09:06 Ata Mäneli / roman | |
ATA MÄNELI
Romanlar
(Ikinji tomuñ birinji kitaby) • Ýazyjy Amanmyrat Şakulyýew "Ata Mäneli" romanynyñ ikinji tomunyñ birinji kitabynda hem ahlak, däp-dessur bilen baglanyşykluly meseleler teswirlenýär. Romanyñ baş gahrymany Ata Mäneli ýaşy gaýtsa-da, zynakärlige baş goşan Durdy gojukdan gazaply öç alýar. Romanyñ položitel gahrymanlary maşgala, ojak, namys, wepalylyk ýaly mukaddes düşünjeler bilen ýaşaýarlar, göreşýärler, ölýärler. Romanyñ wakalary dartgynly, gahrymanlarynyñ häsiýetleri öwüşginlere baý. Ata Mäneli sahabatly, türkmeniñ tebigatyna, däbine-dessuryna wepaly, şol bir wagtyñ özünde-de, gazaply, dözümli adam hökmünde orta çykýar. * * * Körpe inim Täzebaýyñ ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn. A W T O R D A N Essalawmaleýkum, hormatly okyjy! Señ bilen saglyk-salamatlykda ýene didarlaşmagyñ miýesser edendigine hoşaldyryn. Taryhy wakalaryñ akymy ýazyjynyñ erkine-islegine bagly bolmaýar. Ol akymyñ ugruny, wagtyny üýtgetmek, taryhy hakykaty ýoýmaklyga elter. Gojuk pajygasy "Ata Mäneli" romanynyñ ikinji kitabynyñ süññüne ornap bilmedi. Waka bary-ýogu iki aýyñ dowamynda bolup geçýär. Onuñ wakalaryny on ýylyñ (1917-1927) hadysalarynyñ akymyna goşmak mümkin däl. Şonuñ üçinem gojuk pajygasyny özbaşdak kitap hökmünde çap etmeli boldy. Gojuk pajygasynyñ üstünde köp oýlandym. Biten ýarany gorjamaga ýaýdandym. Emma sagdyn paýhas üstün çykdy. Düýnki pajyga, hasrata bu gün ynsap gözi bilen garamagy başarsak, onda biz ertirki günümiziñ bulanmagyna ýol bermeris. Taryhyñ berýän sapagy şeýle. Bu sapak giden halk üçin-de, aýratyn şahsyýet üçin-de mukaddesdir. Taryh öz beren sapagyny unudýan halka-da, şahsyýete-de ýowuz daraýar. * * * Ata Mäneli jahan ýagtylanda oýandy. Keýpsiz oýandy. Göwni-ýüregi şol gysyldy durdy. Özem, hamana, bir erbet habara garaşýan ýalydy. Daşarda atlary iýmläp ýören nökerler gatyrak gepleselerem, gaharlanyp-gyjynyp ýatyrdy. Gazabyñ gozgansa, özüñi sakla! Mäneli özüne giñlik, basalyk bermäge çalyşdy. Emma ynjalyp bilmedi. Özüne zor saldy-da, ýorgandan çykdy. Ýuwundy. Howa maýyl bolsa hem, ojakda ot ýakdyrdy. Bagana possuny egnine atdy. Ýöne, hiç zat onuñ januna rahatlyk çaýmady. Gaýta içki howry ýygy-ýygydan ýüzüne urdy. Mäneli öz derdini bilýärdi: ol düýş görüpdi. Mänäniñ düzlerinde Sakardory säpjedipdi... Ejesiniñ zaryn sesi häzirem gulagyndan gidenokdy. Syrkawyñ dowasy derdine görä bolýar: Mänäniñ düzlerini, baýyrlaryny boýlap geçýän çyglyja şemala kükregini gerse, ondan gana dem alsa, garabagyr ejesiniñ didaryny görse... Atanyñ ruhy täzelenjekdi. Mänä gan çaýkap gaýdanda, ýolda, bugdaýçylykda bolan dartgynly söhbet Atanyñ huşuna geldi. Wahyt molla şonda azymly gepläpdi: - Baý hile gurupdyr. Atañam açgözlük edipdir. Atyñy satypdyr. Seni ynjydypdyrlar. Ýöne, ynjytdylar diýip, obanyñ asuda gününe tokunmak bolarmy?.. Seb şu ýerden Hudaýy çagyr-da, obaña gaýt. Il-günüñ öñünde dyza çök, aman sora. Alla keremdir, türkmen geçirimlidir. Belki, rehim ederler... Belki, Wahyt molla mamladyr? Mänä barsa, dyza çökse, obadan duşmançylyk ýelgini göteriler. Ejesi ol ýerse nalap, ah çekmez. Ata-da Saragt çölünde ölümini agtaryp ýörmeli bolmaz. - Ýok, molla, sen obada harasada meñ gözüm bilen gara, meñ gözüm bilen seret. - Ata Mäneli içden jibrindi. - Ony meñ ynsabym bilenjik ölçe. Maña soñ nyrh kes. - Ol oturan ýerinden öñe omzady. - Hany, aýt, molla, bürgüde serçäniñ ganatyny bekleseñ, bürgüt bolarmy? Göm-gök gaýalara göterilip bilmese, asmanyñ, erkinligiñ lezzetini syzmasa, amansyz söweşlerde ýeñiş ýar bolmasa, gaýratly guş namysdan öler. Bedewiñ mertebesi ýüwrük aýagyndadyr. Adamy namys-ardan aýyrsañ, buýsançdan jyda kylsañ... Onda onuñ ömründe many bolarmy? Bolmaz. Ondan namysly item abraýly bolar. - Mäneli tolgunmakdan ýaña ýuwdundy. - Molla, sen tebime tyg gyzdyryp bas. Ýüzümi çytmaýyn. Ol jezañy-ejiriñi az görseñ, iki gözümde juwaz okuny aýla. Oña-da döz geleýin. Ýöne meni buýsançdan, namysdan aýyrma, molla. Sygyr suw dannamaz. Bulançak suwdanam gana içer. Bedew içmez. Durnagöz suwy küýsär. Haýwan öz mertebesini duýýan bolsa, adamlary neneñ galypa saljak? Sen bilip goý, molla. Maña arsyz ömrüñ geregi ýok. Namys damarymyñ inçelen, ýolunan ýerinde men ölerin. Sen şuña düşünmediñ, molla. Ejem welin düşündi. Ol maña: "Oglum, Perman baýyñ üstüne gitme" diýmedi. Baý bigünä bolsa diýerdi. "Balam, didaryna zar etme" diýdi. Pahyr meñ buýsançsyz ýaşap bilmejegimi ýüregi bilen syzypdyr... Ak öýüñ gapysy agras serpildi. Gotur bosagadan ynamly ätledi. Törde ýüzüni asyp oturan Mänälä nazar aýlady-da, öýden atylyp çykdy. Nökerleri ýygnady. Hemleli gepledi: - Daraklygyna basyp ýöräñ, Serdaryñ keýpi ýok. Nökerler sessiz-üýnsüz dagadylar. Mäneliniñ keýpsiz wagty nökeri aman saklaýanam - dil, başyna bela inderýänem- dil. Ata Mänelä hunabaly oý-pikirleriñ girdabyndan çykmak kyn boldy. Onuñ ezilen göwno serginligi küýsedi. Ol ýaýdanyp oturmady. Mauzerini çigninden asdy-da, gapa tarap ýöneldi. Ata daşky bosagada aýak çekdi. Agras ardynjyrady. Onuñ garjaşyk, basyk sesine uklap ýatan gol oýandy: Sakardor gulaklaryny keýerdip, hokrandy. Mänelä tarap owsun atdy. Dañylgydygyna, gazygyñ töwereginde erkin darap bilmeýändigine gahar etdi. Öñ aýagy bilen çägäni peşedi. Nökerler oturan ýerlerinden böküşip turdylar. Eginlerindäki hatarlaryny düzedişdirdiler. Olaryñ gañtarylgy duran atlaryñ sagrysyna gonmaklary üçin Atanyñ ýekeje yşaraty ýeterlikdi. Birje yşarat bilen nöker bary özüni ýanyp duran oda atjakdy. Beýle pidakālikde ullakan bir syram ýokdy. Mäneliniñ gahary-kinesi ýakyjy otdan, çawup gelýän gülleden has eýmençdi. Yşarat bolmady. Nökerler şonda-da dartylan kiriş ýaly doñup durdylar. Mänelo gadamyny agras basyp, goşdan saýlandy. Ony nöker bary howatyrlu nazar bilen ugratdy. Gotur Ata Mäneli alañdan aşansoñ, yzgytsyz gepledi: - Sary, näme añalyp dursuñ? Sary dartgynly garaşmakdan ýaña çygjaran mañlaýyny süpürdi. Ýadaw dillendi: - Hyzmat! Buýruber! - Üç sany nökeri yzyña tirke-de, serdaryñ gezim etjek tarapyna ugra. - Ileri ugursa ozalam iki nöker oturandyr. Goturyñ gany depesine urdy: - Samsyga ýumuş buýursañ, özüñe akyl öwreder. - Suw aka-aka durlanarmyş. Biziñem... - Lal bol. - Gotur guşagyndaky gamçysyna elini ýetirdi. - Diliñi dişle, akmak. Ugra özüñem. Nökerler-de sarga. Birem serdaryñ nazaryna iläýmesin. Gözleri töwerekde bolsun. Mäneliniñ üstünden guş uçdygy imanyñy öwrüber... Sary öte geçenini duýdy. Ýöwsel gepledi: - Hatyrjem bol, Gotur! Gotur bir gyrada duran Nazary yşarat bilen çagyrdy. Nöker iki bökende, Goturyñ alkymynda daýandy: - Hyzmat, agasy. - Meñ atymy getir. - Özümem atlanaýynmy? - Özüñem atlan. - Gotur töweregine garanjaklady. - Selim! - Men bärde, Gotur. - Çetki öýden uzynak, dolmuş ýigit atylyp çykdy. - Nahar-şoruñ aladasy bilen bol. Serdar ertir duz datmady. Gazanyñ gaýnap dursun. - Nahary gowurdakdan ataraýmasam. - Selim müýnli gepledi. - Etiñ soñuny öten agşam asypdym. - Pyçagyñy çalyber. Sazagyñ kölegesi gysgalmanka, berre guzyñy menden al. Selim ýag bolup eredi: - Ömrüñ uzal bolsun, batyr! Nazar iki aty getirdi. Gotur üzeññä aýagyny basmady. Atyñ boýnundan ýapyşyp, bir bat alanda özüni eýeriñ üstüne atdy. Nazar dykyz göwräniñ şeýle ýeñil gopuşyna haýran galdy. Gotur turuwbaşdan atyñ jylawyny gowşatdy. Mes bedew günorta tarapdaky belent syrgyna dyrmaşyp gitdi. Sary atlylaryñ yzyndan garap durşuna ýylgyrdy: - Gotura-a beg perreñleriñ üstüne döküljeg-ow. Awy ganly bolaýsa-ha ýagşy... (dowamy bar)... | |
|
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Köne mülk -11: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |