12:13 Tapmaçalar | |
TAPMAÇALAR
Çagalar edebiýaty
Janly sagat ol, Daňdan gygyrýar. Onuň sesine, Hemmeler turýar. Ulaglaň bary, Olar hem örýär. Kim işden gelýär, Kim işe barýar. Aýak üstünde, Her adam, garaz. — Ir bilen turuň! Diýip dur... * * * Parahatlyk guşy ol, Köňülleriň hoşy ol. Al-asmanyň bezegi, Uçup edýär gezimi. Aýlanýar ol köp ýeri. Ady onuň... * * * Güýz aýlarynda, Kemsiz ýetişýän. Iýen adama, Lezzetim joşýan. Tagamym derman, Müň derde emdir. Şerbedim içen, Keýpi çag — güldür. Göwräm ýumak dek, Içim köz ýaly. Gözel Sumbaryň, Men gyzyl... * * * Obadan uzak, Meýdanda gezýär. Çölüň içinde, Çar ýanda gezýär. Guýrugy uzyn, Dikgi gulagy. Ol haýwanjygyň, Mekir ýüregi. Mekirjäň adyn, Bilýänsiň, belki. Ýa aýdaýynmy, Aýtsam, ol... * * * Desterhanlaryň Bezegidirin. Her bir adamyň Geregidirin. Käseläp iýseň, Iýseň dilimläp. Dürli dertlere, Diýseň emim köp. Gaýnadyp bilseň, Sökem bolýan men. Sereňsoň gurap, Kakam bolýan men. Hyzmat etseň sen, Bilip tabymy. Men bol hasylly, Türkmen... * * * Dagyň daşyny, Ýaryp çykýar ol. Onsoň hol aşak, Tarap akýar ol. Tomus bolsa-da, Ol sowuk örän. Derman hem bolup, Içene ýaran. Hezil edýärsiň, Bolaýsaň teşne. Ol dag gudraty, Ady-da... * * * Ýazda ekilýän, Tomusda bişýän. Ulalyp ala Keşbe ulaşýan. Ýaraňda, içim Köz ýaly gyzyl. Iýen adama Berýärin hezil. Tagamym süýji, Şekere deňdir. Toşabym hem meň Melhemdir, emdir. Çigdim gaýnadyp, Daşarda sergin. Guransoň alyp, Çigitläbergin. Dostlar, adymy, Bilýäňizmi siz? Ýa aýdaýynmy, Aýtsam, men ... Hojageldi KÖRHANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |