16:20 Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa | |
ÝAKASY AÇYLMADYK ALAÇA
Hekaýalar
Aknur ene daňa golaý gören düýşünden tisginip oýandy. Ol gözlerini ýalpa açdy-da, ýaňky düýşünde gören zatlaryny bir başyndan göz öňüne getirjek boldy, emma bolmady. Diňe bir ýeri ýadynda bek galypdy, ana şol ýerem ony ynjalykdan gaçyrdy. Näme üçindir özüne ynanylan, ýyllarboýy sandykdan çykarman, apalap saklap ýören şol düwünçegi ondan alyp başga birine uzadylýardy. Ol miras Aknur ene üçin mukaddesdi ahyryn, ony ýüregi gysyp, mähribanlaryny küýsän wagty, ýa-da belli günlerde töwereginiň çolaran çagy açyp görerdi, bagryna basyp ýüregi düşüşýänçä aglardy... Aknur ene başyny ýassykdan galdyryp, bir çogdam bolup pikire batyp otyrdy. Bu gören düýşüniň bir hikmetiniň bardygyna ynandy. Ol içinden: «Selbinýaz gelnejemiň «Senem indi garradyň ahyryn, ony ber birine» diýdigimikä?!» diýip pikir edişine penjireden daşary seretdi, jahanyň tizräk ýagtylmagyny, öýdäkileriň işli-işine, okuwly-okuwyna gitmegini isledi. Bu düýşden soň sandygyny açyp, düwünçegi çözüp, ýalňyz galan ýadygärligi görmese ynjaljak däldi. Ol şol hyýallar bilen geçen günleriň ýatlamalaryna berildi... ... Şol gün, hawa, şol gün Aknur diýseň begenipdi, begenmezçe-de däldi. Agasy Agamyradyň saýlap söýen, görki-görmegi, akyl-paýhasy bilen ähli gyzlardan saýlanyp duran, eli çeper, atly-abraýly ýeriň maşgalasyndan bolan Selbinýaz atly gyzy gelinalyjylap öýlerine getiripdiler. Aknur täze gelnejesiniň ýanyndan bir minut hem turasy gelmeýärdi. Joralaryna hem gelnejesiniň ýüzüni görkezip, begenjini paýlaşýardy. Ejesidir ýakyn garyndaşlarynyň buýran ýumuşlaryny hem derrew edip, ýene-de täze gelnejesiniň öňünde häzir bolýardy. Toý güni, ertesi gelnejesine baş saldy edilen güni, soňra gelnejesini çörek çagyrda äkiden günleri ýatdan çykmajak iň mähriban günler bolup, onuň hakydasynda berk galypdy. Mylakatly, mähirli gelniň öýlerinden girip-çykyp hyzmat edip başlamagy maşgalanyň hemmesini begendiripdi. Ejesi Nursoltan daýza bolsa «Selbinýazym, gyzym, guzym» diýip, süýji dili bilen ony söýgülärdi, boýuna, syratyna guwanardy. Oglunyň gelni bilen degşip-gülşen wagtyny görende depesi gök diýrärdi, şondan uly bagt bardyr öýtmezdi. Nursoltan daýza ýanýoldaşy Baýram aga bilen bu güne az garaşmandy ahyryn... Olaryň ilkinji iki ogul bir gyz perzentleri bäbejikkä çaga keselinden ýogalypdy. Ondan soň dünýä inen ogullaryna agalarynyň hem ornuny tutsun diýip, adyna Agamyrat dakypdylar. Ondan bäş-alty ýyl soň hem Aknur dünýä inipdi. Şeýdip olar bir öýde ulalypdylar. Agamyrat hem jigisi Aknury diýseň gowy görýärdi, ýöne arasynda gözleri bilen gorkuzýardam. Toýdan soň öýüň gerek-ýaragy üçin kakasy bilen bazara giden Agamyrat gelende jigsi Aknura hem gelni Selbinýazyňky bilen meňzeşje gülýaka getiripdi. Şonda Aknur agasynyň özüni gowy görýändigine, gelnejesiniňkä meňzeş gülýaka getirip berenine baý buýsanypdy. Ýöne, hawa, ol buýsançly günler uzaga çekmedi. Düýdansyz ganym urşuň başlanmagy bilen hemme zat üýtgäpdi. Ilkinjileriň hatarynda Agamyrat hem kakasy bilen bile Watan goragyna gidipdi. Urşa gidenler urşa gitdi, yzda galanlar hem ýürek-bagry ezip barýan agyr günler bilen göreşmeli bolýardy. Selbinýaz gelin hem täze gelinlik bilen hoşlaşyp, bilini berk guşapdy. Ol söwer ýarynyň urşa ugramanka: --Selbinýazym mert bol, «Il bilen gelen toýdur baýramdyr», nesip bolsa ýeňiş bilen dolanarys. Ýöne haýyş, ejemi, jigim Aknury ynjytmagyn, bu maşgalaň ykbaly indi saňa baglydyr--diýen sözlerini her gün ýatlap, ondan ruhlanýardy, durmuşyň kynçylyklaryny ýeňip geçmäge ol sözler medet berýärdi. Şeýdip günler aýlara, aýlar ýyllara agyr labyryny atyp geçip durdy. Selbinýaz gelin Agamyradyň aýdyşy ýaly, onuň öýüni mähri bilen ýylatmaga, hyzmaty bilen galkyndyrmaga çalşardy. Ol bir gün Aknuryň saçlaryny sypalap örüp otyrka: --Wah, Aknur jan saňa bir jigijik getirip beren bolsam, öýümize güýmenje bolardy--diýip ýüregindäki armanyny aýdypdy. Şonda gelnejesiniň owadan gara gözlerine inen harasady, ondan syrygyp gaýdan ýaşlary gören Aknuryň ýüregi gyýym-gyýym bolupdy. Nursoltan enäniň ýagdaýy has beterdi. Onuň bagry para-para bolup barýardy. Gelniniň solan ýüzüne nazary düşen wagty ýuwdunyp-ýuwdunyp aglardy. Ol ene yhlasy bilen her günde ýagşy dilegler edip, urşa gidenleriň hatarynda öz mähribanlarynam aman-esen öýüne dolaýjak bolýardy. Arasynda bolsa toba-tagsyr edip, öýünde bir özüniň gugaryp galmadygyna, gyzynyň, gelniniň bardygyna şükür edýärdi. Agyr günleri zähmet basýar diýleni, pagta ýygymy başlanany bäri her kim başynagaýdy. Daňdan alagaraňkyda gidilip, giç agşam öýe dolanylardy. Selbinýaz gelin hem baldyzy Aknur bilen bir gün galman pagta ýygymyna gatnaşýardy. Özi-de iň öňdäkileriň hataryndady. Ine bir günem on günlügiň jemi jemlenip, iň öňde barýan ýygymçy diýip Selbinýaza bir geýimlik alaça mata berildi. Ol şol wagt uly sowgatdy. Selbinýaz muňa juda begenipdi. Ýagşylyga ýordy: --Hä diýmän Agamyrat geler, bu matany hem oňa çenli gaýnyma tikip geýdireýin. Ol şonda bu gowy matany özüm geýmän, ejesine geýdirenim üçin begener--diýip, agşamlyk öýe gelende gaýynenesiniň öňünde goýup, ony ogly gelmänkä tikip taýýarlap berjekdigini, ogly gelende ol köýnegi geýmegi maslahat berdi. Nursoltan daýza gelnini bagryna basdy, gözýaşyny eliniň aýasy bilen sylyp durşuna: – Tüweleme, tüweleme, saňa uly sowgat beripdirler, gutly bolsun balam, özüňe nesip etsin guzym, reňki dagam läle ýaly, tüýs siz ýaly ýaş gelinlere ýaraşar, özüňe derrewjek tikin, oglum gelende egniňe geýip, aý ýaly bolup otyr — diýip, bir elindäki mata seredip durşuna beýleki eli bilen gelniniň arkasyny sypalapdy. Selbinýaz hem niýetinden dänerli däldi: – Ýok, ýok, bolmaz enesi, eger siz munuň reňkini özüňize gelişdirmeseňiz, onda, muny Aknur jana tikip geýdiräýerin — diýip, halys ýürekden aýtdy. Nursoltan daýza: – Bize gelip alan ilkinji sowgadyň özüňe nesip etsin gyzym, derrewjik özüňe tikin, ýakasyna-da ak gaýmaly, goşa ýürek nagşy sal. Oglumyň ýoly ak bolup, ýene-de ýürekleriňiz birleşsin — diýip, ýagşy yrymlar aýdyp, gelnini göwnetdi. Selbinýaz bu sözlerden soň razylaşmaly boldy. Şondan soň uzaklaşdyrman, bir sähetli gün alaça matany egnine deňedip biçindi. Ilki ýeňini, ýanyny sapyşdyryp, tikip taýýarlady-da, aşyrysyna birikdiräýmeli edip goýdy. Indi hem ýakasyna gaýynenesiniň aýdan nagşyny salmak üçin onuň nusgasyny tapyp, agşam işden gelende başlaýmaly edip, gyzyl gülli nah ýaglyga düwüp goýdy. Selbinýaz gelniň uzakly gün işde agşama howlugyp, ak ýolly, goşa ýürekli keşdäni göz öňüne getirip işledi. Agşamlyk işden gaýdyp, öýlerine golaýlaşandan ýüregi çalt-çalt urup başlady. Ol gapylaryna ýetmän doňup galdy, her kim olaryň öýüne kürsäp girýärdi, içerden ýüregiňi elendirýän agy sesleri eşidilýärdi. Doňup galan Selbinýazy gören goňşy aýallar oňa: --Mert bolgun gelin, gaýnyň ýagdaýy agyr, Alladan gelensoň etjek zadyň ýokdur--diýip, golundan tutup öýlerine saldy. Hemme zat düşnükli boldy. Gün öýleden agandan soň hat gatnadyjynyň getiren üçburç hatynyň içinde «Siziň ogluňyz Agamyrat Baýramow agyr söweşde gahrymanlarça wepat boldy» diýlen ýazgy bardy... Agyr günleri has-da agraldýan bu ajy habarlar düşen maşgalasynyň ýanyny ýere berýärdi. Diňe bir zat, bu agyr günleri meýdan işleri ýeňýärdi. Ýöne Nursoltan daýzany ol ajy habar ýanyny ýerden galdyrmady. Selbinýaz gelnem, gyzy Aknur hem onuň başujunda sessiz aglap oturardylar, birek-birege näme diýip göwünlik berjeklerini bilmeýärdiler. Şeýdip günler ýüklüje geçýärdi. Selbinýaz gelin Agamyradyň sargydyna indi düşündi, bu öýüň ykbaly oňa baglydy. Ol bilini berk guşady, gaýynenesini sagaltmak üçin lukman çagyryp, derdine derman gözledi. Emma Baýram agadan gelen ajy habardan soň Nursoltan ene uzak ýaşamady. Baldyzy bilen galan Selbinýaz gelin ähli ýüki gerdenine çekdi, ol öýüň ody bilen girip, küli bilen çykdy. Aknuryň bagtly bolmagyny arzuwlap ýaşady. Ýakasy edilmedik, ýeňi-ýany bilen duwünçege düwlüp goýlan ol ýaglygy açyp, ony etmäge hiç eli barmady. Şunlukda ýakasy açylmadyk alaça köýnek galyberdi... Wagt garaşmaýar diýleni, günler-aýlar yzly-yzyna gelip-geçip durdy. Selbinýaz gelniň hem bir mahalky aýdyň ýagty maňlaýyna gasyn bary düşüp, saçlary agarypdy. Onuň ýeke medetkäri Aknurdy, ony hem durmuşa çykarany bäri ýalňyzlyk ony gysyp-gowrup barýardy. Göwnüne bolmasa bir ýerlerden Agamyrat çykaýjak ýaly üzülmedik umytlary bilen oňa garaşmagyny dowam edýärdi. Salgymlara kowalaşýardy, arzuwlara berilýärdi. Emma onuň arzuwlary ýyllara siňip galyp barýardy. Arzuwlar, arzuwlar, köýen arzuwlar, onuň ýyllarboýy ýola garan owadan gözlerinden syrygyp-syrygyp kalbyna damýardy, ýüregine ejir baryny berýärdi. Bu zatlary hemmeden öň Aknur duýýardy, ol öýlerine gelen wagty gelnejesine gynanyp, oňa bildirmän aglap-aglap giderdi. Käwagt bolsa bile aglaşardylar. Birmahalky owadan Selbinýaz gelin indi garrap nurana ene keşbine gelipdi. Ol soňky wagtlar ýygy-ýygydan ýarawsyzlyk tapyp başlady. Bir günem halys ýaraman düşege geçdi. Şonda daşynda: --Gelnejem jan, nesip bolsa oňatlaşarsyň--diýip pelasaň urýan Aknuryň bir zat ýadyna düşen ýaly, onuň sandygyny açýar-da, şol tikilmän galan alaja köýnegini alyp «Şu bir arman bolmasyn, derrewjik tikip geýdireýin» diýip maksadyny ýeňňesine duýdurdy. Ol asyl göwnemedi. Ýöne Aknuryň duwünçegi çözenini görüp biraz ýassyga ýaplanyp dikelýär-de, ony uzatmagyny sorady. Aknur biçilen alaça matany onuň öňünde goýdy. Selbinýaz gelin oňa seredip doňan ýaly bolup oturdy. Edip bilmedik ýaka ýerini gaýta-gaýta sypalady, dodaklary müňküldese-de, dili gürläp bilmedi. Soňra zordan: --Goý, bu meniň köýen arzuwymyň armany bolup galsyn--diýdi. Şondan ýarym aý töweregi geçensoň, Selbinýazyň ýagdaýy has agyrlaşdy. Onuň gaýta-gaýta sandyga seretmeginden netije çykaran Aknur ondan, agasyndan gelen ýekeje hat we şol alaça koýnekli düwünçegi çykaryp gelnejesine berdi. Olary elleşdirip, ysgap bagryna basan Selbinýaz biraz kuwwatlanyp: «Sen bulary eý görüp, saklagyn!» diýdi we şondan soň gürlemedi. Ol onuň iň soňky sargydy bolupdy... Aknur ene uludan demini alyp, ýaňaklaryndan syrygyp duran gözýaşlaryny hiç kim görmänkä, gyňajynyň çogy bilen süpürdi. Jahan bireýýäm ýagtylypdy. Her kim işli işi bilen gidipdi. Aknur ene otagyna getirilen ertirligini edinenden soň, guşlugrak sandygyny açyp içinden şol düwünçegi çykaryp açdy-da, göýä gelnejesini gören ýaly, ýakasy açylmadyk alaçanyň aşyrsyny egnine atdy-da, bagryna basdy. Içinden bolsa «Wah, gelnejem jan, seniň wysal bolmadyk arzuwlaryňa ýanýandyryn, sen bu köýnegiň ýakasyny müňde bir süýji arzuwlar edip keşdelejekdiň ahyryn, maňa jigijik getirip berip, ýakaň bajygyny çözüp, ony ak süýtden doýurjakdyň ahyryn. Wah, agamjanyň mähri siňen gözleriň gurbany bolaýyn» diýip, her gezek gaýtalaýan sözlerini gaýtalap gözýaşlaryny syldy-da, alaja köýnegi öňküsi ýaly epläp, arasyna hem agasyndan gelen halys ysgyny gaçyp bölek-bölek bolan haty goýup düwünçegine düwdi. Ol düwünçegi sandygyna saljak bolany hem şoldy welin, gapydan giren mugallym gelni: – Enesi otyrmysyňyz, men-ä bir habar bilen geldim, muňa siz hökman begenersiňiz, ýagny, mekdebimizde ýörite muzeý döredildi. Şol muzeýe her kim öýlerinde bar bolan miraslardan getirip baýlaşdyrmaga goşant etmeli diýdiler. Siziň «Selbinýaz gelnejemden galan miras bu» diýip, görkezip gürrüň berýän zatlaryňyzdan belki şol muzeýmizde goýar ýaly berersiňiz. Ol zatlar asyrlarboýy saklanyp, mekdep okuwçylary öwrener, olary hormatlar — diýip, sözüni jemlemänkä, Aknur ene bagryna basyp duran düwünçegini oňa uzadyp: — Asyl meniň daňdan gören düýşüm oraşan bolaýdy. Al gelin, şu mahal ýatlap, ol zatlary bagryma basyp otyrdym. Ýöne birje haýyşym bar. Şu ýakasy açylmadyk alaça köýnegiň ýanynda Selbinýaz gelnejemiň wysal bolmadyk arzuwlary, onuň ojagyna, söwer ýaryna wepasy, zähmetsöýerligi, mähribanlygy hakynda gysgajyk ýazgylary hem ýazyp goýsunlar. Goý, ol gelnejem jandan ýalňyz ýadygärlik hem-de ýaş nesillere watansöýüjilik we ýar ojagyna wepasynyň nusgasy bolsun - diýip, kemiş-kemiş edip aglady. Onuň elini sypalap, gynanjyna gynanyp oturan gelni agy gatyşykly sesi bilen: – Hökman, ýazgysam ýazylar, sarpasam tutular, beýle merdana gelinler hiç wagt unudylmaýar. Şeýle gahrymanlaryň unudylmazlygy üçin şunuň ýaly muzeýler her bir obada, mekdeplerde döredildi, olar biziň nesillerimiziň ýüreginde baky ýaşarlar. – Hernä şeýle bolsun-da, gelin jan! Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |