12:37 Ata Mäneli -9/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Wagt daňa golaýlap ýördi. Jümle-jahan asuda. Hatda şäher tarapyndanam ses-seda gelenok. Gara ýeri sarsdyryp, iki ýana gatnaýan otlular hem ömürlik duran-daýanan ýalydy. Gara öýüň howasam ýumşak sergin. Tüýs süýji uka batmaly wagtdy. Durdy bolsa, ynjalyp bilmän galpyldap otyr. Ol Mergenden heder edip galpyldamaýardy. Ýeke ýigidiňgiden tirä daş oklamaga bogny ysmaz. Emma wagt öz işini edýärdi. Gojuk özüniň iňňän howply işe baş goşandygyny gitdigiçe ýiti duýýardy. Birden Hallygözel Durdynyň çak edişinden gaýratly bolup çyksa? Özüne el urlandygyny gizlemese, dymmasa? Onuň garyndaşlary dökülse. Amatyna garap gyzyňy süýrese. Özüne tyg çekse, Şonda nädersiň? Öçlibolma. Durdy kellesini ýassyga goýup bilmedi. Tärimden asylgy donuny egnine atdy. Daş çykdy. – Durdy! Golaýdan eşidilen pessaý ses gojugyň gulagynda topuň gümmürdisi bolup ýaňlandy. Ol yza tesenini duýmady. – Uzyn gije zowzuldap çykdyň-la? Ynsabyň ezýet berýärmi? Durdy aýalynyň sesini tanady. Zenanyň sözleri syrdan, ahyryna çenli aýdylmadyk, diýilmedik kineden-gargyşdan doludy. Gojugyň ýüzi lapylap gyzdy: Dursun onuň haram işinden habarly eken. Näderkä? Näme etsin? Gözýaşyndan başga nämä güýji ýetsin? Hallygözel üstüne alynaýan bolsa-da, alajy bolmazdy. Iki gün aglardy, eňrärdi. Üçünji gün kysmatyna kaýyl bolardy. Durdy özüni tiz dürsedi. Aýalyna aýak üstündenhemle urdy: – Ynsaby- azaby seljermek aýala galmandyr. Sokul öýüňe. – Sen ot basylan ýaly jyzylaberme. Meň senden mähir hantamaçylygym ýok. – Dursunyň sesi endiredi. – çagalarym üçin, halal ojagym üçin ýanyp-bişýän men. – Güm bol. Durdy mal ýatagyna tarap ýöneldi. Diliňi dişle. Uzyn dil düýbünden kesilýändir. Dursun duran ýerinden öýüne tarap gaýtdy. Durdy daňy aýak üstünde garşylady. Ol Çalynyň, garador alaşanyň ýokdugyny jahan ýagtylandan has soň bildi. Emma howatyrly oýlanmady. Ýaş ýigidiň käte mülkamaşa, mamasynyňka bir gijelik baryp gaýdaýmak endigi bardy. Hallygözeliň öýünden örlemändigini ilki Dursun bildi. Zenan gelniň gapysyndan garanda hemme zada düşündi: haňlap ýatan boş kepbe, bulaşan, düýrlenen ýorgan bu öýde ynsabyň götermejek zadynyň bolandygyny aýdýardy... Dursun gapyny mäkäm ýapdy-da, öýüne tarap alňasady. Ol utançdan, howsaladan ýaňa lowlap ýanýan ýüzüni aşak salyp, ylgaşlap gelýärdi. Zenan öz oý-pikiri bilen, başdan inen hasraty bilen tizräk ýüzbe-ýüz galasy gelýärdi. Emma ol öýe sygmady. Göwheri aýak üstüne galdyrdy. Gyz: «Hallygözel gelnejem daň bilen atasynyň öýüne görme-görşe gitdi» diýen habary hataryň ugruna uçuryp goýberdi. Dursunyň duýgur ýüregi aýylganç harasady abanyp gelýändigini syzýardy. Odugyp, gysylyp urunýardy. Zenan ykbalyň birehim zarbasyndan sowlup bilermikä? Ol öz gara başy barada pikir etmeýärdi. Sen-men ýok, Jumany ekin üstüne atardy. –Balam, Juma jan. Topazyň kölüniň gyrasyndaky ekerançylyga git. – Dursun nan haltany Jumanyň eline tutdurdy. – Al, balam, nanam, gowurdagam salandyryn. Günortan ekinüstünde bol, balam. Ot yssyda ýol söküp ýörme. Buz ýaly çatmada ýatdajyk, ukyny al. Juma ejesine ýylgyryp garady: – Eje, sen garrap ýörsüň öýdýän. Sähel zat üçin basga galyp ýörsüň.Dursun özüne zor salyp ýyrşardy: – Balam, men siziň ýamanyňyzy görmesem, garrylyga-da kaýyl. Jebre-süteme-de kaýyl. Atlan, balam. Juma Topazyň kölüni nazarlap atlandy. Dursun sowan ojagyň başyna çökmedi. Göwheri yzyna tirkäp baga siňdi. Ene öz perzentlerini penalaýardy. * * * Durdy gün agansoň, öýden çykdy. Birhowa ýaýdanyp durdy. Topazyň kölüniň ýokary çetine, şüdügär galdyrylýan ýere gitmäge hyýallandy. Täze agdarylan ýeriň ys-a şypalydyr öz-ä. Çaly niredekä? Mamasynyňkyda düşegi ýumşaýdymyka, haramyň? Batrak gelse, ony usuljak bilen Hallygözeliň idegine atarsaňam bolardy. Gelin atasy öýüne gidendir. Ona şek-şübhe ýok. Her halam bolsa, gözüň bilen görseň ýagşy... Gojuk öz-özüne göwünlik berdi: – Hally nirede bolsa-da, dymar. Ol dil açan bolsa, harasat bireýýäm gopardy. Gowusy, bugdaýy göreýin. Onuň gyzyly dolan bolsa gerek. Açyk howa. Kir-kimirsiz asman. Gykylyk-gowgasyz meýdan. Gyzyly dolup, başy agralan bugdaýyň syrlyja ygşyldysy... Nepesiňi durlamak üçin mundan ýaramly ýer, ýakymly pursat bolarmy? Durdy bugdaýçylygyň jümmüşine tarap gadam urdy. Birdenem sakga daýandy. Bugdaýyň ýognan, gatan baldaklarynyň arasyndan iki sany küleje serçe pysyrdaşyp çykdy-da, gazaply çaknyşdy. Olar mymyjak tüýlerini hüžžerdişip, çirkin-çirkin gygyryşdylar. Gojukgeň galdy. Bugdaýçylyk giň. Durmuş erkana. Iýmitem egsiler-kemeler ýaly däl. Uçsaň uç-gyraksyz asman. Gonsaň salkyn saýa. Birek-biregi beýle zabun tüýtmelär ýaly, küleje serçeleriň paýlaşyp bilmeýän zady nämekä? Kemlik etseň, kemal, menlik etseň, zowal, guş-gumrularyň arasynda-da bardyr-da! Suwdan-yzgardan gysylmadyk bugdaý ösgündi, gürdi. Oňat başlapdy. Sagdyn, ýylmanak baldaklarguşgursak dänäniň agramyna başlaryny egip otyrdylar. Edil pes päl adamyň bar-da! Şemal näçe tolkundyrsa-da, yrasa-da başyny galdyranok. Durdy bugdaýyň bir başyny ýolup aldy. Aýalarynyň arasyna salyp, ony eda bilen owratdy. Owurdyny çişirip, dänäniň harpygyny üfledi. Sap-sary dänäni dyrnaklarynyň arasyna salyp, gysyp gördi. Däne gatapdyr. Aňry gitse, bäş-alty güni bar. Onsoň, biliňi guşa-da, orak salyber. Täze hasyl, täze bereket. Belki, ol Durdynyň galkymyny güýçlendirer? Bakjanyň üstünden şemal öwüsdi. Bugdaý agras tolkundy. Onuň ygşyldysynda gör, näçe öwüşgin bar! Edil şu demde, ol är kişiniň ýüregi dek merdem, päk. Bir görseňem, näzli gelniň pyşyrdysyna meňzeýär: pessaý, şirin. Ýene sanlyja pursat geçer. Ygşyldy daýhanyň röwşen umydy bolup, onuň ejir baryna döz gelýän argyn ýüreginiň aýdymy bolup ýaňlanar... Ygşyldy-mukam Durdyny az wagtlygam bolsa, ezýetli, howsalaly pikirleriň girdabyndan sogrup aldy. Gojuk häzir töwekgel jahyly ýada salýardy: nazary ýitidi, emma durnuksyzdy. Ýüz keşbem açylypdy. Ol aýasyndaky nohut ýaly däneleri zyňmady. Goşawujyna üýşürdi-de, agzyna atdy, lezzet bilen çeýnedi. Durdy oba tarap ýüzüni öwürdi. Onuň gözleriniň şöhlesi artdy, ýüregi gobsundy: bir gelin Mergeniň tamkepbesine girip gitdi, kimkä ol? Hallygözelmikä? Şol! Şemal ugruna pasyrdaýan gyzyl gyňaç. Gök alaça köýnek. Boýy ýeten serwi ýaly, ýaraşykly kamat. Saýhally, ýygjam gadam urşam şonuňky! –Gelipdir-ow. – Durdy daňdandan bäri ilkinji gezek rahat dem aldy. – Atasy öýünde boldumyka? Nirede bolanda-da, öz aýylganç syrynyaçyp bilmez. Bir adam gulak gerse, ikinji adam şübhelener. Üçünjisi: «Ganjykdyr-da. Guýrukbulandyr» diýer.Ata-enäniň näleti. Äriň sowuk, kitüwli nazary. Ýeňles-narpyzyň zäherli dili, pyşyrdysy... Beýle jebir-jeza çekip-çydardan çökderdir. Dowzah azabyndan beter köýdürer. Ol oduň yzasyny bir-ä ölüm öçürer. Birem... erkek kişiniňhowurly demi. –Gojuk kanagatly ýylgyrdy. – Gaýdyp gelen bolsa, ýüregi ýerine gelendir. Meniň pynhan höwesimi paýlaşmaga kaýyldyr. Haçan geldikä ol? Haçan gelende näme? Gelipdir. Men gözümden gaýdyp uçmazlyk üçin gelipdir. Indi ol men üçin sallanjyrar, sülmürär. Men üçin bezener, beslener. Näzden, mähirden püre-pür göreçler meni gözläp tapar. Ana, şonda heserli ýüregim ynjalar. Gartaşýan durkuma kuwwat iner. Hyjuwym oýanar... Gojuk oba tarap gadam goýdy. Onuň ökjesi ýeňildi. Guş bolup uçaýjaga meňzeýärdi. Özem göwnünde Hallygözeli besläp barýardy. Ynha, Gojuk öýüň bosagasyndan ätleýär. Hallygözel pasyrdap örboýuna galýar. Durda ýyly nazar oklaýar. Gojuk durşy bilen galpyldap, gelniň etlejik bileginden tutýar... –Gojuk, saklan!.. Durdy döşünden itilen dek aýak çekdi. Hyjuw, höwes öçdi. Göz önündäki muhabbetli görnüş gaýypboldy. Ol ses gelen tarapa ysgynsyz garady. Gotur Durdynyň alkymynda atyň jylawuny çekdi. At deriniň ýiti, ýakymsyz ysy Durdynyň burnuna hapylap durdy. Ol yza tesdi. Atlyny gaharly synlady. Atly orta boýludy. Eti-gany ýerindedi. Bezemendi. Dogumly, gazaply adamdygy keşbinden duýulýardy: etlek gotur ýüzi agrasdy, şepagatsyzdy. Uly, goňras gözleri wagşy guşuňka ogşaýardy, ýanyp durdy. Atly nätanyşdy. Durdy onuň ýapony bäşataryna ätiýaçly garady. Içden pikir öwürdi. –Allajanlarym, kim bolarka bi? Azaşan ötegçi däldig-ä belli zat. Meni idäp gelipdir. Egin-eşiginden, atyndan-ýaragyndan çen tutsaň-a, bi döwlet adamsyna meňzeýär. «Meni zolostnoý iberdi, hany, öňe düş» diýäýmäge çemesi bar. Ýöne, wolostnoýyň menlik näme işi bolup bilerkä? Hallygözel garyndaşlarynyň ýanynda dil açaýdymyka? Şeýledir. Olaryňam garakçy gojuklaryň üstüne dökülmäge bogunlary ysan däldir. Wolostnoýdan delalat isläp, şonuň aýagyna ýykylandyrlar. Bu pikir kellesine gelende Durdynyň endamyna sowuk der indi. Neneň ajal deri inmesin! Ýagyň wolostnoýdyr bolköýnek bolmasyn. Eliňi arkaňdan daňyp, gözüňi Sibirde açanlaryny duýman galarsyň. – Gojuk ýaýdançly dem aldy. Saly gowşady. Ýöne ol başga bir zadam duýýardy: häzir öz gorkyňy aňdyrmak, elden-aýakdan düşmek... syrtyň çaňňalaklydygyny boýun almakdy. Ejizläniňi bilse nöker arslan-şir bolup sürüner. Wolostnoýyň huzuryna eltinçä, azyndan bäş ýüz manadyňy girisine salar... Durdy barja erkini tijedi-de, ardynjyrady, başardygyndan parahat gepledi: –Myhman, saglykmydyr, aman-esenlikmidir? – Gojuk Goturyň ýüzüne ýylgyryp garady. –Öýe baraly. Taňry myhmany bolarsyň. Goturyň galyň dodaklary çalaja gymyldady. Ol taňry salamyny berdimi, ýa mürähede jogap gaýtardymy, ony gojuk aňşyryp bilmedi. Nökeriň ýüzüne täzeden çiňerildi, janykdy: –Obaň üstünden gelip sowulmasaň, duz-tagam datmasaň, gelşiksiz bolar. Öýe baraly. Gojuklaryň göwnem, saçagam açykdyr. Gotur ýene dil ýarmady. Asla Durdynyň ýüzüne-de seretmedi. At üstünden töwerek-daşa nazar aýlady... Gojuklaryň obasy uly däldi. Otuz gowrak gara öý. On-on iki tamkepbe. Şonda-da oba hoş duýgy döredýärdi. Göwnüňe bolmasa, gojuklardan mätäçlik, tapdan salyjy dert-alada ömürlik sowlan ýalydy. Öýleriň süňňi abat. Durlugynda, gamyşynda könelik göreni az. Bir zat ilki nazardan ünsüňi çekýär: ýurt paýlaşygynda gojuklaryň bagty çüwüpdir. Demirgazykda Murgap. Akaba suw, ýaýbaň güzer. Günbatarda çar bag. Şäherem uzak däl. Suwluk ýol ýaly. Günortada Seýit Nasyryň çägesi. Çägäniň göwsündäki seýrek mazarlar çöküpdir. Öwlüýäniň günortasyny demirýol jähekläp geçýär. Gündogarynda Popuşyň gumy howalanyp otyr. Gumuň esasy gerşi Baýsähetleriň hataryna bakan uzaýar. Popuşyň gumunyň etegini Topazyň köli ýalaýar. Kölden Gojuk oba çenli tekiz meýdan, çägesöw toprak. Sepen tohumyň müňlejek. Gojuklaryň yhlasy mes topraga siňýär, topragyň bereketi gojuklara... Gotur agraslyk bilen dymýardy. Onuň sowuk, syrly keşbi Durdyny tapdan saldy. Ol sabyr-takatdan düşdi. Özüniň bardygyny bildirjek bolup, telim sapar ardynjyrady. Gotur içden ýylgyrdy: Durdynyň depesinden ilkinji zarbany indermegiň wagty gelipdi. –Gojuk! – Gotur azmly gepledi. – Kelemäňi öwür.– Nöker bäşataryny çigninden sypyrdy. Zynakäriň haky ölümdir. «Zynakäriň haky ölümdir...» Birje jümle. Emma ol Durdynyň süňňüni elendirdi. Beýnisi garjaşdy. Pikir ýöretmäge, geplemäge mejaly galmady. Nökeriň ýagdaýdan habarlydygyna şübhe ýokdy. Durdy howsaladan doly gözlerini Gotura dikdi. Seretdigiçe-de ony erkden-ygtyýardan salan gorky yza çekildi. Umydy artdy. Gotur Durdynyň döşüni nyşana alýardy. Emma onuň kelteden ýogyn barmaklary tüpeňiň mäşesine ýetmän saklanýardy. Gojuk ýeňillik bilen dem alýar: nöker ony atyp biljek däl. Haýsydyr bir göze ilmeýän gudrat onuň elini baglap dur. Belki, ol gudrat wolostnoýdyr. Gojugy diri getirmegi buýrandyr. Durdy ekezlendi. Sabyrly gepledi: –Ýagşy ýigit, sözi öz gadyryňa laýyk geplärler. – Ol bir ädim öňe süýşdi. – Sen kim bolarsyň? Hökümet adamsymy? –Men Ata Mäneliniň sadyk nökeri. – Gotur Durda öçli garady. –Eşidipmidiň? – Ata Mäneliniň? –Durdynyň ýüregi ýerine geldi. Ol ähmiýetli ardynjyrady. – Galtaman nökerini iberipdir welin, näme, onuňuny gutardymy? Ýa atyna arpa gerekmikä? Galtamanam bir gedaýdyr. Dilegçi haýbat atmasa, mysapyr bolsa ýagşy. «Bu melgun meniň mäşäni gysyp bilmejegimi aňdy öýdýän. – Gotur ahmyr bilen içini gepletdi. – Aňsa aňsyn. Paltany görse, garry çynar başyny atar. Serdar bilen ýüzbe-ýüz bolsun bakaly. Balagyny hapalaýmazmyka? Durdy närahat pikirlerdenarapy açypdy. Ol indi talapkär bolup gepledi: – Nöker, menişli adam. Aýdyp otyr. Galtamanyň menlik ýene näme işi bar?Gotur ajymtyk gülümsiredi: –Görýän welin, sen Ata serdary tanaňok öýdýän? – Ýüzbe-ýüz duşdum diýsem ýalançy. – Durdyaşaklap başlan güne tarap seretdi. – Wagtam bir çen bolupdyr. Oba sowulmajak bolsaň, ýol bolsun. Men-ä... – Butnama, gojuk! – Gotur atyny depgiläp, Durdynyň öňüni kesdi. – Me, al. – Nöker eýeriň gaşyndaky çöpür tanapy aldy-da, gojugyň üstüne zyňdy. Durdy tanapy gapyp aldy. Nökere ýangynly seretdi: –Bi näme boldugy? Ýa seň serdar diýip apalaýan galtamanyň tanap örüp satýamy? –Serdar çöpür tanap örüp satar ýaly, geçi gyrkanok. – Goturyň göreji şepagatsyz ýyldyrady. – Çöpür tanap seň takdyryň. –O nähili takdyrmyş? –Ata serdar: «Çöpür tanapy Durda gowşur. Gojuk gaýratly adamdyr. Öz pohuny ölümi bilen ýuwar» diýdi. Serdaryň aýdan zad-a şol. Çöpür tanap Durdynyň boýnundan ilip, demligini gysan dek boldy. Onuň gany ýüzüne urdy: – Näme? – Gojuk odukdy. – O neneň het edip bildikä? Ite-de uýat ýagşydyr. – Akmak. Goturyň gaşlary çytyldy. – Saňa mert kişi pähimli sapak berýär, pent edýär. Tanapy al-da, baga gir. Ýogynrak şahadan özüňi as. Durdynyň ýüzüne buz ýaly şemal urdy. Ol hopugyp gepledi: – Gal... galtamanyň özi asylsyn. Bar-da aýt şoňa. – Seň bar akylyň haram duýgyňda bolarly. –Akylyňy daşda sat. – Sen gazan ýaly garaňy töweregiňe sürtme. Ryswaçylygyňy özüň mazara äkit. Sen-ä mertebe bilen ölersiň. Gojuklaram elhenç masgaraçylykdan halas bolarlar. Ýakynyň-ýadyň ýüzüne müýnsüz serederler. Ine, Ata serdaryňsaňa sargydy. Durdy haýasyz ýylgyrdy: –Nöker, sen aýtsan-a, men kimi zorlapdyryn? –Mergeniň gelniniň ahy-nalasy eýýäm gulagyňdan öçäýdimi? –Batrak meniňki bolsa, onuň namysy Ata Mänelä galdymyka? Ýa men ýalňyşyp, mäneli gelne el uraýdymmykam? –Gojuk, Ata Mänelini kiçeltmek her öňýetene başartmaz. Onsoňam, bilip goý. Mäneli gelnem, teke gyzynam serdar öz uýasy saýýar. Sen diňe batragyň namysyny depelemediň. Serdaram ynjytdyň. Seň ertire çenli puryjaň bar. –Men sen puryjaň ýüzüne tüýkürýän. –Ertire çenli elin boş, gojuk. Daň atansoň, nobat Ata Mäneliniňki bolar. –Durdy özüni asar. Dyza çöker öýden bolsa, galtaman ýalnyşypdyr. –Gojuk, biriniň güýjüni-gaýratyny synaýjybolmagyn. – Nöker, gepi uzaltma. Ata-babadan gelýän pähim bardyr: «Iki dogan urşar, akmak ara gelişer». Batragym bilen ara tow düşen bolsa, ony men galtamansyzam çözlärin. Bu iki arada gelmişegiň göri gazylmandyr. Ýakymsyz söhbet gutarypdy. Nobat gyzgyn gülläniňkidi. Emma Gotur Durdynyň döşünden otlap biljek däldi. Ata Mäneli rugsat etmändi. –Bolýa-da, gojuk. – Gotur gyjynyp gepledi. –Sen özüňe ýowuz takdyry saýladyň. Durdy temegini gaýşartdy; –O nähili takdyrmyşyn ol? –Özüňi asmaga gaýratyň çatmasa, onda at-ýaragyňy şaýla. Serdar seň bilen başa-baş atyşjak. Daň bilen Popuşyň gumuna çyk-da duruber. –Men aýtjak zadymy aýtdym. Gelmişek maňa kazy bolup bilmez. – Durdy ýaňsyly ýylgyrdy-da oba tarap gadam urdy. Goturyň gany depesine urdy. Ol bar gazabyny atyna siňdirdi. Goturyň çöpür tanaply gelmegi, köp zada aýdyňlyk saldy: Hallygözel çölde. Mergene gowşupdyr. Durdy muňa şübhelenmeýärdi. Ony çöle kim aşyrdyka? Elbetde, Çaly aşyrandyr. Aýjyn näme bahana tapdyka? Gojuk gaharly ardynjyrady. – Bahana agtarmandyr, kemçin. Öz aýbyny dili bilen ýaýypdyr. Başy gaharlynyň akyly dabanynyň aşagynda solar diýenleri-dä! Ganjyg-a awunypdyr, aljyrapdyr. Ýeri, Çala näme gerek diýsene! Iýeni haram bolan, eşek. Mergeniň namysy saňa galdymy, diý. Dur bakaly, çöpdüýbi. Belany başyňa satyn alanyňy duýman galarsyň. Meni Hallygözeliň ýorganynda gören ýok. Men welin, seni... – Durdy beýnisini darap geçen pikirden hoşal boldy. Indi ol hyýalynda Mergene tarap ýüz öwürdi. –Bigaýrat ekeniň, ýetim. Namysyňy goramaga-da gaýratyň çatmandyr. Gelmişegiň syrtyna bukulypsyň. Bukulsaň bukul bakaly. Tutulmadyk ogry däldir. Menem zynakär saýyp bilmersiň. Bar şaýadyň aýalyň dälmi? – Gojuk awuly ýylgyrdy. – Ol öz başyndan gum sowurýandyr. Tozan turzup öz biwepalygyny örtjek bolýandyr. He-he-he. Ogrusy zor bolanda, mal eýesiniň günäkär çykýan ýerem bolýandyr... Ogry syrty gowşak diýip, ýöne ýere aýdylmandyr. Durdy gün ýaşmanka näçe gaýratlysyrasa-da, garaňky gatlyşansoň howpurgady. Ata Mäneli garaňkyny ýaran tutunyp geler öýtdi. It üýrse-de, ýatakda at hokransa-da, reňkini agdardy oturdy. Iki egninden dem aldy. Dowamly wagt diňşiregendi. Çaý içip, nan iýibem mazasy bolmady. Käte bolsa, tüwdürlip daş çykdy, esli wagt gijäniň ümsümligine diň salyp durdy. Gije bir çene bardy. It-guş ýatdy. Asman durlanyp, ýyldyzlaryň şöhlesi artdy. Şemal öwüsdi. Obanyň üstüne abanyp oturan bag syrly güwledi. Güwwüldi ilki pessaýdy. Soňra ol güýjedi, birdenem namysy depelenen zenanyň bozlamasyna çalym berdi duruberdi. Zaryn bozlama gojugyň süňňüni gowşatdy. Ol garaňky öýüň içinde ikiýana urundy. Durdy gijäniň tümlügi ýukalyp başlansoň, ynjaldy. Öz ýanyndan pähim satdy: – Galtamanam iki aýakly möjekdir. Jahan ýagtyldygy sürenine sümüler. Gün al asmana göterildi. Ata Mäneli nirede? –Durdy ýaňsyly ýylgyrdy. – Adalat gylyjy hawy? –Gojuk bir gerindi-de, ýanyny ýassyga berdi. Owaly ýaz, bolsa, soňy hazan. Bu pähim gojugyňýadyna-oýuna-da düşmeýärdi. Obanyň asuda durmuşy duýdansyz bozuldy, Ata Mäneli nökerleri bilen döküldi. Özem çöl tarapdan. Seýit Nasyryň üstünden däl-de, günbatardan, şäher tarapdan indi. Garaşylmadyk tarapdan dökülmek, Mäneliniň edähedidi. Oba çolady. Gojuklaryň agramy ekin üstündedi. Ir bilenem howalanyp, güwläp oturan bagam dymýardy. Aramja öwüsgin tapba ýatypdy. Her zadyň öz gelşigi, öz ýaraşygy bar-da! Dagda duman bolmasa, çarbagyň belent başynda şemal oýnamasa... Olar gaşy gaçan ýüzüge ogşar. Ýürek gopdurmaz, göz guwandyrmaz. Sus hatar birden oýandy. Üç-dört sany äpet köpek jabjynyşyp atlararyň daşyna halka gurady. Goňur köpek hemmelerden soň geldi. Onuň gaýduwsyzlygy görnüp durdy: ol beýleki itler ýaly jabjynypüýrmeýärdi. Ýiti dişlerini syrtardyp, ok ýaly atylyp gelýärdi. Onuň gazabyny-badyny ölümden başga gaýtarjak güýç ýokdy. Gotur goňur köpege ajal okuny atdy. Mäneli Gotura gazaply garady: – Sen türkmeniň ýörelgesini bileňokmy? Itine atylan oky, türkmen özüne atyldy hasap eder. Gotur özüni aklamaga çalyşdy: – Zynakär ýüzünden sypalmajagyny bilsin diýdim... – Käşgä obada zynakäriň täk özi ýaşaýan bolsa, onda başga gep. Bigünä adamlaryň namys damarlaryny gysmak ärlik däl. Gotur Mäneliniň ganynyň gyzandygyny aňdy. Dişlerini mäkäm gysdy. Oba aljyraňňylyk aralaşdy: itler waňkyryşyp, çöpe-çöre siňdiler. Hatarlanyşyp oturan öýlerden aýallar, çagalar çoguşyp çykdylar. Zenanlar atly-ýaragly adamlary görüp, yza serpikdiler. Gabat gelen öýe kürsäp girdiler. Çagalar bir-birine bukulyşyp, öýleriň tutularyna duwlandylar. Bilesigelijilik basym gorkudan üstün çykdy: olar maýyny tapyp, ýaragly adamlary synlamaga başladylar. Tüpeň sesine hataryň ýokary çetindäki öýden iki sany aksakgal hasanaklaşyp çykdylar. Olar bir topar atlyny görüp, bir-biriniň ýüzüne soragly garadylar. –Bular kimkä, Şally? –Uzynak, hortaňçal aladaly seslendi. – Ötegçimikä? –Polat, bular ötegçä meňzänok. Ötegçi itiňi atyp, öýüň daşyny gabamaz. Çakym çak bolsa, bi Ata Mänelidir. Töweregindäki nökerlerine seret. Kileň ýaragly. –Ata Mäneli? – Polat sähelçe salym oýurganyp durdy. – Galtaman eýgilige gelen bolsa ýagşydyr. –Göwnüni giň tut, inim. Şübhe adamyň kalbyndaky hikmedi ýok eder.Şally, bir apat gopandyr. Galtaman görme-görşe öňe gadam urdy. –Belki, çaýlap-suwlap geçjekdir. – Haý, bilmedim-dä. – Polat ýene ünjüli gepledi. Taňry myhmany boljak adam itiňi atmaz. – Ol ýap-ýaňyja oturan öýüne girdi-de, eglenmänem çykdy. Soňra sagdyn seslendi. – Şally, ýör bäri, galtamanyň habaryny alaryn diýseň. –Durdam-a öýde bolmalydyr. – Şally atlylara tarap seretdi. – Tüpeň sesini eşitmedimikä? –Bilmedim-dä. Daşişikd-ä görnenok. –Bir ýaňa çykandyr-da. Ynha, barsak bileris. Iki dogan gapdallaşyp gadam urdy. Olaryň ädimleri saýhallydy. Çetki öýden sekiz-dokuz ýaşlaryndaky oglan gapynyň tutusyna duwlanyp, daş çykdy. Ol wagt ýitirmedi. Gözenege tarap çekildi. Onuň bukdaklap obadan saýlananyny Ata Mänelem, onuň nökerlerem görmedi. Şally ýalňyşypdy. Durdy öýdedi. Hiç ýaňa çykmandy. At toýnaklarynyň güpürdisi, onuň beýnisini sarsdyrypdy. Gorky bolsa, ony lagşatdy. Nätmeli? Gapy-tärim bäşataryň okuny serpikdirmez. Eýsem, indi bar zadyň gutardygy bolaýdymyka? Galtaman bilen dil tapmaga maý bolmazmyka?.. Durdynyň elleri, dodaklary titreýärdi. Onuň kalbynda howsala, umyt garym-gatym bolupdy. – Ata Mäneli Durdynyň gapysynda Sakardoruň jylawyny çekdi. Haýbatly seslendi: – Gojuk, hany daş çyk. Habarlaş. Öý ýeke mazar ýaly agras dymýardy. – Gotur. – Mäneliniň sesi goýaldy. – Ol haramyny öýden süýräp çykaryň. – Gotur gapdalyndaky nökere «düş» diýip yşarat etdi. Özem säginmedi. Atdan agdy. Durdy gobsunmaga-da ýetişmedi. Öýe kürsäp giren nökerler bir demde onuň aýagyny ýerden üzdüler. – Durdyny öýüň gamyşyna söýediler. Surat dek owadan alaşanyň üstünde oturan pyýadany görende, ony aýylganç duýgy gaplap aldy: aýagynyň aşagyndakyýer hopup, gojuk, hamana, sowuk hem tüm ýaly ýerzemine durky bilen sallanyp, süýşüp barýan ýalydy. Durdy dyzynyň saňňyldap, epilendigini bilenokdy. Ata Mäneli sowuk ýylgyrdy: – Gotur, heleýbaz diýip, mahabatlandyrýan gojuklary şumy? Päheý. – Ol başyny ahmyrly ýaýkady.– Men bir daýanykly är kişini görerin öýdüpdim. – Serdar, sen ony düýn gören bolsadyň. Şir-peleňe ogşaýardy. Nagra tartýardy. – Şir akylly, sahabatly haýwan. Oň bilen zynakäri deňeme. – Mäneli birhowa sägindi. – Ondan bärkisem, ynha, synap göräýeris. Gojuk. – Onuň gözleri gazap bilen ýyldyrady. – Sen är kimin halal ýaşamagy başarmadyň. Kişi kimin ölmäge-de gaýratyňçatmady. Indi nobat meniňki. Ýöne, men seni it atan ýaly atmaýyn. Gaýratyň, namysyň bar bolsa, ýaragyňy dakyn. Meýdana çyk. Nobatam saňa bereýin. – Näme? Halal-haram? – Durdy öýüň gamyşyndan gaýra süýşdi-de, dikeldi. Jabjynyp dowam etdi. – Galtaman, sen samrap duran zadyň näme? Halal, päk ýaşamagy başarmadyk, kimmişin ol? Meň-ä at ogurlanym ýadyma düşenok. Elimi nähak gana-da boýamok. Gorkuzjak adamyňy daşdan gözlegin, galtaman. Atyňa iým gerek bolsa, hanha ambar. Göze haltany. Ata Mäneli Durda çiňerilip seredinini duýman galdy. Ýap-ýaňy saňňyldap, solgun nazary bilen aman sorap duran gojugy häzir tanar ýaly däldi. Ol iki egnini deňläp, iner bolup kükreýärdi. Syr ýumagy şol bada çöşlendi. – Ata, inim, saglykmydyr, aman-esenlikmidir? – Ýigitler, saglykmysyňyz? Agras, hoşamaý sözler ýakyndan eşidildi. Ata Mäneli yzyna gaňrylyp seretdi: iki sany aksakgal ýaýdançly garaşyp durdy. Olaryn ikisiniňem gojuklaryň kakuwyndandygyny soraman biläýmelidi: göwreleri dartgynly, maňlaýlary dardy, süýrüdi. Goňras dodaklary çala gymyldady: – Essalawmaleýkum! – Waleýkum essalam! – Şally uzyn sakgalyny sypalady. Ol görüşmek üçin iki elini uzatmady. Dogrusy, özüni kiçeltmedi. Atanyň ýüzi ümürlidi. Olam ýöne ýere däldi. Durdynyň agalaryny görüp, bogazyna bat bermegi, onuň ganyny gaýnadypdy. Kişä syrtyny diräp, goçulyk satýanlary görende Mäneliniň gazaby wagty bilen köşeşmedi. Şally dymyp durmagy uslyp bilmedi. Myhmana mürähet etdi: – Ata serdar, hoş gelipsiň. At tutaly, taňry myhmany bolarsyň. Mäneli bu gezek sypaýyçylygy elden bermedi: – Taňryýalkasyn. – Ol Şalla soragly garady – Aksakgal, halala hasap bar, harama azap diýip eşidipmidiň? – Eşidipdik, batyr ýigit. – Polat agasyndan öňürti dillendi. – Şally ulymyz. Altmyş saly arka atdy. Men onuň basdaşy. Görlen, eşidilen zat az däl. Ýagşysyna begendik. Ýamany görüp, köýdük, toba etdik. – Eşiden, gören bolsaňyz, oňa ýegesi zat ýok. Men zynakärden zowal soramaga geldim. – Zynakärden? – Polat gulagynyň eşidenine ynanmady. – Kimmişin ol, zynakär? – Zynakär-ä sizden. – Mäneli Durda tarap ümledi. – Siziň iniňiz. – Durdymy? – Polat inisine galagoply seretdi. – Inim, myhmanyň aýdýan zady ugrunda barmy? – Polat, senem sada bolýaň-ow. – Durdy gyjynyp gepledi. – Ugrunda bolanda-bolmanda, bize kazylyk ederçe, kimmişin ol? Durdynyň gep urşy Şalla ýaramady. Ol igenmän durup bilmedi: – Sen, Durdy, keltelik etme. Serdar saňa nähakýerden töhmet atýanam bolsa, sen ony kiçeltme. Ana, şonda sogap saňa, güňä oňa bolar. Şallynyň takwa sözleri Durdynyň degnasyna degdi. Onuň ýüzüne gan urdy. It ýaly jabjyndy: – Şally, bi adamlar didimzorluk edil durlar. Olar üçin kişiniň aýby öňünde, öz aýyplary arkasynda. Sen bolsa, şol bir heňiň: sogap, günä. – Gojuk, tüket. – Ata Mäneli Durdynyň sözlerini ýigrenç bilen böldi. – Sen samankepbede tutulan lola ogşaýaň-la? Şerraýlygyň näme? – Sen, är bolsaň aýt. – Gahardan ýaňa Durdynyň ýüzi gyşaryp gitdi. – Men kimi zorlapdyryn? Girilen aýal nirede? – Ata serdar. – Polat Mänelä tarap süýşdi. – Bir kesiň eden etmişini, gözüň bilen görmän, eliň bilen tutman, oňa «etdiň» diýip, tekrarlap dursaň, gelşiksiz bolar. Kelle kesilende-de, oýlanyp kesilýändir. Günäli, bigünä saýgarylýandyr. – Ýagşy ýigit, Polat mamla. – Şally inisine goltgy berip gepledi. – Sen tagapyl et. Gahar bilen iş görme. Iň bolmanda, biziň çal başymyzy syla. Durdy kimiň gelnine-gyzyna el urupdyr? Şony bize aýt. Belki, ine-ganalykda düşünişeris. – Bolýa, aksakgallar, siziň diýeniňiz bolsun. – Mäneli elini guşagyndan geçirdi. – Sen, serdar, bize ýene bir zady aýt. Girilen gelniň garyndaşlary kimlerden? Araňyzda bar bolsalar, olary bize tanat. – Bolýa, Polat, tanadaýyn. – Mäneli Poladydy dikanlady. – Siziň hataryňyzda Mergeniň naçary bolmaly. Şony çagyryň bärik. – Mergeniň naçary? Hallygözeldir ol. – Şally Durdynyň ýüzüne gümanly garady. Durdynyň ýaraly ýerine duz sepilen dek boldy. Reňki öçdi. Müýnli nazaryny öýüň gamyşyna tarap sowdy. Şally Mäneliniň mamladygyny syzdy. Ysgynsyz dillendi. – Polat, bar, Dursuna aýt. Hallygözeli çagyrsyn. – Polat. – Gotur haýal, emma ynamly gepledi. – Azara galma. Gelin tapdyrmaz. – Tapdyrmaz? Nirä gidipdir ol? – Durdy gojukdan sora. – Durdy, hany başyňy galdyr. – Polat inisiniň alkymyna dykylyp bardy. – Göni gözüme seret. Hallygözel nirede? –Aýtmaga dilim baranok, Polat. – Gojuk ýalandan örtendi. – Dilim baranok. –Diliň baranokmy? Onda ymmata sygmajak bir iş edipsiň-dä? –Meni Taňry ýazgardy. Töhmede sezewar etdi. Şally takatsyz dillendi: – Durdy, gepe öwrüm berme. Wagty däl oň. Gönel. –Bolýa, Şally, göneleýin. – Durdy özüne zor salyp, başyny galdyrdy. – Hallygözel Çaly bilen baş goşdy. Öňki agşam üstlerinden bardym. Ikisiniňem syrtlary ýalaňaç. Urdum. Ýençdim. Soňam at berdim. Namys ody tutaşmanka obadan garaňyzy saýlaň diýdim. Ynha, bolan iş. – Durdy Mäneläýöwsel garady. –Nesibesiz tapar, nesibeli ulanar diýenleri-dä. Ata Mäneliniň gür gaşlary çytyldy: –Gojuk, owal oýlan, soňra söýle diýen gepem bardyr. –Galtaman. – Durdy heserlendi. – Gojukda sözüni şemala sowrup ýören ýokdur. –Serdar. – Poladyň kiçeňräk gözleriniň şöhlesi artdy. – Durdynyň aýdan zatlaram bolmajak zatlar-a däl. –Hemedan daş bolsa, kädibaş ýakyn. – Mäneliniň sesi zarplandy. –Men zynakäriň ynsabyny barlap gördüm. Hapa eken ynsaby. Ilkä şerigaty basgylapdyr. Indem öz başyny gutarjak bolup, bigünä töhmet atýa. – Mäneliniň etlek maňlaýyny çuň epin kesip geçdi. – Hakykaty indi men aýan edeýin. Ata Mäneli sözüni soňlan badyna Gotur gamçyly elini galgadyp goýberdi. Bu ozaldan dilleşilen yşaratdy. Ony görüp, Çaly öýüň ýeňsesinden çykdy. Çala gözleri düşende gojuklaryň ýüzleri köneldi. Durdynyň bolsa, gan-petsiz dodaklary titredi. Çaly gepe öwrüm bermedi. Gören-bilen zatlaryny tolgunyp-ýuwdunyp gürrüň berdi. Ahyrynda-da, Dursunyňam ýagdaýdan habarlydygyny ýaňzytdy. Ata Mäneli Şalla sala saldy: –Şally aga, zynakäriň aýalynam diňläliň. Şeýtsek adalatly bolar. Gojuklara Mäneli bilek ylalaşmakdan başga alaç galmady. Dursun ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Gözleriniň okarasyny ýaşdan doldurdy-da, ýüzüni aşak saldy. – Ah, Dursun, Dursun. – Şally ot alyp gepledi. – Durdy-ha bize ysnat getirdi. Sen bolsa, öýümizi ýykdyň. – Goja gaharly ýuwdundy. – Näme üçin dymdyň, sen? Birje yşarat beräýen bolsaň, agyr heläketçilik sowlar giderdi. Şallynyň igenji jany agyryly zenana ot bolup ýapyşdy: – Öý ýykar ýaly meň etmişim nämekä? – Dursun ýaşmak astyndan pyşyrdady. – Äriň zyna iş eder-de, diliňi ýygmazmyň? Utanç bar, haýa bar. Gorky, howatyr bar. Zenan üçin böwet gytmy? Çagalaryn gaýgysam üstesine. Dursuny ýazgaran bolmady. Şallam gaýdyp başyny galdyrmady. Goja öz neberesiniň üstüne abanan howpy indi magat görýärdi. Garyndaşlyk arasyna duşmançylyk düşüpdi. Gyz süýreler, gelne el gatylar. Kim öler, kim namys astynda galar. Masgaraçylyk bolsa gün geçdigiçe galňar, agralar gider oturar. Öňýeten bedasyl barmagyny uzadar: «Han-ha, gojuk barýar» diýer. Ýer ýarylmaz, gojugam girmez. «Gel, näletkerde bolsa-da, öz emer-damarym-la» diýeninde-de, Şallynyň golundan geljek zat ýok. Mäneli rüstem. Gazaply. Hallygözeliň garyndaşlaram salymyny bermän döküler. Namysy gorap öleýin diýse-de... Onda-da many ýok. Garaşylmadyk urgudan, göterimsiz masgaraçylykdan soň gögele çagalary taşlap gitmek... Bi namartlyk boljakdy. Olara kim medet bersin? Kim söýget bolsun? Söýget, maslahat welin gerek bolar. Hemme wagtdakydan beter gerek bolar. Çagalaryň heniz gören zatlary ýok. Masgaraçylygyň labyry ogul-gyz diýip parh goýmaz, hemmesiniň gerdenini çökerer... Aýylganç urga kaýyl gelmek Şalla agyr degýärdi. Ýöne ol kimden delalat islesin? Kime dadyny ýetirsin? Ata Mäneli obadan guş hem uçurmaz. Uçup çykaýaňda-da, arkaňy tutan tapylmaz. Türkmen zynakäri penalamaz. Bihaýa öz gelnine giripdir diýer. Zandy haramydyr diýer. Nälet okar. Daş oklanam tapylar. Zynakärlik geçirimsiz günä-dä! Şally çapgyn şemal çawlan dek gagşady. Gojany gagşadan gorky-ürki däldi. Ol ýaşajagyny ýaşap, görjegini görüp ýördi. Öz ölümi barada hem ýaňyrakdan bäri gyýylman-gysylman pikir edýärdi. Biabraýçylyk onuň üçin ölümden has aýylgançdy. Näletli ýükdi. Çydamsyz jezady. Ol Şallyny göründe-de arkaýyn ýatyrmaz. Şally üçin bir zat aýdyňdy: oňa abraý bilen göre girmek miýesser etjek däl. Goja başga bir zadam aňy bilen duýýardy: Durdyny özeli bilen öldürse, gojuklary agyr takdyrdan dyndarar. Mergeniň ar-namysy ýerine düşer. Gelniň hos- sarlary ynjalar. Il-gün?.. Il-gün haýyr bilen şeri saýgarar. Namys-ara gadyr goýýan adam Şallyny ýazgarmaz. Gaýratly goja eken diýerler. Durdynyň ogly-gyzy näderkä? Nätsin? Şally gojuklaryň ulusy ahyryn. Ata ornundaky adam. Atanyň emrine-erkine perzent şekilli perzent kaýyl bolar. Şally daş kimin agralan kellesini göterdi. Ata Mäneliniň mauzeriniň gabyna hyrydar garady. «Bir oky Durdynyň ýüreginden çüýläýsem, gynanman ölerdi». Bu pikir kellesine gelende, Şallynyň ýüregi gürsüldäp urdy. Onuň ýaragdan nazaryny sowasy gelenokdy. Emma sowmaly boldy: goja öz inisine ýarag çenäp biljek däldi. Dogrusy, açykgöwünli, takwa kişi ejir çekýärdi. Ol ýumşak häsiýetlidi. Ýüregem şepagatlydy. Kişide gazap ýokdy. Gojany örteýänem şoldy. Neneň örtenmesin! Giden tiräniň namysynyň bir näletkerdäniň janyndan ileridigini ol bilýärdi. Emma zynakäre ajal okuny atmaga onda gurbat-erk ýokdy... Şally uludan demini aldy-da, Mäneliniň mauzerinden nazaryny sowdy. Polat nägile dillendi! – Şally, sen näme dymýan? Sen bize ata ornundaky adam ahyryn. Goja ysgynsyz dillendi! – Gepläre ýüzüm ýok. Şoň üçin dymýan. Durdy Poladyň gözüne umydygär garady. Çyndan çykalga gözlemegiň wagtynyň gelendigini Poladyň özem aňýardy. Owsun atmaga, sürünmäge ýer galmandy. Şübhe dumany dargapdy. Gabahatçylyk edip, ýaýnan ýok. Kişiniň namysyna kesek oklasaň, öz üstüňe daş ýagar. IndiGojuklary öç bilen, kast bilen zyňyljak daşdan goramalydy. Polat ardynjyrady. Mänelä ýumşak garady. Şol pursatda hem onuň ýüregi üzlen dek boldy: galtamanbaşynyň eli mauzere uzapdy. Polat hopugyp gygyrdy: –Serdar, daýan, serdar. Men... Men... Günä ejir çekilip ýuwulýa. Ony bilýän, serdar. –Gojuk! – Mäneliniň gözüniň agynda gan çylgymlary göründi. – Gep owadanlama. Indi giç wagtynda ýagşa ýagşy, ýamana ýaman diýmäni başaran bolsaň, bu günki masgaraçylyk bolmazdy Başarmansyň. Ekeniňi ormagy bir başar. –Adamçylyk-da, serdar. – Polat kiçeldi. – Käte pirden, käte müritden diýenleri-dä. Biriňgapyl galýaň. Beýlekileriň gözüne çöp atylýa. Garaz, hyrçyny dişlemeli halatlaryň bolýa-da. –Gojuk, uly göwräňi kiçeltme. Gaýratyňçatsa-ha, zynakäri öz eliň bilen gümle. Bolmasa-da, nobat meniňki. –Serdar, zynakäri it atan ýaly atmak, türkmeniň ýeke-täk ýörelgesi däl. Ynjan, namysa galan adamy razy etmegin başga-da ýoly ýok däl. –Aýt, bar bolsa. Ynsabyňa geňeşip aýt. –Aýtsam, bir bolmasy iş boldy. Mergeniň duly boşady. Biz onuň aýagyny ýene deňläli. Gyz alyp bereli. Üstüne öý dikeli. Münere at bereli.. Çallyk düýe bereli. Goý, ol Gowşutbende süýşsün. Islese, Çarlakda otursyn, öz işi. Wagt geçer, Hemme zat könelişer. Undular. Poladyň sözleri Durdynyň daralan, garalan dünýäsinde umyt uçguny bolup ýyldyrady. Ol doganyna söýünçli garady. Ata Mäneliniň gaşlary çytyldy. –Polat, sen kişiniň namysyna nyrh kesýän ýaly-la? Polat müýnürgemedi: –Men ilde-günde bar zady aýtdym. –Ilde-günde bar zat? –Mäneli Poladyň ýüzüne alarylyp seretdi. – Aýalynyň namysyny mala çalyşýan türkmen barmyka? –Ilçilikdir, serdar. – Mergenem şol tetelli adamlaryň hilindenmikä? –Mergenem Gojuklara keseki adam däl. Pyçak öz gynyny kesmez. Olam bize dözmez. –Mergen! – Ata Mäneli çasly gygyrdy. – Hana, gel bäri. Mergen öýüň ýeňsesinden çykdy. Gojuk ähliniň nazary ýaş ýigide dikildi. Kim gorky bilen, kim umyt bilen seretdi. Batrak gojuklara tarap gabagynam galdyrmady. Şallynyň ýüregi awady: hasrat Mergeni göz-görtele garradypdyr. Ýaş ýigidiň owurtlary çöküp, ýüzüniň hamy halparypdyr. Iki gaşynyň arasyndaky epin çuňalypdyr. –Mergen! – Ata Mäneli batraga tarap gaňrylyp seretdi. – Gojuklar-a göwünlerinde barjasyny aýtdylar. Sen näme diýjek? Mal saýlajakmy? Börükli gyza göwün berjekmi? Ýa namys-ar diýjekmi? Mergen öçli dillendi: –Men ar-namysy saýlaýan. Tükenmez malym bolandan, gyzarmaz ýüzüm bolsun. – Berekella, Mergen. – Mäneli hoşnut bolup ýylgyrdy. – Ine, Polat, türkmeniň sözi. Tükenmez malym bolandan, gyzarmaz ýüzüm bolsun. Namysly-arly adamyň sözüdir bi. – Polat aga. – Mergen gojugyň ýüzüne gytaklaýyn garady. Namys satylyp, mal gazanylýan bolsa, seňem gol doly malyň ýok. Amatly söwdany elden berme. Durdy Gojugyň mädesiiridir. Ýeňňem ekeni diýip dannap durmaz. Poladyň ýüzüne ýalyn çabran dek boldy. Emma ol sesini çykarmady. Batragy nazar bilen dalady-da oňdy. Kör öz bosagasynda iki gezek büdremez. (dowamy bar)... | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |