00:16 Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa | |
BUGDAÝ SÜMMÜL BOLANDA
Hekaýalar
Dagy etekläp oturan Tutly obasynda ýaşaýan Asman ejäni tanamaýan, oňa hormat goýmaýan ýokdy. Ol diýseň mähriban, mylaýym süňksüz gowy adamlar diýilýänlerdendi. Onuň eger-eger sesini gataldanyny ýa-da diline agramrak söz getirenini eşiden adam dagy bolaýsa nädersiň! Ol Asman diýseň asmandy, mähribandy.Ynha, Asman eje şu ýyl bir kem segsen ýaşapdy. Geçip giden ýyllar aýdyň ýagty maňlaýyna gasyn baryny düşürse-de, onuň mähirden doly mähriban gözleri şol mähremligi bilen daş-töweregine mylaýym melhem nuruny eçilip durdy. Asman ejäniň ýekeje gezek dagam adyň yzyna jan sözüni goşman adyňy tutanyny bilmersiň. Ol aýratynam çagalary gowy görýärdi. Aglap duran çaga göräýdigi bes, hökman ony mylaýym sözi bilen diňdirerdi. Hemişe egnine geýýän mahmal ýeňsiziniň jübüsinde bolsa süýji, köke ýa-da erik kişde, igde bardyr. Ol şolardan çykaryp bererdi-de, aglap duran çaganyň başyny sypalardy. Geň göräýmeli, onuň jübüsiniň boş wagtynam görmersiň. Ýörite çagalara diýip salyp goýýandyr-da?! Käbir çagalaryň ejesi käýarym garagolluk eden çagalaryna «Sen beýle betçilik etseň, Asman ejeň seni gowy görmez» ýa-da «Sen diýlenini etmeseň, Asman ejeňlere alyp gitmerin» diýdigi besdir. Olar garagollugyny goýup, Asman ejelere gitmäge howlugýardylar. Asman ejäniň mylaýymlygy, diliniň süýjüligi ýaly, onuň elem tagamlydy. Onuň aýratyn-da, ýaş wagtlary sähel salymda ýugrup bişirýän petir, etli-ýagly çöreklerini diýsene?! Iýip doýar ýaly däldi. Olar edil lowurdap duran Gün ýaly, tekizje gyzaryp, tes-tegelek bolup tamdyrdan çykardy. Çörek bişirip duran wagty goňşularyna dagy myhman gelenini göräýse, birini alyp saçaga dolar-da, «Myhmanyň öňünde goýarsyň!» diýip, eltip gaýdardy. Asman ejäniň eliniň süýjüligi ýöne ýerden däldi. Ol hamyr edende mährini siňdirip ýugrardy, çörekleri bişdigi bolsa çaga görse gygyryp çagyrar-da, ellerine çöregiň ýanyna ýapan kökelerinden berer. «Doýmasaň ýene bererin guzym, geläý, ýöne munuň ýeke owuntygynam zaýalamagyn, eger zaýalasaň uly günä bor» diýerdi. Ol näçe gezek tamdyryň başyna baryp çörek bişiren bolsa, şonça gezegem çagalara çörek paýlapdy. Ine, şu häsiýetem ony il içinde adygdyrypdy. Oňa öçmez söýgi döredipdi. Onuň paýlaýan çörekleri müň belany sowmak bilen, oňa söýgi bolubam gaýdyp gelýärdi. Ol bişiren çöreklerinden çagalara näçe iýdirip bilse, şonça-da ýüregi aram tapýardy. Indi ol gelnine hem «Çöregiňi kökesiz ýapmagyn, çagalara berersiň» diýip, öwüt berýärdi. Asman eje gyzgyn çörek iýip, bir zatlar okaşdyrardy. Hiç kime bildirmänjik sessiz aglardy. Ol diýseň mertdem, ýüreginiň bir bölegini ezip duran ol agyryny hiç kime, hatda ýanýoldaşy Meretli aga-da aýdanokdy. Diňe ol agyryny çagajyklara çörek paýlap beren wagty ýeňip bilýärdi. Şonuň üçin çöregini kökesiz ýapmazdy. Hökman gapdalyndan kiçijik çöreklerinden on-on bäş sanysyny ýapardy. Bişirip bolynça çaga görmese, bolansoň, şol kökelerden eline alyp, ýoldan geçen çagalaryň ellerine bererdi, okuwa barýanlaryň bolsa torbasyna salardy. Onuň gyzgynjak çöregini iýip ulalyp giden oglanlaryň köpüsi okap, işläp ýören ýerlerinde ajygan wagtlary «Wah, häzir Asman enemiň gyzgynjak çöregi bolsady» diýip, kän ýatlardylar. Käbiri bolsa Asman enesini ýatlap, sowgatjygam getirerdi. Şonda myssa ýylgyrýan Asman ene: — Wah, size döneýin, maňa sowgat nämä gerek, siziň mährem keşbiňiz, mähirli salamyňyz maňa uly sowgat ahyryn — diýip, halys hoşaldygyny bildirerdi. Asman ejäniň bagtly maşgalasy bardy. Ogul ýerinde ogly, gyz ýerinde gyzy bardy. Ýanýoldaşy Meretli aga-da hoşgylaw parasatly adamdy. Olar eýýäm ogul öýerip, gyz çykarypdylar. Her kimiň Asman ejelere gyzyny berip bilse ýa-da onuň gyzyny gelin edinip alyp bilseler armanlary ýokdy. Ýöne, Asman ejäniň gulpagyny tasadyp ýören wagty kalbyna bitmez ýara bolup çöken ol derdi welin, hiç kim bilenokdy. Asla Asman ejäniň derdi bardyram öýdenokdylar. Asman eje-de ýüreginde dömüp duran ol ýarany ýaryp, oňa-muňa aýtjagam bolanokdy. Ýöne ygşyldap oturan bugdaý pellerini görende, bugdaý sümmül bolanda welin durup bilenokdy. Ol nowçany, onuň owadanja balkyldap duran gözlerini göz öňüne getirip ýuwdunyp, ýuwdunyp aglaýardy. Her ýyl bugdaý başy bişende hökman bir tamdyr çörek ýapyp barysyny paýlardy. Şeýdip, ýaraly ýüregine melhem ederdi. Ýogsa-da, Asmanam ol wakadan esli ýyllar geçensoň, özi durmuşa çykyp, çagaly-çugaly bolansoň, ýadyndan çykyşyp, ýüregi giňär öýderdi. Ýöne eger-eger beýle bolmady. Gaýta ak köýnekli, gara balaklyja oglanjyk görse tisginerdi. Gözüni ýumsa, bugdaýlygyň içinde şol oglanjygy gördi. Ony tutjak bolýar, gygyrýar, çagyrýar, ýöne ony derrew gözden ýitirýärdi. Tisginip oýanýardy.Ýüregiňde berk galan zatlar hiç wagt kalbyňdan, dünýäňden çykyp gitmeýär eken. «Gözden giden zat ýürekdenem gidýändir» diýýärler. Ýok, ýok, oňa hiç wagt ynanmaň, ol asla beýle bolmaýar eken. Ony «gowy görmek» diýen zady bilmeýäniň biri aýdan bomaly. Kalbyňa mäkäm ornaşan keşpler, sözler seniň süňňüň bilen ýaşaýar. Olar hakydaňa dolanda bolsa, agyryly ýara ýaly sorkuldap, ýüregiňi ezip barýar. Bu zatlar hakynda Asman ene hemişe pikirlenerdi. Ynha, häzir welin ol gaýgy-aladany ýada salman, agtygy üçin alabag örýärdi. Arasynda bolsa telewizora seredýärdi. Birdenem ekranda bol ýetişen bugdaý we ondan öndürilýän çörek önümleri hakyndaky gepleşik başlandy. Asman eje ol gepleşige üns bilen seretdi. Dükanlarda dolup duran her dürli çörek önümleri görkezilende Asman ejäniň gözi dokundy. Ol içinden: «Tüweleme, tüweleme bolawersin, ynsan balasy nana bir zar bolmawersin» diýip, dileg etdi. Şol barmana hem atyzlarda tolkun atyp ýatan bugdaý meýdany göründi. Sap-sary bolup ygşyldap oturan bugdaýlyk meýdan giden bir sungaty ýadyňa salýardy. Asman eje öňe, telewizora golaýrak süýşüp, bugdaýly meýdany synlady. Göýä, ol ýerden Halyljyk ylgapjyk görünäýjek ýalydy. Ýöne näçe seretse-de öz gözleýän nowçasyna duşmady. Şonda-da seretdi oturdy, seretdi oturdy. Bugdaýly meýdana seretdigiçe-de şol geçen wakalar onuň göz öňünde täzeden janlanýardy... Ol wagtlar Asman on-onki ýaşlaryndaky gyzdy. Olaryň maşgalasy köplükdi. Asman bolsa iň ulylarydy. Ol jigilerini diýseň gowy görýärdi, aýratyn-da dört gyzdan soň bolan jigisi Halyljygy has eziz görerdi. Halyljygam Asman diýip heläkdi. Onuň yzyndan jigisi Orakgeldi bolansoň-a, ol ýatanda hem Asmanyň ýanynda ýatardy. Şeýdip ol Asmana has imrinipdi. Ine, nägehan urşuň turmagy bilen durmuş, ýaşaýyş kynlaşyp başlady. Asmanyň kakasam il deňinde urşa gitdi. Agyr maşgala ejesine galyberdi. Bu agyr günler ol çagalary tiz ulaldyp, biri-birine has mähriban edip goýdy. Olaryň bary bassaşja bolsalaram, ýeke gezek sene-mene etmezdiler. Ýyl barha agyrlaşýardy. Hemme zatdan beter azyk azalýardy. Bugdaý uny bolsa gowy ýakasyny tanadypdy. Her kim igdedir, kak-sök, kişdedir meýdan otlary bilen gününi göräýjek bolýardy. Ýöne bugdaý nanyň, bugdaý unuň ýeri başgady. Ol azaldygysaýyn adamlaryň ysgyny gaçyp barýardy. Asyl soňky wagtlar obada negada bolaýmasa, tamdyra ot goýberýänem ýokdy. Sebäbi tamdyr otlap, çörek ýapara un ýokdy. Bu zatlaryň soňy keselçilige ýazyp başlady. Asmanlaryňam ýagdaýy gowy däldi. Barynyň boýny almaň sapagy ýaly bolupdy. Asmanyň jigilerine nebsi agyrdy. Olara nähili hemaýat etjegini bilenokdy. Ol her gezek öz paýynam jigisi Halyla berip, olaryň kesellemezligini isleýärdi. Şol günleriň birinde onuň şäherde ýaşaýan daýzasy Akbibi gelip, olaryň ýagdaýyny görüp, diýseň haýpy geldi. Ol: — Akjemal, siziň ýagdaýyňyz öwerlik däl. Biz şäherde bolamyzsoň, näme-de bolsa iýjegimizi berýärler. Men Asman jan bilen Sonany alyp gideýin. Olary ýanyma işe äkidip göreýin. Belki, bulara hem un paý bererler. Näme-de bolsa bugdaý ýetişýänçä kömek bolar. Başlyk bilen gürleşip göreýin, bularam iş oňarmazça däl. Senem bu ýerde biraz oňşuk et. Menem, ynha üç kilojyk un paýymdan kömek diýip getirdim — diýip, matlabyny aýtdy. Akjemalyň biraz ýüki ýeňlän ýaly boldy. Olar derrew ol unuň ujundan biraz gyzdyrmajyk we bulamak bişirdiler. Baý, şonda Halyljyk hezil edip iýdi. Asman oňa öz paýynam berdi. Ýöne Asman jigilerini taşlap gitmeli boljagyna gynandy. Arasynda 5 ýaşly Halyljyk halys oňa imrigipdi. Ony taşlap gitmek kyndy.Ýöne nätjek, gitmelidi. Jigileri üçin işlemelidi, gazanç etmelidi. Ejesiniňem soňky wagtlar ýarawsyzlygy bildirýärdi. Onuň sebäbi açlykdy. Ol çagalaryna iýdirjek bolup, özi iýmän olara bererdi. «Eje, senem iýd-ä» diýseler, «wiý, men häli iýdim» diýip, çagalaryny aldardy. Ol zatlar bolsa Akjemaly halys horlapdy. Ol horluga razydy, keselläp ýykylmasa bolýardy. Garaz, olarda bir gije bolan daýzasy irden turup, Asman bilen Sonany alyp gaýtmak üçin geýindirdi. Asmanyň gitjek bolýanyny bilen Halyljyk çyny bilen aglady. Oňa ýapyşdy. «Gitme, menem gitjek» diýip, gözünden boýur-boýur ýaş dökdi. Asman jigisini goýup gaýdasy gelmedi. Alyp gideli diýse-de, daýzasyna ýük bolar öýtdi. Öňem «iki bolup gidip barýas» diýip oýlandy. Asman: «Aý, biraz gaýrat etseler, derrew iki bolup işläp un getireris» diýip oýlandy-da, jigisine ýalbaryp, zordan ejesiniň ýanynda goýup gaýtdy. Akbibiniň işleýän ýerinde hem işgär azlyk edensoň, ol derrew başlyklaryna haýyş edip, iki ýegençesinem işe ýerleşdirdi. Olar yhlas bilen işleýärdi. Asman bolsa basymrak aýyň aýak bolmagyny, un paýlarynyň berilmegini isleýärdi. Onuň öýlerine gidesi gelip ýüregi barha atygsaýardy. Öýe gidesim gelýär diýiberse, jigisi Sona-da erbet boljakdy. Şonuň üçin zordan saklanardy. Olara işde kämahal köke, kemput, gantjagaz berlerdi. Asman welin, olaryň birinem iýmän, jigilerine ýygnardy. Aýratyn-da jigisi Halyljygy begendiresi gelýärdi. Olaryň welin ýagdaýlary gowy däldi. Obada garahassa keseli köpelipdi. Akjemal görgüli nätjegini bilenokdy. Iki sany işe ýaran gyzlaram daýzalarynda bolansoň, özi ýykylyp barýardy. Şol günleriň birinde ine, Halyljyk hem keselläp düşege geçdi. Ol gyzdyryp ýatyşyna «Asman geläýd-ä» diýip aglady. Asmanam soňky günler her gün düýşünde Halyly gördi, ýüregi gysyp, öýe, iş ýere syganokdy. Ol gysylyp-gowrulyp barýardy. Halys çydaman daýzasyna «Öýe baryp geläýeli» diýip ýüzlendi. Daýzasy bolsa: — Wiý, öý bolarmy, ynha ýene bir hepdeden un paý berler, onam özüm eltip gelerin. Siz biraz işläň, ejeňize kömek etmeseňiz bolmaz ahyryn — diýip, äkitmejegini aýtdy. Ýöne onda-da Asmanyň ýüregi aram tapyberenokdy. Ol näçe çydajak bolsa-da bolmady. Aglap goýberdi. Agysynyň arasynda bolsa: Daýza jan, gidip geläýeli, halys ýüregim ezilip barýar. Halyljany göresim geldi. Olara bir zat bolmadyk bolsa-da biri — diýip, ýene aglamagyny dowam etdi. Daýzasy bolmajagyny bilip: — Onda bararsyňyz-da, jigileriňizi görüp gaýtmaly bolar. Indi iş günüňiziň yzyny dolup, paýyňyzy almasaňyz bolmaz. Men bir günlük rugsat alaryn —diýenden, Asmanyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol: — Bolýar daýza jan, bir görüp gaýdaýaly, onsoň ýene gelip işläris, hiç jigilemden ynjalamok — diýip, ýene öwran-öwran gaýtalady. Olar dessine ýol şaýyny tutdylar. Asman ýygnan süýji-kökelerini alyp, diýseň begenip ýola çykdy. Olar iki ulaga münüp, düşensoňlar obalaryna ýetdiler. Asman hemmeden öňürti gaty-gaty ýöreýärdi. Olaryň öýlerine çenli eslije ýöremeli ýer bardy. Asmanlaryň öýlerine barýan ýola öwrülenlerem şoldy welin, eli iki bedreli Asmanyň boýdaşy Senem çykdy. Asman ony ylgap baryp gujaklady. Özüniň olary, öýlerini, obalaryny şeýle göresiniň gelendigini gyssanmaç gürrüň berýärdi. Ýöne Senemiň welin, ýüzi salykdy. Ol «Jora jan, sen gideliň bäri obada kän adam ýogaldy, Obamyzda garahassa keseli bar» diýip, soň gürläp bilmän, gözlerini balkyldadyp duruberdi. Asmanyň ýüregi jigläp gitdi. Ol başga hiç zat gürlemän öýlerine garşy haýdaberdi. Öýlerine golaýlaşdygyça ysgyny gaçyp barýardy. Olaryň öýlerem, daş-töweregem birhili suslanan ýalydy. Hiç girip çykýan ýokdy. Asman ylgap öýe girdi. Ejesi ony görüp bir begendi. Tarsa ýerinden turup, «Şu gün habar edäýsemmikäm diýip otyrdym» diýip, bokurdagy doldy. Asman ejesiniň sap-sary bolan ýüzüne seredip, tasdanam möňňüripdi. Birdenem onuň gözleri öýleriniň töründe düşekçäniň üstünde sus ýatan jigisi Halyla düşüp, ýüregi ýaryldy. Ylgap baryp, onuň ýanjygynda oturdy. Oňa seredenden gözýaşyny saklap bilmedi. Onuň gözleri ýumukdy. Garny bolsa çişdi. Endamynda bolsa gyzgyn bardy. Ejesem aglap durşuna düşen ýagdaýlaryny gürrüň berýärdi. Obada eýýäm bu keselden birnäçe çagalaryň ýogalandygyny aýdyp, «Gaty gorkýan, düýnden bäri çagam «Asman, Asman» — diýip, şol seni çagyryp ýatyr. Asyl gideliň bäri ol gynanyp suslanaýdy. Keselem üstüne boldy» diýip, gözünden boýur-boýur ýaş dökdi. Indi Asmanam horkuldap sesli aglaýardy. Torbajygyndan Halyla diýip, ýygnap goýan kökelerini, kempudy çykaryp: «Halyl jan, jigimjan, gözüňi açaý-da, men geldim, ine, saňa süýji zatlaram getirdim» diýip, ony sypalap, ýüzüne düşüp duran saçlaryny bir ýana aýyrdy. Şol wagt birden Halyljyk gözüni açaýdy. Onuň gözleriniň içi sarymtyk gyzyl, öçügsi bolsa-da, ol mähir bilen balkyldap, Asmanyň ýüzüne seretdi. Birdenem huşuna gelen ýaly, Asmany tanan ýaly, dodajyklaryny kemiş-kemiş etdi, gözlerinden bolsa ýaş damjalary togalanyp gaýtdy. Asman onuň gözüni açanyna begenip, onuň ýaňajygyndan syrygan gözýaşlaryny eli bilen sypalap aýyrdy. Getiren zatlaryny eline berdi hem-de «Häzir saňa nahar bererin, sen hökman gowy bolarsyň jigim jan» diýip, ýerinden turdy. Ejesi bolsa Akbibi bilen salamlaşyp durşuna onuň hiç zat iýmeýänligini aýdyp: «Azrak bulamak bolaýsa, ýöne bir käsejik un gerek boljak-da» diýdi. Daýzasy: «Wah, öňler on günden un paýymyz berilýärdi welin, şu gezek aý gutarandansoň bermeli diýip sakladylar. Öýde bulamak ederlik un bardam welin, wah, arada daşyrak» diýip, özara gürleşdiler. Asman ol gürrüňleri eşidenden daşaryk ylgap çykyp, bugdaý salyp goýýan çuwallaryny barlady. Ol eplenip galdyrylypdyr. Asmanyň ýüregi agzyndan çykyp barýardy. Ejesini begendirip, Halyljygyň gutulmagy üçin bir zatlar edesi geldi. Şol pursat hälki boýdaşy Senem geldi. Ol: — Asman, hol ilerki Sähet baýlar bir täze zat berseň, deregine un berýärmiş diýýärler. Başga-da şol obada zada un çalyşýanlar bar öýdýän, şol obadan gidip un getirenler barmyş — diýip, gürrüň berdi. Asman muňa diýseň begendi. Ol boýdaşyna «Bile gidäýeli, meniň täzeje alaja köýnekligim bar, şoňa bir käse un berseler bolýar» diýip, öýlerinden matasyny ýaglyga dolap, ejesine-de görkezmän çykardy. Sebäbi ol derrew gidip getirip, ejesini begendiresi gelýärdi. Ilerki Haşarly obasy olara daş däldi. Aralaryndan bir suwly ýap geçýärdi. Ýöne şonda-da gidip geljek bolsaň, bir salkyn gerekdi. Häzir bolsa gün yssydy. Olar hiç kime aýtman ýola düşdüler. Olar ýabyň köprüsinden geçjek bolup, esli gitdiler. Halys ýadap, ol oba ýetdiler. Indi Sähet baýlary tapmalydy. Olar çem gelen gapydan «Şu obada zada un çalyşýan barmy?» diýip, sorap ugradylar. Ýöne hiç obanyňam ýagdaýy gowy däldi. Şonuň üçin «Wah, zada çalyşar ýaly unumyz ýok» diýip goýberýärdiler. Bu mahal olaryň öýlerinde bolsa, Halyljyk ajal bilen göreşýärdi. Ol ýene Asmany görmek isleýän ýaly, gapa seredip juda ir gelen ajaly ýeňjek bolýardy. Akjemal oglunyň ýagdaýynyň gowy däldigini bilip, aljyrap başlady. Asmanyň getiren gandyndan ezip içirdiler. Ýöne onuň gyzgyny barha galýardy. Ýanar ot bolup ýatyrdy. Akjemal aljyrap, Asmany gözledi, soň özi Esen agalara garşy ylgady. Barsa, «Wah gaýraky Aşyryň gyzy ýogalypdyr, şoňa gitdi» diýdiler. Akjemal näme üçin baranyny aýdyp bilmän, öýüne ylgady. Ol zordan oglunyň iň soňky demine ýetişdi. «Waý, oguljygym» diýip, ony bagyrtlady. Akjemal ogluny bagryna basyp oturyşyna onuň gyzgynynyň aýrylyşyp sowap ugranyny bilip, essi aýylyp ýykyldy. Akbibi derrew goňşulary çagyrdy. Esen aganam äkeldiler. Ýöne boljak iş bolupdy. Töwerekden adam çagyryldy. Esen aga «Yssy howada bu çagalary saklap bolmaz. Aşyryň gyzjagazy bilen häzir arabaly äkidip, bulary ýerlemeli» diýip, çürt-kesik aýtdy. Gün öýläne köp sanmanka, ol çagalary ugratdylar. Olara arabaly obadan çykanlarynda Asmana hem şol mahal bir ýaşuly: «Zadyň gerek däl, geregiň bir käse un bolsa» diýip, bir kiçijik jamy dolduryp ýaglygyna guýup berdi. Asman köp sagbol aýdyp: «Şu matany ýa-da tahýamy alaý-da» diýip, ýalbarsa-da almansoň, begenjine ylgap gaýtdy. Ol öýlerine ýetmäge howlukdy. Ýüregi alas-gopas bolýardy. Köprüden aýlanyp geçmäge howlugyp, suwly ýaba girip geçdi. Elindäki ýaglygyna biraz suw degeni üçin ýolboýy aglap gaýtdy. Olar obalaryna ýetip, öýlerine golaýlanda, günem gowy sallanypdy. Asman öýlerine girip-çykýan bürenjekli aýallary görüp: «Jigimi soramaga gelýäler öýdýän» diýip, oýlanyşyna ylgap öýlerine girip doňup galdy. Ejesem, daýzasam aglap otyrdy. Gelen aýallaram «Alla giňlik bersin, galanlaň başy sag bolsun, saçaklar bir dolsun-da, nälet siňen açlyk barymyzyň ysgynymyzy aldy-la» diýip, aglamjyrap turup ugradylar. Birdenem Asmanyň gözi jigisiniň boşap galan ýerine, birem köneje sandygyň üstüne galdyrylgy duran ýorgan-düşekleriň üstüne atylan Halyljygyň hälki egnindäki akja ezýaka köýnegi bilen garaja gyýma balagyna düşdi. Ol barmana ejesi hem Asmany görüp, «Mährem jigiňi aldyrdym-la, balam!» diýip, uzyn-uzyn aglady. Öňem bir salkyn, bir käse un diýip oba söken, ylgap ysgyny giden Asmanyň ýüregi bu zatlary göterip bilmän, ýüzin ýykyldy. Onuň ýaglyga düwlen unjagazy bolsa honda zyňyldy. Akbibi derrew «Goýsana, Akjemal, gyzyňy bir gorkuzaýma, öňem şu pahyr jigim Halyl jan diýip heläkdi» diýip, Asmanyň ýüzüne suw sepip, köşeşdirdi. Goňşularynyň getiren çöreklerinden, birazajyk gowurmasyndan iýdirjek bolup göwünlik berdiler. Asman bolsa ol pursatlar doňup durdy. Onuň gözleri diňe jigisiniň iň soňkuja geýen eşiklerini görýärdi. Halyljygyň Asmany tanap gözlerinden gaýdan gözýaşlary, dodajygyny kemşerdişi, onuň gyzgynjak eljagazy, çişen garynjygy göz öňüne gelip janlanýardy. Ol içinden: «Wah, jigim jan, seni näme üçin taşlap gitdimkäm, näme üçin seniň ýaňajyklaryňdan ogşamandyryn. Men seni keseliňden halas etjekdim-ä, meni bagyşla jigim jan» diýip, onuň ysy galan iň soňky geýen akja köýnegi bilen garaja balagyny bagryna basyp, şol burçda aglap otyrdy. Ony zordan: «Toba et, başga-da näçe çagajyklar şol ýowuz keselden gitdi» diýip, köşeşdirýärdiler. Asman welin bu gürrüňlere köşeşen ýaly bolsa-da, ol barha beter ejir çekýärdi. Zol jigisiniň eşiklerini gujaklap, ysgap aglaýardy. Ol eşikler biraz kirlänem bolsa, ony ýuwup aýrasy gelmedi. «Wah, kiriňe döneýin jigim jan, şu kiriň bilen gezip ýörseň bolmaýarmy? Kakam seni nähili gowy görýärdi. Ol gelse seni sorar, näme jogap bereli, ýürejigimi ýakdyň-la» diýip aglady. Ejesiniň «Bar zadam iýmän aç gitdi balam» diýen sözleri hiç gulagyndan gitmedi. Ol öz jigisini enelik mähri bilen gowy görenine, ýüregini eýeländigine soň düşünip galdy. Wagtal, wagtal «Eje jan, Halyljany göresim gelip, ýüregim üzülip barýar, nätsemkäm, gözümi ýumsam, bugdaýlygyň içinde menden gaçyp ýör-dä, jigim jan» diýip aglaýardy. Şonda ejesi Togar mamanyň aýdanlaryny edip, «Bar, gyzym şuny çagalara paýla» diýip, kökejik bererdi. Üzärlik tütederdi. Her näme-de bolsa durmuş gowulaşýardy. Galanlar ýykma-ýykylma ulaldy. Ölüm bolmasa, galan zat geçýär eken. Ýöne Asmanyň ejesem uzak ýaşamady. Kakasam uruşdan gaýdyp gelmedi. Daýzasy olara hossarlyk edip, her birini durmuş ýoluna ugrukdyrdy. Körpe jigileri Orakgeldi hem uly adam bolup ýetişdi. Onuň ikinji ogluna Asman eje Halyl diýip jigisiniň adyny dakdyrdy. Telewizora seredip, kalbynda doňup galan şol wakalary göz öňünden geçirip oturan Asman eje gelniniň: — Enesi, näme bolýar size, bir ýeriňiz agyrýana däldir — diýip, elini egninde goýanda özüne gelen ýaly bolup, gözünden gaýdan düwme-düwme gözýaşlaryny gyňajynyň çowy bilen süpürdi-de: — Wah, ýok-la, balam. Hiç zat bolanok, ýöne şu bugdaýyň sümmül bolup oturyşyny görsem, şol bir mahalky wakalar ýadyma düşüp bozulýaryn, wah, men guraýyn. Indi şol wakalary ýatlamaýynam diýýärin welin, heý, şu ýürege emir edip bolanok-da... — diýip, gürrüňini soňlanam şoldy welin: – Kim bar öýde — diýip, Asman ejäniň jigisi Orakgeldiniň uly ogly Orazgeldi gapydan girdi. Olar diýseň gadyrly görüşdiler. Derrew myhmana çaý, nahar berdiler. Orazgeldi; — Asman eje seni almaga geldim. Hökman getir diýdiler. Bugdaý planlarymyzy dolduk. Eýýäm hasaplaşygam geçirdiler. Halylam etrabymyz boýunça iň köp galla ýygnan kombaýnçy diýip sylaglandy. Obamyzda ýaşlara ýörite jaý gurlup, paýlanyp başlandy. Ilkinjileriň hatarynda Halyljana-da berildi. Şoňa şenbe güni toý tutýarys. Gideli Asman eje, öňünden gitmeseň bolmaz — diýip, alyp gitjekdigini gara çyny bilen aýtdy. Asman eje heý-de, beýle toýdan galarmy diýsene! Ol derrew ýol şaýyny tutdy. Toý sowgady diýibem uly bir teke gölli halyny aldy. Ogluna, gelnine-de toýa barmalydyklaryny sargap, agşamky otla mündüler. Asman eje otlynyň üstünde şol agyr geçen günleri ýene-de hakydasyna aýlady. Ýöne kän gamlanmady. Kalbyna buýsanç aralaşdy. Şol buýsanç toý dabarasynda has-da artdy. Toý saçagynyň üstünde islän zadyň bardy. Ol zatlar edil jadyly saçak ýaly iýeniň bilenem azalanokdy. Haýdap hyzmat edip ýören gelin-gyzlar haýsy zat azalan bolsa, üstüni ýetirýärdiler. Bu zatlara guwanyp, buýsanyp seredip oturan Asman eje märekeden birini gözleýän ýaly boýnuny uzatdy oturdy, uzatdy oturdy. Ony aňyrdan synlap gelýän Halyl: — Asman eje, birini gözleýäňmi, ýa-da bir zat gerekmi? — diýenden: — Hawa, jigim jan seni gözleýän. Sen gerek. Sesiňe döneýin, saçagyňa döneýin. Gel ýanjagazymda otursana, jigim jan! — diýip, maňlaýyndan öpdi. Ýaňagyndan gaýta-gaýta ogşady. Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA. | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |