20:34 Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa | |
KETENINI YSGAMADYK ARMANLAR...
Hekaýalar
Toý diýseň uludan tutulýardy. Indi üç gün bäri Mergen aganyň howlusynda toý şowhuny dowam edýärdi. Howlynyň bezelişini-de görüp göwnüň göterilýärdi. Mergen aganyň «Beýle bezemek nämä gerek?» diýmesine garaman ýaşlar toý sähedi bellenenden howlynyň hem bezegini ýetirip başlapdylar. Aýratyn-da Döwranyň dilewar dostlary Gylyçdyr Pirli: «Mergen aga, biz Döwranyň toýuna garaşyp-garaşyp ýetendiris. Siziňem ilkinji nowbahar ogluňyzyň toýy. Şonuň üçinem toýy döwrebap geçirmäge rugsat beriňd-ä, gelen myhmanlar howla girmänkä göwünleri göterilsin. Goý, gurjak ýaly bezelen howla Döwranyň gurjak ýaly bolup bezelen gelniniň aýagy düşsün» diýip ýetişibildiginden gürleýärdi. Daş-töweregindäkilerem Gylyjy goldaýardylar. Akjemal daýza bolsa begenjinden aglaýjak bolup durşuna baryp, Gylyjyň arkasyna kakyp: «Aýdanyň gelsin oglum, bezäň, onda-da gowy edip bäzäň, näme gerek bolsa-da aýdyberiň» diýenden «Wah gelneje jan gerek zadyň aladasyny ýetirmeris, arkaýyn boluň» diýip, Pirlem gürrüňe goşulypdy. Mergen aga hem begenjinden ýylgyryp: «Bezäň, ogullar bezäň, ýöne toýy guramaçylykly sowsaňyz bolýar» diýenden olar baý şatlanypdy. Ine, şeýle ajaýyp bezelen howlynyň şowhuny bu gün has-da uludy. Bu gün gelinalyjy günüdi. Ir säherden atarlan toý gazanlaryndan ýaýraýan tagamly naharlaryň ysy bir menzilden burnuňa urýardy. Bagşynyň belent heňden tutduryp, aýdýan aýdymlary bolsa göwnüňi göterýärdi. Toýuň iň bir gyzgalaňly, iň bir şatlykly, iň bir tolgundyryjy pursady gelip ýetipdi. «Ogluň boldy-boldusy, gelniň geldi-geldisi» diýlişi ýaly, bezelen gelinalyjy maşynlaryň kerweni uzyn-uzyn düýtleşip Mergen agalarynyň howlularyna aýlandy. Hemmeler tolgunýardy. Akjemal daýzanyň tolgunyşy has-da üýtgeşikdi. Şonuň üçin häzir onuň şatlygyny hiç bir zat bilen ölçär ýaly däldi. Myhmanlaryň toý gutlaglaryna «Taňryýalkasyn» diýip duran Mergen aga-da ogludyr türkmen lybasyna bürenen gelnini görüp ýüregi gowsundy. Haýaljak ýöräp ugran ýaşlaryň üstünden nogul-nabat seçilýärdi. Şol barmana bir ýerden ylgap gelen Gylyç Mergen aganyň telpegini alyp hol ýokary zyňyp goýberdi. Birsellem ol telpegi ýere düşürmän gezekli-gezegine ýokary zyňdylar. Akjemal daýza bolsa ogly bilen gelnini gujaklap, olaryň bagtly bolmagyny dileg etdi. Ol gelni getirýän kiçi eltisine: – Sag-amanja getirdiňmi? Ilki bilen, gelni gaýnymyň ýanyna eltmelidir –diýdi. Hawa, hemmeleriň tolgunyşy bir ýana, Ogulla enäniň tolgunyşy bir ýanady. Ol toý sähedi belleneni bäri tolgunyp otyrdy. Dogrusy, ol öz ogullaryny öýeren-de-de, beýleki agtyklary öýlenen-de hem şeýle tolgunypdy. Ogulla ene tolgunmazça-da däldi. Ol gelin bolup gelen güni gaýynenesi Tuwak daýzanyň beren gürrüňlerini hiç ýadyndan çykaryp bilenokdy. Asla ol wakalar ýatdan çykar ýaly hem däldi... Hawa, Tuwak daýzanyň ilkinji çagalary durmandy. Ahyr bir tebip mamanyň kömegi bilen onuň ogul bäbegi bolýar. Onuň adyna yzyna çaga tirkeşsin diýip Kerwen dakýarlar. Ondan üç ýyldan soň ýene ogly bolýar. Oňa Mergen diýip at goýýarlar. Şeýdip ilki çagaň dyrnagyna zar bolan Tuwak daýza bilen Gurtly aganyň daşy on-on bäş ýylyň içinde jagylda-jugul bolýar. Olar çagalary bilen başagaý bolup günleriniň nähili geçeninem duýmandy. Hä diýmänem iki ogul gerçek çykdy. Tuwak daýza diläp ýeten ogullarynyň boýuna guwanýardy. Indi olary öýermegiň aladasy bilendi. Şol gün hem Tuwak daýza goňşusy Bibisara bilen bazara gidip «Halat başy bolsun» diýip, iki kişilik keteni aldy. Ol şonda şeýlebir begenipdi welin göýä gelin alan ýaly bolupdy. Öýe gelibem alan zatlarynyň içinde diňe ketenisi gözüne görünýän ýaly, şol ketenini öwüp oturyşyna: «Gör-ä, muny keteni dagam däl, bazaryň içinden saýlap aldym, halat başy bolsun diýip, «Sary gawunyň ysy, keteniň ysy» diýleni-dä, heý munuň ysam bir jennet ahyryn» diýip, saçak başynda çörek iýip oturan ogullaryna-da seredýärdi. Hemmeleriň nazary ketenä gönügipdi. Beýlekilere garaňda Mergen degişgen bolansoň ol oturyp bilmän: – Aý eje, bir keteni alypsyň welin, şol öwüp otyrsyň-la, reňki köz diýdiň, ysy janyňy alyp barýar diýdiň, biz-ä üýtgeşik ys alamzok, ýa-da ony ysgap görmelimi — diýip, ha-ha-haýlap güldi. Onuň töweregindäkilerem ýomak aýdyşyp gülüşdiler. Tuwak daýza bolsa: – Haý zaluwatlar, gülüşiberiň, nesip bolsa keteniň ysyny alanyňyzda ejeňiziň ony ýöne ýere öwmändigini bilersiňiz — diýip, ketenileri sandyga salypdy. Şol günüň ertesem, hawa, şol günüň ertesi bütin dünýäni sarsdyran «ajy» habar bu maşgalanyňam şadyýan durmuşyna awy gatypdy. «Uruş turupdyr» diýlenden Gurtly aga ilki bilen gidipdi. Ol: «Ynha, uruş derrew gutarar, biz gitsek, soň adam hem almazlar. Ner ogullarym siz öýüňem, obaňam daýanjy boluň, gyzym sen ejeň höwri, körpe ogul, senem kömekçi bolarsyň» diýip, Omarjygyň maňlaýyndan öpüpdi. Gurtly aga mertlik bilen gowy niýet edip gitse-de, onuň aýdanlary bolmandy. Uruş gutararly däldi. Tuwak daýza ýanýoldaşyndan soň iki ner ogullary Kerwen bilen Mergen hem gidipdi. Gyzykly günleriň bary yzda galypdy. Olaryň maşgalasynda iň soňky şatlykly gün, bazardan keteniň getirilen güni bolup galypdy. Şondan soň beýleki maşgalalar ýaly bularyň hem ojagy gam-gussa batypdy. Gam-gussaly günleriň geçmesi hem kyndy. Her günki agyr işlerden beter gelýän ajy habarlar adamlaryň halys ysgyn-mydaryny alýardy. Hiç kimiň ol ajy habarlary boýun alasy gelmeýärdi. Ine, şeýle ajy habary alanlaryň biri hem Tuwak daýza boldy. Olara gowşan üç burç hatda Gurtly aganyň söweş meýdanynda mertlerçe wepat bolanlygy ýazylypdy. Tuwak daýzanyň kalby sarsyp gidipdi. Ol dat-perýat edip aglap oturyşyna birdenem: «Allajan şükür edýän, iki nerim bir sag-aman dolansyn!» diýip, doga-dileg baryny edýärdi. Öýüne ýene-de şatlykly günleriň dolanmagyny, degişgen ogullarynyň ýene gelip göwnüni açmagyny arzuwlaýardy, hyýalynda olar bilen şol iň soňky güni ýatlap, olaryň öňüne köz ketenini oklap: «Görüň ogullarym, bu köz keteniň şol ysam durandyr, asyl näçe dursa-da üýtgän däldir» diýip, hem öz ýanyndan magtanardy. Ýöne, Tuwak daýzanyň dileglerem, arzuwlaram puç boldy. Uruş gutarmazynyň öň ýanynda yzly-yzyna gelen iki oglunyň ajy habary diňe kalbyny lerzana getirmän, bütin dünýäsini ýykypdy. Bagry paralanan enä hiç zat täsir edenokdy. Ol ilki-ilkiler ynanmazlyga salyp gezse-de, onuň hakykylygyny duýan ene usul-usul ýanyny ýere beripdi. Arasynda bolsa gyzynyň, körpe ogly Omaryň ýanynda bardygy üçin şükür edip daýanardy. «Hiç bir hossarsyz galanlar-da bar ahyryn» diýip, Tuwak daýzanyň mertlige salmagy uzaga çekenokdy. Ol ýüregi gozgalaň tapyp ugrandan, sandygy açyp, şol ketenileri bagryna basyp, «Wah, ketenini ysgamadyk armanlym» diýip, bagyrýardy, uzyn-uzyn aglaýardy. Şeýdibem köşeşýärdi. Uruş gutaransoň adamlaryň ýürekleri biraz rahatlanyp, dünýeleri giňäýjek ýalydy. Ynha, Tuwak ejäniňem körpe ogly Omar hem ýigit çykypdy. Ol ejesiniň ýüreginiň biraz melhemidi. Gyzy Nurtäç hem ejesiniň daşynda kebelekdi. Ol hem ejesiniň her gezek «Ketenini ysgamadyk armanlym» diýip aglanda agalarynyň merdana keşbini ýatlap gynanardy. «Eje jan, ýöne armanlym, diýip oturman, şol şatlykly günleri ýatlaly, belki olar diridir» diýip, ejesini köşeşdirerdi.... Bir günem Nurtäç ejesine jigisi Omary öýermek hakynda maslahat saldy. Tuwak eje ilki göwnemedi. Ýöne gyzynyň: « Ejem jan, ondan bäri ýyllar geçdi, indi biz islesek, islemesek ol ajy habarlara ynanmaly borus. Olaryň ruhuny şat etmelidiris. Ynha, Omar jany öýlendireris welin, nesip edip ogly bolsa agalarymyň adyny dakarsyň, şeýle dälmi?!» diýip ony gününe goýmady. Tuwak eje-de otyryp oýlanyp: «Hudaý jandan daş düşmäýin, ýanan ýeke men däl-le» diýip, ylalaşypdy. Ol oglynam öýerdi, gyzynam çykardy. Eziz merhumlarynyň ruhuna-da degsin edýärdi. Ýöne, Tuwak ejäniň hemişe şol keteniler ýa-da keteni köýnekli gyz-gelinler ýarasyny täzeleýärdi. Şol iň soňky gün şatlykly gün diýip, hasap eden gününi ýatlap myssa ýylgyrsa, armanlaryny ýatlap aglardy. Ol wakalary birin-birin gelni Ogulla gürrüň bererdi. Onuň aýratynam toý ketenisini sypap-sypap, ony gynandyrmajak bolup ýuwdunyp-ýuwdunyp aglardy. Ýöne ene ýüregini duýup oturan Ogulla gelin hem gözýaşyny saklap bilmezdi. Oňa şol keteni hakynda, ejesiniň ony nähili gowy görýändigi hakynda aňynda berk galan ýanýoldaşy Omaram zol gürrüň bererdi. Tuwak daýza ondan soň köp ýaşaman, ýürek keselinden dünýäden ötýär. Ol görgüli ýogalanda Ogulla gelin hamylady. Onuň ogly bolýar. Oňa Atageldi diýip Omar kakasynyň adyny goýýar. Soňky bolan ogullaryna hem Kerwen, Mergen diýip uruşda wepat bolan agalaryny hatyralap, olaryň atlaryny dakypdy. Ondan bäri ýyllar geçipdi. Omaram agtykly, çowlukly bolupdy. Olaryň nesil daragty dowam edýärdi. Ine, bu gün bolsa Omar aganyň üçünji ogly Mergen uly ogluny öýerýärdi. Ogulla ene bolsa gelin bolup gelen gününde kalbynda galan şol yzaly ýatlamalary ýatlaýardy. Içindenem: «Wah, şeýle günüňde şol gamly wakalary ýatlamaýyn diýsemem bolanok-da» diýip, pikir ýüwrüşine gyzyl çog bolup türkmeniň milli lybasyna beslenen gelni gapydan salanlaryny görüp, ýene-de ýüregi sanjyp gitdi. Gelni ýanynda oturdanlaryndan soň ony gujaklap durşuna «Bagtly boluň balalarym, görjek günleriňiz gowy bolsun-da hernä!» diýip, öňden taýynlap goýan nogul-nabadyny onuň etegine guýdy. Her kim yrym edip gelniň etegindäki süýjüden «Bize-de şeýdip agtyk gelin görmek nesip etsin» diýip, ondan alýardy. Gelniň etegindäki süýji azaldygyça köz ýaly keteni mesaňa görnüp başlapdy. Muny synlap oturan Ogulla ene: «Keteniňe döneýin, guzym» diýip içini gürletdi. Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA. | |
|
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |