23:55 Kakama meňzeş adam / hekaýa | |
KAKAMA MEŇZEŞ ADAM
Hekaýalar
Bu bolýan zatlary diýsene! Oňa hiç ynanyp bilmedim, asyl ynanmak nire, haýranlar galaýdym. Durmuşyň beýle öwrümli ýollary bardyr öýtmeýärdim. Ýöne bu waka mundan on-onki ýyl öň bolanlygynda ol başgaça bolardy. Ýogsa-da onuň ýumagy şeýle çözlendi. Şol gün hem adaty günler ýaly çagalarymy okuwa ugradyp, işe diýip daş çykdym. Howamyz diýseň tämizdi, adaja öwüsýän ýumşak şemal asuda ertirlerimiziň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýan ýalydy. Durmuşyň şeýle süýjüligi işiň bilen utgaşanda has-da bagtly bolýar ekeniň. Şeýle oý, pikirler bilen iş günümiň nähili tamamlanandygyny hem bilmedim. Işden öýe baran badyma öňümden çykan gyzym Gülbahar: – Eje, şu gün okuw mekdebimizde bir mugallymy gördüm-de, oňa aňkaryp galypdyryn. Ynanaý eje, ol şeýlebir babama meňzeş welin, ony nädip düşündirjegimi bilemok. Hakyt, edil babam-da eje, ony baryp göräý-dä! Agrasdan nurana ýüzi, gür gara gaşlaram, saçyny yzyna gaňtarşam, asyl ýöreýşem ediljek babama meňzäp dur — diýip, garaçyny bilen gürläp durşuna meniň bir zat diýerime garaşyp, elimdäki torbamy aldy. Meni gyzymyň dünýäsini gaplap alan ol adam hakyndaky gürrüň biparh goýmady, kakamyň adynyň tutulmagy, oňa meňzeş adamyň bolmagy meni tolgundyrdy. Ýöne muňa garamazdan, gyzymyň başyny sypap: – Wah, çagam, bilýärmiň, adamlar garransoň bir-birine juda meňzeş bolýarlar. Babaň pahyra meňzeş mugallymlar kändir, sebäbi babaň hem mugallymdy — diýdim. Jogabym gyzymy kanagatlandyrmady, ol: – Ýok eje, ol juda meňzeş, onuň ýaly başga meňzeş adam ýokdur. Göräý-dä eje, baryp — diýip, özelenip ýalbardy. Men oňa: «Wah, gyzym, uniwersitetiňize baryp, «Siz kakama meňzeş ekeniňiz, şonuň üçin görmäge geldim» diýsem, birhili bolar. Iň gowusy, men ony görmäýin, babaňa meňzeş adamy görsem, geçen günleri, kakam janyň bizden doýman giden gara gözlerini ýatlap aglaryn. Gel, gowusy, babaň pahyryň iň gowy görýän naharyny taýýarlap, onuň ruhuna aýat okalyň» diýip, gürrüňi başga ýaňa sowjak boldum. Emma ol: «Eje, hökmanam aglarsyn, ol babama gaty meňzeş-dä» diýip, ýene bir ýola tekrarlady. Gülbahar okuw mekdeplerinde ol mugallymy gören güni öýe gelip, hökman ol barada gürrüň berýärdi. Ol mugallymyň özlerini okatmaýandygy üçin gynanýardy, eger okadanlygynda oňa günleriň birinde babasyna juda meňzeşdigini hökman aýtjakdygy barada ýaňzytýardy. Onuň gürrüňleri meni-de oýlandyrýardy. Sebäbi kakam janyň bu panydan gaýdanyna eýýäm birnäçe ýyl bolupdy. Wagt- wagt ony şeýlebir göresim gelýärdi welin, heý, goýaý. Kä gün ýüregimiň juda gysan wagty onuň suratynyň öňünde oturyp, dünýämi daraldyp barýan zatlar hakynda gürrüň bererdim, gözlerimden boýur-boýur ýaş dökülerdi, şonda göwnüme bolmasa kakam jan maňa göwünlik berýän ýaly ynjalardym. Men gyzymyň gürrüňlerini höwes bilen diňleýärdim, soňabaka ol okuwdan gelende ýene şol mugallymy gördüm diýermikä diýip garaşýan wagtym hem bolupdy. Emma men oňa babasyna meňzeş adam bar diýip, ony görmäge gidip ýörmegiň gelşiksizdigini, ol ýere gitmejegimi her gezek aýdardym. Barybir gyzym hem babasyna meňzeş mugallymy hakyndaky gürrüňlerine nokat goýmaýardy. Daýysy gelse-de, daýzalary gelende hem ol barada aýdyp galýardy. Hatda mamasy gelen wagty hem ol barada gürrüň berip, olaryň hem ýüregini gozgapdy. Ine, bir günem, anna agşamy kakam pahyr düýşüme giripdir. Düýşümde kakam jan öýümizde ýassygy tirsekläp ýatyrdy. Oňa nazarym düşenden ýanyna baryp oturyp, içime dolup giden gürrüňlerinden aýdyp başlaýan. Birdem söhbetdeş bolduk. Birden hem ol gitmek üçin gapa ýönelýär. Men «Kaka ýene-de birazajyk oturaý-da» diýsem, «Men kakaň däl-ä, Gülbaharyň mugallymy» diýip gözden ýitýär. Men şol bada ukymdan oýandym, içimden bolsa «Özüne meňzeş mugallymyň bardygy barada eden gürrüňlerimiz kakam jana aýan bolupdyr öýdýän» diýip oýlandym. Geň göräýmeli, indiki anna agşamy hem ýene kakam jan düýşüme giripdir. Bu gezek men ony okuw mekdebiniň howlusynda gördüm. Adamlaryň arasyndan geçip, onuň ýanyna ýetiberemde, ol: «Men kakaň däl, Gülbaharyň mugallymy» diýip, okuw mekdebiniň gapysyndan girip gidýär. Şol bada hem ukudan oýandym. Ertesi gün biz kakam pahyry we ähli öten-geçenlerimizi ýatlap tebärek çykartdyk. Şondan köp wagt geçmänkä ýene öňkülere meňzeş düýş gördüm. Men ol düýşleri nämä ýorjagymy bilemokdym. Gyzym Gülbahar bolsa ol mugallymy hakyndaky gürrüňlerini soňlamaýardy. Arasynda hem «Eje, baryp göräý-dä» diýýärdi. Men oňa «Onuň ýaly zat bolmaz» diýip, kesgitli jogap berýärdim. Şeýle jogap bersem hem ol mugallymy görmek hakyndaky pikirler öz-özünden dünýämi eýeläp barýardy. Ine-de, meni haýrana goýan gün. Asyl bir iş ugruna boljak bolsa, bir zat sebäp bolýar eken. Biz şol gün ol okuw mekdebine duşuşyga gitmeli bolduk. Men ol ýere ugranymdan Baýram mugallym hakyndaky gürrüňler bütin dünýämi gurşap aldy. Ol mekdebiň howlusyndan girip, tä duşuşygymyz gutarýança gözlerim diňe ol mugallymy gözledi. Emma men ol ýerde kakam jana meňzeş mugallymy görmedim. Çäre gutarandan soň gaýdybermedim-de, gelenime görä ol mugallymy görüp gitmegi maksat edinip, duşuşygy geçiren guramaçy gelne ol mugallymy görmek isleýändigimi aýtdym. Guramaçy mugallym: «Häzir çagyraýyn» diýip, okuw mekdebiň ýokarky gatyna garşy ýöneldi. Men hem bir gyra çekilmek maksady bilen, howlynyň çäginde gögerip oturan saýaly agajyň aşagynda goýlan oturgyja baryp oturdym. Köp wagt geçmänkä ýaňky guramaçy gelin ýaşuly mugallym bilen daş çykyp eýläk-beýläk seredip meni gözlediler öýdýän. Olara nazarym düşenden derrew ýerimden galdym, olary ýagşy nazarlanymdan hem doňup galdym. Gyzym Gülbahar jan ýönelige janykman ekeni, älhepus, beýlede bir meňzeşlik boljak eken. Guramaçy gelin meni görkezdi-de, arkaýyn gürleşsinler diýen terzde yzyna ýöneldi. Dogrusy, men oňa garşy ýöremeli welin, doňup galşyma gymyldap bilmän durdum. Mugallym maňa siňe seredişine haýaljak ýöräp gelýärdi. Ol golaýlaşdygyça bolsa gözýaşyma erk edip bilmän başladym, ýaňaklarymdan syrygýan ýaşlary syldygymça beter ýaş dökülýärdi, dodaklarym titir-titir edýärdi. Nämeden başlajagymy bilmeýärdim, asyl gürläp bilemokdym. Meniň bolşumy synlan mugallym özüni oňaýsyz duýdy. Men baş atyp salam berdim. Ol salamymy alyp: - Sizmi meni görmekçi bolýan--diýdi welin, onuň ýüzüne seredip uludan-uludan demimi alyp durşuma «bu ne gudrat, sesi-de edil kakamyň sesi-dä» diýip içimi gürledişime özümi ele aljak bolýardym. Ol mugallym gürrüňe ýol açmak üçin: - Siz talyplarymyzyň biriniň ejesimi ýa--diýdi. Men baş atyp gürlemekçi boldum, emma bolmady, näme diýjegimi bilmän dymýardym. Onuň sesiniň-de kakamyň sesine meňzemegi meni has-da aljyradypdy. Ol özüni oňaýsyz duýup başlady. Biraz sesini üýtgedip: - Näme talybyňyzdan bir mesele çykdymy?--diýdi. Men başymy ýaýkadym, bir ýaşuly mugallymy mundan artyk gynap durmaly däldigi üçin zordan agy gatyşykly gürledim: – Bagyşlaň, mugallym, siz, siz kakama juda meňzeş ekeniňiz, asyl sesiňiz hem edil kakamyň sesi ýaly. Siz barada maňa bu ýerde okaýan talyp gyzym aýtdy. Esli wagt bäri görmegi niýet edinip ýördüm, ýöne birhili görüp, gelmegiň ebeteýini tapmadym — diýdim-de, soňky sözümi has agy gatyşykly aýtdym: — Kakam pahyr «Men ýeke, iň bolmanda birje doganym bir bolsady» diýýärdi welin, onuň dogany bar ekeni, siz oňa juda meňzeş — diýip aglap goýberdim. Öz bolşumdan özüm utanyp durşuma ýene-de «Bagyşlaň, mugallym!» diýdim. Ol köp manyly meniň ýüzüme seredip durşuna: – Hä, şeý diýsene, kakaňyza meňzedip gelipsiňiz-dä, geliň onuň ýaly bolsa birsellem gürleşeliň — diýip, oturgyja garşy ýöneldi. Menem gapdalyna baryp oturdym. Ol söhbetdeşlige ýol açmak üçin: - Şu wagt iki sapagymyň arasyndaky boş wagtymdy. Ýogsa-da sen kimiň gyzy, kakaňyzyň ady näme?» diýdi. Gürrüňdeşlige biraz ýol açylanyna begenip: - Men Atamyradyň gyzy--diýip jogap berdim. Göwnüme bolmasa, göýä kakam jan bilen gürleşip oturan ýalydym. Men oňa kakamyň uruş ýyllarynyň çagasydygyny, enem pahyryň on dört çagasyndan bir kakamyň galandygyny aýtdym. Enem bilen atamyň perzentsiz galmakdan gorkup, «ýurduňy täzeleseň, çagaň durar» diýseler Baýramaly sebitlerinden Murgabyň etegine göçüp gaýdandyklaryny, şondan soň hem kakamyň bolandygyny we ýaşlygyndan zehinlije bolup ýetişendigini gürrüň berdim. Men söhbedimiň arasynda enem pahyryň bolup ýogalýan çagalaryna yrym edip Aňňal, Italmaz, Haldurdy ýaly atlary dakandygyny hem aýtdym. Aşak seredip gürläp oturyşyma biraz ýüregimiň giňeýändigini bilýärdim. «Hä» diýip diňläp oturan mugallym birden: --A gyzym, seniň gürrüňleriň maňa bir zatlary ýatladýan ýaly-la, hany dur, dur. Seniň ataň ady Ballymy, eneň ady hem Mamurmy--diýdi. Ýalta, onuň ýüzüne seredişime tasdanam ýüregim agzymdan çykypdy. Men tolgunmakdan ýaňa «Hawa mugallym, olaryň adyny nireden bilýäňiz?» diýip sakowlap diýen ýaly gürledim. Onuň nemlenen gözleri bir syryň bardygyny ýaňzytýan ýalydy. Indi ol gürlänokdy, bir nokada gözüni dikip, doňup otyrdy... Bu bolýan zatlaryň ýöne ýerden däldigi meni alas-gopas edýärdi. Bir ýaşuly mugallymy oňaýsyz ýagdaýa salan hem bolsam, onda bir ýakynlygyň bardygyny tutuş dünýäm bilen syzýardym. Baýram mugallym: - Gör-ä, bu ykbal öwrümlerini, meniň hem bir ýerlerde doganym bar ýaly duýguly pikirler hiç aňymdan gitmeýärdi. Gyzym, üns bilen diňle, men saňa ejem pahyryň iň soňky aýdan sözlerini gürrüň bereýin. Ol gürrüňler seni has-da haýrana goýsa gerek. Ejem pahyra Nartäç diýerdiler, ol gaty edenli, çydamly zenandy. Meni gowy görşün-ä hiç bir zat bilen deňär ýaly däl, ýeke başyna meniň ylymly-bilimli bolmagym üçin ähli tagallalaryny eden zenan. Ol bir gün şeýle diýdi: – Oglum, bizem indi pellehana golaýlaberdik öýdýän. Ýöne men saňa ol syry aýdyp gitmeli. Men Baýramaly sebitine gelin bolup düşdüm, ýöne menden perzent önmedi. Atabaý neresse bilen goş birikdirenimize ýedi ýyl diýlende nägehan uruş turup, ol hem ilkinjileriň biri bolup fronta gitdi. Köp wagt geçmänkä hem aldym-berdimli söweşleriň birinde wepat bolandygy baradaky habary aldyk. Onuň hem menden başga hiç kimi ýokdy, ýetim oglan eken. Ol döwürler durmuş agyrdy. Obamyzda bir çopanyň her ýylda çagasy bolup ýogalýardy, ony ýarawsyzlygy üçin urşa hem almadylar. Men onuň aýalynyň ýanyna baryp, özümiň perzentsizligimden nalardym. Oňa «Seniň ýanyňa boldy diýip bir gelinýä, ýogaldy diýip bir gelinýä. Wah, bize çaga dogurmak bagty nesip etmedi» diýip aglardym. Bir gezek onuň ogly boldy welin ol gaty heläk boldy, çagasy hem çalajandy. Men ol çagany bagryma basdym-da, ony lukmana görkezmegi niýet edindim. Adamsy görgüli aýaly ölmese razydy, «şol çaga seňki bolsun keýgim, özüň bir zat et diýdi. Men bagryma basan çagamy öýüme eltip, yhlas bilen seretdim. Çagajyk asuda dem alyp başlady. Oba agramçylykdy. Ol çopanyň aýaly hem galybermedi. Şol günem ýüregime Hudaý salan ýaly, ähli zadymy düwüp, furguna ýükledim-de, atam öýüme Tejen sebitine garşy ýola düşdüm. Her kim ol çaga Tejene ýetmän ýogalar diýdi. Alla berjek bolsa hiç zat bolmajak eken, çalajan gelen çagamy oba lukmanynyň kömegi bilen daýandyrdyk. Ýöne men şol wagt bu çaganyň ata- enesiniň idäp gelerinden dörän gorky üçin, ol çaga ýolda ýogaldy diýip habar ýolladym. Ol habarym bardymy, barmadymy bilmedim. Olardan hiç bir habar bolmady. Soň bir gün ejem pahyryň belli gününe gelen mugallym daýym: «Bu ýerde saňa orun bolmaz, ogluňy okadarys, özüňi hem işe salaryn» diýip, şu dagy etekläp oturan oba alyp gaýtdy. Ençe ýyllar geçenden soň bir toý üýşmeleňinde şol gaýyn obamdan Ene daýzany göräýdim. Men ondan şol çopany, onuň maşgalasyny soradym. Ol «Soň hem bir çagasy bolup ýogaldy, olar hem ol obadan göçüp gaýtdylar, bilmedim-dä, soň näme bolanyny» diýdi. Men sen barada dil ýarmadym. Olar barada soň hiç zat bilmedim. Oglum şol çopanyň ady Bally bolmaly, aýalynyň ady hem Mamurdy. Olar seniň hakyky ataň-eneň bolmalydy. Bu barada men ölenimden soň, kimdir birinden eşideniňden özüm aýdyp gideýin diýdim —diýip gürrüň beripdi. Şondan soň ejem pahyr uzak ýaşaman ýogaldy. Onuň adyny Enebaý diýip ikinji gyzyma dakdym. Enebaý jan häzir obamyzdaky mekdepde mugallym bolup işleýär--diýip dymdy. Bu eşiden gürrüňlerime ertekimi, hekaýamy, hakykatmy näme diýjegimi bilmedim. Gulaga öwrülip diňläp oturyşyma doňup galypdyryn. Birden hem özüme gelen ýaly boldum-da: - Mugallym jan, siz meniň kakamyň dogany bolýarsyňyz-a, şeýle dälmi? - diýip agladym. Mugallym hem näme diýjegini bilmän ýüzüme seredip otyrdy. Ol elimden tutdy-da: - Bu bolýan zatlary diýsene, gör, bizi ykbal duşurdy - diýdi. Biz ýerimizden turduk. Men oňa bu hoş habary ejeme, doganlaryma ýetirip, ýakyn günde öýe alyp gitjekdigimi aýtdym. Ol hem meni öz maşgalasyna myhmançylyga çagyrdy. Biz mähirli hoşlaşdyk, ol haýaljak ýöräp okuw mekdebiniň gapysyna ýetdi-de, mähir bilen yzyna seretdi. Men bolsa göýä kakamyň yzyndan seredip duran ýaly doňup galdym. Biz ýene baş atyp sagbollaşdyk. Daş-töweregime seretdim, kime bosa-da birine «Kakam janyň doganyny tapdym» diýip buşlasym geldi. Bütin dünýämi şatlyk gaplap aldy, kakam jana meňzeş adamyň onuň hakyky dogany bolup çykmagy biziň her birimiziň ýüregimizi ersdirjek aýratyn waka boldy. Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA. | |
|
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |