12:55 Gamyş köpri / hekaýa | |
GAMYŞ KÖPRI
Hekaýalar
Ol iki obanyň arasyny ene ýap kesip geçýärdi. Ýabyň suwy hiç wagt kesilmän akýardy. Aslynda adamlar akar suwy ýakalap öý tutmagy gowy görýärler. Şonuň üçin-de bu ene ýabyň çekilmegi bilen oňa golaý oturan obanyň ikisi-de akar suwa golaý mellek ýerlerini giňeldip ony alkymlapdylar. Şeýdip iki obanyň hem arasy ýakynlaşypdy. Ol obanyň biriniň ady «Bagly oba», beýlekisiniň ady bolsa «Bagsyz obady». Obalaryň adyndan belli bolşy ýaly, Bagly obanyň adamlary bag ekmäge köp üns berensoňlar olaryň her birisiniň melleginde dürli-dümen miweli we miwesiz agaçlardan ýeterlik bardy. Şonuň üçin ol oba daşyndan seredeniňde baga bürenip otyrdy. Beýleki Bagsyz obanyň adamlary bolsa, mala-gara, gök ekine köp üns berensoňlar, öýleriniň töwereginde iki-ýeke dikelip oturan bolaýmasa, saýa salyp oturan baga gözüň düşjek gümany ýokdy. Bu iki obanyň birek-birek bilen gatnawy örän ýygjamlanypdy. Aýratyn-da guda gatnawy köpelýärdi. Ol obanyň ençeme gyzy bu obanyň gelni bolan bolsa, bu obanyň hem şonça gyzy ol obanyň gelnidi. Bagsyz obada ýaşaýan Nabat daýza hem uly ogluna Bagly obanyň gyzyny alyp beripdi. Aslynda Nabat daýza uly ogly Hoşgeldä şäherden, öz atasy öýüniň ýanyndan bir gyzy niýetläp ýördi. Ýöne ogly «Şol gyzdan başgasy gerek däl» diýensoň, oňmaly boldy. Ol diňe kakasynyň ýanynda «Hötjet ogluň-a şol diýenini tutup otyr. Aslynda Mahym jany gelin edinäýjekdim, aý, bor-da nädeýin» diýip, nägileligini bildiripdi. Ondan bäri ençe ýyllar geçipdi. Nabat daýzanyň geçen günleri ýatladygyça ýürek-bagry üzülip barýardy. Eden işine ökünip, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Ýöne indi ol ýalňyşlygy düzedip boljak gümany ýokdy. Onuň düýnden bäri hasam haly agyrlaşypdy. Düşeginden galyp bilmän ýatdy. Agajan aga onuň halyna dözmän «Keýwany, lukmany çagyraýaly» diýse-de, göwnemändi. Nabat daýzanyň ýagdaýynyň birden erbetleşmegine Agajan aga oňat düşünip otyrdy. Mundan iki gün öň işden gelende aýaly aglamjyrap otyrdy. Agy gatyşykly sesi bilen zordan: --Bagly obadan... olar gelin edinýärmiş--diýip, zordan düşündirildi, soňundan hem horkuldap aglady. Agajan aga oňa «Indi gözýaşyňy ýandak bilen süpür» diýjegem boldy-da, sesini çykarman, beýleki otaga geçip gidipdi. Nabat daýza öýleden soň zordan ýöräp daş çykdy. Aýagyny ýazmak maksady bilen, mellegiň içinden geçýän ýodajykdan ýöräp başlady. Ol gulagyna ynanmady. Durup diňşirgendi. Dogrudan hem şemalyň ugruna ol obadaky toýuň aýdym-sazynyň sesi eşidilýärdi. Diňşirgenip duran Nabat daýzanyň ondan aňryk aýagy ädilmedi. Özüni lampa aşak goýberdi-de, bialaç ýene-de geçen günlerini ýatlady... * * * Nabat uly ogly Hoşgeldi üçin göwnemese-de, Bagly oba gudaçylyga gitmeli bolupdy. Bir sähetli gün toý tutup gelin edinilse-de, onuň içi razy bolmady. Ýöne Maral gelin hyzmaty, mähri bilen gaýynenesini imrindirmegi başarypdy. Emma bolmajak bolsa bolmaz eken. Olaryň toý tutanlaryna alty aý dolmanka Hoşgeldi ulag heläkçiligine duçar bolupdy. Şol günler Maral gelniň agzy bimazady. Duýdansyz gelen bu hasrata göýä Maral gelin sebäp bolan ýaly, Nabadyň oňa bolan garaýşy şol pursatdan bütinleý üýtgäpdi. Eger gelni başga bir ýerden edinen bolsa ogluny ýitirmejek, beýle wakalar bolmajak ýaly bolup göründi. Oglunyň belli günleri sowulandan soň, Nabat aýgytly karara geldi. Ol Bagly oba gidýänleriň birinden Maralyň ata-enesiniň gelip gitmelidigini sargyt edip goýberdi. Tuwak daýzadyr Myrat aga habar barandan eglenmän gaýtdylar. Ýolda Tuwak daýza alada bilen: — Hernä saglyk bolsun-da, Maral jan aglap-eňräp erbet bolaýdymyka, wah, wah, çagajygymyň durmuşda ýüregi ýanmaly bolaýdy-da. Eline bäbejik alan bolsa-da beýle erbet bolmazdy, güýmenje boljakdy-da — diýip, aglamjyrap gürledi. Myrat aga bolsa näme diýjegini bilmän dymyp gelýärdi. Olar öýe girenlerinden Maralyň aglap, güp ýaly bolan ýüzüni görüp, ikisiniň-de ýüregi dilim-dilim boldy. Tuwak daýzanyň bolsa bir ýakymsyz habary eşidäýjek ýaly süňňi sandyrady. Olar içki otagdan çykan Nabada «Saglykmy guda» diýip gürlemän oturyberdiler. Nabadyň ýüzem eňşäp durdy. Ol demlengi çäýnekden käselere çaý guýup, «Alyň, içip oturyň» diýdi. Soň hem uzaklaşdyryp oturmaýyn diýdimi-nämemi: — Kysmatdyr-da, näme görkezse çekip oturmaly. Ýüregimiz-ä ýandy. Gelin hem öýde ýas baglap horlanyp ýörmesin diýdik. Onsoňam «Är öldi, hatyn talak» diýlen zat hem bardyr. Gyzyňy alyň-da ötägidiň. Başga diýere zat ýok. Bizem aglarys, köşeşeris — diýip, ilki aglamjyrap başlasa-da, soňra özüni tutdy. Şuňa meňzeş gürrüňiň gozgaljagyny duýan Tuwak daýzadyr Myrat aga «Şeýlemi» diýip, dymyp oturyberdiler. Birden hem Tuwak daýza gyzynyň göwrelidigi ýadyna düşüp: — Gyzymyzy hemişelik alyp gitsek birhili bolmazmy, onuň umytlyjadygyny bilýärsiňiz-ä, ýüregi düşürip, biraz giňänsoň getirsek bolar-a — diýende, sesi sandyrap çykdy. — Aý, ýok, soň getirip oturmaň, körpäm gullukdan geldigi öýerjek. Onsoň iki gelni howluda nädip oňuşdyraýyn — diýip, gaşyny çytdy. Aslynda hem Nabat gelnini saklasa bu öý-ojak şoňa galmaly bolar öýdüp gorkupdy. Bu howly körpämiňki bolar, ärsiz gelni saklamak hezil bermez, onuň göwresindäki hem ogul bolsa, bu howlyny gürrüňsiz beräýmeli bolar — diýip, kän pikir edipdi. Tuwak daýza ýuwduna-ýuwduna: — Aý, hawa-da, gyzymyzyň täleýinde bardyr-da, şeýle durmuş. Näme-de bolsa gatnawy goýmaly, gamyş köprüni pozmaly, baryp habar alyp duraweri — diýdi. Tuwak daýza sözüni soňlap-soňlamanka gudasy: — Ýok, ýok, maňa gamyş köprem, agaç köprem gerek däl. Birek-biregiň ýüregini agyrdyp ýörmäli — diýip, ýüzüni kese-kese sowdy. Häliden bäri dymyp, näme diýjegini bilmän oturan Myrat aga aýgytly gürledi. — Belli karara gelen ýaly bular. Boýnuňy burup ýalbaryp oturma, gözüm-gaşym ýük bolsa-da, çagam ýük bolmaz. Hemme zadyň bir alajy tapylar. Bar, gyzyň alsyn zatlaryny-da, düşsün öňümize — diýip, ol tarsa ýerinden turup, daş çykmak bilen boldy. Garaz, şeýdip Maral gelin atasy öýüne gaýtmaly bolupdy... Ondan bäri ýyllar geçip, Maralyň göwresinde galan oglanjyk ýigit çykypdy. Berdi aga gyzynyň täze durmuş islemeýändigini bilenden soň, agasynyň öýüniň ýanyndan oňa hem üýşüp jaý salyp beripdiler. Maral hem durmuşdan basylyp, müzzermän, bilini berk guşap, işläp, ogluny akylly-başly edip terbiýeläp ýetişdirdi. Paýtagtda okuwa ugradyp, ýokary okuw mekdebiniň birinde okadyp, onuň ýokary bilimli hünärmen bolmagy üçin hem tagalla baryny etdi. Elbetde, Nabat daýza-da gelnini ugradyp goýbermek ýeňil düşmändi. Ýöne ol tekepbirlik edip, sözünde tapylmak isläpdi. Bagly oba tarap bakasy hem gelmedi. Ýogsa ogul agtygynyň bolanyny, olar üçin jaý salnyp berlenini hem eşitdi. Ýöne gitmek islemedi. Kämahal baryş-gelşe umyt döredýän gamyş köprini gurmady. Ol öz islegi bilen boldy. Körpe ogluna şäherden saýlap gyz alyp berdi. Olara buýsana-buýsana seretdi, agtyklam boldy. Ýöne şäherde önüp-ösen gyzyň obada durasy gelmedi. Ol müň bir bahana tapyp, ahyry-da «Kakam şäherden gowy jaý alyp berýär, göçmesek bolmaz, çagalara dil öwretjek, gurnaklara gatnatjak» diýdi-de, maşgalasy bilen şähere göçüp gitdi. Ilkiler ýygy-ýygydan gelip, Nabat daýzadan habar tutsalar-da, soňra ol gatnaw seýrekläpdi. Durmuşa çykaran gyzlaram kämahal gelip gidýärdiler. Bir mahalky şadyýan öý gugaryp galypdy. Nabat daýza şol günden soň öz ýalňyşyna berk düşündi. Ol gudasynyň diýenini edip gamyş köprüni pozmadyk bolsa bolaýmajakmy?! Onda belki, kiçi ogly şähere göçüp gidenden soň, Maral gelne höre-köşe eden bolsa, ogluny alyp gelerdi. Bu günki Bagly obada tutulýan toý bolsa, bu ojakda, Hoşgeldiniň müňbir arzuwlar bilen salan jaýynda, howlusynda bolardy... Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |