22:00 Seniň baryňda / hekaýa | |
SENIŇ BARYŇDA
Hekaýalar
Ýaz paslynyň meýdana al-elwan güllerini düşäni ýaňy ýaly bolsa-da, birki gün bäri ýiti gyzyp başlan Günüň howruna meýdan otlarynyň başy eýýäm saralypdy. Adamlar indi gününiň köp bölegini daşarda geçirenlerini kem görenokdy. Aýratyn-da oba ýerlerinde kölegä düşek oklanyp, öýlän çaýyny içmek, agşam naharyny daşarda atarmak ýaly işler ýola goýlupdy. Dagy etekläp oturan obanyň çetiräginde ýaşaýan Aýjemal hem daşarda agşamlyk naharyny atarmagyň aladasy bilendi. Ol obanyň ilersindäki baýryň ýüzünde biten otlaryň saralyp başlanyny daşdan synlap durşuna: «Tomus gelmäge howlugýan ýaly, ýaz paslynyň derrew ornuny alyp, ýaňybir terlenip ösüp ugran otlary saraldyp taşlaýar. Entejik meýdan otlary dursa mallar üçin gowy bolaýjak welin, aý, herki zadyň öz gelmeli wagty bardyr-da» diýip, içini gepledip durşuna ogly Sanjaryň tigirli özüne tarap haýdap bir zatlar diýip gelýänini görenden serine dolan pikirlerden şol bada saplandy. Aýjemal gol doly maşgalanyň öý bikesidi. Ol ýanýoldaşy Pudak bilen alty çagany dünýä inderip, olary terbiýeli, edepli, bilimli etmegiň aladasy bilendiler. Pudak kärendeçidi, ol uluja çagalary bilen gününiň esasy bölegini ekin meýdanynda geçirýärdi. Aýjemala bolsa öý işleri ýetik bolýardy. Olar arada ogly Sanjar halys goýmansoň oba dükanyna gelen tigirden alyp beripdiler. Beýleki çagalaryna garaňda Sanjar has dillidi, garagoldy, tutanýerlidi. Şu häsiýeti bilen ol doganlaryndan tapawutlanýardy, öňünde goýan maksadyna ýetmegi halaýardy. Häzir hem onuň bar ünsüni ejesine gönükdirip, gaşlaryny çytyp gelmegi bir derwaýys zat aýtjaga meňzeýärdi. Ol ejesiniň ýanyna ýetiberenden tigriniň badyny gowşadan bolup durdy-da, uly adam ýaly gürledi: – Eje, şypýapyşjara daýym gelipdir, olaryň howlusynda maşynyny gördüm. Şol mahal hem Myrry çykan bolup «Bize Nummat daýym geldi, kakam çörege çagyrdy» diýen boldy, menem «Sen aýtmaňda hem gördüm» diýdim-de, tigrimi gaty sürüp gaýtdym — diýip nägilelik bilen gürleýşine ejesiniň ýüzünden many aljak bolýan ýaly dikanlap seretdi. Aýjemalyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol ogluna seredip durşuna «Şeýlemi oglum, daýyň olara gelen bolsa, hökman bize-de gelip gider, men naharymyzy köpeldeýin» diýip ojagyň oduny ölçermek üçin oňa tarap öwrüldi. Sanjar aýdan habary bilen oňup gidibermedi-de: «Eje, gör-de duraý, şypýapyş daýymy goýbermez, gelse-de derrew gider, öňki ýaly ýene-de nahar iýmän gider» diýip, ejesiniň bir zat diýerine garaşdy. Aýjemalyň kalbyny garyşyk pikirler gaplasa-da, ogluna syr bildirmejek bolup: «Iýmese-de taýýarlarys oglum, ýöne daýyň hökman bu gezek bizden hem nahar iýip gider, öňki gezek indiki gelemde sizde köp oturaryn diýd-ä ahyryn» diýdi-de, oglunyň ünsüni sowmak üçin oňa dükandan süýji-köke getirmegi tabşyryp, öýden pul çykaryp berdi. Ol oglunyň ünsüni sowan hem bolsa, öýüniň içini tertibe salyp ýörşüne serine müň dürli pikir gelip geçdi. Içinden: «Ýene-de oturman gidäýermikä, aý, onda hem gelip dyz eper-le, naharyň gapdalyndan hem eti ýukajyk gyýyp bir zat edäýeýin-le» diýip sowadyjyny açdy. Onuň ikirjiňlenmesi ýöne ýerden däldi... Aýjemal maşgalanyň uly gyzydy, onuň özünden kiçi dört gyz, iki oglan jigileri bardy. Aýjemal jigileriniň hemmesini-de gowy görýärdi, ýöne ol bäş gyzdan soň bolan Nurmyrat jigisini aýratyn gowy görýärdi. Onuň gowy okamagy üçin alada baryny edipdi. Ol hemişe «Jigim jan, seniň zehiniň erbet däl, sen mekdebi gowy bahalar bilen tamamlasaň, soňra ýokary okuw mekdebine okuwa girersiň, uly adam bolarsyň. Kakam hem siziň ýokary bilimli bolmagyňyzy isleýär ahyryn» diýip gulagyna guýar ýörerdi. Aýjemalyň yhlasy myrat bolup, Nurmyrat ýokary okuw mekdepleriň birine girdi oturyberdi. Şunda Aýjemalyň begenişini hiç bir zat bilen ölçär ýaly bolmandy. Ol jigisiniň ýokary okuw mekdebinde hem gowy okamagy üçin nesihatly sözlerini gaýgyrmady. Onuň üçin gerek bolsa häzirki zaman egin- eşiklerden alyp goýup, öýe gelen wagty ony begendirerdi. Ol durmuşa çykandan soň hem Nurmyrat bilen baglanyşykly aladalardan saplanmady. Onuň her gelerine dürlüje sowgatlar we sowalga puljagaz taýýarlap berip goýbererdi. Soňra Aýjemal oňa has oňat bir sowgat etdi. Gaýyn obalaryndan saýlap-seçip bir görmegeý akylly gyzy oňa görkezdi, soňra-da şoňa öýerdi. Ondan soň Nurmyrat oňa has-da ýakyn bolup galyberdi. Nurmyrat okuwyny tamamlap, etraplarynda öz ugry boýunça işe ýerleşipdi. Ýakynda bolsa onuň işini biraz ulaldypdylar. Bu zatlara Aýjemal diýseň guwanýardy. Ogullarynyň hem daýysyna meňzemegini isleýärdi, uly ogly Sanjaryň köp häsiýetleriniň Nurmyrat daýysyna meňzeýändigini bolsa häli-şindi dile getirýärdi. Sanjaryň (şypýapyşara daýym gelipdir) diýip närazylyk bilen aýdýan sözleriniň hem hikmeti bardy. Onuň şypýapyş diýýäni Nurmyradyň gelniniň uly agasy Meretdi. Ol Nurmyradyň ylymly-bilimlidigini, abraýly ýerde işleýändigi üçin oňa aýratyn hormat etjek bolup başagaýdy. Onuň maşgalasy bilen gezmäge gelen wagty-da öz öýlerinde oturdyp, dürli tagam taýýarlan kişi bolup, olary hiç ýere goýbermejek bolýardy. Ony aýratyn-da aýal dogany Aýjemaldan gysganardylar. Hatda Aýjemalyň özi üýşmeleň eden wagty hem Nurmyradyň olara gelenini görse, derrew bir ýerden çykyp: «Bärde adam hem köp, bizde oturaýalyň arkaýynja, ýakyn arala, iýjek naharymyzy getirderis» diýip eýlesine-beýlesine geçip alyp gitjek bolardy. Onuň hut şu häsiýetlerini halamaýandyklary üçin oňa «Şypýapyş» diýip at goýupdylar. Nurmyrat onuň pirimlerine düşünmän duranokdy, ýöne aýalynyň agasy bolany üçin onuň köp hilejiklerini bilmezlige salýardy. Ol öňünde ýaýaplap her hili bolsa-da, Nurmyradyň ýüreginiň töründe ene mährini beren, mähriban aýal dogany üçin aýratyn orun bardy. Şonuň üçin ol oba aýagy düşse, Merediň hajyk-hujuk gürrüňlere gulak gabardyp durman, aýal dogany bilen hökman didarlaşyp, hal-ahwal soraşyp giderdi. Dogry wagtynyň çäklidigi üçin olarda köp oturyp bilmezdi, ýöne nämüçindir aýal doganyny görende dünýäsini üýtgeşik bir mähirli duýgular gaplap alýardy. Haçan-da, gaýdanda aýal doganynyň «Şujagazy bir iýip gidäý-dä, ýörite saňa diýip taýýarladym, ýene-de azajyk oturaý-da» diýip daşynda perwaz urşuny göz öňüne getirip, ýene biraz oturmadygy üçin gynanardy. Doganynyň mähir bilen elini galgadyp, intizarlyk bilen balkyldap bakýan gözleri esli wagtlap göz öňünden gitmezdi. Bu gün Meret Nurmyradyň wezipesiniň biraz ulalandygyny eşidip ýörite çagyrypdy. Onuň üçin dürli-dümen zatlary taýýarlap gelenden hiç ýere gymyldaman oturmalydygyny (aýal doganyna gidäýmesin diýip, ol ýörite aýdýardy. Eger bir gezek dagy olara barman gitse (bizde köreken uzak gün oturyp gitdi) diýip, Aýjemallara baryp öwünmek isleýärdi. Ýöne onuň bu pirimi bir gezek hem başa barmaýardy) aýratyn nygtapdy. Ol aýagaldygyna öwnüp, Nurmyradyň göwnünden turaýjak sözleri aýtmaga çalyşýardy. – Şu zatlaryň hemmesini siz üçin taýýarlatdym, çynym bilen aýdýan, gaty begendim seni etraba geçirenlerine. Men «okuwyny tamamlap gelenden bu zehini bilen körekeni bir ýerde goýmazlar, derrew ösdürerler» diýip aýtdym. Ynha, diýenim hem boldy. Miwe jan hem begenýär, olary hem getireniň gowy bolupdyr. Çagalar hem Miwe ejemiň çagalaryny göresimiz gelýär diýip aýdyp ýördüler. Hany alsana, «Bissimilla» et-de başlaber, men çişligiň oduna seredip gaýdaýyn —diýip, daş çykdy. Nurmyrat onuň aýdan sözlerine känbir pitiwa etmedi, diňe ýylgyryp häsini berdi. Ol gaýta: «Iýip-içip düşegimiz ýumşamanka Aýjemallara baryp gaýtsammykam, ol hem barsam oturtjak bolar, häzir turup gidibersem Meret agaň hem ýüzi üýtgär. Gowusy, häzir Miwä çagalar bilen baryp oturyp, gaýdyň diýeýin, men hem birazdan bararyn-da» diýip içini gürledip otyrdy. Merediň «Sizi gutlap, ýörite bir oturaly diýip uludan taýýarlyk görendirin, arkaýyn iýip-içmeli» diýip öwünişine görä, ýazylan saçagynyň üsti dürli iýmitlerden doludy. Ol Nurmyradyň «Sag boluň hormatyňyza, indi bir alada etmäň» diýenine dagy bakman, ýyrşyldap, aýagy ýere degmän girip-çykyp ýörşi ýene-de bir zatlar edip gomparjak bolýana meňzeýärdi. Birinji, ikinji gyzgynjak naharlar hem gelip başlady. Naharlardan mazaly doýlup ugrandan Meret el telefonyny açdy-da, çaltlyk bilen biriniň eline jaň etdi. Aňyrdan «How agam, barmalymy?» diýlenden «Hawa gelmeli, tüýs aýdym diňlenýän wagty geldi» diýip ýyrşyldap, Nurmyradyň ýüzüne seredip: – Men size ol bagşyny öňräkden bäri diňledesim gelip ýördi, ýöne hiç wagtyny duşuryp bilmedim. Häzir ony bir diňläp ugrasaň ýanyndan galasyň gelenok. Özi blokda çalýar hem aýdýar, bagşy diýip şoňa diýäýseň, halk aýdymlaryny dagy bir gaýnadyp aýdýar welin gulagyň posy açylaýýar. Oňa bu zehiniň ylahy berlendigine özüň hem göz ýetirersiň — diýip, onuň öwgüsini ýetirdi. Halk aýdymlary diňlemegi bolsa Nurmyrat halysalla gowy görýärdi. Hä diýmän bagşy hem guralyny alyp gapydan girdi. Ol özüne niýetlenen ýerine geçip oturandan saz guralyny düzüşdirip, daşynda aýlanyp «Hormatly myhmanymyz üçin özüňe goýan iň gowy aýdymlaryňdan bir ýaňlandyr» diýip öwgüsini ýetirip ýören Merediň guýup beren çaýyndan bir owurtlady-da, irikgä edip oturman başlaberdi. Nurmyrat hem bar ünsüni bagşa gönükdiripdi. Ol turuwbaşdan onuň ses çekimine, barmaklaryny göýä saz guralyna degirmän çalýan ýaly hereket edişine syn edip içini gepletdi. (Meret agaň aýdyşyça bar ýalow, tüweleme, Allam muňa ses-ä beripdir) Ýaňlanýan aýdym-sazlar olary maýyl edýärdi. Çäýnek yzyna çäýnek çaýlar boşaýardy. Gyzgynjak naharlar, etden taýýarlanan kakmaç, etlije somsa-da gelip durdy. Aýjemalyň bolsa gözi ýolda galypdy. Çagalary hem daýysyna garaşyp bireýýäm uklapdylar. Sanjar welin ýatmanka «Eje men aýtdym-a daýym gelmez, geljek bolsa-da şypýapyş goýbermez diýip, ýogsam daýym bu mahala gelerdi» diýip nägilelik bildiripdi. Aýjemal «Beý diýme oglum, geler häzir, Meretler hem hezzet-hormat edip, daýyňy sylaýarlar. Daýyň hem iýlip-içilip otyrkalar arasynda turup gaýtmany birhili görýändir. Öýüne gaýtmakçy bolanda hökman bize gelip gider» diýip, gapdalynda ýassyga kellesini goýan oglunyň gaýta-gaýta başyny sypady. Özüniň welin gözüne uky gelenokdy, iç-daş girip, çykyp ynjalygy ýokdy. Adamsy hem öz otagynda telewizora seredip oturyşyna irkilipdi. Ol çagalaryny düşeklerine geçirip, ojagynyň başyny ýygnaşdyrmak üçin daş çykdy. Odur-budur işini edip, esli güýmendi, hyýalynda bolsa Nurmyrat bilen gürleşýärdi. Birden hem bir zat ýadyna düşen ýaly mellek aýagujuna garşy ýöredi. Ýatakda duran mallaryna seretdi-de, mal ýatagynyň arka tarapyna geçdi. Sebäbi Meretleriň howlusy ol ýerden gowy görünýärdi. Mellek aradan gabatlanyp gidilýän ýodajyk hem bardy. Aýjemal olaryň gapysynda Nurmyradyň ulagynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny görmek niýeti bilen şol ýodajykdan biraz öňe ýöredi. Göwnüne bolmasa onuň gulagyna bagşynyň sesi eşidilen ýaly boldy. Diňşirgendi. «Hä, Meret Nurmyrady ymykly oturtmak üçin bagşy çagyran bolmaly» diýip aralykdan geçýän ýabyň gyrasynda hellewläp gögerip oturan tal agajyna ýaplanyp olary nazarlap durşuna pikire batdy. «Ýyllaryň geçäýşini diýsene, ýaňy ýalydy gar ýagan güni Nurmyrat janyň dünýä inen güni. Ol gün biziň hiç birimiziň ýadymyzdan asla çykar ýaly däldi. Sebäbi bäş gyzdan soň maşgalamyzda ogla gözümiz düşdi. Ady bilen geldi, nur ýagyp durka boldy diýip Nurmyrat diýildi. Ondan soň, tüweleme, yzly-yzyna iki ogul jigimiz boldy. Ýöne Nurmyradyň welin orny başga boldy. Ony ýerde-gökde goýman gujagymyzda ulaltdyk. Yzyndan Atanur jan bolansoň-a ony özüm ulaltdym ahyryn»... Şol barmana hem Nurmyrat bilen Meret daş çykdy. Olar aýakýazmaga çykan bolmaga çemeli, mellek aýaguja garşy ýörediler-de bir zatlar hakynda gürleşmäge durdylar. Olaryň sesleri eşidilmese-de, özleri çyranyň ýagtysyna mesaňa görünýärdi. Aýjemal gymyldaman durdy, içinden bolsa «Syratyňa, boýuňa döneýin inerçäm, saňa nazarym düşenden ýüregim ýerine gelen ýaly bolýýar. Seniň baryňda men özümi has bagtly duýýandyryn. Özüň-ä bize tarap seredýäň, belki biz hakda bir zatlar aýdýansyň. Seniň hem bize bolan söýgiň meňkiden kem däldigine ynanýan. Men seni boýunjygymda göterip ulaltdym ahyryn. Ol günler nähili hezil eken, tiz geçip gidipdir. Sen hem basym ulalyp gitdiň. Wiý, sen bärik ýörejek bolýarmyň, meniň duranymy duýaýdyňmykam. Wah, sen näler bärik gaýtmakçysyň-la, ýöne Meret aga hezzet-hormatyny uludan tutup, seni goýbererli däl. Zyýany ýok inerim, seniň ýüregiň töründe ornumyň bardygyny bilýän. Şahyryň «Diri wagtym sygyp ýörsem göwnüňe, Ölemden soň münüp gitsem egniňe» diýşi ýaly, diýip soňra içini gürledip bilmän, titiräp başlan dodaklaryna elini ýetirdi. Gözünden biygtyýar gaýdan ýaşlary ýeňi bilen süpürdi. Şol barmana hem arkasynda şykyrt bolan ýaly boldy. Ol allaniçiksi bolup yzyna seretse Pudak durdy. Aýjemal näme gürlejegini bilmän oňa garşy ýöredi, ol häzir gürläp biljegem däldi. Bir zat diýse aglajakdy. Ol özüni ele alyp «Men, men ýataga aýlanaýyn diýdim-de, Nurmyradyň ulagy durmyka diýip seredäýdim» diýip, üzlem-saplam gürledi. Pudak derhal aýalyna göwünlik berdi: – Nurmyrat heý, seni görmän gidermi, ýöne ony häzir Meret aga saklaýandyr. Ýör öýe baraly — diýip, oňüne düşüp ýöräp ugrady. Aýjemal hem gürlemän onuň yzyna düşüp ugraýşyna gözünden arkaýyn akyp başlan ýaşlary süpürýärdi. Daňyň başy çala agarandan Nurmyrat gaýtmakçydygyny mälim edip, ulagyny otlady. Ol giçden soň baryp, biynjalyk etmäýin diýip häzir gelendigini aýtmak üçin Aýjemallara gelip ulagyny saklady. Gapylarynda ulagyň saklananyny bilenden Aýjemal-da, Pudagam derrew daş çykdylar. Aýjemalyň dünýäsinde hiç hili alas-gopaslyk bolmadyk ýalydy. Ol Nurmyrady mähir bilen gujaklady. Hal-ahwal soraşdy. Nurmyrat Meret aganyň çakylygy üçin gelendigini, giçden soň olara gelip bimaza etmejek bolanyny, häzir hem irden işe barmalydygy üçin gaýdanyny gürrüň berdi. Ýegenlerini gaýta-gaýta sorady, olaryň okuwyna köpräk üns bermegini sargady. Soňra bolsa wagtyň çäklidigi üçin hoşlaşyp ulagyna mündi. Aýjemal tä onuň ulagy gözden ýitýänçä yzyndan ýagşy dilegleri edip garap durdy. Soňra sygryny sagmak üçin mal ýatagyna ugranda hem Nurmyradyň ulagynyň sesi gulagyna gelen ýaly «Obadan indi çykdy öýdýän» diýip, sesiň çala gelýän tarapyna diňşirgendi... | |
|
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |