11:24 Çuwalgyz eje / hekaýa | |
ÇUWALGYZ EJE
Hekaýalar
Gaýypnazar saçagyň başyna geçip, çorbaly börekden işdämenlik bilen iýip bolandan soň, öňüne çaýly çäýnegi çekdi. Şol barmana hem gapdalynda duran el telefony çagyryş sazyny çalyp başlady. Ol telefonynyň ýüzüne seretdi, ýöne ondaky belgini tanamady. Ol muňa garamazdan derrew habarlaşmaga durdy. Jaň edýän ondan: — Bagyşlaň, siziň el nomeriňizi idäp-sorap tapdyk. Siz Aknabat enäniň ogly Gaýypnazarmy? — diýenden, ol: «hawa, hawa, aýdyberiň» diýip, ony diňlemäge durdy: — Men goňşy etrabyň Goňur obasyndan, Myratgeldi mirabyň ogly. Aknabat enä bir toý habarymyz bar, oňa aýdyň, hepdäniň şenbe güni Çuwalgyz ejem uly toý edýär. Şoňa Aknabat enäni alyp geliň. Çuwalgyz ejem «oňa hökman toý habaryny eşitdiriň» diýip otyr. Onda näme toýa geliň, toýda görşeliň — diýip, sözüni soňlansoň, Gaýypnazar hem: — Hökman aýdaryn, nesip bolsa bararys — diýip, telefonyny öçürdi-de, ol habary aýtmak üçin enesiniň bolýan otagyna bardy. Bu mahal Aknabat ene agtygy Mähirsaýa bilen haly nagyşlary hakynda gürleşip otyrdy. Gaýypnazar barşyna: — Ene Goňur obasyndan Çuwalgyz ejäni tanaýarmyň? — diýenden, Aknabat enäniň ýüzi üýtgäp gitdi, sesi sandyrap çykdy. Ol «Hawa, tanaýan balam, näme bolupdyr ol görgül-ä» diýip, elini agzyna ýetirişine onuň ýüzüne dikanlap seretdi. Enesiniň gynananyna birhili bolan Gaýypnazar: — Hiç zat hem bolmandyr, ol şu hepdäniň şenbe güni uly toý edýärmişin, toýa çagyrdylar, saňa hökman gelsin – diýdiler. — O nähili toý? Ýa-da akgoýun toýumyka?! Onam-a ol... — diýip, ýene Gaýypnazara soragly garady. Gaýypnazar özüni birhili duýdy, kelte gaýdan ýaly bolup durşuna: — Ene jan, pylan toý diýib-ä aýtmadylar, diňe «Uly toý edýär» diýdiler. Toýuň geňeşi bolmaz ene. Nesip bolsa, özümjik alyp giderin.Toý şaýyňy tutuber. Ýöne ene Çuwalgyz eje kim bolýar, bu barada bize hiç zat aýtmaýardyň-a? – diýip, ol soragly nazaryny enesine dikdi. Onýança Mähirsaýa hem: — Ene, näme üçin onuň ady Çuwalgyz, şolar ýaly at barmy näme? — diýip, ol hem sorag berdi. Bu soraglar Aknabat enäni otdan alyp, suwa oklaýardy... * * * Ol wagtlar Aknabat ene hem Mähirsaýa ýalyjak on-onki ýaşlaryndaky gyzjagazdy. Ol täze gelnejesi Sarygyzyň ýanyndan aýrylmazdy, ony çörege çagyranlarynda alyp gitmek hem onuň paýyna düşýärdi. Ol gelnejesine diýseň guwanýardy. Aýratyn-da onuň kirpikmen balkyldap duran owadan gözlerini, boýuny deňläp, tolkun atyp duran gara saçlaryny taryplanlarynda buýsanardy. Gelnejesi Sarygyz hem Aknabada tiz öwrenişipdi, özüne höwür bolup ýören baldyzyna juda imrigipdi. Ýöne şeýle ajaýyp durmuş uzak dowam etmedi. Nägehan urşuň turmagy bilen, obanyň gerçekleri urşa sary ýollanyp başlandy. Gezek Sarygyzyň ýanýoldaşy Pirnazara hem ýetýär. Ol öz saýlap-seçip alan Sarygyzyny gelinligine goýup gitmeli boldy. Şonda ol: «Nesip bolsa, ýeňiş bilen geleris, gaýrat et-de, biliňi berk guşa!» diýip, uly ynam bilen aýdypdy. Berdaşly gerçegiň ynamly aýdan ol sözleri Sarygyzyň kalbynda sapaly geljege bolan söýgi, ynam bolup siňipdi. Onuň ýylgyryp duran syratly keşbi hem göz öňünde doňup galypdy. Şol günden Sarygyz baldyzy Aknabat bilen has ysnyşdy. Ikisi gije-gündiz bileje bolup öý işlerine, tikin işlerine gümra bolýardy. Bir gün Aknabadyň ejesi Bibijemal daýza goňşusy Bossan ejä: — Indi toý edenimize-de esli wagt boldy. Gelnimize-de bürenjekli girip-çykyp ýörmek aňsat däldir. Sähetlije gün gelnimizi atasy öýüne gaýtaryp eltäýsek diýýän. Nesip bolsa, bu uruş hem uzaga çekjek dälmişin. «Basym gutarmaly, gidenler hem gaýdyp gelmeli» diýýärler. Ynha biz hem Pirnazarjan geler welin, gelnimizi gaýtaryp alaýsak nähili bolar — diýip, sala saldy. Bossan eje oňa: «Dogry aýdýarsyň, gaýtam ogluň gelýänçä gaýtarmalygyny geçirsin, seniň aýdyşyň ýaly, her kim hem «Uruş uzaga çekjek dälmişin» diýýär, nesip bolsa onsoň toýlarymyz köpeler» diýip, ony oňlady. Şeýdip Sarygyzy atasy öýüne gaýtarma edip, eltip gaýtdylar. Ynha derrew gutarmaly uruş bolsa, gutarar ýerde gutarmady. Çuwalgyz bolan Sarygyz hem bilini berk guşap, «Pirnazar uruşdan gelenden soň gaýdyp alýarlar» diýip, ähli arzuwlaryny ynamyna baglap işläberdi. Aý-günler, ýyllar geçýärdi. Özi hem ol ýyllar ýüklüje geçip başlaýar. Urşa gidýänler bolsa-da, uruşdan gaýdyp gelýän ýokdy. Oňa derek obalara ajy habaryň gelýändigi eşidilip başlapdy. Bu agyr döwür her bir öýe öz hasratyny ýetirýärdi. Sarygyzyň atasy öýi hem, gaýyn öýi hem şeýle habary eşitmeli bolupdy. Ýöne, Pirnazardan welin, şol gelen ýeke hatdan soň hiç hili habar ýokdy. Oňa Sarygyz hem, gaýynlary-da uly ynam bilen garaşýardy. Käýarym gaýynlaryndan biri gelse buşluk habary bilen gelendir öýdüp, Sarygyzyň ýüregi gobsunyp giderdi. Emma buşluk habary bilen geliberýän ýokdy. Şonda-da onuň dünýäsini baglan uly ynam buşluk sözüne garaşýardy. Özi ýaly ykbally gelinler bilen derdinişen wagty ol ynamy has-da berkeýärdi. Onuň käýarym ýüregi beter gysardy. Ol şol pursatlarda baldyzy Aknabady küýsärdi. Ondan agasy barada käbir zatlary sorasy gelerdi. Aknabat hem ejesi bilen ilkiler ýygy-ýygydan gelen bolsalar-da, soňabaka ara esli salym düşürip gelerdiler. Garaz, ol gatnaw hem soňabaka azaldy, Sarygyzyň hem ady kem-kemden Çuwalgyza geçip gitdi. Onuň soňabaka Çuwalgyz ady ýörgünli boldy. Özdiýenli, işeňňir Sarygyz onuň üçin kemsinmedi. Gaýtam: --Çuwalgyzlygyma garraryn welin, Pirnazar gelinçä onuň buşluk habaryna garaşyp gezerin--diýip, umyt atyna atlanyp işläberdi. Ýyllar geçýär, uruş hem gutarýar. Pirnazardan bolsa diňe «Dereksiz ýitdi» diýen habar gelýär. Bu habar hem Çuwalgyzyň arzuwyny köretmese, köneltmedi. Ol «Heý-de, şeýle edermen gerçek ogul hem dereksiz ýitermi, ynha bir gün bir ýerlerden çykar» diýip garaşdy. Emma on ýyl, ýigrimi ýyl, otuz ýyl... ýyllar geçiberýär. Çuwalgyz hem şol çuwallygyna galyberýär. Agasyndan galan ýeke oguldan örňäp giden jigileri ony ýekesiretmediler. Oňa özbaşyna jaý salyp, ogullyk berjek bolsalar, Çuwalgyz hiç göwnemedi. Ol: --Ynha, Pirnazar geler welin men giderin--diýip, şol bir otagda ýaşaberdi. Şol ýyllaryň birinde bu oba gaýynlary bilen toýa gelen Aknabat gelnejesini soraýar welin, toýdakylar: «Hä, munyň soraýany şol Çuwalgyz bolmaly» diýip, onuň heniz hem uly umyt bilen söwer ýaryna garaşyp oturyşyny, onuň gözlerinde hakyky söýginiň gussasyny, ýar ojagyna wepanyň kyssasyny, sabyrly bolmagyň nusgasyny görýändiklerini aýdýarlar. Ol gürriňleri eşidip, mähriban agasyny ýatlap, eziz gelnejesiniň keç ykbalyna gynanyp, Aknabadyň ýüregi dilim-dilim boldy. Aknabat ol ýerden rugsat alyp, mähriban gelnejesini görmäge gaýtdy. Sarygyz Aknabady gören badyna tanady, göýä ol buşluk habary bilen gelen ýaly, ony bagryna basdy. Ýürekde, gözde galan gözler, sözler bu iki zenany gussa batyrdy, ýürekde berç bolup giden yzalar Sarygyzy sesli aglamaga mejbur etdi. Az salymlyk hem bolsa şol bagtly günleri ýatlaýarlar. Ol: --Jigilerim “Çuwalgyz eje, saňa ogul bereli, ýaş toýuňy belläli, seň üçin aýratyn jaý salyp toý edeli» diýseler hem göwnämok. Göwnüme bolmasa, Pirnazar geläýjek ýaly, toýy hem şondan soň uludan tutasym gelýär – diýip, gürrüň berdi. Şeýle-de olar köp gürrüň etdiler. Aknabat hem ogul-gyzynyň bardygy durmuşynyň keminiň ýokdugy barada gürrüň berdi. Sarygyz Aknabada näçe seretse-de, doýup bilmedi, ol onuň gözlerinde öz söwer ýaryny görýärdi. Şondan soň hem Aknabat gaýynlarynyň şol obadaky garyndaşlaryna baran wagty hökman gelnejesinden habar tutardy. Ondan bäri onuň gelnejesi bilen görüşmedigine esli ýyliar bolupdy... * * * «Uzadana uzak dünýä» diýleni. Çuwalgyz hem şol arzuwlaryna baglanyp ýördi. Hyýalynda bolsa, umydyna nikalanan esgeri egni goşhaltaly gaýdyp gelýän ýalydy. Ýatlamalar ony garratmaýardy. Göwnüne bolmasa, ol özüni şol çuwalgyzlygy ýaly duýup ýaşaýardy.... Ine, bu gün bolsa ol, adatdakylaryndan has ir turup, hemişekije işlerine güýmendi. Soňra ertirlik çaýyny öňüne aldy. Eli bilen ýüz-gözlerini sypaşdyrdy. Birden hem onuň çep gözi çekip başlady. Ol ýanynda duran gökje matadan bir sapajygy çekip aldy-da, çep gözüniň üstünde goýdy. Onuň bilen hem gözüniň çekmesi galybermedi. Şeýdip onuň çep gözi günortana çenli çekdi durdy, çekdi durdy. Çuwalgyz eje içini gürledişine: «Gözümiň çekmesi galybermedi welin, nämä begenjekkäm, ýa-da Pirnazar geläýjekmikä?!» diýip, ýylgyrdy. Ol içinden öwren pikirlerini jemläp ýetişmänkä jigisi Mergenjik: — Buşluk, buşluk, Çuwalgyz eje saňa uly sowgat iberipdirler. Maşynly paýlap ýörler, ýaňy arçynymyz «Bar, Çuwalgyz ejeňe-de buşla, häzir oňa-da hormatly Prezidentimiziň iberen sowgadyny gowşurjak» diýdi. Ýör daşaryk çykaly — diýişine onuň ellerine ýapyşdy. Çuwalgyzyň bolsa gulaklary gapylypdy. Oňa «Buşluk, Pirnazar geldi» diýlen ýaly bolup eşidilipdi. Gör, ol bu buşluga näçe ýyllar garaşypdy. Ondan bäri alty onluk geçipdi. Hyýalynda eýýäm Pirnazar bilen görşüp duran Çuwalgyz gözýaşlaryny saklap bilmän aglaýardy. Onýança bolsa, onuň ýanyna gelen buşlukçylar köpeldi. Oba arçyny hem gelip ýetdi. Ol Çuwalgyz ejäni gutlap: — Mähriban Çuwalgyz ejemiz, siz bu sowgatlary hormatly Prezidentimiziň adyndan kabul ediň. Siz şeýle hormata aňyrýany bilen mynasypsyňyz. Siz bütin ömrüňizi, yhlasyňyzy, söýgiňizi önümçilige bagyş edip, juda köp işleri bitirdiňiz. Şeýle eneleriň aýratyn sarpalydygyny, olara näçe hormat etseň hem azdygyna milli Liderimiz bize aýdyň görkezýär. Biz size togap edýäris — diýip, ähli zady ilik-düwme düşindirip, gymmatbahaly uly telewizoryny, owadan ak seçeklisini we pul sowgadyny-da gowşuryp, ýene bir gezek gutlap gaýtdylar. Bu bolup geçen zatlara haýran bolup oturan Çuwalgyz eje näme diýjegini bilenokdy. Bu hormata diňe begenjinden aglaýardy, çaga ýaly begenýärdi. Onuň kül boldy hasap edip ýören ömri gül açylan ýaly boldy. Ol bu pursatlarda özüni şol ýyllardan soň ilkinji gezek bagtly saýdy. Kalbyny gurşap alan hoşallygyny nähili beýan etjegini bilenokdy. Onuň jigileridir dogan-garyndaşlary ony gutlap, daşyny galladylar. Olar derrew Çuwalgyz ejäniň ak gyňajyny başyna atyp, telewizoryny hem işledip berdiler. Telewizorda bolsa bagtyýar zamanamyzyň waspy belentden ýaňlanýardy. Şol wagt hem gelinler Çuwalgyz ejäniň üstünden süýji baryny seçdiler, öýi bezäp duran telewizora hem ak un çaldylar. Öýde toý dabarasynyň şowhuny başlandy. Şol agasyndan galan ýeke ogul Myratgeldi aga bu pursady sypdyrmaly däl diýip: — Çuwalgyz eje, oglanlar size näçe ýalbaryp, öz adyňa jaý, ogul berip toý etjek bolsalar göwnemediň, çagalary öýkeletdiň. Indi bizi şol maksadymyza ýetir. Bir otag däl-de, şu jaý seniňki bolsun. Umyt jan hem seniň ogluň bolsun. Bu sylaglar bilen hemmesine ýeňiş güni uly toý edeliň — diýip, soragly nazary bilen oňa bakdy. Heniz hem begenjinden gözýaşyny sylyp duran Çuwalgyz eje: — Ediň jigilerim, ediň, indi men garşy däl. Şeýle bagtyýar, sylagly zamanany görýänim üçin, siziň daşymy alyp, göwnümi göterip duranyňyz üçin juda begenýärin. Biz ýaly keç ykbally, göwni çöken zenanlaryň kalbyna şatlyk çaýýany üçin, Arkadag ogluň ömri uzak, jany sag bolsun. Toýy bolsa, uludan tutuň. Hemmelere aýdyň — diýip galkynyp gitdi, birden hem bir zat ýadyna düşen ýaly, sözüni dowam etdirip: — Myrat jan, jigim meniň goňşy etrapdaky Akýap obasynda baldyzym bolmaly, Aknabat diýýärler şoňa hem toýumyzy hökman aýdaweriň — diýenden, ony ikelläp goldadylar. Olar uly toý etmegiň aladasy bilen boldular. Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA. | |
|
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |