22:00 Gudrat / intermediýa | |
GUDRAT
Satiriki hekaýalar
- Doktor han, oňat iş ýeriñde baram ekeniñ. Gyzgynym galyp, gözüm garañkyrap dur. Ýagdaýymy barlap beräýmeseñ-ä... - Elim degenok... - Weý, boş dursuñ-a. Eýlesi-beýlesi bir minitda barlardyñ-da. - Boş duran bolsamam, "elim degen-nokk"!.. - Gaýrat et, doktor jan! Senden em isläp geldim. Eliñi degräýsene?.. - Äl-aýt, inim, düşnüksiz bolnoý ekeniñ-aý. Ynha, iki elimem jübimde. Elimiñ hiç zada degmeýänini görüp dursuñ-a. - Bä, aýdylýan zatlar çyn eken-ow... Wiý, doktor jan indi düşündim. Häzir men señ jübiñe elimi salyp çykararyn welin, eliñ deger duruberer. Ine, saldym. Elleñ bir zatlara degip gitdimi özi? - Äh-ä... Degýä...Degýä... Degdi! - Degen bolsa onda iki eliñem jübiñden çykaraý. - Bor... Bor... Ine, çykardym. Bäý, bolnoý elimi degirmäge ökde ekeniñ-aý. Zora zor diýmeli. Sende bir göze görünmeýän bir uly gudrat-a bar. - Wah, doktor jan, meñ ýaly garamaýakda gudrat näme işlesin? Gudrat ýañky eliñe degen zatlarda. - Bolýa, bolýa. Beýdip wagt ýitirip durmaly. Häzir elim degip durka seni bir gowuja barlaýyn hem däri-derman bereýin. Hany, ýör, iş otagym baraly. Hojageldi KÖRHANOW. "Watan" gazeti, 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |