22:04 Ata Gelenow kim? | |
ATA GELENOW KIM?
Edebi makalalar
A.Kekilow, R.Rejebow, K.Jumaýew ýoldaşlar tarapyndan "Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi hem ösüşi" atly kitabyň 25-nji sahypasynda şeýle setirler bar. "1928-nji ýylda Amandurdy Alamyşowyň, Ata Gelenowyň, Şaly Kekilowyň, Agahan Durdyýewiň we başga birnäçeleriň goşgy we hekaýalary respublikan metbugatynda ýygy-ýygydan peýda bolýardy". Özleriniň döredijilik ýoluny ýigriminji ýyllardan başlan A.Alamyşowyň, Ş.Kekilowyň, A.Durdyýewiň atly hemmä mälim. Emma Ata Gelenowyň kimligi welin, bize mälim däl. Eger 1927-30-njy ýyllar aralygyndaky respublikan gazet-žurnallaryň sahypalaryna ser salsaň, şahyr Ata Gelenowyň adyna ýygy-ýygydan duş gelersiňiz. Onujň ownukly-irili goşgulary "Türkmenistan" (häzirki "Sowet Türkmenistany") we "Ýaş kommunist", "Daýhan" gazetlerinde çap edilipdir. Ata Gelenow 1901-nji ýylda Gökdepe raýonynyň üçünji Gökdepe obasynyň Isbirden (häzir bu ýerde Telman adyndaky kolhoz ýerleşýär) diýen ýerinde garyp daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Ata ilki köne mekdepde, soňra obadaky täze sowet mekdebinde okaýar. Ol başlangyç mekdebi gutarýar. ýaş ýigit munuň bilen çäklenmän, 1920-nji ýylda Aşgabada gaýdýar. Ata bada okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik tapmaýar Şu sebäpli obadan gelen ýaş oglan işçilik kärine baş goşmaly bolýar. Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllaryndan Ata Gelenowyň Aşgabatdaky Mehaniki zawodda işlemegi onuň rus işçileri bilen ýakyn gatnaşykda bolmagyna getirýär. Mälim bolşy ýaly, bu döwürde Türkmenistanda ýer-suw reformasy başlanýar. Bu uly başlangyjy amala aşyrmakda Ata Gelenow işeňňir çykyş edýär. "Ata Gelenow Gökdepedir Aşgabat raýonlarynyň ençeme obalarynda ýer-suw reformasyny amala aşyrmaga gatnaşdy. Ol bu işi geçirende Sowet häkimiýetiniň kada-kanunlaryna daýanýardy, baýlaryň öňünde reformanyň düzgün-talabyny berk goýýardy. Mahlasy, olara oňat düşündirýärdi. düşünmediksirän bolup, artyk ýerlerini bermejek bolýanlara bolsa, taap edijilik bilen daraşýardy" diýip, Türkmen döwlet uniwersitetiniň starşiý mugallymy, şahyry ýakyndan tanaýan Hojaberdi Hanow ýatlaýar. Ýigriminji ýyllaryň ikinji ýarymyndan Ata Gelenowyň goşgulary respublikan metbugatda çap edilip başlanýar. Bu bolsa ýaş şahyryň döredijilik ylhamyny joşdurýar. ol gazet bilen has ýakynlaşmagy, ýagny redaksiýalaryň birine işe geçmegi ýüregine düwýär. A.Gelenow 1927-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda "Türkmenistan" gazetiniň redaktory G.Hüseýinowyň adyna işe kabul etmegini sorap arza ýazýar. (Häzir ol arza Türkmenistan merkezi döwlet arhiwiniň golýazmalar fondunyň 406-njy bukjasyndaky A.Gelenowyň şahsy işinde saklanýar). Ýaş şahyryň gazetiň redaksiýasynda işlemek üçin beren arzasy kanagatlandyrylýar. Şeýlelikde, ýaş şahyr Ata Gelenow 1927-nji ýylda "Türkmenistan" gazetine işe geçmek bilen, döredijilik işine has-da ymykly ýapyşýar. Türkmen sowet edebiýatynyň tematikasy şol ýyllardan has giňäp başlaýar. Ýaşlary okuwa, aň-bilime çagyrmak, aýal-gyzlaryň azatlygy ugrunda göreş alyp barmak, täze, sosialistik döwleti wasp etmek, Gyzyl Goşunyň hatarlaryny pugtalandyrmaklyga çagyryp durmak ýigriminji ýyllaryň ikinji ýarymyndaky türkmen sowet poeziýasynyň tematikasynyň esasy meseleleridi. Şu meselelere Mollamurt, G.Burunow, B.Kerbabaýew, Ý.Nasyrly, A.Alamyşow ýaly şahyrlar bilen bir hatarda Ata Gelenow hem öz döredijiligini bagyş edipdir. Ýigriminji ýyllaryň poeziýasynda üstünden gülünýän tip orta çykarylýar. Şahyr kinaýaly sözler bilen onuň öz dilinden özüni masgaralaýar. Bu şol döwrüň poeziýasyna edebi stil bolup girýär. Muňa A.Gelenowyň ýer-suw reformasyna bagyşlap ýazan "Hukuksyzaryň dilinden" atly goşgusy hem mysal bolup biler. Jemagat şurasyn garyplar düzdi, Saýlawlardan biziň tamamyz üzdi, Ýoksullar birleşip, pyçaksyz ýüzdi, Bireýýäm işimiz görülen eken. Goşgynyň boýdan-başa hukuksyzlaryň dilinden beýan edilmegi onuň emosional häsiýetini güýçlendiripdir. bu bolsa goşgudaky beýan edilýän pikire okyjynyň aýdyň düşünmekligine eltýär. Geljege umytly garaýan ýaş şahyr süýji arzuwlar bilen ýaşapdyr. Ol sosializmiň doly üstün çykjakdygyna berk ynanypdyr. Ony gurujylaryň agzybirlikde öňe batly gadam uruşlaryny wasp edipdir. Işçiler, daýhanlar bir dogan bolup, Aýal-gyzlaryny okuwa berip, Bilim-medeniýetden geregin alyp, Sosializm ýolun açyşyp barýar. A.Gelenowyň goşgusyndaky öňe sürülýän meseleler, ozal aýdyşymyz ýaly, şol döwrüň möhüm temasydy. Ýaş şahyryň eserleriniň diline we çeperçiligine şol döwrüň gözi bilen baha berseň, ýigriminji ýyllaryň şahyrlarynyň hiç biriniňkiden pes däl. "Türkmenistan" gazetiniň 1930-njy ýylyň 4-nji awgustyndaky sanynda "Ýaş şahyrlardan sorag" atly goşgy çykýar. Şol goşguda Ata Nyýazow, Aman Kekilow, Ýakup Nasyrly, Garaja Burunow, Berdi Kerbabaýew daga birnäçe meseleler boýunça sorag bilen ýüzlenilýär. Şol goşguda ýaş şahyrlar A.Alamyşowdyr A.gelenoa hem şeýle diýilýär: Ýaş şahyrmyz Alamyşow Jogap ýazgyn rehim bilen. Ata Gelen, jogap ber!? Durman garap wehim bilen. Görşümiz ýaly, bu mysallar ýaş şahyr Ata Gelenowyň ýigriminji ýyllarda öňdebaryjy şahyrlaryň hatarynda durandygyna şaýatlyk edýär. A.Gelenowyň birnäçe goşgulary okuw kitaplarynda we žurnallarda çap edilipdir. Onuň "Hukuksyzlaryň dilinden" atly goşgusy professor A.P.Poseluýewskiniň 1929-njy ýylda çykan "türkmen dilini öwrenmek üçin gollanma" diýen rusça kitabynyň 244-nji sahypasynda berlipdir. 1938-nji ýylda çykan "Türkmenistan" atly edebi almanahda Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkenistanyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri çap edilýär. B.kerbabaýewiň, A.Durdyýewiň eserleri bilen bir hatarda, şol almanahda Ata Gelenowyň hem 1928-nji ýylda ýazan "Barýar" diýen goşgusy berlipdir. Ata Gelenow hakda TSSR-iň halk ýazyjysy, alym şahyr Aman Kekilow şeýle gürrüň berýär. "Ata Gelenow öz döwründe talantly ýaş şahyrlaryň biridi. Ol metbugatda örän köp çykyş ederdi Onuň ýazýan her bir goşgusy okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanardy. Ata neresseden tamamyz uludy, emma ömri gysga eken". Dogrudanam, Ata Gelenowyň geljegi uludy. Ýöne 1933-nji ýylyň güýzünde gelen biwagt ajal ýaş şahyryň ömür tanapyny üzdi. Ýaş şahyr Ata Gelenow edebiýat meýdanynda aýagy ýaňy ýer tutup ugranda aradan çykdy. Ol edebiýat bilen bary-ýogy 5-6 ýyl meşgullandy. Şeýle-de bolsa, ol şo wagtyň içinde öz döwrüniň şahyrydygyny tanatmaga ýetişdi. Sözümiziň ahyrynda, ýaş şahyr Ata Gelenowyň döredijiligi geljekde edebiýaty öwreniji alymlarymyz tarapyndan öwreniläýse diýen pikirimiziňem bardygyny aýtmakçy. Hojageldi KÖRHANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 10.02.1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |