, oklaýyn üçekden özüm, Tä, ýere ýetýänçäm ýummaryn gözüm, Jana kast etmek däl, subudy sözüň, Seni gowy görýän: «Men seni söýýän!». «Owf...» çekip otyryn, ederim bilmän, Haýsy ugra, nirä giderim bilmän, Surnukdym, melulyň «Gözüňe ilmän», Bagyrasym gelýär: «Men seni söýýän!». Illi diýr, ezizim gynama jany, Agzyňdan jogabyň eşitdir hany, Hassaň halys munda tapman lukmany, Çagyrasym gelýär: «Men seni söýýän!». SEN DIÝIP Belli bir, maksatda urýar ýüregim, «Diňe sen, diňe sen, diňe sen!» diýip. Ýaşaýan jan edip, bilseň, «Geregim», «Diňe sen, diňe sen, diňe sen!» diýip. Dileýän ertiri «Güneş» batanda, Umytda uklaýan agşam ýatamda, Düýşümmi ýa huşum, daňym atanda, «Diňe sen, diňe sen, diňe sen!» diýip. Şol «Bagtly ertir» bolarka, haçan? Bu syr, ikimize bolar, aç-açan, «Ýylp» edip, aňymda gözüm nur saçan, «Diňe sen, diňe sen, diňe sen!» diýip. Näumyt bolmakdan, gowy garaşmak, Elbet, bu alada iňkisi goşmak, Arzuwda hezillik, hem ýeňil joşmak, «Diňe sen, diňe sen, diňe sen!» diýip. Gündiz gümra bolup, iş-güýç, mal-gara, Güýmenje tapylýar, ünsüň sowara, Sähelçe dynçlykda galýan azara, «Diňe sen, diňe sen, diňe sen!» diýip. Ýarylsyn-la, «Çyban» durmasyn dömüp, Dillenäý-dä, indi, köseme, dymyp, Ogşaýyn garaşsaň gözüňi ýumup, «Diňe sen, diňe sen, diňe sen!» diýip. Illi diýr, bolşuma özümem haýran, Ençe ýyl, lal açan, dillerim saýran, Şu çak, içki dünýäm durşuna weýran, «Diňe sen, diňe sen, diňe sen!» diýip. GABANMAKDANMY Ünsli garanyňda inim düýrügýär, Şol, gara gözlerden eýmenmekdenmi? Ýaýylan gaşlaryň birden, birigýär, Hysyrdyly işe güýmenmekdenmi? Belki, men özümi hetden aşyrdym, Dolup dyňzaýançam, senden ýaşyrdym, Dünýe owarrasy başym çaşyrdym, Müň hyýala münüp, küýlenmekdenmi? Islegimdir, yşkym duýup goldaryň, Gadry gymmat, eý, söýgüli dildarym, Ökünçli oýlanýan, käte-käýarym, Saňa duşman, irräk öýlenmekdenmi? Garaşýanym, boýnum gola dolaryň, Ýüzünden-gözünden posa alarym, Gün geldikçe artýan aladalarym, Gybat bolup, howup abanmakdanmy? Ýylgyrsaň ýaz geler, gyş sowa geçer, Ýüzüň nury dünýä şuglasyn saçar, Gam basan göwnümi ýylgyrşyň açar, Hesret çekmeklikden sabanmakdanmy? Ilmämmet, oturma, ýara bar, hany, Sen darygyp, gapyşdyrma jahany, Görüp durkam ýara «golaý durany», Ýürekde howsala gabanmakdanmy? GÖREÇ EGLENDI-EGLENDI Gama batsam, garyp günüm, Ýürek elendi-elendi. «Bir mydardyr», bar diýenim, Göwnüm dilendi-dilendi. Dözüm etmen, men özüme, Gözýaşym, hünji düzüme, Synlap baksam, ýar gözüne, Dide, dillendi-dillendi. Aşyk boldum, ar bolmady, Herne etsem, kär bolmady, Synamda karar galmady, Nalam, diňlendi-diňlendi. Öňden eýýäm güman etmän, Boljak bolsun, sözüm aýtman, Gönügemsoň yza gaýtman, Ikuç deňlendi-deňlendi. Aňk bolarlar, aýdyp durkam, Ne şerti bolsa taýýarkam, Men içime sygmaýarkam, Heňňam heňlendi-heňlendi. Hergiz ýardan düşme aýra, Saýra, saýrak dilim saýra, Çemen bogsak, çyksak baýra, Güller, belendi-belendi. Diýsem: «Dilber, düşün maňa», Musallatmy, ýa men saňa? Kirpik gatman, ýetýän daňa, Gabak ýellendi-ýellendi. Gözüňde yşkyň heseri, Ýüzüňde gözüm güzeri, Hal atmaly, öpüş ýeri, Bir çak, bellendi-bellendi. Birden, bagtym yş berende, Näderdim, ýokuş görende? Bir dem, rowaçlyk dörände, Kalbym, hiňlendi-hiňlendi. Illi aýdar, intizarym, Indi aňansyň azarym, Maňa bakanda nazaryň, Göreç eglendi-eglendi. BOLANY GOWY Tapylar, guwanjak görküňe gülüm, Şol gözleriň bizden bolany gowy. Soňa sabrym ýokdur, goý bolsun telim, Didarlaşmak, tizden bolany gowy. Haraý isläp, gül ýüzüňe garanym, Derman bolup, şirin jana ýaranym, Bir gulak goý meniň köňül aramym, Ýalkawlaryň ýazdan bolany gowy. Sen bilen ikiçäk duşuşyp bir gün, Gezmeläsim gelýär, howada sergin, Ýoknasyz bir sözde ynjytmawergin, Medet-şypaň sözden bolany gowy. Gunt düşen deý ýükli, galgamaz gopmaz, Kanagat tapanlar, nebsine çapmaz, Bihepbe-bikärler, bereket tapmaz, Rehnetiniň yzdan bolany gowy. Köp külpetler gelip-geçdi bu başa, Hatam bolsa, hasap bardyr ýalňyşa, Bahar, tomsum ötdi, galdyrma gyşa, Wysalymyň güýzden bolany gowy. Lälezar, gül görki, gözüňe gaplap, Ilmämmet gezmediň özüňi taplap, Ýaýnatmady, ýaýdandyrdy ýaýaplap, Ýüregimiň buzdan bolany gowy. HALYŇDAN HABAR ALAÝYN Mährem gara göz maralym, Halyňdan habar alaýyn. Tutdurmazak, tez maralym, Halyňdan habar alaýyn. Sen sag bolsaň, men hem, sag men, Başy duman, beýik dag men, Nähili halda, şu çag sen, Halyňdan habar alaýyn. Sözleşsekdik, bile gezip, Sen näz etseň, gözüň süzüp, Öz janymdan tama üzüp, Halyňdan habar alaýyn. Arman galar, galsam ýatyp, Hiçden giji, galjak atyp, Uly alada, gama batyp, Halyňdan habar alaýyn. Agyz dolmaz, köpürjikden, Elim öter, gapyrjakdan, Tutan ýerim goparjakdan, Halyňdan habar alaýyn. Adamky bir, göwündir-de, Seljerşim bar, haýa-şerde, Nepim degmezmi, bir ýerde, Halyňdan habar alaýyn. Ol gün gördüm, hoşlaw halda, Göwnüm diýdi: «Ynjal, galda», Mysapyr men, bir pes pälde, Halyňdan habar alaýyn. Gülsüň, owaz bardyr atda, Gülseň şadyň galar ýatda, Aşyk ýürek ýanar otda, Halyňdan habar alaýyn. Illi aýdar, islänimsiň, Garyp göwne beslänimsiň, Belki menden höweslänsiň, Halyňdan, habar alaýyn. SAÝMA MENI ÝAT DILBER Seniň waspyň sözläýin, beýan ýazyp hat dilber, Hüýr-melege meňzeýäň, özüň perizat dilber, Aşyk bolşum azapdyr, öýtmegin aňsat dilber, «Dat-dat» diýip bagyrýan, sese berip bat dilber, Sen dadyma ýetmeseň bolaryn berbat dilber, Dünýäň gyzygy gaçar, gözüm görmez zat dilber, Içimde ýalyn lowlar, agzym üflär ot dilber. Ilki görüp, şo bada bolupdyryn men aşyk, Kalbym töri garaňky, senden almasa yşyk, Ýeňles ýelpär ýelginiň, golaý geçýäň ýanaşyk, Hyýal edýän her sapar, puja çykýar synaşyk, Ýüregimde höwes bar, hyjuw-hyýal garyşyk, Ömrüm ötüp barýandyr, sagat, gün, aý ýaryşyp, Seniň barlygyň gowy, göwnüm meniň şat dilber. Synlap ýörün kesäňden, syratyň saz oýnuny, Guwanjyma öwrüldiň, indi, bilip goý muny, Maňa jennet küýsetmez, rowa görseň goýnuňy, Gelseň, her gün görüşsek, boş geçirmän aý-güni, Diller dile degensoň, dodak açmaz aýbyny, Göwniňde güman goýma, bir degişme saý muny, Oýun ýadyma düşmez, nalyşym perýat dilber. Bakjak göni gözüňe, elim goýup egniňe, Bir ýüzüne syraýyn, degjek degsin degmine, Ýosgam, syrym saralyp, düwün düşjek çigmine, Dyza çökdüm, boýun men, başym aşak egmine, Derek tapsaň özümden, sal ýumrugyň sygmyna, Bagymda bar ýetişen, bir çak gelen ýygmyna, «Heý, bir pula geçmenmi?» al, äkitde sat dilber. Men ugruňda perwana, seni sulhum alypdyr, Bir enaýy mähremsiň, ýüzüň-gözüň gülüp dur, Ah urmagym her demde, seni ýada salyp dur, Oňuşygym oňaýsyz, menden göwnüň galypdyr, Illi aýdar, terligim hazan ýeli çalypdyr, Eşidäýseň habarym, diýäýseler, «ölüpdir», Köňül-küýüňde gaýsam, saýma meni ýat dilber. UNDUP BILEMOK Sen ýadyma düşüp, göresim gelýär, Men seni ýatlaýan, undup bilemok. Syçyrap, ýerimden turasym gelýär, Men seni ýatlaýan, undup bilemok. Men seni ýatlaýan, güneş doganda, Men seni ýatlaýan ýagyş ýaganda, Ýetişiksiz işler başdan aganda, Men seni ýatlaýan, undup bilemok. Sen ýadyma düşýäň, tämiz säherde, Sen ýadyma düşýäň gezsem şäherde, Tomusda, hem güýzde, gyşda, baharda, Men seni ýatlaýan, undup bilemok. Göz öňüme gelýär, oturşyň seniň, Göz öňümde galan, şol barşyň seniň, Tükenmez, göz öňne getirşim meniň, Men seni ýatlaýan, undup bilemok. Bilemok, men nädip, aňyma alýan? Nireden, sen nädip, alnyma gelyäň? Men ýöne, ýeke-täk bir zady bilýän, Men seni ýatlaýan, undup bilemok. Men seni küýseýän, ýüregim sende, Syzlap dur duýgylam, duranok çende, Iňrikden öň, günüň erni eňende, Men seni ýatlaýan, undup bilemeok. Bendi men, beýtmäwer erkime goýber, Tamam tala daňjak, bir habar iber, Ýa, ýylgyrda diýäý «Şeýdip söýüber», Men seni ýatlaýan, undup bilemok. Illi, derdiň bilmez, lukman hem alym, Nähak gana galma, rehm eýle zalym! Rowa görmediň sen, lebleriň balyn, Men seni ýatlaýan, undup bilemok. SÖÝMEDIŇMI ÝAR Azaryňa däl ýaly-la dilberim, «Saňa aşyk boldum» diýmedimmi ýar? Diýe-diýe ýara boldy dillerim, Ýa ýeterlik gamyn iýmedimmi ýar? Gül ysyň getirip, ýeller öwsende, Duýgular oýanýar bahar möwsümde, Owsun atyp duran galbaň göwsüňde, Gözlerim eglendi, duýmadyňmy ýar? Oý-pikirde ýokdur, günüň bularym, Şeýle hem, edýänsiň alada baryn, Howaýy zat bolup, bary bularyň, Pisintde yşkyma uýmadyňmy ýar? Adyňa şek ýetmez, aýaryn gorap, Bilniksiz, birinden bilmezler sorap, Ýakymlym, ýalkymyň gözüme ýarap, Mertebeläp, sarpa goýmadymmy ýar? Ugrukdym, galkynyp, hyruç bat alyp, Mejalym daýandy, sen kuwwat bolup, Gül ýüzüň göremden, galdym aňalyp, Gözleriňde mähre güýmediňmi ýar? Bilmedim, belki-de sen menden bizar, Erk özümde bolsa, bermezdim azar, Birden, öýkeleme, öýkäň kim ýazar? Ugruňda urunup köýmedimmi ýar? Illi diýr, «Eý mährem», gül ýüzüň görjek, Kalbyňda ornaşyp duýgyňy dörjek, Şu mahal geläý sen, janymy berjek, Ýa, seni söýşimi, söýmediňmi ýar? ÝARA SATAŞA-SATAŞA Bilbildim men gülden galdym, Zara sataşa-sataşa. Saýat Nowa. Bäh, burnumdan geldi buran, Ýara sataşa-sataşa. Örtenşme men-ä haýran, Lowlap, tutaşa-tutaşa. «Näderkä» diýip, biziňki? Ahwalymyň agdy eňki, Gara köýük ýüzüm reňki, Ýandy ataşa-ataşa. Bu bolşumy bile bilmen, Rahat ýaýnap güle bilmen, Seni görmä gele bilmen, Derdim ötüşe-ötüşe. Soňa goýma, ölüp barýan, Dermanymy sende görýän, Intizar, saňa ýalbarýan, Mydar ýatyşa-ýatyşa. Eý, söýgüli medetkärim, Nalaç halda, men bikärem, Halas eýle, halasgärim, Dada ýetişe-ýetişe. Ne ses berýäň, ne görünýäň, Boşap galdy, ruhy dünýäm, Gojalygym hol, görünýän, Günüm batyşa-batyşa. Diýe bilmen diýjek sözüm, Dillenäý-dä, indi özüň, Ilmämmet diýr: «Gyýmaz, gözüm», Salgym gatyşa-gatyşa. JEMLEME Elimiň boşaşan wagty, hemişe bolşy ýaly, bu günem, uzak wagtlap täsirinden çykyp bilmän ýören, içki dünýämde dörän duýgularymy setirlere siňdirip, ýazyp boldum edip, birlaý gözden geçirip okap çykdym. Süňňüm ýeňledi. Kalbym aram tapyp, ynjaldym. Öz-özümden hoşal boldum. Penjireden daşarda özbaşlaryna oýna güýmenip ýören çagalara seredip oturşyma, bir wagytky özüme berlen sorag ýadyma düşdi. Onuň göze ýakymly owadan gül keşbi göz öňümde janlandy. Agyr oýa batdym. Diýip goýberen bolsam näderdikä?! Kim üçin ýazdyň? Näme üçin? Onuň jogapsyz galan soragyny öz-özüme berip, çynlakaý oýlanyp jogap agtardym. Ep-esli oturypdyryn. Halypa Kerim şahyryň setirlerini ýatladym: Ýagşyny wasp etmek şahyra adat, Diňe bir adat däl, hökmanlardandyr. Gözeller içinde gördüm bir apat, Ýok apatam oňa gurbanlardandyr! Mejbury zat ýok. Ýöne, arassa, päkize, tämiz gözelligiň kalbyma joş berşini başardygymça wasp edip, ýaýmak meniň diýseň hoşuma gelýär. Edil bir hoş owazly, şirin mukamly sazy, sazy-sözi ýerine düşen manyly gowy aýdymy diňlämde lezzet alşym ýaly. Hut, çagalyk döwrümde, tomsuň jöwzaly yssy howasynda Sumbaryň salkyn suwuna özümi oklap, gykowlap çümüp-çykyp, heziller edip ýüzüşim ýaly heýjanlandyrýar. Şeýle gözelligi synlamda 15-17 ýaşlarymda şineläp göýdügip galan inçeden näzik duýgularym ýaz aýlary ýagan ýagyşdan soň, görklenen güller ýaly gül açýar, görk saçýar. Ruhum tämizlenýär – terlenýär. Görýän eşretimiň hözirini söz bilen doly manyda beýan etmek mümkin däl. Beýle, «heýjanlygy» her kimiň özi, özüçe duýýar. Şirin duýgularyň dady bar munda. Kalby gozgalaňa salgyç bady bar munda. Bu gözel dünýämiziň görki, eşreti jemlenen onda. Guwandyrýan, begendirýän buýsançly gözelligiň işi bu. Bu iş-aladaly dünýede şeýle höwesli goltgy her kime-de nesip etsin! Arada däliziň ugrunda «oňa» gabat geldim. Keýpi çag ýagdaýda salamlaşyp geçip gitdi. Meni äpberip, ýüregimi äkitdi. Göýä bir, jansyz jeset bolup galdym. Men ýazman, kim ýazsyn?! Özüm-özümi köşeşdirmesem başga hiç kim düşünmez meniň halyma, bu ýaşdan soň... Ol meniň Armanym! ORNUŇY TUTMAZ Ýüregim küýseýär, mähriban birin, Laýyk sensiň, özge ornuňy tutmaz. Duýgudaşlyk üçin aýtsam täsirin, Saýhallap saýgarma akylym çatmaz. Sen bilen adam men, gönezlik sensiň, Hemaýat hantama mejbur edensiň, Rowagt ýok ýetmäge ozup gidensiň, Ýykylyp galmagym, maňzyňa batmaz. Ýüzüň sowup, sowuk baksaň näderin, Sözleşmeseň näme alaç ederin, Kalbym duýmaz buýsanç-begenç hödürin, Tümlükde ýaşaryn, gün dogup, batmaz. Sen maňa hemdem bol sala salaýyn, Guwanyp, gujagma dolap alaýyn, Ynamdaryň pynhan syrdaş bolaýyn, Dost tutun, dost seni hergiz ynjytmaz. Çäresin tapaly çözgüdin gözläp, Ýol açaly oý-çukuryn tekizläp, Özümizi aýap il günden gizläp, Iller biziň üçin başyn agyrtmaz. Ýakyn durup, höwrügeýin ruhuňa, Köňül içre soltanyma şahyma, Illi diýr, gulak goý meniň ahyma, Bagtymy ýatyrsaň hiç kim oýatmaz. MENIŇ Göwün gönençligim göresim gelýär, Sen jebri-jepaly, janmaýam meniň. Yşkyma hasabat beresim gelýär, Syr saklan wepaly hemsaýam meniň. Saňa meýlim, şunça ýyllyk umytda, Bir paýa ýetenim, galmandyr ýatda, Beýdip ýakyp ýörme, dowzah deý otda, Rahady ybaly, şo taýam meniň. «Ýör» diýsediň, yzyň bilen gitsedim, Garaň görüp, basym baryp ýetsedim, Alla meniň wysal etse, maksadym, Hiç utanç ýok ýaly, bu haýam meniň. Illi aýdar, irikgäkäm irmedim, Güler ýüzüň, gül bakjasyn tirmedim, Öz-özümden, göwnüm galyp ýörmeden, Däl, durmuş sapaly, bu aýan meniň. GAL ONSOŇ Nepes diýer, hak eşitse sözümni, Käbä sary tutsam iki gözümni. Mollanepes. Aý nuryny saçan eý, güler ýüzli, Ýüregimde arman bolup galansyň, Mylakatly özüň, mähre baý gözli, Jigerimde, derman bolup galansyň. Howsalaly halym, hemaýat berdiň, Dünýäde, barlygyň ýeňletdi derdim, Esewandym, ätiýaç hem ederdim, Ömre emir, perman bolup galansyň. Görüp gelsem, özüm duýdum ganymat, Görmän gaýtsam, içim ýanyp, lowlar ot, Diýäýmedim: «Halas edäý, zaluwat», (Bir wagt, diýmelidim, köp geldiň gabat), Sen hem ünsüň bermän bolup galansyň. Munça, azap etdim, akla aýladym, Baryn bir ýan zyňyp, seni saýladym, «Pikir» derýasyna batyp boýladym, Duýup, diliň ýarman bolup galansyň. Aýap, saklap bolmaz beýle, bu haly, Bir gün, gaýyp gider, bolmadyk ýaly, Illi sözlär, ynjytmazdan ahwaly, Ýokuş görmän, aňyp, bilip gal, onsoň... ÝAR ÝAŇAGY Garşy ýöräp, zarym gelýär, Gyzyl alma – al ýaňagy, Ýylgyrşyna ýüzi gülýär, Enaýy «çukur» eňegi. Ýörseň ýarym bile gezim, Näçe baksam doýmaz gözüm, Sataşaňda çytsaň ýüzüň, Jepadyr ýşkyň synagy. Gülümsiň sen anbar saçan, Laçynymsyň asman uçan, Gülüp baksaň heran-haçan, Ereder ol, buz-doňagy. Aşyk baryn oda atýaň, Barmy heý bir saňa ýetýän? Ýakyp ýörsüň, näme utýaň?, Bir men däl, köp men ýalagy. Otdan alsaň suwa salýaň, Kamatyňa haýran galýan! Taý tapmadym, bäsdeş bolýan, Synladym, million sanagy. Gözüňden heder ederin, Bakaýsaň eräp giderin, Hiç bakmasaň men näderin, Gözýaşym doldyr çanagy. Men nädeýin, erkim aldyň, Mežnun etdiň, telbe boldum, Diýr, Ilmämmet oda galdym, Güwäsi bu saçym agy. MEN SAŇA AŞYK BOLUP Özümi oda atdym, men saňa aşyk bolup, Hesretde gama batdym, men saňa aşyk bolup, Söz saýladym, lak atdym, men saňa aşyk bolup, Dünýäň işin unutdym, men saňa aşyk bolup, Biderek, bikär ýatdym, men saňa aşyk bolup. Gözleriň janym aldy, gülüp kakaňda gaşyň, Bu halyma sebäpdir, şol gezekki ýylgyrşyň, Serim serhoş eýlediň, parh etmedi bu ýaşym, Ýaňzydyp ýazandyryn, az-uz däldir ýalbarşym, Janymy yşka satdym, men saňa aşyk bolup. Höwes etdim höwrügip, ysnyşmagy seň bilen, Göwnüň gülläp açylyp, ses goşmagy meň bilen, Düýşümi ýagşa ýordum, oýanamda daň bilen, Aşyk bolana adat, bu nä beýle ýoň bolan?!, Dury kelläm agyrtdym, men saňa aşyk bolup. Her baramda ýanyňa, seniň ol eýwanyňa, Oturdykça usurgap, aram tapdym janyma, Arzymy beýan etsem, aşyklygmyň şanyna, Näzeniniň özüne, gözelleň soltanyna, Bagtymy girýan etdim, men saňa aşyk bolup. «Agzyndan ot sowurýar», diýme, «Bolşy parahat», Harasatym içimde, daşky görnüşim rahat, «Gutulyş» ýok günsaýy, «Gaçybatalga» gahat, Ýalynsyz ýakma meni, eliň bilen oda at, Ol oduň dagyn datdym, men saňa aşyk bolup. Direnip diýjek-le wah, hiç gelenok ýüzümden, Ätiýajym bar meniň, heder edýän sözüňden, Bilýän, günä ýok sende, bary meniň özümden, Aýbymdyr bu bagyşla, salma meni gözüňden, Bar-ýogum garyp-gatdym, men saňa aşyk bolup. Sen gowusy geziber, bilmedik bolup ýene, Syr bolup galsyn bize, paş bolmasyn il-güne, Gypynçsyz garaşaryn, gerek bolsa müň sene, «Hoş habar» gelse bolar, baran wagty bir çene, Ugruňda näler çapdym, men saňa aşyk bolup. Diýr Ilmämmet, diýleni: «Giç hem ýagşy hijinden», Oňşaryn, öwrenşerin, öýkelemen öjüňden, Ýalka, ýazda ýaýnaýyn, salma gyşy bijinden, Ýerden ümzügim üzüp, sypsam dartyş güýjinden, Diýmen: «çäresin tapdym», men saňa aşyk bolup. • SOŇLAMA Kerim şahyryň: «Ýagşyny wasp etmek, şahyra adat» diýen setirlerinden ugur alyp, şu dessany ýazmakda maksadym, meni özüne bendi eden näzenine guwanç duýgymy, buýsanjymy, oňa bolan yşgymy ebedileşdirmekdir. Ol häzirki wagtda, biziň aramyzda gül bolup, göze görnüp, ýakymyny artdyryp, ýalkymyny ýaýyp ýaşap ýör. «Göwher kül içinde hem bellidir» diýişleri ýaly, ol meniň aladadan doly, bulaşyk aňymda orun tapyp, parlak ýyldyza öwrüldi. Allam oňa uzak ömür bersin! Ýüzi ýamanlyk görmesin! Hiç-haçan harlanmasyn! Men ony, doly öwüşgin berip, wasp ederden ejiz gelýän. Aýdyp goýar ýaly däl. Söz ýok. Tüýs bir, tüweleme, göz degmesin! Onuň adyny doly tutmakdan weli, saklandym. Çarhy pelek şol bir bolşunda aýlanyp dur, aýlanyp dur. Diňe, döwür üýtgeýär. Heňňamynyň weli, şol bolşy – garramaýar. Bize çenli gör, näçe müň million jan gelip geçendir. Wagt geler, biz üçinem, bu dünýäniň ýagtylygy öçer. Döwür bizdenem geçer. «Käşki adam bu dünýäge gelmese, Gelenden soň ömür sürse – ölmese»,... Magtymguly Pyragy näme sebäbe görä, beýle diýdi-kä? Şahyr bu dünýädäki pyssy-pujurlyklary, bet işleri halaman diýen bolsa gerek. Beýik Ussat, bu ýalançy dünýäde günä gazanan adamlaryň o dünýäde çekjek Ahyret azabyndan gorkup diýdimikä? Biziň günümiz nähili bolarka? Oho... men näderkäm??? «Kim biler ki, ahyretde neýlärler, İýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy» hem, diýipdir ol... Bu dünýä ýaşanyňa, görüp gidenimize degýän dünýä. Gudraty güýçlim, umydym uludyr. Özüň musulman bendesine, içinde bize-de rehm edip, ýalkap rehmet eçilewer jan, Allam! Her bir ömrüň manysy onuň ýaşaýşynda eden işlerine bagly. Şoňa görä, şo baha bagly hem tanaljakdandyrys. Munda kimsäň bagty çüwüp, rowaçlyk tapýar, kimiňki bolsa, peýwagta galýar. Goý, her kime mydama Allaň özi ýaran bolup, akyl-huşdan aýyrmasyn. Hak işlerini ýaradanyň, özi oňlasyn! Aslynda biziň ýagty jahana gelmegimiziň sebäbi näme? Adam bolup ýaşamakda maksat näme? Käbir adamlaryň kelle döwip, oýlanmaga, pikir öwürmäge ýaltanmaklary hem mümkin. Ýöne, bu zerurlyk. Adam hökmünde esasy bilinmeli zat. Şonuň üçin, biz özümizi ölçerip-döküp, akylly-başly pikirlenip, oýlanmaga mejbur etmelidiris. Biz bolşuna görä geldi-geçer ýaşamaly däldiris. Adammy? Oýlan! Munuň üçin, öňden synag-tejribeli, bähbit araman, akylly-başly çözüp, netije çykaryp bilmegi başaran adyl bolmalydyrys. Delile duwlanmaly däldiris. Alla bize erk beripdir, ýaşaýşyň dowamynda nämä ymtylmaly, nämäni maksat tutunmaly? Adam özüne halal lebzi, ygrarlylygy, halal rysky, haýyr işleri baýdak edinse, mertebesi beýik bolup, hormat sarpasy artýar. Muny başaryp bilen adamlaryň atlary ýerde ýatmasa gerek, ruhlary bilen deň gopup, arşa göterilse gerek. Ruhlary Ýerden gözläp, oýlanyp ýören wagtymda ösümlik-agaçlar çür başlary bilen ýagşy ruhlaň giden ugurlaryny görkezip durşudyklaryny aňyma aýan etdiler. Tebigat gat-gat kitap. Ony okap başarmak gerek. Maddy baýlyk – baýlyk hökmünde hiç zat. Esasy agyrlyk ruhy baýlykda. Kösenip, kemsinmezlik üçin adama maddy baýlyk hem ýerbe-ýer gerekdir. Köp mümkinçilikler, amala aşmalar hudaý halasa, maddy baýlykdan iýmitlenip, boý alyp ösýändir. Esasy sütün, maddy baýlygyň halal haýyr-sahawatly, hüşür-zekatly bolmagyndadyr. Ýokdan bar edeni üçin, beren rysgal-döwletine şükür kylyp, Allatagala gullyk etmelidiris. Biz Allaň bendesi – gulydyrys. Işleýän maşyna (robota) meňzäp galmazlygymyz üçin, Alla biziň ruhumyza kalbymyzy birikdirip ýaradypdyr. Biz käte, kalbymyza hem gulak asmalydyrys. Ýöne, munda çende-çakda saklanmalydyrys. Şundan ugur almalydyrys. Hemme zatda çenimizi bilmelidiris. Hatda aşa söýgimiz hem bizi däli-mejnuna öwrüp biler. Köp keýpi-sapalyk arakhorlyga, narkomanlyga öwrüler. Şonuň üçin kalbyň küýsegini juda eserdeň saýhallap, seljerip, derňäp akyl eleginden geçirmelidiris. Sebäbi bizi ýaradan wagty, Allatagala biziň ruhumyza akyl aňymyzy goşup, tene salypdyr. Bu dessandaky yşk hakykatdyr – ýalan ýokdur. Aşyk bolşumy Alla tarapyn hasap etdim. Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz. Alladan bidin hiçbir hereket amala aşmaz. Belki, bu-da bir, Allanyň maňa salan synagydyr… Meniň welin, yşk ýodasyny howp bardyr öýtmän, şol syryp gelşim. Ýa, men ýalňyşýarmykam? Şeýtanyň piriminden gylaw alýarmykam? Bir, Allanyň özi bilýär. Men kalbymy açyp görkezdim. Bukup, gizläp goýmadym. Ýalan perdä duwlanmak islemedim. Her görenimde, meni oda berýän näzenine – gara göz, güler ýüze, mähribana bolan yşk-yhlasymy görkezdim. Pynhan syrymy – hyjuwly höwesimi, arzuw hyýallarymy aýan etdim. Içimi sowatdym. Ýa, ýaradan jan Alla, ýagşy işlerimi rowaç eýle! Ýaman işlerden özüň gorawer meni! Ýeke-täk Penam. Ynanjym. Özüň maňa şypa ber! WASPYN DIÝMÄGE Sabaşdy setirler, saýhallap sözler, Zynat söz tapylmaz, waspyn diýmäge, Gözümdäki umyt, uçgunlar közler, Sönüşendir, kalbym rahat goýmaga. Bir wagytky, odukdyran mährem göz, Ýatlasam, ýalňyz men, oňa ýokdur söz, Ilki söýgim, nirde bolsaň, rahat gez, Hakym bolmaz, seni hemra saýmaga. Ýar goýnuňda ýatsam, aýly gijeler, Meniň kalbym diňe şonda ynjalar, Argyn göwrä kuwwat geler, tijener, Ahlak böwet, höwesimi ýaýmaga. Amanada söýdi, amanat janym, Duýanlaň gybaty, gyzdyrar ganym, Artdyrsam özüme, müňkürleň sanyn, Müýnlüler milt eder, duşman saýmaga. Bir ýakyn gamhory, ýüregme besläp, Men ony küýseýän, her gün, höwesläp, Ýogsa üşäp-gagşap, barýaryn pesläp, Galpyldaýan, möhlet azdyr, buýmaga. Göwnüm irmän diýýär, bar gör, habarlaş, Baryp görüp gaýtjak, arman ara daş, Men ýaryň elinden, bolaýyn serhoş, Meý uzatsa, pyýala bar, guýmaga. Göz öňümden geçdi, tanyş köp gözel, Olary taryplap, ýazmandym gazal, Ot beren özüdir yşkyma ozal, Kereşmesi mejbur etdi, uýmaga. Ol gün baranymda alanda garşy, Gelin edebinde, sülmüräp durşy, Gözlerinde gördüm ümsiz çagyrşy, Mähre mährim eňdi ýary söýmäge. Mylaýym sözleşdi diýseň hoş boldum, Ruha terlik geldi, göwni joş boldum, Ýaňadan on ýedi ýaşyma geldim, Pel-pelledim al-asmanda gaýmaga. Özüne çekip dur, görki-görmegi, Arzuw edip, gaýtdym, ýene görmegi, Gözüme uzansa, iki barmagy, «Saklan» diýmen, hyýal etse oýmaga. Boýdan-baş bolşuna, özüne gurban, Ýylgyryp gülşüne, näzine gurban, Şondan bäri hassa, özüm oňarman, Erkim eýikmedi, sypyp taýmaga. Örteýip-köýdüren, «Ilkinji söýgi», «Soňky söýgi» ondan, has öte duýgy, Magşuklar içinde beýginden-beýgi, Arzuwym, ykbalda bolsa taý maňa. Onsuz oňup bilmen, gozüm ýetridim, Kalby beýle hala, özüm getirdim, Başym çaşyp, kelep ujun ýitirdim, Delalat isleýän, gorap aýmaga. Meni özüň öldürmeseň bolanok, Her gezip ýöreni, sulhum alanok, Baş çykarmak indi, maňa galanok, Özi çözüp, zyňsyn, meni köýmäge. Bu bir, alamatdyr, geň bir düýş gördüm, Düýşe ynanmazdym, ýüregmi berdim, Ak guşduryn öýtdüm, gozgandy derdim, Asgyn geldim, dözüp, azar duýmaga. Ynsan kysmatyny, täleýden görýän, Synamy synlamda, sököle ýorýan, Heniz, menzil barka, gojalyp barýan, Girişdim, о dünýäň gamyn iýmäge. Ömür boýy şöhrat-şana çapmadym, Küýli bolup galdym, ykrar tapmadym, Yşkyň bijesine «Alçy» gopmadym, Sadagaňa yrza, başym goýmaga. Ilmämmet, ömrüňdir ýazan eseriň, Bolmady köp zada akyl keseriň, Howlukma perişdäm, köpdir heserim, Puryja ber, ýar mährinden doýmaga. Eý, galabany gabra gapgaran, gahba pelek, garry dünýä. Sen Adam atamdan başlap, gör, nije eziz janlary pida eýlediň – ýok etdiň. Menem we menden soňkularam sylap goýasyň ýok... Nazarlap gelýänsiň, bir gün naýzaňy ýüregimden urup, ganymy döküp, jansyz jesede öwürersiň. Hemmeleri şeýdersiň, tä, ahyrzamana çenli. Bilen bir Alladyr. Gelmeklige-gitmeklige bize erk berilmändir. Eý, ýalançy dünýä, seniň maddy baýlyklaryň – lagly-merjen, altyn-kümşüň, meniň üçin hiç zat. Ol baýlyklar edil, aglak çagany güýmemek üçin öňüne oklanan oýnawaç-gurjaklara çalymdaş bir zat. Eger-de, şol baýlyklar ýöne üstüme dökülüp duran ýagdaýynda-da, olary haýyr işlere sarp edip, mätäçlere paýlap, harçlamakdan lezzet alardym. Eý, loly dünýä, men seniň owandanlygyňa aşyk. Meniň munda, söýüp-söýlesim gelip dur. Söýdürmejek bolsaň, söýülmesem, sendäki bir-birinden datly tagamlaryň, iýgi-içgileriň derkar däl maňa. Öňde bir akyldaryň aýdyşy ýaly: «Iýmek üçin ýaşamaly däl-de, ýaşamak üçin iýmeli». Meniň düşünşime görä, söýgi ýaşaýşyň güli. Miwe gülden döreýär. Söýmedik ömür miwesiz. Söýgi daýanç. Söýgi çäksiz güýç. Söýüp-söýlüp, halap, ömürlik ýanýoldaş saýladym. Razy, müň kerem şükür! Şondan aýyrmasyn. Dowamatym ikimiziň söýgimizden döräp dowam edýär, dowamat bolar, Enşalla! Ýöne, şonda-da, ruhy dünýämiziň gabat gelmesinde bir kemlik galana meňzeýär. Ruhum kämillik isleýär. Ýürek kybap, kämil bir mähir küýseýär. Goý, ol gaýybana bolsun, ýöne meni kanagatlandyrsyn. Sebäbi menem adam. Bagt üçin göreşmelidigini bilýän. Bagta ymtylyp, dyrjaşyp jan edýän göreşimde, onuň bu owadan dünýämde barlygy ruhy goldaw berýär. Men onuň adyndan lezzet alýaryn. Bu duýgyny fiziki we beden islegleriňi gandyrmak diýip düşünmeli däldir, eserde käbir «aňry geçmeler» bolandyr ýöne bu ýagdaý aşyklara mahsusdyr. Şunlukda, sözümiň ahyrynda ýene-de oňa ýüzlenmegi makul bildim. REHMIŇ INMEZMI Boýnum burup barsam halys ejizläp, Dyzyma çök düşsem, rehmiň inmezmi? Merdem dursam, senden gözýaşym gizläp, Dilimden dür seçsem, rehmiň inmezmi? Gahar edip, gyýa bakma, ölerin, Ölsem-de görmäge, gaýdyp gelerin, Ahyr, haçan ýürek syryň bilerin? Mal-dünýämden geçsem, rehmiň inmezmi? Oňňut etmen, sensiz halym teň meniň, Bu dünýämde bar mydarym sen meniň, Bir sözüňe köp garaşdym men seniň, Küştüm berseň, göçsem rehmiň inmezmi? Bir özüme, agyr indi, kyn ýaly, Bile bolup, bagtymyzy synaýly, Diýme dilber: «Bu söwdaňdan dynaýly», Kalbyň gulpun açsam, rehmiň inmezmi? Ilmämmet, bar, ýaryň ýüzüne garap, Diý, «Düzgün halymy eýlediň harap», Ysgyn-mydarym ýok bilmerin ýöräp, Bagrym bilen süýşsem, rehmiň inmezmi? Soňy. 21.03.2022. Ilmämmet ALLAGULYÝEW. | |
|
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |