TÄZELIKÇI
Bu gün Wepa Gödekowiç köp wagtdan bäri edip gelýän arzuwyna ýetdi. Ony kiçiräk bir edara başlyk bellediler.
Täze başlyk şol gün goýun soýup söwüş etdi. Oña dost-ýarlaryny, ähli garyndaşlaryny çagyrdy.
Toý saçagynyñ başynda Wepa Gödekowiçiñ adyna gutlag, ýyly sözler diýseñ ýagdy. Wezipe ýuwmak dabarasy uzaga çekdi. Toý eýesi myhmanlarynyñ soñuny ýarygije ugratdy. Şerapdan mes bolup, gözi gyzaran Wepa Gödekowiç saçak başyna täzeden geçdi. Ortada duran açyk çüýşeden bulgura şerap guýdy-da, ony jyñkydyp goýberdi. Soñ tabakdan bir bölek ýagly eti agzyna atdy-da, ýogyn sesi bilen zowladyp gygyrdy.
- Annajemal... Eý keýwany, munda gel!
- Aýdyber kakasy, men gulak asýan.
Ol barmagyny çommaldyp aýalyna:
- Aýtsam şeýle: häziriñ özünde garyndaşlarymyzyñ baryny çagyr. Olar bilen maslahat etjek - diýdi.
Sähel wagtyñ içinde garyndaşlar jem boldy. Wepa Gödekowiç şeraply bulguryny göterip, bazzyk-buzzyk edip zordan sözledi.
- Ezz..ziz garr...yndaş...larym. Men başlyk bolanyma gaty begenýän. Sizem begenýänsiñiz, ony bilýän. Ertir kanturyma baryñ. Men sizi has-da begendirmekçi.
Wepa Gödekowiç bulgurdaky şeraby bir demde içdi. Ol humar bolan gözlerini töweregine aýlady-da: - Maslahat gutardy. Men indi ýatjak. Baryñ, gaýdyñ! - diýip, oturanlara gapyny görkezdi.
Täze başlyk edara ir bilen geldi. Öten agşam aşa içensoñ, ýadaw görünýärdi, ýüzi-gözi çişdi. Ol sekretar gyzy çagyryp, çaý getirmegini talap etdi. Ajy gök çaýdan ganansoñ, onuñ ýüzi birneme açyldy, keýpi göterildi. Ol sekretaryna edaranyñ ýolbaşçylaryny çagyrmagyny buýurdy. Haýal etmän çagyrylanlaryñ bary ýygnandy. Wepa Gödekowiç oturanlary birlaý gözden geçirdi. Soñ ýerinden turdy-da:
- Adamlar! Men siz bilen düýn tanyşdym. Görşüñiz ýaly, men indi siziñ başlygyñyz. Özüñiz bilýäñiz, häzir hemme ýerde täzeçe işlenýär. Menem täzeçe işlejek. Gönüläp aýtsam, siziñ işiñizem täzeläýsem diýýän - diýdi.
Başlygyñ sözüne oturanlar añk-tañk bolup, biri-biriniñ ýüzlerine seredişdiler. Baş buhgalter oturyp bilmän dillendi.
- Wepa Gödekowiç, siziñ aýdýanyñyz näme, işimizi oñaryp ýörkäk, hiç bir kemçilik goýbermesek, bizi nämüçin täzelemekçi?
Baş buhgalteriñ aýdanlary başlygyñ ýeñse damaryny gatatdy. Ol lañña ýerinden turdy. Onuñ sesi sandyrap çykdy.
- Nämüçin işiñizi täzelemeli dälmişin?! Men seniñ nähili adamdygyñy bilemok ahyryn. Onsoñ neneñ saña edarañ hasap-hesibini ynanaýyn. Sen sakgaldaş, gepi köpeltme-de, işiñi häziriñ özünde Welmet ýegene tabşyr. Numat! Saña-da öz obañyzdan iş tapylar-la, beýdip gatnap ýörmände-de. Gowusy sen baş ykdysatçylygyny inim Paýza tabşyr-da dyn. Kassirlige-de gaýnymyñ ogluny goýjak. Orunbasarym edip bolsa doganoglanym Añkary aljak. Ine, täzeçe işlejek diýmäm şu. Düşnüklimi?! Hany, düşnükli bolsa gidiñ-de işiñizi tabşyryñ!
Wepa Gödekowiç şol günüñ ertesi edara ýolbaşçylaryny ýene kabinetine çagyrdy. Ýöne bu gezek ýygnananlaryñ hemmesi onuñ öz garyndaşlarydy. Wepa Gödekowiç ýüz-gözleri gülüp duran garyndaşlaryny guwanç bilen synlady. Soñ özüne göwnüýetijilik bilen pañkardy.
- Eziz garyndaşlarym! Siz meni düýn täze wezipe bilen gutladyñyz. Ynha bu gün sizem wezipeli bolduñyz. Nesip etsin! Nesip ederem. Sebäbi biz öz bähbidimizi aramzok ahbetin. Siziñ bilşiñiz ýaly, häzir hemme kişi maşgaladyr kärende potratçylygynda işleýär.
Wepa Gödekowiçiñ sözüni garyndaşlary el çarpyşmak bilen ýetirdiler.
Hojageldi KÖRHANOW.
Satiriki hekaýalar