12:30 Gumly gelin / hekaýa | |
GUMLY GELIN
Hekaýalar
Aňňyt-aňňyt gum depelerini geçeniňden soň, hol bir menzilden seleňläp görünýän ol oba «Gyzylgum» obasy diýip atlandyrylýardy. Bu ýerdäki adamlaryň, esasan, çarwaçylyk bilen meşgullanýandygyny soraman hem bilmek bolýardy. Biri-birine meňzeşje edilip gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň her biriniň deňesinde ýylgyndan örülen esli ýerini tutup duran mal ýataklary, çalmyrlary bardy. Obany ikä bölüp kesip geçýän ýapjagazyň gyrasynda bolsa taldyr tut, toraňňy agaçlary gögerip otyr diýäýmeseň başga dik baga gözüň düşjek gümany ýokdy. Diňe elektrik toguny berkitmek üçin dikilen nawlar her ýerde diňlenip durdy. Tomus aýlary dagy bu obanyň gyrasyndaky çägeler gyzylymtyl öwüsýärdi. Onuň «Gyzylgum» ady hem şondan galan bolmaly. Daşyndan seretseň bu oba içgysgynç görünýärdi. Ýöne Aýsoltan üçin ol diýseň mähribandy, ezizdi. Onuň üçin ol ýerdäki akyp ýatan çägede, adaja öwüsýän ýeller-de, bahar pasly gelende ýygy-ýygydan ýagýan ýagyşlar-da, ir ertirdir-giç agşam ýataklaryndan gidip, ýataga gelende mäleýän, molaýan mallarynyň sesleri-de bagt mukamyny çalýan ýalydy. Ol öz obasyny şeýlebir söýýärdi welin, onuň deňinde hiç bir zady goýup bilmeýärdi. Mähriban obasynyň baýyrlarynda biten sazakdyr selni, hatda ondan-oňa göçüp ýören peşmegini-de başga ýeriň penje-penje açylan güllerinden, bagy-bossanyndan eý görerdi. Aýsoltana bu oba neneň mähriban görünmesin!? Ol bu obada kemala gelip, şu ýerde hem durmuş gurupdy. Onuň gulpajygyny tasadyp, alaňlardan owlak-guzy kowalap, ýaz gelende baýyrlarda gül ýygnap, kömelek çöpläp ýöreni ýaňy ýalam bolsa, derrew ulygyz bolup ýetişäýdi. Özem diýseň görmegeýdi. Aýsoltan diýseň Aýsoltandy. Ol çalasyn ýelgamak ýaljak işeňňirdi, ýöne ketjaldam, özdiýenlidem. Şonda-da ony hemmeler gowy görýärdi. Ony gelin edinip bilseler armanlary ýokdy. Her kim hantamalyk bilen olara sawçylyga barardy. Ýöne «Müňüsi geler, biri alar» diýlişi ýaly, Aýsoltan ahyrsoňy göwün ýüwürdýän ýigidini saýlady. «Ýagşy gyz, gözel at, häsiýetli mal obadan çykmazak bolýandyr» diýlişi ýaly, Aýsoltany ol obadan çykarmadylar. Ol obadaşy, çagalygyny bile geçiren Çerkez bilen durmuş gurdy. Çerkezem gurşunly kenek ýaljak dogumlyja oglandy. Ol guýy gazmalam bolsa, aňzakly gyşlarda mal sürmelem bolsa, daş ýerlerden otdur odun getirmelem bolsa hiç wagt «ýogy» bolmazdy. Näçe agyr işler bolsa-da, şoňa iterilen ýalydyr. Şeýdip ol özüni taplady, ençe synaglardan geçipdi. Onuň hut şu häsiýetleri üçin-de Aýsoltan ony ähli ýigitlerden saýlapdy. Öňdenem görmegeý, ýüzleri nurana, kirpikmen gara gözleri balkyldap duran Aýsoltana gelinlik has-da ýaraşdy. Ol kejirligini, hötjetligini goýup has-da mähribanlaşdy. Bili düýe ýüňünden dokalan guşakly, agzy ýaşmakly, eli işeňňir bu gelni hemmeler ýüzüne syldy. Aýsoltanyň çagalykdan dogumlylyk häsiýetli bolansoň haýsy bir iş bolsa, ýaýdanyp durman girişiberýärdi. Ol bir görseň mal ýatagy arassalap, mallary örä kowýandyr, bir seretseň düýe sagyp durandyr ýa-da tamdyra çörek ýapýandyr. Onuň wagtly-wagtyna goruny täzeläp, juda arassa päkize tutýan düýe çalyny içen adam soň başga ýerden çal içesi gelmezdi. Ol çal diýip gelen adama gysganman ýüzüni agarandan dolduryp guýup bererdi. Ony içen badyňa teşneligiň ganyp, gaňyrçawyňy tütedip gägirdibererdi. Çerkeziň ejesi Bossan ejede gelniniň sessiz-üýnsüz ýelgamak ýalyjak ylgap hyzmatyny edip ýörenine guwanýardam, ýöne ony biraz il-günden gabanýardam. Şonuň üçin ol soňky döwürler: – Gelin jan diýýän-ä, senem kän ylgap ýörme. Känbir agyr zatlaram göterme. Öýdäki işleri ediber. Mal-gara özümiz serederis. Sen özüňi aýaweri, çagany dünýä inderýänçäňem, oňa juda ünsli bolmalydyr. Aýsoltan «Bor» diýip, başyny atsa-da, öňki edýän işlerini goýmady. Aý günler geçip durdy. Wagty-sagady dolup Aýsoltan gelniňem ogly boldy. Bäbejik maşgalany diýseň begendirdi. Aýratynam Çerkeziň göwün guşy ganatlandy. Özüne meňzäp duran oguljygyna guwanyp, ony gujagyna alyp: «Goý, meniň oglum gumly obamyzyň arslan-şiri bolsun, muňa Arslan diýip at dakalyň» diýipdi. Ony hemmeler goldapdy. Çerkez hemişe Aýsoltan bilen ikiçäk galanda oňa «Aýym» diýip ýüzlenerdi. Şol gezegem ol: – Aýym sen-ä, tüýs gaýratly gelin bolduň. «Gaýratly gelniň ilkisi ogul bolar» diýipdir, şeýle dälmi? — diýip, buýsanç bilen mähribanyny söýgüläpdi. Yzly-yzyna gelýän bu bagtly günler Aýsoltan üçin gutarmajak ýalydy. Ýöne, duýdansyz ýyldyrym çakan ýaly bolup gelen ajal aty olaryň arasyndan Çerkezi hemişelik sogrup alyp gitdi. «Daş düşen ýerine» diýlişi ýaly, bu apat olaryň maşgalasyna hasrat getirdi. Çerkeziň «Hah» diýlen ýaly bolup gitmegine bütin oba gynanypdy. Käbir adamlar bolsa «Wah, şolara göz degendir, her kim Aýsoltan bilen Çerkeziň bagtly durmuşyna höwes edýärdi» diýip, göwnündäkini aýdýardylar. Olara gelip duýgudaşlyk, göwünlik berýärdiler. «Ýaradan dert berse, dermanyny hem berýär» diýleni. Bossan eje bilen Aýsoltan gelniň hem Arslanjyk biraz gaýgy-gamyny basýardy. Asyl ol indi bökjekläp, jykyr-jykyr gülüp güýmenje bolýardy. Aýsoltanda aslynda bar bolan dogumlylyk, özdiýenlilik ony täzeden gurşap aldy. Ol ykbalyň bu salan synagyny mertlerçe ýeňip geçmelidigine düşünipdi. Şonuň üçin diňe ýeke wagtlary aglardy. Çerkez bilen odun ýygnap, mal bakan ýerlerine baranda, gülşüp-degşen ýerlerine gözi düşende durup bilmezdi. Ýaňagyndan biygtyýar gaýdýan ýaşlary eliniň aýasy bilen sylyp: «Çerkez jan, sen maňa «Gaýratly gelin bolduň» diýip, gaýratly görüp ýalňyz goýup gitdiňmi? Seniň gerdenime uran bu ýüküňi men gaýratlarça çekip bilermikäm?!» diýip, gaýta-gaýta özüne ýüzlenerdi. Ýöne bu zatlar bir ýana, onuň durmuşyndaky täze urgular hem bir ýana bolup başlady. Sebäbi adamsy ýogalan ýaş, görmegeý, işeňňir päkize gelniň howandary köpelip başlady. Diňe öz obalaryndanam däl, ondan daşlaram: «Bir owadan iş başarjaň gumly gelniň ýanýoldaşy ýogalyp, ýeke ogly bilen galypdyrmyşyn. Onuň özüne, ogluna hossar çykyp bileniň bagty geler» diýen gürrüňler ýaýraýar. Asyl Aýsoltanyň ejesiniň ýanyna sözaýdyjylar hem gelip başlaýar. Olar onuň ejesini yrmak üçin: – Wah, dogan jan, gyzyň ýaş ömrüni köýdürip oturtmagyn. Onuň aýratynam ogluna kaka gerek bolar. Oglany terbiýeläp ýetişdirmek aňsat däldir. Oňa ata terbiýesini bermeli, geljekde ol esger bolmaly bor. Durmuşda erkek adamyň gerdenine düşýän ýüki çekmeli bor. Şonuň üçin oňa başdan berkje terbiýe bermeseň kim bilýär nähili bolup ýetişjek, oglan çaga sähel özüni bilenden ejeden gypynç etmän entäberýär — diýen ýaly gürrüň bilen häli-şindi geldiler. Dursun daýza-da her geleni gaýtaryp, ölçerip-döküp ahyry bir gün gezmäge gelen gyzyna bu zatlary birin-birin gürrüň berdi-de: – Gyzym, özüň görd-ä, bu zatlar durmuşda bolýan zatlar. Gelýänlerem saňa ýamanlyk diýip aýdýan däldirler. Heniz başyň ýaş, onsoňam «Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýlen gepem bardyr — diýip, sözüni jemledi. Aýsoltan doňan ýaly bolup oturdy, biragyzam gürlemedi. Onuň bütin dünýäsini, ketjallyk, hötjetlik häsiýeti gurşap aldy. Ýatymlyk baran Aýsoltan derrew zatlaryny ýygnap, uklap ýatan ogluny gujagyna aldy-da: – Eje, sag boluň, men öýümize gitjek, eger göresiňiz gelse özüňiz bararsyňyz. Onsoňam men nähili ogul terbiýeläp ýetişdirýändigimi olaryň gözüne görkezerin — diýip, dogumlylyk bilen gaýyn öýüne garşy ädim urdy. Gyzynyň gylygyna belet Dursun daýza bu meselä nokat goýdum hasap etdi. Aýsoltan dogumlylyk bilen ädim ursa-da, bu ýollardan Çerkez bilen bileje gatnan günleri ýadyna düşüp, dodaklary titräp, göz okarasy ýaşdan doldy. Oguljygyna seretdi. Ol uklap ýatyrdy. Onuň uklap ýatandygyna begenip, aglap goýberdi. Gözýaşlaryny saklajagam bolmady. Soňra hem oglyna ýüzlenip: «Mähriban oguljygym, men seni juda gowy görýändirin. Seni iki adamyň söýgüsi bilen söýgüleýän. Ýöne bilip goý, men ol söýgini saňa häli-şindi duýduryp durmaryn, saňa gözýaşymy görkezmerin, saňa hakyky erkek terbiýesini bererin. Sen nesip bolsa edermen ogul, merdana esger ýigit bolarsyň, ak ýolda söz berýärin» diýip, gözýaşlaryny süpürip aýyrdy-da, ýöräp başlady. Ol uzak ýöremänkä onuň ýoluny Ýolly sallah kesip salam berjek bolup, onuň dogumly, ot ýanyp duran gazaply nazaryny görüp sakawlap: – Sa-sa-lam, ogluň u-ulalýarmy? — diýip zordan gürledi. Ony gören badyna jyny atlanan Aýsoltan töweregine seredip, ulurak daş gözledi. Ýöne daşa gözi düşmänsoň, onuň niýetine aňyrýany bilen düşünensoň salamyny hem alman: – Haramzada sowul ýolumdan, siz ýaly salpygulaklara nähili ogul terbiýeläp ýetişdirýänimi görkezerin — diýip, azymly gürläp başlandan loňkuldap esli arany açyp barýan Ýolly «Ol däliräpdir» diýip öz ýanyndan hüňürdäp gitdi. Aýsoltan şol pursatdan gazap donuny geýip has-da dogumlandy. Öýlerine gidip «ýatyp geljek» diýen gelniniň derrew yzyna dolanyp gelenine geňirgenen gaýynenesine ol bar zady bolşy ýaly gürrüň berdi. Bossan eje özüne zor salyp gürledi. – Wah balam, indi saňa söz aýtjagam, gepem geler. Menem öňräk diýeýin diýsemem dilim barmady. Senden müňdebir razydyryn. «Är öldi, hatyn talakdyr» göwnüňde bolsa, biz üçin özüňi horlama. Otursaň gözümiň üstünde ornuň, gitseňem balamyň balasyny görmekden mahrum etmeseň bolýar — diýip, kemiş-kemiş edip aglady. Aýsoltan muňa jogabam beresi gelmedi. Ol aýgytlylyk bilen: – Enesi, ogluň oýanaýmasyn üwräweri. Men ýatagyň biraz gyşaran ýerlerini täzeden oňarjak — diýip, guşagyny guşanyp çykyp gitdi. Indi hemme zat düşnüklidi. Gaýynenesiniňem, ejesiniňem ýüregi giňedi. Söz aýtjaklaram çekinip gelip bilmedi. Ýöne arasynda ol päkize gelni arzuwlap ýetip bilmedikleriň käbiri «Şol adamsy ýogalan gumly gelin däliräpdirmişin» diýip, bolgusyz gürrüňleri-de ýaýratdylar. Durmuş welin dowam edýärdi. Kim däli, kim tentek, kim ýalançy, kim dogumly her kimi öz mynasyp ýerinde goýup barýardy. Arslanjygam gününi sanap ulalýardy. Aýsoltan bolsa durmuşyň ýüküni gerdenine alyp, ony ýeňip ýaşamagyny dowam etdirýärdi. Ogluny näçe gowy görse-de, eljiredenokdy. Oňa dogumlylyk bilen daraýardy. Enesi «Balam» diýip, öwüp, söýgüläberse-de, derrew oňa närazylyk bilen söz gatardy. Aýsoltan ogly ýumuşa ýarandan ýany bilen mal bakmaga, odun ýygmaga äkidip başlady. Oňa ol ýerde dürli türgenleşik tärlerini öwredýärdi. Onda Çerkeziň dogumly hereketlerini görüp begenýärdi. Ol ilki Arslana kiçiräk ösüp oturan seliniň üstünden böküp geçmäge werziş etdi. Soňra uluragynyň. Şeýdip dürli tärleri tapýardy. Arslanyň mekdepde okap başlamagy bilen Aýsoltanyň aladasy has artdy. Onuň oňat okamagy, tertipli, dogumly bolmagy üçin tagalla baryny etdi. Oňa agyrrak ýumuşlaram buýurdy, dözmezçilik etmedi. Ol hemişe oňa: «Sen erkek bolmaly, müzzermeli däl, şu işlere, şu tälimlere werziş bolup bilmeseň saňa kyn bolar. Sen esger bolmaly, sen hakyky erkek bolmaly ahyryn» diýip, tekrarlardy. Düşbüje Arslanjyk ejesi näme diýse alyp göterdi. Ejesiniň aýtmagyna görä, «Kakasy daş ýerden gelýänçä dogumly oglan bolmaga çalyşmalydy». Şeýle öwütler bilen ulalan Arslan barha dogumlanýardy. Bir gezek Bossan ejeler düýeleriniň birini goňşy «Goňur» obasyndan birine satdylar. Ýöne düýe alnyp gidilen güni gün ýaşyberende öňki ýatagyna dolanyp geläýdi. Ol wagt Arslan 6-njy synpda okaýardy. Düýäni ilki görenem Arslan boldy. Ol öýde agşamlyk üçin gülşüp etli somsa bişirip otyran ejesi bilen enesine düýäniň gelenini aýtdy. Gaýyn-gelin ýataga baryp görseler düýe dur. Aýsoltan derrew bir tanapy getirip düýäniň boýnundan dakýar-da: – Bar oglum, Nepes agalara eltip gaýt. Ol düýäniň ýokdugyny bilse gaty biynjalyk bolar. Gumak ýoldan gabatlasaň derrew baryp gelersiň. Arslan birbada ýaýdanýan ýaly ejesiniň ýüzüne seretdi. Sebäbi basym garaňky düşmelidi. Bossan eje bolsa gelniniň sözlerini eşidip, ör-gökden geldi: – Goýaweri, heý-de bir çagany giçden soň ýeke özüni ol oba iberip bolarmy? – Enesi, çaga diýip ony aýnatmasana, indi ol uly adam ahyryn, hiç bir döw çalasy ýok. Bol çaltyrak, wagt ýitirme-de ýöräber — diýip, Arslany ýola saldy. Arslan tiz baryp gelmek üçin haýdady. Ýolda gidip barşyna bolsa ejesiniň şeýle dözümlidigine, dogumlydygyna haýran galdy, birazajyk öýkelejegem boldy. Ýene-de ejesiniň merdemsi keşbi göz öňüne gelip dogumlanyp haýdady. Ol ýolboýy ejesi barada oýlandy. Onuň iş edende eli gelşip, haýdap ediberişi, ýap gazmalam bolsa, ýatagyň bir ýerini oňarmalam bolsa, gyşda dagy mallary horlamajak bolup, otdyr ýandak getirip ýataga basmalam bolsa erkek adamdan kem durmaýşyny ýatlap begendi. Haýsy bir işi edende ejesini ýatlap şoňa öýkündi. Arslan köp aýallaryň sähel zada bolmajy bolup aglaýyşlaryny görüpdi. Ýöne welin ejesiniň ýeke gezek aglanyny görmändi. Şu zatlaram ony has-da dogumlandyrýardy. Ogluny ýola salan Aýsoltan heý, öýde arkaýyn oturjakmy diýsene?! Ol biraz odur-budur işleri eden boldy-da, Arslanyň ýoluna garamak üçin obaň gyrasyndaky alaňa baryp oturdy. Ol geçen günlerini, Çerkezi ýatlap bozuldy. «Hiç kim görmänkä bir içimi sowadaýyn» diýip, aglady. Agysynyň arasynda hem: «Çerkez jan, seniň ogluňy hakyky erkek edip ýetişdirjek bolup, çagama gör, kyn ýumuşlar buýurýaryn» diýip, öz-özi bilen gürleşdi. Esli oturdy. Turup seretdi. Birdenem hol aňyrda eli taýakly hallan atyp gelýän ogluny görüp, ynjaldy-da, ol görmänka öýe baraýyn diýip, haýdap gaýtdy. Gelibem iş tiken kişi bolup oturdy. Ogly öýe giren dessine hem habaryny alyp: «Tüweleme, uly adamyň är işini bitirdiň inerim» diýip göwnüni göterip, onuň öňünden çaý-naharyny goýdy. Her bir geçýän günler, aýlanýan ýyllar Arslany taplaýardy. Obadaşlaram onuň dogumlydygy barada häli-şindi gürrüň ederdiler. Muňa magat göz ýetirýän Aýsoltan oglunyň terbiýesini birjigem gowşadanokdy. Enesiniň-de dözümli bolmagyny isleýärdi. Ýöne Bossan ene ony başaranokdy. Ol Arslany şeýlebir eý görýärdi welin, onuň gözlerinde öz ogluny görüp söýgüleýärdi. Bir gezek barmagynyň düýbüne çekiç degip ganjyradyp öýe gelen Arslanyň barmagyny gören Bossan ene «Wah, wah, barmajygy gögeräýipdir» diýip, ony sarap oturyşyna öz barmagyna çekiç degen ýaly awusyny duýup, gynanjyny bildiripdi. Bu ýagdaýy gören Aýsoltan ýüregi gyýylyp gitse-de, ony birjigem bildirmän: – Erkek oglanam şoň üçin işini taşlap gelermi? Bar galan ýeriňem dyn – diýdi. Arslan «Eje menem çalaja zat üçin gelemog-a, ganansoň daňaýyn diýip gaýtdym, häzir derrew bolýan ony» diýip, merdemsiräp çykyp gitdi. Şol gün obanyň guýusynyň suwunyň azalandygyny, içini biraz gazyp timarlamalydygy üçin adamlar onuň ýanyna ýygnanypdy. Indi onuň içine çeýeräk biri girmelidi. Aýsoltan bu ýagdaýy görüp, derrew ogluna ümledi. Ol ogluna kakasynyň guýy gazmaga ökde bolandygyny, onuň özboluşly tärleriniň bardygyny kän gezek gürrüň beripdi. Arslan hem guýa girmekden gorkmaýardy. Gaýtam arzuwlap ýördi. Ol Gurban aganyň ýany bilen kömekçi bolmak üçin özüniň hem guýa girjekdigini aýdanda adamlar oňa «Tüweleme!» diýipdiler. Arslan hä diýmän eris-mers bolup ýetişdi. Ol orta mekdebi tamamlan dessine harby gulluga gitmek üçin arza ýazdy. Ejesiniňem razylyk arzasyny alyp harby wekillige eltdi. Onuň arzasy kabul edilip, ol tiz wagtdan egnine harby lybas geýdi. Harby gulluga ugramanka dagam «Men gelýänçäm gaýrat ediň, gelenimden soň size hiç bir işi etdirmerin» diýip, gaýdypdy. Bu gün bolsa onuň harby kasam toýudy. Hemmeler bilen bir hatarda Aýsoltan hem hossarlary bilen oglunyň kasam toýuna barypdy. Öňdenem berdaşly, görmegeý Arslana harby lybas has-da gelşip durdy. Egninden asan awtomaty bolsa ony has-da merdana görkezýärdi. Aýsoltan öň hatarda duran ogluna gözi düşüp saklanyp bilmän aglap goýberdi. Asyl indi ol agysyny gizlejegem bolmady. Gözüni ýumman aglady. Oglunyň sähel wagtda özüni aldyrandygyny, onuň öň hatarda lowurdap durşundanam aňýardy. Onuň harby gullugy üstünlikli, abraý bilen tamamlajakdygyna bütin dünýäsi bilen ynanýardy. Onuň indi Watanyň ýüküni çekmäge-de, öýüniň ýüküni çekmäge-de ýaran merdana iner ogul bolup ýetişendigini görüp begenjine aglaýardy. Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |