11:22 Ata Mäneli -7/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Hallygözel sähel salymdan soň huşuna geldi. Oňa dem almaga howa ýetenokdy. Haýsydyr bir agyr labyr gelniň göwüslerini mäjerläp, döşüni ýaryp gelýärdi. Şol barmana onuň alkymyny, ot alyp duran ýaňaklaryny irimçik tüýler darap geçdi. Dodagyna dodak basyldy. Agyr, porsy dem ýüzüne urdy. Barha ýygjamlaşýan hassyldy... Hallygözel hemme zada düşündi: Durdy dyzmaç höwesini gandyrýardy. Hallygözeli aýylganç duýgy gaplap aldy. Göwnüne onuň näzik tenini Durdy çekelemän, guduz açan it parçalaýan ýalydy. It barha gazaplanýar. Gelniň ezýet baryny geren süýegini sowuk, garaňky çukura tarap süýreýär... Hallygözel Durdynyň wagşyýana gujagyndan sypmaga synanyşdy. Bolmady. Zynakäriň elini-ýüzüni dyrjanaklamaga meýil etdi. Deprenmäge ýene maý bolmady. Durdy onuň iki çigninden mäkäm gysýardy. Hallygözel uly sesi bilen gygyrmakçy, Durdyny haýykdyrmakçy boldy. Yhlasy netije bermedi. Onuň gus-gury bolan bokurdagyndan huşuny ýitiren adamyň samyrdysy ýaly düşnüksiz, ysgynsyz bir hümürdi eşidildi: –Bi... gaýr... aat. Waý... ýet... ýet... Mer...geen.. Durdy dyzmaç höwesini gandyrdy. Örboýuna galdy. Alagaraňkylykda gelne haýasyzlyk bilen garady-da, topugyna düşüp ýatan balagyny galdyrdy. Özünden göwni hoş halda gerinjiredi. Kükregini dolduryp dem aldy. Ol ýeňiji. Boýnyýogyn gelne kişidigini görkezdi. Täze güli ysgady. Gojuk howalanyp gepledi! –Saňa mährim gitdi diýdim. Ýüregimden syzdyryp aýtdym. Arkan gaýyşdyň. Namyslysyran bolduň. Näme gazandyň? Hallygözel ýigrenç bilen dillendi! –Sen näme gazandyň? –Seni bagryma gysdym. Islän zadymy aldym. –Sen huşsuz teni çekelediň. Wagşy, bigaýrat, Özüňe erkekdirinem diýjeksiň. –Sen ýene pähim satýarmyň? Akmak. Perisypat zenan bilen ogryn aýşy-eşreti men oýlap tapamok. Adamzat döräp, hylwatly duşuşygam bar. Uzaga gidip oturasy iş ýok. Mara bar-da, «Ýolbarslynyň» gapysyny kak. Kisäň agyr bolsa, pynhanja otagda terje zenany goltugyňa gysyber. Bu gün men. Ertir Oramet baý. Birigün kim maňlaýyndan çyksa, zenan şona-da ýürek gapysyny açar. Hallygözel haýykdy. Gojuk onuň çak edişindenem binamys eken. Heý, beýle adamam bir utandyryp, toba etdirip bolarmy? Ynsana ýaraşmajak iş kylyp, oňa buýsanýan erkegiň loludan näme parhy bar? Belki, loly ondan namyslydyr. Teni hapa bolsa-da, ynsaby päkdir. Biynsabyň toruna çolaşandyr. Hallygözeliň dymmagy gojuga umyt berdi. Ol gelniňerkiniň synandygyna ynandy. Sesini ýumşadyp gepledi: –Hally, akylly-başly bolsaň, ýüzüňden nur dökülmez. Hataryň bikesi bolarsyň, Galmagal turuzsaň welin... Biwepa aýalyň ýüzünden sypalýan däldir. Ony daşlap öldürýändirler. –Sen tetelliniň bikesi bolanymdan, nälet daşynyň astynda ölerin. – Jan süýjüdir. Erkegiň mähir-mylakaty ondanam süýjüdir. Sen, ýat-da agla. Sessiz agla. Ýüregiň giňär. Men erte agşam ýene gapyňy kakaryn. Näz bilen açgyn. – Gojugyň äheňi sowady. – Kakylan gapy açylman galmaz. Şony unutmagyn. Durdy erinlerini gyşardyp ýylgyrdy-da, çykyp gitdi. Hallygözel öz depelenen namysy bilen ýüzbe-ýüz galdy. Ol ysgyna gelmändi. Onda keç ykbalyndan nalamaga-da güýç-kuwwat ýokdy. Gelin hapalanan düşeginiň üstünde alaçsyz urunýardy. Öz ykbalyny saýa çökeren hupbatly pursaty ýatlajak bolýardy... Hallygözel argyn-da bolsa, birbada uklap bilmändi. Kalbyna dolan şatlyk-begenç rahatlanmaga maý berenokdy. Mergen bilen geçirilen hoş günler, ömürbaky öz süýjüligini ýitirmejek gijeler onuň huşundan ýekän-ýekän geçýärdi. Gelniň tirpildäp duran dodaklaryndan lezzetli ýylgyrma hiç aýrylanokdy. Gelin ýaşdy. Ýaňy on sekizi arka atypdy Ol gojuklaryň hatarynda gopýan wakalaryň köpüsinden baş çykaryp bilenokdy. Näme üçin gojuklar ýazlyk bugdaýy höwessiz ekýärler? Kädini ýylyň-ýylyna şol bir atyza, şol bir joýa gämikleýärler. Hallygözel munuňam sebäbini agtaranokdy. Ýönebaşga bir zady ýaş gelin aňy bilen duýdy. Zenan mertebesiniň öz ölçegi bar eken. Ten päkligi. Ygrar, wepa. Zenan dünýäsinde ine, şu zatlardan belent, mukaddes zat ýok ekeni. Beden, syna gözelligi salgym. Päkize, halal ten, arassa ynsap, ine, hakyky zybalyk. Halallygyň ýiten ýerinde zenandan mukaddesligem arany açar. Hallygözel muny öz namysyna agram salnan halatynda aňypdy. Ýakymly pikirleriň, süýji arzuwlaryn kölünde halys ýorlan gelin ahyry uka gidipdi. Ýagty güni, asuda durmuşy dileg edip uklapdy. Abyrsyz howpuň abananyny adam süňňi bilen syzarmyş. Şeýle bolarly. Hallygözel ýalpa gözüni açdy. Onuň gulagyna bir ýakymsyz şykyrdy ilipdi.Keltejik, ysgynsyzja şykyrdy gelniň beýnisine sarsgyn beripdi. Hallygözel şykyrdynyň täzeden gaýtalanaryna garaşmady. Onuň garaşmaga sabyr-takatam ýetjek däldi. Haýdan-haý dikeldi. Daraklygyna basyp gapynyň agzyna bardy. Ýene diňşirgendi. Gelniň bada-bat imany öçdi: daşky bosagada kimdir biri hasylap dem alýardy. Kimkä? Mergen bolsa, bireýýäm seslenerdi. Durdymyka? Gojugyň tobasy onuň aly-hilesi bolup çykaýarmyka? – Eý, Hudaýym. – Hallygözel galpyldap durşuna nalady. – Indi sen bendeleriň ynsabyna, ýüregine bil baglap bolmasa. Musulman haýa-şerimi unutsa, däbi-şerigaty depelese... Wah, meň özümi öldürmeli-le... Ynamda, ýagşy umytda aldanmak, büdremek ynsaply, hoşniýetli adamlaryň kysmaty bolsa gerek. Hallygözelem ynandy. «Özüm päk – ymmat päk» diýdi-de oturdy. Iň bärkisi birki günlük atasy öýüne-de çekilmedi. Durdynyň ynsabyna bil baglady. Gojuk welin ynsabyny ýuwutdy. Gapynyňkildini pyçagynyň ujy bilen açdy-da, kepbä kürsäp girdi. Ol çyplaň geýnipdir: başy açyk, aýagy ýalaňaç. Agyr ýüki ýukajyk köýnegi-balagy. Onuň niýetini ýamana dikendigine şübhe ýokdy. Hallygözeli elhenç howp gurşap aldy. Ýüregi, kalby darykdy. Nätmeli? Gopgun turuzmalymy? «Dat, ýetiň! Durdy gojuk maňa el urjak bolýa diýmelimi? Ýa-da är kimin durup namysyňy goramalymy? Gelin gygyrmaga-da, goranmaga-da ýetişmedi. Durdy bars kimin topuldy. Hallygözeliň bilinden tutup, başyndan agdaryp urdy. Gelnin heniz göwresi ýer galtamanka, kellesi kepbäniňýanagajyna gütüläp degdi. Ol keltejik iňledi. Soň onuňüçin dünýä tümlüge büreldi. Durdy huşsuz ýatan gelni goltugyna gysdy... Hallygözel özüne geldigiçe, başyndan inen apatyň göterimsizdigine göz ýetirdi. Ölmän galanyna gynandy. Beýle süteme onuň buýsançly ýüregi nädip tap getirdikä? Ýa-da gelniň ýene görmeli görgüsi, çekmeli jebri barmyka? Her zat-da bolsa, bir zat aýdyňdy: Hallygözeliň galanja ömri azap bilen geçer. Kemsiner, kemsidiler. Garaz, ruhy ezýetiň soňy gelmez. Tagamsyz ömür aýylganç takdyra öwrüler. Girilen, zorlanan... Gelin bu zäherli mähri galan ömrüne göterer ýörer. Şol möhür bilenem göre girer.Ölüm! Ine, aýylganç takdyrdan dyndarjak zat. –Mergen, Mergen jan! – Hallygözel içi-içinesygman hamsykdy. – Men göçgün keýpe huşumy aldyrmadym. Wepasyz, ygrarsyz däl men. Men gapyl galdym. Sen men nalamy eşidýärmiň, Mergen?! Hudaý seni köp gördi maňa. Hapa tenim bilen seň gözüňe neneň görneýin? Ölüm! Ölüm mana öňküje päkligimi gaýtaryp berer. Ykbalyň oýny ýowuz-da! Hallygözeliň ýumşak, salykatly ýigide duş bolanyna ejesi pahyr begenip, iki bolup bilenokdy. «Balam, ýanýoldaşdan ezýet iýmersiň» diýerdi. «Ýetimligiň ajysyny dadan oglan-da. Ýagşynyň gadyryny biler ol. Öz öýüň, öz ojagyň bar, gyzym. Çaga-da gözüň düşse, onsoň, balam, dokuzyňy düzüw hasap edäý...» –Wah, eje jan, garabart gyzyň ykbaly keç boldy. Maňa sütem edildi. –Hallygözeliň dodaklary kemşerdi. – Sen meň bigünädigimi bir bilermikäň? Masgaraçylykly ömürden ölümi eý görenimi aňarmykaň? Hallygözel birhowa pikirlenip oturdy-da, öz-özüne igendi: –Men aýdyp oturan zadym näme? Ejem pahyr gabahat işi bilmese gowy. Gyzynyň zorlanmagy, ölümi... ene ýüregi bi aýylganç habarlaryň birine-de tap getirmez. Men namysly köpek deýin çola ýerde ölerin. Hallygözel zyýan tapynypdyr diýsinler. Ölüm Alladan gelende, bendesine kaýyl bolaýmak galar... Ýagyçylyk ody tutaşmaz. Bigünäniň namysy depelenmez. Ýene bir naçar wagtyndan ön gara ýere siňmez. Maňa medet ber, Taňrym. Seň wesýetiňi tutaýyn. Özüme kast edene ygsan edeýin. Zulum edeniň günäsini geçeýin. Maňa ölmäge güýç ber, Taňrym... Kimdir biri janyýangynly gygyran dek boldy. –Indi, eýsem, öläýmeli bolarmy? Çykalga galmadymy? Taňrynyň gudratynyň soňy ýok ahyryn. Ol Mergene giňlik berer. Mergen bolmanda-da dargursak däl Ýüregi çaganyňky dek dözümsiz. Hakykaty biläýende-de, ol Hallygözelden ýüz öwürmez. Özüne zor salar. Ýylgyrar.Wagtal-wagtal ýigidiň hyjuwam oýanar. Emma onuň posasynda öňki lezzet bolmaz. Batragyňam ýüregi etden ahyryn. Olam çig süýt emip ulalan. Mydama akyl ölçegi bilen ýaşamak, oňa-da başartmaz. Onda-da namys bar, göwün bar. Aýda bir gezek Hallygözele şübhelense, iňkise gitse... gelin muny duýar. Ýigidiň agras dem alşyndan duýar. Onuň ýarasy täzelener. Durdy gojuk olaryň arasyndan ömürbaky aýrylmaz. Ykbaly oňman, ýurduny täzeleýän adamlar az däl. Ählije zady täzeden başlaýanlar hem bar. Ilçilikde bu geň-taň hem görlenok. Durmuş sarsgynly bolsa, adam neneň bir durkuny saklasyn! Mergenem Hallygözeli ýat illere alyp çyksa... Täze ýurtda hiç zat şu gijäniň ryswaçylygyny ýatlatmaz. Hallygözel aýgyt bilen başyny ýaýkady: – Azgyndan gaçdyň. Hapalanan düşegiňi taşladyň. Ýat illerde mesgen tutduň. Ýöne, ynsabyňdan gaçyp gutulyp bolarmy? Ýadyňy, huşuňy nätjek? Ýok, men hapa tenim bilen Mergeniň goltugyna gysylyp bilmen. – Hallygözel bokurdagynda dykyn alyp duran gözýaşy ýuwutdy. – Halal süýt emdim. Halal duz iýdim. Özümem halal süýt emdirip bilmejek bolsam... Süňňi halal adamlaryň ýüzlerine gara çekjek bolsam... Men neneňýaşaýyn? Hallygözeliň ýüreginde bir lowlap duran isleg bardy: Mergeniňdidaryny küýseýärdi. Iň bolmanda alysdan synlasa, nazary bilen hoşlaşsa, armansyz öljekdi. Ýöne gelin öz isleginden ölümden beter gorkýardy. Ýigidiňnurana keşbine gözi düşse, ol pagyş-para erär. Onda gobsunmaga-da, mertebe bilen ölmäge-de gurbat galmaz. Ol häzir ýüregine daş baglan wagty öler. Ölüm hemme zat barada dil açar. Ölüm gelni päklär. Ene toprak arassa teni goltugy na gysar. Hallygözel şu ynam bilen kepbesinden çykdy. Aý ýaşypdy. Ýyldyzlaram solupdyr. Daňam indiuzakda däldir. Hallygözel kepbäniň ýeňsesine öwrüldi. Gelin düýe garymyna tarap bir gara salgymyňsüýşüp gidendigini saýgardy. Durdy gojukmyka? Aýnadan yşyklap duraýdymyka? Gelin ýigrenç bilen pyşyrdady: – Yşyklasa yşyklaplar geçsin. Hudaýdan tapsyn, hernä. Naçary depelän, abat ojagy ýumran baýnamaz. Hallygözel garaňkylyga siňip gitdi... (dowamy bar)... | |
|
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -17: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Janserek -5: romanyñ dowamy - 26.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -16: romanyň dowamy - 16.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |