10:28 Ata Mäneli -6/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
On gün geçdi. Durdy gojuk gaýdyp kükremedi, sürünmedi. Gorkudan, hasratdan doly günler örän haýal geçipdi. Gündizlerine her hal ýagşydy: Hallygözel ekinüstüne çykýardy. Joýadan-joýa geçip, gawun-garpyzyň gollaryny gaýtaryp ýörkä, ol eziji pikirlerden wagtlaýynça-da bolsa saýlanýardy. Namys ýüki ýeňleýärdi. Emma Günüň ýene ýaşjakdygy, uzak gijede öz hasraty-gorkusy bilen ýüzbe-ýüz galjakdygy ýadyna düşende, gelniň eli işden sowaýardy. Neneň sowamasyn! Gijelerine giň dünýä garalyp, daralyp, älemiň ähli derdeseri darajyk kepbäniň içine dolýardy. Alaçsyzlyk, masgaraçylyk onuň ýüregine şeýle bir agram salýardy welin, ýaşaýyşdanam, ömürdenem gadyr gaçýardy. Hemme zat duzsuz tagama dönýärdi. Namysa galman ýagşy, datly günlere ýetjegini bilse, Hallygözel süteme-de, hasrata-da döz geljekdi. Zäk kimin ajy günleri ýakymsyz düýş hasap ederdi-de, goýardy. Arman, maňlaýyňdakyny öňünden görüp bolanok. Diňe howp görnüp gelýär: Durdynyňhaýasyz nazary ýitelmese, kütelenokdy. Hallygözel agyr pikirleriň kültemini çözläp, surnugyp, ahyry göwnüni bire baglaýardy. Namysymy gorap bilmesem, ölmäge erkim ýeter diýýärdi. Birdenem onuň kalbyna inçejik tama çaýylýar. Gelin Meregeniň yzyndan adam ibermege küýlenýär. Ýigide Durdynyň haýasyzdygyny ýaňzydýar. Abraý bilen gojuklaryň arasyndan saýlanaly diýýär. Ikinji pursatda gelin öz garyndaşlaryna tarap ýüzüni öwürýär. Olardan pena gözleýär. Birdenem Dursuna üm atýar. Sähel wagtdan soňam, öz hasraty barada hiç kimiň ýanynda dil ýaryp bilmejegini aňýar. Ýagdaýy kime ýaňzytsaňam, namys ody haý diýmän lowlap tutaşar. Agyr heläkçilige sebäp bolmak... Onsoňam ol Mergene näme diýsin? Kakasyna näme aýtsyn? Durdy el urjak boldy diýsinmi? Gelin bu aýylganç sözleri nädip diline alsyn? Hallygözel nalyşly seslenenini duýman galýardy. – Mergen! Ýetiş, Mergen jan, dadyma ýetiş! Gelni umytsyzlyk gaplap alýar. Suwa gark bolup barýan sypaldan ýapyşýar. Onuň gözüne sypalam ilmeýärdi. Hallygözel başyny ýassyga goýmaýardy. Gijäniň syrly asudalygyna howatyr bilen diň salar oturardy. Bagdaky bilbiller gitdigiçe örç alýar. Gelin olaryň joşgunly owazlaryna sähelçe wagt gulak asýar. Göz ýumup-açasy salym dünýäni unudýar. Birdenem howpurgap, örboýuna galýar. Ylgap gapynyň agzyna barýar. Diňşirgenýär. Şübheli ses gulagyna ilmänsoň, ýeňillik bilen dem alýar. Bilbiller bolsa däli-porhandy. Olaryn sapaly oýunlary, söýgi şohy tä daň atýança gowşamaýardy... Hallygözel jahan ýagtylyp-ýagtylmanka aýak üstündedi. Ýöne, säheriň ýakymyny, şypasyny syzmazdy. Gijäni çirim etmän, urnup geçirensoň, süňňi agyrdy. Endamy soka salnyp, owulan ýalydy. Gulaklary şaňlap, gabaklary bürlüp dur. Oňa asman-da, suw-da bulançak görünýär. Ýogsam ir-ertir hemme zat röwşendi, lälezardy. Durdy gojugyň sütemi, ýekelikde hary-zar bolup dökülen gözýaşlar... Bular Hallygözeli öz labyrybilen çökerdi. Gelin obanyň gözüniň alnynda horlandy, eredi. Onuň bugdaýreňk ýüzünden terlik göterildi. Dup-duruja hamy gara-ört boldy. Şöhleli, näzli gözler owasynyň içine çökdi. Ýygna agyz ulaldy. Hallygözel indi diňe Durdydan däl, goňşy-golamdanam gaçýardy. Pete-pet gelip, halyny soranlara bolsa, sanly söz bilen jogap berýärdi: –Ýaramok. Başym aýlanýa. Gartaşan zenanlar gelniň sözlerini ýagşa ýorýardylar. –Oňat bolarsyň, enşalla. Aýala nesip eden kysmat şeýle-dä. Toýly bolsaň, tä çaga ýuzun duşýänça, ejir baryny çekmeli-dä. Oňat bolarsyň, gelin, işdäň alanja zadyny iýibergin. Deň-duş gelinler degişerdiler: –Başym aýlanýa? Süýji-süýji iýmäň, ajy gäkiligem bolýa-da. Ha-ha-ha. Mergene dal-daragt kimin çyrmaşaňda, indi bir häzir bolgun. Iki gatsyň, gyz. Ha-ha-ha!.. Hallygözeliň agzy bimazady. Ýöne, ol namys jebrinden başga ezýet duýmaýardy. Hallygözeli telim günläp gysyp-gowran dünýä duýdansyz giňedi. Dünýä bilen bile gelniň kalbam, ýüregem giňedi: Durdy zenana lak atmasyny goýdy! Jahylsyrap, kükräp, naçaryň üstüne sürnen azgyny tanar ýaly bolmady. Biçilen öküzçe dek süllerdi. Hallygözele gabat gelse-de, başyny galdyrmady. Ol haram duýga maýyl bolup, gelne ezýet berenine ökünýäne meňzeýärdi. Mysapyr. Gelne otly köýnek geýdiren haýasyz nazary solgun. Asyl, dünýä bilenseri ýok. –Eý, Taňrym! – Hallygözel bagtyýar nazaryny asmana dikdi. – Meniň nalyşymy eşidäýdiňmi? Sadyk gyrnagyňy ryswa etmäge dözmediňmi? Durdy gojugy bet pälinden gaýtardyňmy? Gudratyň gurbany bolaýyn, Biribar! Gojugyň gözünde ökünç, ejir görünýä... Mergen jan! – Gelin indi bagt şuglasy çaýlan gözlerini çöle tarap dikdi. Ol ozallar kalbynda tolkunýan muhabbetli sözleri diline almaga utanýardy. Häzir welin dillendi. Utanmady. – Ezizim, Mergen jan! Ynsabym, tenim päk meniň. Namysym, durkum päk. Saňa ygrarym päk. Sen meniň päkligimi syzýarmyň? Ýogsa-da, didaryňa, wysalyňa zar etdiň-le, oglan! Hallygözel öz pyşyrdysyny eşidip, burç ýaly gyzardy. Durdy paýhasyň sesine gulak geräýdimikä? Ynsaby oýandymyka? Belki, haram nebsiňirde-giçde biabraýçylyga eltjegini aňandyr? Hany, dur-la! Gojugyň tobasy onuň aly-hilesi bolaýmasyn? Ol gelniň dartylan damarlarynyň gowşaryna garaşýan bolmasyn? «Bedähet gylyk örkleseňem galmaz» diýipdirler ahyryn. Hallygözeliň göwnünde güman ýokdy. Kalby dury, ynsaby päk adamlaryň ýüregine şübhe çökmeýär. Ýekşenbe güni Hallygözel ekin üstünden ir geldi.Onuň ýüregi akyp durdy. Gara gowurdagyň şorja çorbasyny içse, gözi ýerine geljekdi. Ol pilini kepbäniň gabadyndaky pessejik teläriň üstüne atdy. Elini-ýüzüni ýuwmaga hyýallandy. Emma ýetişmedi. Dursuna gözi düşdi. Zenan mal ýatagyndan çykyp, göni Hallygözele tarap gelýärdi. Gelniňderjiräp duran hortaň ýüzi gyzaryp gitdi. Aňdymyka? –Aňandyr. – Ol ynamly pyşyrdady. – Är pyglyny bozar, aýagyny gyşyk basar, heý, onam bir aýal aňmazmy? Aňansoň men gapymdan aýagy çekilendir. Kemteresinden Göwherem aýagyny sekenok. Indem gojugyň toba edenine gözi ýetendir. Begenji, şatlygy içine sygman gelşidir... Hallygözel hakykatdan şeýle bir daş däldi. Gelniň gojuga gargap dady-perýat eden gijelerinde, Dursunyňam gözüniň ýaşy kepemändi. Ol Hallygözele-de betgüman bolupdy. Emma özüne zor saldy, pähim etdi. Dymdy. Dursunyň pähimi uly hataryň asuda günlerini sähelçe-de bolsa, uzaltdy. Dursun Hallygözel bilen gadyrly görüşdi. Zenan ýadawdy. Uzynly gününi bagda garzynyp geçiripdi. Onuň könelişen köwşüne, güne agaran gyňajyna çaň-tozanyň ýukajyk gatlagy çöküpdir. Çaň zenanyňjepakeş ellerine-de siňipdir. Hallygözeliň ýüregi ýiti awady: Durdynyňhaýasyz hyjuwy-hereketi bu mährem zenanam çökeripdir. Dymmak, gaharyna bäs gelmek oňa-da ýeňil düşmändir. Şonda-da ol öz derdini gozgamady. Hallygözele hoşamaý garady: –Gelin baý, eräpsiň-le sen? – Dursun ýuwdundy. – Agzybimazalyk aýal üçin pes dert däldir. Sen bir zat et, gelin: ýüregiň bulanmasy kiparlaýança ekin üstüne çykma. Hallygözel Dursuna «hä» diýmedi: –Ekinem ot basyp barýa. Haşal ot hüwläp galdy welin, bi görlen däl. –Gawun-garpyzam pyşdasyny ýapyp ýör ahyryn. Indi olar ota känbir per bermez. Hallygözel ýan bermedi: –Öýde otursam, günümem geçer öýdemok. –Ekin üstünden galmajagyň çyn bolsa, onda agzyňa seret. Mende şorja süzme bar. Göwnüň islän wagty Göwhere aýdaý. Salymyny bermän getirip berer. Bagdan şorja erigem bolsa, ýol-da iýiber. Dursunyň hoşamaý sözlerini diňläp durka, Hallygözel ony ogryn-dogryn synlaýardy. Onuň gözünden-ýüzünden galatlyk alamatyny gözleýärdi. Emma açyk ýüz. Ýumşak, ýakymly ses. Ýyladyp, çoýup duran nazar. Derdiňi dep edip, hossaly teniňe, ýüregiňe gurbat berýän mähremlik, dertdeşlik. Hallygözeliň öňünde şol öňküje hoşgylaw, pähim-parasatly gaýyn ene durdy. Gelniň nazary birden ýylady: ejesi bilen bolan keltejik söhbet onuň hakydasyna geldi. –Gyzym, Hallygözel jan. – Ejesi agzyna elten käsesini gaýra çekdi. – Dursunyň gadyryny bilgin, gyzym. Ol perişde pisint zenan. Onuň ýaly aýal seýrekdir. Niýeti düzüw onuň. Hallygözel şonda ynjysyny gizlemändi: –Perişde bolaýşyny. Gaýdyp baranyma bäş gün diýlende, yrsgymy aýyrdy. –Yrsgyňy aýyrmadyk bolsa, il deňinde ýeriň-suwuň bolarmydy? Gojuklar yrsgal şiresini ýerden ýalaýandyrlar. –Her näme-de bolsa, ile meňzeş-ä etmedi. Bar bereni iki sany köne keçe. –Oň üçin sen Dursuny ýazgarma. Dursunyň erkiniň ýetjek-etmejek zady bardyr. Ondan kine etmegin, gyzym. Oňa Hudaýa uýan dek uýgun. Hallygözel ejesiniň pendini tutupdy. Dursuna uýupdy. Häzir bolsa ejesiniň müň kerem mamladygyna göz ýetirdi. Dursun özüniňem, Hallygözeliňem zenanlyk mertebesine çirk ýetirjek zat barada dil ýarmady. Geçeni geçdi bildi. Gojugyň çyndan toba etjegine bil baglady. Dursun bilen hoşlaşanda Hallygözeliň begenji içine sygmajak bolýardy. Içki joşgundan ýaňa ýaňaklary al öwsün durdy. Gelin bagtyýardy: howp ýagşylyk bilen sowuldy. Ol ýene asuda durmuşyň gujagyna doldy. Hallygözel kepbesiniň bosagasyndan höwesli ätledi. Darajyk tamkepbe oňa şeýleki giň, şeýleki belent ymarat bolup göründi. Gelne süýjülikdi günleri wada berdi. Hallygözel gapynyň içki söýesine ýaňagyny berdi-de, gözlerini süzdi... Gelin geçen gezek Mergeni şu ýerde, içki bosagada garşy alypdy. Daş çykmaga ejap edipdi. Muhabbete teşne ýigit gelini hyjuw bilen özüne çekdi. Lapylap, gyzyp başlan ýaňaklardan gaýta-gaýta sordy. Hallygözeliň bedenine ýakymly ýylylyk aralaşdy! Ol goram-gowşak boldy, ýüzüni Mergeniň döşüne ýaplady. Datly pursat! Şol pursady ýatlamak, küýsemek... Täze gyzgyn posalara umyt baglamak... Häzir gelniň ezilen ýüregine şondan gudratly melhem ýokdy. Dursunyň mylaýymlygy Hallygözeliň ýüregindäki iň soňkuja howsalany-da öçüripdi. Gelin ilkagşamdan kellesini ýassyga goýdy. Ýaýnap-ýaýrap ýatdy. (dowamy bar)... | |
|
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |