03:20 Atamyñ ruhuna | |
ATAMYÑ RUHUNA
Goşgular
Başyma al bürenjegi büredäm, Geldim, ugrat, özgä dodak çöwürtmän. Garabekde ýatyrmysyň, garadag, Onuň gara topragyny bagyrtlap. Atam, garyp atam, ýeriň pestinde, Nirdeligin tapa bilmän bagtynyň. Ine, bu gün ýoly düşdi üstüňden, Seň mekansyz entäp ýören agtygyň. Ýar bolup saçymy sypanda säher, Köňlüň nähak azabyny çekdim men. Bagt nire, şatlygymy birmahal, Ýazlaryň boýnuňdan asyp çykdym men. Agaçlara münüp gussa çekýär güýz, Ýel äkidýär ýapraklaryň perýadyn. Ýadyňa düşende gam çekme eziz, Munda meňki däldigine hiç zadyň. Men onsuzam bagtly borun, jigerim Eltip zyňsalar-da tümüň çetine. Baryp gögüň çürbaşyna degerin, Bagtlylaryň gar ýagdyryp petine. | |
|
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |