10:11 Ata Mäneli -5/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Oba gidip geleli bäri, Mergen giň çöle syganok. Öz hasratyna gark bolup, çar tarapa urnup ýör. Günde bir ýerde goş ýazdyrýar. Sergin alaňlarda, heniz adam aýagynyň sekmedik ýerlerinde düşleýär. Gijäniň bir wagty ýadap, sütüni süýnüp gyşarýar. Emma gözüne uky gelenok. Oýlugyň üstünde iki ýana urnup ýatýar. Daňdan, ukynyň süýji wagty bir ymyzganjak ýaly edýär. Ýöne çopana daňdanyňukusy haram-da! Goýun örer. Çopanam onuň yzyna düşer. Mergeniň garaýagyz paýhasly ýüzi günüň dowamynda bir gezegem açylmaz. Ýürek hasrat çekende, ne ýüz açylar, ne-de göz güler. Mergeniň kimdir biri bilen iç döküşesi, ýüregindäki jerhedi gowzadasy gelýärdi. Çola depäniň üstünde içiňi hümledip oturmak agyr jezady. Iki egniňden basyp, gyzgyn çägä sokup gelýärdi. Emma kim bilen iç döküşjek? Sarymaňyz çoluk bilenmi? Mergen ýaş oglanyň ýanynda öz ýürek derdi barada dil ýarmaga ejap edýärdi. Oňa ýeke-täk teselli berýän zat ýatlamalardy. Ýakymly ýatlamalar oňa sapaly, süýjülikli durmuşy, ýaňydan bäri ýitiren rahatlygyny gaýtaryp berýärdi. Ýatlamalarda Hallygözelem öňküsi dek şadyýandy, mähirlidi. Kä näzli, kä otlukly garap, Mergeniň kalbyna gozgalaň salypotyrdy... Mergen obada üç gün boldy. Üç günüň üçüsiniňem mazasyny bilmedi. Ümürde-dumanda gezen ýaly bolup gaýtdy. Hallygözel önki Hallygözel däldi. Hemişeler gelniň dünýäden göwni hoşdy. Gözi-gaşy güler durardy. Garyp günündenem nalamazdy. Bu gezek welin, gelin aljyraňňydy. Bir görseň, özüne sor salyp ýylgyrjak bolýar, Mergene owsun atýar. Emma husny durlananok. Salym geçmänkä-de, ony düşnüksiz howsala gaplap alýar. Reňki öçýär. Şol pursatlarda gyzgyn posalaram, Mergeniňözelenip ýalbarmalaram Hallygözeliňdoňuny çözenok. Dogrusy, gelin ýürek gapysyny açanok. «Maňa bolýan zat ýok. Men öňki Hallygözeldirin» diýýär. Ýok, ol öňki Hallygözel däldi. Boýam kiçelen ýaly. Durkam gysylypdyr. Gözi-görejem solgun. Olarda öňki nur, öňki şöhle ýok. Ýa gelniň Mergenden ýüregi sowaýdymyka? Çopan ýigit ynamly dillenýärdi: – Ýok, Hallygözel ikilik etmez. Mergen Hallygözeli saraldyp-solduran zadyňnämedigini öz ýanyndan güman edýärdi. Şol pursatda özüni gaty müýnli duýýardy... Wagt irdi. Günüň howry heniz çöle çabramandy. Göwni-kalby ezilen çopan, gargy tüýdügi eline aldy. Tüýdük turuwbaşdan belent ýaňlandy. Saz göçgünli, muhabbetli bolmalydy. Ýürek gopduryjy duşuşygy, mährem didary, gyzgyn posany arşa götermelidi. Emma ol aýralyk mukamyna çalym berdi duruberdi. Onda joşup, tolkunan duýgy ýokdy. Howurly gujagam, ataşly näzem ýokdy. Ahmyr bardy, dady-perýat kändi... Saz duýdansyz ýaňlanyşy ýaly, birdenem kesildi. – Ýeri, how, çopan. –Nätanyş, ýognas ses golaýdan eşidildi. – «Aýjemaly» näme, beýle gamgyn hörpde çaldyň-la? Mergen ses gelen tarapa üşerilip seretdi. Çopanyň ýüregi sarlydy. Sähel-mähel zada tisginip-sarsyp durmazdy. Emma çalmaryň gabadynda duran nätanyş atlyny görende welin, dodaklary birden kepedi. Atlynyňsyr-sypaty hyrsyzdy: giň, etlek maňlaýa, uly ala göz, içiňden-bagryňdan geçip gelýän sowuk nazar, uçlary maşşygrak burun, Sakardor alaşanyň üstünde garadan gaýtmaz adam otyrdy. Iki egninde okly hatar, çigninde mauzer. Salgyny eşiden adam ony gümansyz tanajakdy. Kelte, emma berdaşly göwresinden tanajakdy. Mergenem ony tanady. Şonda-da, janyny barlap görmekçi boldy. –Sen, kim bolarsyň? Ata Mäneliniň gaşlary gaharly tirpildedi: –Saňa kim diýýärler? –Maňamy? – Mergen atlynyň äheňiniň sowandygyny syzdy. Ýumşak dillendi. – Mergen diýýärler maňa. –Kimiň çopany? –Gojuklaryň çopany. –Haýsy gojuklaryň? –Derýanyň boýundaky. –Derýanyň boýundaky gojuklarda-da tire-urug köpdür, how. –Onyň-a dogry. Meň agalaryma garakçy gojuklar diýýäler. –Garakçy gojuklar diýsene. –Mäneli ýapynyňýüzünde ýaýrap, otlap ýören sürüni gözden geçirdi. –Maňa Ata Mäneli diýýärler. – Mäneli çalaja gülümsiredi. – Garakça-ha däl welin, galtaman-a diýýärler. Eşidipmidiň? –Eşidipdim. – Mergen suslandy. – Amanat mal baksaň, kim ata çykypdyr, kim ýarag dakynypdyr, günübirin eşidýäň. – Mergen, sen çarwa adamsy. Elguşlara beletsiň. – Ata Sakardoruňýumşak ýalyny sypady. – Göräýmäge olaryň hemmesem bir wagşy guşdur. – Olaryň wagşy kem-ä ýok. Dogumly, çalasyn guş. –Dogumlydyr. Häsiýetleri welin birgeňsidir. Biri beýlekisine meňzemez. – O tarapyn-a belet däl men. – Elguşuň biri awlan awyny özi iýer. Ikinjisi eýesine mähremdir. Ynsaplydyr. Awlan awyny artykmaç parçalamaz. «Pygamber awundan» artyk awam etmez. –«Pygamber awam» ýedi towşandyr. – Ýedi towşan. – Mäneli demine çala aram berip – Ýarag dakynyp, ata çykan adamlaram dürli höwes bilen dem alýandyr. Olaryn baryny bir aýakdansürmegin. Mergen ýürekden dillendi: – Adamyňadamdan parh-a köpdür. – Kimi gara nebis ata çykarýar. Gan-hun talapedip, ata çykýanam bar. –Mäneli Mergeniň ýüzüne manyly garady. – Il-günüň bähbidini arap ýarag göterýänem ýok däldir. –Öz-ä, her kim bir küýde, serdar. – Mergen az-kem küýlenip duransoň dowam etdi. – Biri men baýdyryn diýip kükreýä. Beýlekisi begdirin diýýä. Ýene biri arçyn. Ors bilen barşyp-gelişýänem bar, ýöne, olaryn içinde garamaýagyň agysyny aglaýan-a köpdäl. Men, şon-a bilýän, serdar. – Ejiziň, oňmazyň agysyny aglaýanam bardyr. –Mäneliniň görejiniň öwüşgini artdy. – Bakýanyň amanat mal bolsa, sen hiçkesden gypynç etme. Men amanada hyýanat edýän ogul däl. Gören-duşan çopan-çoluklaryňa-da aýt. Ata Mäneliniň nökerleri garyp çarwa gyýa göz bilen garamazlar. Howatyr etmesinler. – Ol elini guşagyndan geçirdi. – Birkesden sütem görselerem, barsynlar meň huzuryma. Aryny ýerine salmak, hak-heşdegini alyp bermek meň bilen. Mergenden birbada ses-seda çykmady. Dogrusy ol näme diýip, näme aýtjagyny bilenokdy. Saragt çölünde çar tarapa uçup ýören myş-myşlar onuň hem gulagyna ilipdi. Galtaman açgözmüş. Gözüne ýakan öweji soýdurýarmyş. Çopanyň depesinde gamçy oýnatmak, döşüne tüpeň gezemek galtamanyň bärkije oýunlarymyş. Bir aýdanyny iki gaýtalatsaň, it atan ýaly atýarmyş... Bir-birinden aýylganç myş-myşlar Mergene-de ýazylganlyk berenokdy. Ynha, indi ykbal ony Mäneli bilen ýüzbe-ýüz sataşdyrdy. Ýöne, gazaply ýigidiň eli ýaraga uzanok-la? Onuň gamçysam galganok. Malam talap edenok. Gaýta hossarlyk goluny uzatjak Çopan-çolugy hyýanatdan-sütemden gorajak. Ýa bu onuň aly-hilesimikä? Mergen Mänelini dykgat astyna aldy. Onuň ýüzünden-gözünden niýetini aňjak bolup çalyşdy. Ýöne myhmany synladygyça, çopanyň göwni aram tapdy. Mänelä şübhe bilen garanyna ökünjek boldy. Ata janygyp gürleýärdi. Gürledikçe onuň gazaply nazary, tutuk keşbi ýumşaýardy. Sesem parahatdy, durudy. Ala gözleri tebigy pähim bilen ýyldyraýardy. Şol pursatlarda onuň gedemsi, dyzamaç boljagyna ynanaýmak kyndy... Ata Mäneli Mergeniň ýaýdançly dymýandygyny aňdy: – Galtaman ejize hossar çykjak, söýget berjek diýse ynanaýmak kyndyr. – Ata Mergeniň ýüzüne ýylgyryp garady. –Diläsüýji, eli egri diýersiň. Düýn-öňňünem perreňleriň sürüsine döküldi diýersiň – Mäneli dodaklaryny ýalady. – Perreňlerdenem zor bilen mal alamzok. Olaryn örülerine göz-gulak bolýas. Çopan-çolugyny buluçdan goraklaýas. Garaz, iýýän hurşumyzy haklaýas. – Ol indi Mergene igençli garady. – Sen, çopan, «atdan düş» diýip mürähedem etjek dälmi? Ýasöwüşligiňi gaýgy edýäňmi? –Çopan halkynyň açyk ýüzi mürähedidir. Düşüber, Ata serdar. Bir taňka demli çaýym bar. Käsä birki atarlyk gowurdagymam bar. Söwüşlik toklam, näme, Hudaýyň ýetiren güni bolar-da. –Çopan, meň nan işdäm ýok. – Mäneli atdan düşdi-de, onuň jylawuny ojara iltedi. – Çaýam küýsäp baramok. Häki bir, gepbaşy diýäýmeseň. Birki heň etseň welin, diňläýin. Göwün poslana meňzeýär. Tüýdügiň sesini eşidip, bärik sowlanymy duýmandyryn. –Sowulsaň, gowy edipsiň, serdar. Göwnüň poslan bolsa, ikimiz dertdeş ekenik. – Bize göwünleň posuny açmaga maý bolarmyka? Goýun maly salkynda ýaýrap-ýaýnagyç bolýar. –Süriniň yzynda çolugym bar. – Mergeniň sesi söýünçli eşidildi. – Malyň abyny-tabyny alyberdi ol. Saza-da, heňe-de maý bolar. Hany, oýlugyň üstüne geç, ornaş. – Ýogsa-da, «Aýjemaly» ýaman gamgyn çaldyň-la?– Mäneli Mergene gülümsiräp garady.– Men ol sazy Mänede-de, Saragtda-da köp eşidipdim. Ýöne, onuň beýle hörpde çalynanyny eşitmändim. –Tüýdügi, serdar, barmakdyr, dodak çalanok. Ýürek çalýa. Dertli ýürekden syzyp çykýan sazam gamgyn bolýa. – Ýüregiňe gam-gussanyň çekendigini keşbiňem aýdyp dur. Nepesiň soluk seň. Aýdyp otur. – Ata Mäneli ýene janykdy. – Halsyz hassaň barmy? Sütem gördüňmi? Ýa dost-ýaryň biwepalyk etdimi? Çekinme-de aýdyber. Gep şu çölde galar. Hemaýatym welin garaşdyrmaz. –Gardaş, aslynda maňlaýyňşor bolsa bolmaz eken. – Mergen käsä çaý guýup, myhmana uzatdy. Ilki ýetimçiligiň derdi. Soň çolugyň hunabaly durmuşy. Garaz, ýagty jahana gelip, känbir ýagty güni görmedim. – Çopan bokurdagy dolan ýaly, yzly-yzyna ardynjyrady. –Gara güni näletläp ýörkäm, alnymdan Gün dogdy duruberdi: Durdy Gojuk meni öýerdi. Men mähir howruna çoýundym. Dünýäm täzelendi. Ýalançynyň gadyry artdy. Ýüregime umyt siňdi. Kalbyma ertirki günüň aladasy doldy. –Mergen uludan demini aldy. – Dört-bäş günlükde bolsa, meniň bagt ýyldyzym gubarlandy. – Näme, gelin bilen araňa gep-söz düşdümi? Ýagöz-dil boldumy? –Ara gep-söz düşen bolsa, onda ýanyp-bişip oturjak däl-le. Telek söz aýdan bolsam, Hallygözeliň öňünde dyza çökjek, ýalbarjak... –Dyza çökjek? –Mäneli gürrüňdeşiniň ýüzüne geňirgenip garady. – Yşk heseri erkek adamy telbe-diwana edermiş. Ugrunda bar öýdýän. Mergen yzly-yzyna başyny atdy: –Ugrunda bar bolansoň, diýýändirler. –Çopan, seň barha armanyň artýa-la? – Ata birhowa ýaýdanyp dymdy. – Gelin ýoldan azaşan-a däldir-dä? –Ýok, ýok. – Mergen aýgyt bilen kellesini ýaýkady. –Hallygözeliň ynsaby päk. Ondan ikilik çykmaz. – Göwnüň bitin bolsa bolýar. –Hallygözeliň kalbyna dag basan apat –meniň garyplygym. –Sen garyp diýip, ýüzüni asýamy? –Mäneliniňýüzüniň terzi bozuldy. – Ol seniň batrakdygyňy bosagaňdan ätlän güni bilmedimikä? – Bilendir. Ýöne, ilki günleriň muhabbeti-sapasy gelni birbada öz girdabyna dolap alandyr. Oňa meň garyp külbämem röwşen görnendir. – Mergen käsesindäki çaýdan göwünsiz owurtlady. – Wah, men özüm ýaly garyp-pukaralaryň arasynda oturan bolsam, munuň ýaly ahwalat bolmasa-da bolmazdy. – Mergen pikirini durlaýan şekilde sägindi. –Gojuklaryň daýhanam, çarwasam barjamly adamlar. Barjamlynyňkam bezenmek-beslenmek bilen-dä. Deň-duşy bezense, kemsinmejek zenan barmy näme? Hallygözelem kemsinendir. –Garyplygyň zenany bezemejeg-ä çyn. Ýöne... – Serdar, oň ýönesi bolmaz. – Mergen Mäneliniňsözüni böldi. –Garyplyk akylly gelinlerem kiçeldýär. Garyp oňňudy Hallygözelem kiçelden, kejikdiren ýaly. Gaýdýançam keşbi durlanmady. Ýogsam, meni ynjytmajak bolup, özüne näçe diýseň zor saldy. Ynjan, kemsinen ýürek gülýärmi näme? – Ýüpek geýemok diýip, ýüzüni turşadýan bolsa.gelnin akyly goýalmadyk ýaly. – Mäneli tutuk dillendi. – Akyl-huşy kämil gelin sabyrly bordy. Ýorganyna göre aýak uzadardy. –Hallygözel, ýaş-da entejik. –Bolýa-da, çopan. Adamyň başynda baýlygam, garyplygam baky durmaz. Hudaý berse, barjamlam bolarsyň. – Ata Mäneli goltugyndan bäş manat çykardy. – Me, al, gardaş. – Ol puly Mergene uzatdy. – Meňem barja pulum şu. Gelniň geregine ýarat. Göwnüni awla. Mergen iki elini birden daldalatdy! –Goýaweri, serdar. – Çopanyň açylyp başlan ýüzi gamaşdy. – Meni kiçeltme, serdar. Bi ýaşda bir gelni geýindirip bilmän, el serseň... Ýok, serdar. Maňa-da başymy dik tutup gezmek gerek ahyryn. Taňry ýalkasyn, serdar. – Gör-dä, çopan. – Mäneli göwünsiz dillendi. – Men-ä seň ahy-nalaňa dözmedim. Goltgy bereýindiýdim. –Taňryýalkasyn, serdar. Garyp çopany syladyň. Amanat mala el urmadyň. Gepe-igenje goýmadyň. Her nä, ömrüň uzak bolsun, serdar. Mergen tolgunyp, hoşnut bolup gepleýärdi. Häli-şindi sözüniň arasyny bölýärdi. Mänelini nazara bilen alkyşlaýardy. Sada, açyk göwünli ýigidiňalkyşy Atany oňaýsyz ýagdaýa saldy. Ol çytylyp gepledi: –Mergen, goýsan-a. Beýle alkyşlar ýaly, men saňa näme ýagşylyk edipdirin? Ýagyny gaýtardymmy? Aşa alkyş adamy kiçeldýändir. –Sen meni arşa göterdiň. – Mergen basymyny gowşatmady. – Öz deňiň saýdyň, hemsöhbet bolduň. Hossarlyk goluny uzatdyň. Men seni şonuň üçin alkyşlaýan. Saňa Ýaradandan uzak ömrem şowuň üçin dileýän. Ata Mäneli howlukmaç turdy: –Men gaýdaýyn, çopan. –Gaýdaýyn? – Mergenem oturan ýerinden hasanaklap galdy. – Saz diňlemän gaýdyberjekmi? –Sen oba gidip gel. Sazy soň diňläli. –Oba gidip gel? Men-ä hiç zada düşünýän däldirin.Gelniňi näçe eziz görseňem, sen, çopan, bir zada düşün. – Mäneliniň keşbi suslandy.– Durmuş, zamana ähtiýalan, gardaş. Aýalam aýaldyr. Onam unutma. Git-de, gelniň görejine dikanlap gara. Müýni bolsa tisginer. Ýok, ynsaby päk bolup, töwerekden azar görenem bolsa, seň gönümel, mährem nazaryň öňünde saklanyp bilmez. Aglar. Ýüregi gowzansoň, dil açar. – Dil açarmyka? –Agyr ýüke inerem çydamaz. Bagyrar. Namysyna agram salynan bolsa, wepaly zenan dymmaz. Dymsasenem, özünem ryswa eder. Aý dogsa älem görýär ahyryn. –Onyň-a dogry, serdar. Süňňi haramy aýak basyşyndan tanarlar. – Sen ondaýagdaýyny tap-da, oba atlan. Ulag gerek bolsa-da çekinme. Gönümel baraý. Meň goşum hol ilerki beýik syrgynyň aňyrsyndadyr. – Ata Mäneli Sakardora atlandy. Talapkär seslendi. – Mergen habaryňy ýetirgin. Ata Mäneli alaşanyň jylawyny ileri tarapa burdy. Mergen myhmany nazary bilen ugratdy. (dowamy bar)... | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -12: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |