03:51 Atyş / hekaýa | |
ATYŞ
Hekaýalar
"Atyşdyk biz." Baratynskiý "Men ony duele ygtyýary boýunça atmaga ant içdim (häzir meniň oňa atmak algym bar)." Gonalgada geçirilen agşam Biz *** diýen ýerjagazda bolýardyk. Goşun ofiseriniň ýaşaýşy mälim zat. Ertirine okuwda, manežde bolunýar; polk komandiriniňkide ýa-da jöhüt meýhanasynda nahar edinilýär; agşamlaryna punş we kart ***-de gezelenje barar ýaly ýekeje-de açyk gapy, ýekeje-de gelinlik ýokdy; biz hemişe öz biri-birimiziňkide ýygnanyşyp, öz mundirlerimizden başga hiç zat görmeýärdik. Biziň aramyzda diňe bir adam harby gullukda däldi. Ol otuz bäş ýaşlar çemesinde-di we şonuň üçin biz ony garry hasaplaýardyk. Onuň köpi görendigi sebäpli, ol köp babatda bizden artykmaçdy; munuň hem üstesine onuň hemişe ýüzüniň agyrlygy, gaýduwsyzlygy we duzly dili biziň ýaş akyllarymyza güýçli täsir edýärdi. Onuň kysmatyna düşüner ýaly däldi; onuň özi göräýmäge rus ýalydy, emma ady daşary ýurtly adamyň adydy. Ol bir mahal gusar polkunda gulluk edipdir, özide zor adam bolupdyr, ony ol gullugyndan aýrylmaga we garyp şäherjige göçüp gelmäge nämäniň mejbur edendigini hiç kim bilmeýärdi; ol bu ýerde hem garyp, hem biderek harçly ýaşaýardy; hemişe pyýada gezýärdi, egninde köne gara sýurtuk bolardy, emma biziň polkumyzyň hemme ofiserleri üçin nahar taýýarladardy. Dogry, onuň bişirýän naharlary gullugyndan aýrylan soldatyň iki ýa üç dürli naharyndan ybaratdy, emma şampan şerabynyň içiläýşiniň hetdi-hasaby ýokdy. Onuň döwletiniň girdejisini bilýän adam ýokdy we muny ondan hiç kim sorap bilmezdi. Onda bir topar kitap bolardy. Olaryň köpüsi uruş hakyndaky kitaplar we romanlardy. Ol özüniň şol kitaplaryny okajak diýene höwes bilen bererdi we beren kitabyny hiç haçan yzyna soramazdy; emma welin onuň özi-de ilden alan kitabyny hiç haçan yzyna gaýtaryp bermezdi. Onuň esasy işi sapança atmaga ökdelemekdi. Onuň otagynyň diwarlarynyň gülle degmedik ýeri ýokdy, edil ary öýjügi ýaly eleme-deşikdi. Köp dürli bir topar sapança onuň garyp külbesiniň ýalňyz bezegidi. Onuň mergenligi hiç aýdyp diýer ýaly däldi. Eger ol bir adamyň papagynyň ustinde armyt goýup atmakçy bolsa, biziň polkumyzda oňa kellesini tutup bermekden gorkan adam tapylmazdy. Biziň aramyzda köplenç başa-baş söweşler hakynda gurruň bolardy; Silwio (oňa şeýle at bereýin; hiç wagtda bu gürrüňlere goşulmazdy. Sen, hiý, atyşdyňmy? diýen sowala ol: atyşdym diýip sowuk jogap bererdi, emma doly gurruň edip bermezdi, asyl beýle sowallary onuň halamaýandygy görnüp durýardy. Biz onuň bu aýylganç mergenliginden bir bagty gara gurban bolandyr. Şonun uçin Silwio öz ýanyndan müýnli bolup ýörendir dnýip çak edýärdnk. Emma onda gorkaklyk bolup biler diýip şubhelenmek biziň kellämize-de gelmeýärdi. Käbir adamlaryň daşky görnuşiniň özi onuň ýaly şübhä ýer goýmaýar. Emma atanlykda bir waka bolup, biziň hemmämizi haýran galdyrdy. Günlerde bir gün on sany ofiser bolup Silwionyňkyda nahar edinip otyrdyk. Hemişeki içişimiz ýaly örän köp içdik; nahardan soň biz kart paýlatjak bolup, öý eýesinin daşyna geçdik. Ol paýlamajak bolup uzak wagtlap gart-gaýyşdy, çünki ol hiç wagt kart oýnamaýar diýen ýalydy; ahyr soňy, bolmajagyna gözi ýetip, kart getirtdi-de, stoluň üstüne elli sany çerwons goýup, kart paýlamaga başlady. Biz hem stoluň başyna egrilişip, oýna başladyk. Silwionyň oýun başynda düýbünden geplemezlik adaty bardy, hiç wagt jedel etmezdi, hiç bir zat düşündirjek hem bolmazdy. Eger oýunçylardan biri ýalňyşyp, ortadan almaly pulundan az alaýsa, Silwio dessine onuň galan hakyny bererdi. Eger-de orta artykmaç pul goýaýsa, onuň artykmaç goýanyny aýratyn ýazyp goýardy. Biz onuň bu häsiýetine beletdik, şol sebäpli oňa biz öz bildigiçe hojaýynlyk etmege ganalga bermezdik; emma biziň aramyzda bizin polkumyza ýaňyrak geçirilen bir ofiser bardy. Ine şol ofişer bu ýerde oýnap otyrka aljyrap, orta artykmaç pul goýdy. Silwio hek alyp, öz adaty boýunça hasaby deňledi. Ofiser ol ýalňyşandyr öýdup, duşündirmäge başlady. Silwio sesini çykarman kart paýlamagyny dowam etdirdi. Ofiser sabyrdan gaçyp, çotgany aldy-da, özüniň biderek diýip hasaplan ýazgysyny pozdy. Silwio hek aldy-da ýamaşgan ýazdy. Şerap içip, oýna gyzygyp kellesi göçen ofiser ýoldaşlarynyň gülüşmeklerine gahary gelip özüni namysyna degildi diýip hasaplady we stoluň üstünde duran mis şemdany aldy-da, Silwiodan saldy. Silwio bolsa zordan bir gapdala sowulmaga ýetişdi. Biz aňk-taňk bolduk. Silwio gaharyna ýüzüni ak tam edip we ýanyp duran gözlerini alardyp: «Hormatly jenap, ugurbir çykyň öýden, bu iş meniň öz öýümde boldy, şoňa şükür ediň» diýdi. Biz bu wakanyň soňunyň ula gitjekdigine şübhelenmeýärdik, täze ýoldaşymyzy eýýäm ölen adam diýip hasapladyk. Ofiser özüniň bu etmişi üçin bank eýesiniň isledigiçe jogap bermäge taýyndygyny aýdyp, çykyp gitdi. Oýun ýene birnäçe minut dowam etdirildi; emma öý eýesinin oýundan eli sowandygyny duýup, ýeke-ekeden turup, çykyp gitdik we gaýdyp barýarkak, polkumyzda bir wezipäniň tiz wagtdan boşajakdygy dogrusynda gürrüň edip, öýli-öýümize dagadyk. Şol günüň ertiri biz maneže baranymyzda görgüli poruçik heniz dirimikä diýip biri-birimizden soraşýardyk; şol bada ol poruçigiň özi geldi; biz onuň özüne-de şonuň ýaly sowal berdik. Ol poruçik bolsa, Silwiodan hiç bir habarynyň ýokdugyny aýtdy. Biz muňa gaty geňirgendik. Biz Silwionyňka gitdik, barsak, Silwio ýeke hal karty derwezä ýelmäp, ony nyşana edinip, oňa gülleleri yzly-yzyna şapladyp duran ekeni. Ol düýnki waka hakynda bir agyz hem söz aýtman bizi hemişekisi ýaly kabul etdi. Üç gün geçdi, poruçik heniz hem diridi. Biz geňirgenip: be, Silwio atyşmazmyka? diýip, biri-birimizden soraşýardyk. Silwio atyşmady. Ol ýüzleýje ötünç soralmagyndan kanagatlanyp ýaraşdy. Bu ýagdaý ýaşlaryň pikirinde ilki bada oňa biçak uly zyýan ýetirdi. Batyrlygyň ýetmezligini ýaşlar hemme zatdan erbet görýärler, olar batyrlyk adamlaryň gadyr-gymmatynyň iň ýokary derejesi diýip hasaplaýarlar, batyr adamyň beýleki her dürli kemçiliklerini bagyşlaýarlar. Emma bu waka kem-kemden ýatdan çykyp, Silwio ýene öňküsi ýaly täsirli boldy. Oňa golaý durmaga indi diňe meniň ýüregim etmeýärdi. Men özümiň tebigatyma görä biçak hyýalkeşdigim sebäpli, bu düşnüksiz ýaşaýyşly adamy, bir gizlin syrly hekaýatyň gahrymany bolup görnen bu adamy meniň gowy göräýşim ozal hemmäniňkiden artykdy. Ol-da meni gowy görýärdi; iň bärkisinden, meniň bilen iki çäk oturanda özüniň hemişeki erbet duzly sözlerini aýtmazdy we her dürli zatlar hakynda açyk göwünli we biçak ýakymly gürrüň ederdi. Emma onuň namysyna çirk ýetirildi we ol çirkiň ýuwulyp aýrylmandygyna onuň özi günäkär diýen pikir şol bolmasy iş bolan agşamdan bäri menden el çekmeýärdi we onuň bilen ozalky bolşum ýaly bolmaga päsgel berýärdi; men onuň ýüzüne seretmäge utanýardym. Silwio örän akylly we tejribeli adamdy, meniň bu pikirimi duýýardy we munuň sebäbine düşünýärdi. Bu bolşa ol gynanýan ýalydy; onuň bu barada meniň bilen gürrüňleşjek bolandygyny iň bärkisinden iki gezek dagy duýdym; emma men beýle gürrüňlerden gaçardym, şondan soň Silwio ol pikirini goýbolsun etdi. Şondan bäri men onuň bilen diňe ýoldaşlarym bilen bilelikde duşuşýardym, ol ikimiziň ozalky açyk gürrüňlerimiz-de kesildi. Obalaryň ýa-da kiçijik şäherjikleriň ilatlarynda hemişe bolup durýan duýgularyň köpüsi dogrusynda paýtagtyň başy garyşyk ilatynyň düşünjesi bolmaýar, meselem, poçta gününe garaşylyşy dogrusynda düşünjesi bolmaýar: sişenbe we anna günleri biziň polkumyzyň kanselýariýasy ofiserlerden doly bolýardy; kim pula, kim hata, kim gazete garaşýardy, alnan hatlar şol ýeriň özünde açylýardy, täze habarlar aýdylýardy we kanselýariýamyzyň içi örän hezil bolýardy. Silwio gelýän hatlar hem biziň polkumyzyň adresine gelýärdi, şol sebäpli Silwio hem ol günler şu ýere gelýärdi. Bir gezek oňa bir bukja berdiler welin, ony ol uly sabyrsyzlyk bilen açdy. Onuň gözleri ýanyp, hatyň ýüzünde gezip ugrady. Ofiserleriň her biri öz hatyna gümrady, olar hiç bir zat duýmadylar. Silwio olara ýüzlenip: «Jenaplar, ýagdaýlar meniň bu ýerden derrew gitmegimi talap edýär; şu gije ugraýaryn; meniňkide iň soňky gezek nahar edinmäge irinmersiňiz diýip tama edýärin» diýdi. Şonuň yzy bilen maňa ýüzlenip: «Men size-de garaşaryn, hökman geliň» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol alňasaklik bilen çykyp gitdi: biz bolsak Silwionyňkyda tapyşmaşak edip, ugurly-ugrumyza gitdik. Men Silwionyňka bellenilen wagtda bardym, onuňkyda bütin polkumyz diýen ýaly bar ekeni. Onuň bar goşy ýola taýýarlanylyp goýlupdyr: gülle bilen eleme-deşik edilen diwardan başga zat galdyrylmandyr; stoluň başyna geçdik, öý eýesi örän şatdy we basym onuň şatlygy hemmämiziň şatlygymyza owrüldi; çüýşeler minutma-minut parkyldadyp açylýardy, stakanlar dyngysyz şyggyldap, köpürjekläp durýardy, biz bolsak ýolagçynyň ýolunyň oň bolmagyny, işiniň rowaç bolmagyny isleýändigimizi ýürekden syzdyryp aýdýardyk. Stol başyndan giçden soň turduk. Gaýtmakçy bolup, geýnip durkak Silwio myhmanlarynyň hemmesi bilen hoşlaşdy we meni edil gapydan çykjak bolan minutymda elimden tutup saklady. Ol ýuwaşlyk bilen: «maňa siziň bilen gepleşik gerek» diýdi. Men galdym. Myhmanlar gaýtdylar; biz ikiçäk bolup galdyk, garşyma-garşy oturyp, sesimizi çykarman, şybygymyzy otladyk. Silwio gamgyndy; hälki göçgün şadyýanlygyndan nam-nyşan ýokdy. Gany gaçan tukat ýüzi, ýanyp duran gözleri we agzyndan çykýan goýy tüsse ony örän elhenç görkezýärdi. Birnäçe minutdan soň Silwio dym-dyrslygy pozup, gürrüňe başlady. «Biziň mundan soň görüşmezligimiz mümkin; aýra düşmegimizden öňürti men siziň bilen düşünişmek isleýorin. Meniň her bir diýen-aýdanyň pikirine kän bir gulak asmaýandygymy siz duýansyňyz; emma men sizi gowy görýärin, şol sebäpli men hakda sizde nädogry pikiriň galmagy maňa ýokuş degýär» diýip, ol maňa aýtdy. Ol sözüni kesdi-de, özüniň temmäkisi ýanyp tükenen şybygyny doldurmaga başlady; men ýüzümi aşak salyp, sesimi çykarman otyryn. «Ol samsyk pýan R***-iň meni kanagatlandyrmagyny talap etmändigim size geň bolup görnendir»—diýip, ol sözüni dowam etdi. — «Meniň haýsy ýarag bilen uruşmalydygyny saýlap almaga ygtyýarym bardygyna görä, onuň jany meniň elimdedi, meniň janyma bolsa hiç bir howp ýok diýen ýalydy, siz munuň bilen razylaşarsyňyz; şoňa görä men özümiň geçirimliligim sebäpli oňa degmedim diýip hem bilerdim, emma ýalan sözlemek islemeýärin. Eger-de öz janyma hiç bir howp salman, R***-i jezalandyryp bilýän bolsadym, men onuň günäsini hergiz geçmezdim». Men geň galyp, Silwionyň ýuzüne seretdim. Onuň bu sözlerine men nähili duşunjegimi bilmedim. Silwio sözuni dowam etdirdi: «Men dogrymdan gelýärin: meniň özümi ölüme duçar etmäge ygtyýarym ýok. Men mundan alty ýyl ozal bir şarpyk iýdim, ine meniň şol duşmanym heniz diri». Mennň höwesjeňligim gaty güýjedi. «Siz onuň bilen atyşmadyňyzmy? Belki, ýagdaýlara görä her biriňiz bir ýaňa düşensiňiz-dä?» diýip soradym. «Men onuň bilen atyşdym, biziň başa-baş söweşimiziň ýadygärligini ynha görkezeýin» diýdi-de Silwio ýerinden turup, bir kartonyň içinden jygaly altyn gotazly gyzyl telpek çykardy (oňa fransuzlar donnet de pohce* diýip at berýärler); ony geýdi; maňlaýynyň edil bir werşok ýokary ýanyndan gülle degip geçipdir. Silwio ýene sözüni dowam etdirip ugrady: «Meniň*** gusar polkunda gulluk edendigimi siz bilýärsiňiz. Meniň gylygym-da size mälim: men özgelerden artyk bolmaga endik eden adam, emma bu duýgy ýaşlygymda has hem güýçlüdi. Biziň zamanymyzda dek gezmezlik ýoň bolupdy: goşunymyzda men dek gezmeýänleriň birinjisidim. Biz pýançylyk etmekde biri-birimizden galmajak bolýardyk: men içişmekde Denis Dawydowyň taryplan şöhratly Bursowyndan-da ökde çykdym. Duel diýeniň biziň polkumyzda häli-şindi bolardy: men duelleriň hemmesinde ýa-ha synçy bolardym ýa-da uruşýanlaryň biri bolardym. Ýoldaşlarym meni sylardylar, iki ätmän çalşyrylyp durulýan polk komandirleri bolsa maňa hökman bolmaly mu sallat diýip serederdiler. Men özümiň şöhratyma arkaýyn (ýa-da ynjalyksyz) keýp edip ýörkäm, aňrysy baý we tanymal bir ýaş ýigit (adyny tutmaýyn) biziň polkumyza gelip ýerleşdi. Ömrümde onuň ýaly bagtly adam görmändim! Ol jahyl, akylly, görmegeý, biçak şadyýan, örän batyr, tanymal ýigitdi, pulunyň hasaby bolmazdy we hiç wagt tükenmezdi, ine şolary göz öňüne getirip görüň, — şonda onuň biziň aramyzda neneňsi täsirli bolandygyna düşünersiňiz. Birinjilik meniň elimden gidip barýardy. Meniň şöhratyma höwes edip, ol meniň bilen dost boljak bolup ugrady, emma men oňa kän bir ýüz bermedim, şondan son ol hiç bir gynanman, menden sowaşdy. Men ony öňküden-de erbet görüp ugradym. Polkumyzda we aýallaryň arasyndaky onuň üstünliklerini görüp, nätjegimi bilmeýärdim. Men yrsaramaga başladym; meniň oňa kakdyryp aýdýan duzly sözlerime ol meniň kelläme gelmeýän we meniňkiden has ýiti sözler bilen gaýtargy berýärdi, onuň gaýtargylary meniňkiden biçak gyzykly bolardy: ol oýun edýärdi, meniň bolsa gaharym gelýärdi. Şeýdişip ýörkäk, günlerde bir gün bir polýak pomeşigiň toýunda ähli gelinleriň we ylaýta-da meniň bilen gatnaşykly hojaýyn aýalyň gözuniň şondadygyny görüp, durup bilmän, men onuň gulagyna çawuş çakyp, bir erbet söz aýtdym. Onuň birden gahary gelip, mana bir şarpyk çaldy. Ikimizem gylyjymyza ýapyşdyk: gelinleriň zähresi ýaryldy, bizi araladylar, şondan soň biz edil şol gijäniň özünde uruşmaga çykdyk... Daň saz berip ugrapdy. Men özümin üç sany sekundantym bilen bilelikde belleşilen ýerdedim. Men duşmanyma biçak uly sabyrsyzlyk bilek garaşýarlym. Gun dogup eýýäm howa gyzyp ugrady. Meniň oňa uzakdan gözüm düşdi. Ol gylyjynyň üsünden mundir geýip, ýany bir sekundantly pyýada gelýärdi. Biz onuň garşysyna ugradyk. Ol ýakyn geldi, onuň papagy elindedi, özi-de papagyny üljeden doldurypdyr. Sekundantlarymyz bize on iki ädim ölçäp berdiler. Men birinji atmalydym: emma mendäki gahar howsalasy biçak güýçludi, şol sebäpl meniň dogry atjakdygyma ynamym ýokdy. Şoňa görä özümi dürsemek maksady bilen nobaty oňa berdim; duşmanym razy bolmady. Bije atyşmaly bolduk: onuň bijesi çykdy. Onuň bagty daş deşýärdi. Ol çenäp atdy. meniň telpegimden urdy. Gezek maňa geldi. Ahyrda onuň jany meniň elime düşdi; men onuň ýüzünde iň bolmanda sähelçe ynjalyksyzlyk görjek bolup, onuň ýüzüne açgözlülik bilen seretdim. Ol meniň sapançamyň garşysynda papagyndan bişen üljeleri saýlap agzyna oklap, olaryň şäniklerini maňa tarap üfläp dur, onuň üfläp goýberýän şänikleri maňa ýetýärdi. Onuň perwaýsyzlygyna meniň içim ýandy. Men öz içimden: munuň janyna birjik-de haýpy gelmeýän wagtynda janyny almakdan ne peýda? — diýip pikirlendim. Mende bir erbet pikir peýda boldy Sapançamy aşak ýatyrdym. Men ona: “Görýärin welin, siziň häzir ölmäge eliňiz degmeýär, siz nahar edinýärsiňiz; meniň size şu mahal azar beresim gelmeýär”... — diýdim. Onda ol garşy çykyp: “Siziň maňa hiç azaryňyz degenok, işiňiz bilen boluň-da atyberiň, ondan beýlesini hem özuňiz biliň: siziň mana atmak algyňyz bar: göwnüňiz tutan wagty men tapylaryn” diýdi. Men sekundantlaryma ýuzlenip özumiň bu gün atasym gelmeýändigini aýtdym, şonuň bilen-de biziň başa-baş söweşimiz ol gun gutardy. Men goşun gullugyndan aýrylyp şu şäherjige geldim. Şondan bäri ar almak pikirim ýekeje gün hem ýadymdan çykanok. Ynha indi meniň göwnümiň islän pillesi geldi... Silwio özuniň ertirki alan hatyny jübüsinden çykaryp, maňa okamaga berdi. Kimdir bir (onuň işlerini ynanan adamy bolmaga çemeli) oňa Moskwadan: şol adam tiz wagtdan bir ýaş we gözel gyza öýlenýär — diýip ýazypdyr. Silwio mana ýüzlenip: — “Şol adam diýilýäniň kimdigini aňýansyňyz. Moskwa ugraýaryn. Göreli bakaly, ölüme bir mahal ülje başynda garaýşy ýaly, şu mahal öýlenjek bolup ýorkä-de biperwaý gararmyka!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, Silwio ýerinden turdy-da, papagyny ýeriň ýüzüne bulap urdy we kapasda saklanýan gaplaň ýaly bolup, iki baka ýöremäge başlady; men gymyldaman, onuň gürrüňini dinläp otyryn. Mende gen, biri-birine garşy duýgular peýda boldy. Onuň hyzmatçysy gelip girdi-de: atlar taýyn diýip aýtdy. Silwio meniň elimi berk gysyp, meniň bilen hoşlaşdy; biz ogşaşdyk. Ol arabajyga mündi, arabajygyň üstünde iki sany çemodan bardy, olaryn birinde onuň sapançalary, beýlekisinde onuň goşlary bardy. Ýene-de bir gezek hoşlaşdyk, şondan soň atlary sürdüler. II Aradan birnäçe ýyl geçdi, öý ýagdaýlarym meni N** uýezdiniň garypja bir obasyna göçmäge mežbur etdi. Şu ýerde hojalygym bilen meşgul bolup ýörkäm özümiň ozalky şagalaňly we bigam ýaşaýşymy göwnüm küýsäp, öz ýanymdan dyngysyz uludan demimi alyp ýörýärdim. Ylaýta-da ýaz we gyş agşamlaryny bütinleý ýekelikde geçirmäge endik etmek maňa hemme zatdan kyn düşdi. Kähuda bilen gürrüňleşip, işleriň üstüne gidip ýa-da täze jaýlara aýlanyp, garaz eýdip-beýdip, güni öýlänlederdim; emma niçikmi garanky düşüp ugrandan nirä gidip, näme etjegimi bilmezdim. Şkaflaryň aşagyndan we kladowoýdan tapan sanlyža kitaplarymy okap-okap ýat tutup gitdim. Açarçym Kirilowna özünin bilýän ertekileriniň barysyny maňa telim gezek aýdyp berdi; aýallaryň aýdymlary bolsa meniň ýüregimi gysdyrýardy. Ajy çakyr içip ugradym, ol-da meniň kellämi agyrdýardy; onuň hem üssesine gaýgydan ýaňa lüt pýankeş bolarmykam diýip hem gorky edýärdim, sebäbi şonuň ýaly bolanlaryň bizin uýezdimizde örän köpdügini gördüm. Iki-üç sany lüt pýankeşden başga ýakyn gonşym ýokdy, bularyň bolsa bar gürrüňi köplenç wagtda hynçgyryp, içlerini çekip oturmak bolýardy. Olaryň ýanyna baranymdan ýeke oturanym has gowudy. Meniňkiden dört wýorst uzaklykda grafinýa B***-nyň baý mulki bardy: emma ol mülkde grafinýanyn diňe dolandyryjysy ýaşaýardy, grafinýa bolsa özuniň äre çykan ýyly diňe ýekeje gezek gelip, ýekeje aý bolup gidipdir. Emma meniň hiç ýere çykman ýaşamagymyň ikinji ýazynda grafinýa öz adamsy bilen bilelikde öz obasyna gelip, tomsy şol ýerde geçirjekmiş diýen habar ýaýrady. Olar iýun aýynyň başlarynda hakykatdan-da geldiler. Baý gonşynyň gelmegi oba adamlary üçin möhüm döwür bolýar. Pomeşikler we olaryn hyzmatkärleri ol hakda iki aý dagy öňünden we üç ýyl dagy soňundan gürrüň edýärler. Men özüm barada aýtsam, ýaş we gözel goňşy aýalyň geljekdigi dogrusyndaky habaryň maňa guýçli täsir edendigini boýun alýaryn; ony haçan görerkäm diýip içimi it ýyrtýardy, şona görä-de olar gelenden sonky birinji ýekşenbe güni öýländen son men ýakyn goňşy we yhlasly hyzmatçy hökmünde ol jenaplar bilen tanşaýyn diýip,*** obasyna ugradym. Olaryň hyzmatçysy meni grafyň kabinetine eltdi, özi bolsa men hakda habar bermäge gitdi. Giň kabinet her dürli gözel-gözel zatlar bilen bezelipdir; diwarlaryň öňünde içi kitaply şkaflar bardy, şkaflaryň her biriniň üstünde bürünçden ýasalan býust bardy: mermer puharynyň ýokarsynda ullakan aýna bardy. Pola gök mawut çekilipdir, haly bary ýazylypdyr. Özümiň garyp külbämde bezeg diýlen zat ýatdan-dagydan çykyp gidipdi, özgäniň baýlygyny-da köpden bäri görmändim, şoňa görä men bulary görüp, agzymy açdym we çet ýerden gelen arzaçynyň ministre garaşyşy ýaly, bir hili süňňümi galpyldadyp, grafa garaşdym. Gapy açylyp, otuz iki ýaşlar töwereginde bir görmegeý erkek adam gelip girdi. Ýüzi gülüp duran graf gadyrdanlyk bilen meniň ýanyma geldi; men özümi dogumlyrak tutjak bolmak bilen bilelikde kimdigimi aýtmaga başlajak boldum, emma ol menden öňürtdi. Biz oturdyk. Onuň erkin we mähirli gürrüňi meniň ýabanylaşan utanjaňlygymy köşeşdirdi; özümi dürsäp ugran badyma birden grafinýa gelip girdi, mundan soň meniň utanjaňlygym öňküden-de güýjedi. Grafinýa hakykatdan-da gözel ekeni. Graf meni tanyşdyrdy; men utanmaýan ýaly bolup görünjek bolup jan etdim, emma utanmaýan kişi bolan bolmaga jan etdigimçe, beter ugrym gaçdy. Olar maňa özümi dürsemäge we täze tanyşlyk bilen öwrenişmäge pursat bermek üçin, maňa ýöne bir gowy goňşy hökmünde garap we kän bir üns bermän, öz biri-biri bilen gürrüňleşmäge başladylar. Men bolsam kitaplara we suratlara seredip, gezmelemäge başladym. Men suratdan kän bir başy çykýan adam däl, ýöne welin suratlaryň biri meniň ünsümi özüne çekdi. Ol surat Şweýsariýadan bir görnüşi şekillendirýärdi: emma meni haýran galdyran zat onuň çekilişi däldi, men ol suratyň tüpeňlenip, iki sany gülläniň biri-birinin üstünden degendigine haýran galdym. Men grafa ýüzlenip: Ynha bir gowy atyş» diýdim, ol: “Hawa, örän gowy atyş” diýip jogap berdi-de, sözüni dowam etdirdi: «Siz neneň atýarsysyz? diýip sorady. Men ahyr soňy özüme ýakyn zat hakynda gürrüň açylandygyna begenip: «Ganymat atýaryn. Otuz ädimden kartyň ýüzünden sypdyrmaryn, ýöne welin, elbetde, özümiň belet sapançalarym bolmaly» diýip jogap berdim. Grafinýa uly höwes bilen: «Dogrydan-da?» diýdi-de, grafa ýüzlenip: «Sen nädersiň, ezizim, otuz ädimden karty urup bilermiň?» diýdi. Graf: «Bizem bir synanyp görerisdä; bir mahal menem ýaramaz aýtmaýardym; emma elime sapança almanyma ynha dört ýyl boldy» diýdi. Onda men şeý diýdim: «Bu-u, alyjenap, beýle bolsa siz karty ýigrimi ädimden hem urup bilmersiňiz: sapança özüniň elden düşürilmezligini talap edýär. Men muny öz tejribämden bilýärin. Men öz polkumyzda gowy mergenleriň biri hasaplanýardym. Bir gezek bütin bir aýlap elime sapança almadym, sapançamy bejermäge beripdim. Biler bolsaňyz aly ženap, soňundan birinji gezek atmaga başlanymda ýigrimi bäş ädimden bir çuýşeden yzly-yzyna dört gezek sowa geçirdim. Bizde bir dili duzly, wäşi rotmistr bardy, ol-da beýle ýanymda durdy; ol muny görüp: görýärin welin, gardaşym, çüýşä seniň eliň galmaýan bolmaga çemeli — diýdi. Ýok, aly jenap, her gün elini yram etdirip durmak gerek, ýogsam eliň çykaýýar. Meniň gören iň gowy mergenim her gün öýlän naharyndan öňürti iň bolmanynda üç gezek dagy atardy. Nahar edinjek bolanda bir rýumka aragy ýadyndan çykarmyşy ýaly, ol şony-da ýadyndan çykarmazdy». Meniň gürrüňe kelläm gyzyp başlanyna graf bilen grafinýa begendiler. Graf menden: «Ol neneňsi atýardy?» diýip sorady. «Ol örän zor atýardy, aly ženaň. Diwaryň ýüzüne siňegiň gonaýanyny göräýse besdi. Siz gülýärsiňizmi, grafinýa? Men çynymy aýdýaryp. Siňegi göräýse: Kuzka, sapançamy getir! — diýip gygyrýardy. Kuzka oňa doldurylgy sapança getirip berýärdi. Ol gürpüldedip goýberýär welin, görseň eýýäm siňegi diwara çüýländir!» Graf: «Geň galaýmaly! Onuň ady nämedi?» diýdi. «Oňa Silwio diýýärdiler, aly jenap; ol ikimiz dostduk; «Silwio! Siz Silwiony tanaýarmydyňyz?» diýip gygyrdy. «Neneň tanamaýyn, aly jenap; ol ikimiz dostduk; biz ony polkumyzda öz doganymyz ýaly ýoldaş hasaplaýardyk; emma ynha bäş ýyldan bäri ondan hiç bir habarym ýok. Diýmek, aly jenap, ony siz hem tapaýan ekeniňiz-dä?» — «Tanaýardym, örän gowy tanaýardym. O size bir geň waka hakynda gürrüň edip bermänmidi? Ýog-a, gürrüň edip bermedik bolsa gerek...» — «Onun toýda bir jalaýdan şarpyk iýendigi hakynda aýdýan bolaýmaň, aly jenap?» — «Ol size şol adamyň adyny aýdypmydy?» — Ýok, aly jenap, aýtmandy...» diýdim-de, kim hakynda gürrüň barýandygyny aňyp: «Weý, aly jenap, bagyşlaň..., men aňmandyryn... sizis özüňiz bolaýmaň?..» diýdim, Graf örän ynjalyksyzlanyp: «Ol meniň özümdim, bu tüpeňlenen surat bolsa biziň soňky duşuşygymyzyň ýadygärligi...» diýip jogap berdi. Grafinýa: «Wah, şony gürrüň etmesene, ezizim, men eşitsem ýene gorkaryn» diýdi. Graf garşy çykyp: «Ýok, men hemmesini gürrüň edip berjek; özüniň dostuny meniň nähili agyrdandygymy bu bilýär: Silwionyň menden neneňsi ar alandygyny-da bilsin» diýdi. Graf maňa kürsi äberip, gürrüň edip bermäge başlady, men bolsam şeýle bir hekaýany uly höwes bilen diňledim. «Men mundan bäş ýyl ozal öýlendim. Birinji aýy, the honey-moon (ýigit bilen gelniň bile ýaşamagynyň birinji aýy), men şu ýerde, şu obada geçirdim. Men öz ömrümiň iň gowy minutlary üçin we iň bir agyr ýatlamalarynyň biri üçin şu öýe minnetdardyryn. Günlerde bir gün agşamara aýalym ikimiz at münüp seýle çykdyk; aýalymyň aty näme üçindir garaçylyk etdi; aýalym gorkup, atyndan düşdi-de, atynyň jylawyny mana berip, özi öýe pyýada ugrady; onsoň men ondan ozup gitdim. Howlyma gelsem, bir del araba dur. Kim geldi diýip sorasam; sizin kabinetiňizde bir adam otyr, adyny aýtmady, ýöne sizlik işi barmyş diýip, jogap berdiler. Men bu otaga gelip girsem, garaňky jaýyň içinde usti-başy agyn tozan, sakgal basyp giden bir adama gözum düşdi: ol ynha şu puharynyň ýanynda dur. Men onuň ýüz keşbini ýadyma saljak bolup, onuň ýanyna bardym. Ol endirewük ses bilen: “Näme, graf, tanamadyňmy meni” — diýdi. Men «Silwio!»—diýip, gygyranymy duýman galdym, dogrusyny dogry aýtmak gerek, özümiň-de depe saçym üýşdi. Ol sözüni dowam etdirip: «Hawa, meniň senden atmak algym galypdy; men sapançamy boşatmaga geldim: sen taýynmy?» diýdi. Onuň sapançasy ýanbaş jübüsinden somalyp görnüp durdy. Men on iki ädim ölçedim-de, aýalym gelmänkä tizräk atmagyny haýyş edip, ynha şol çüňkde durdum. Onuň yzy-ardy gelmedi, in soňy yşyk sorady. Şem getirtdim. Men hiç kimiň girmeli däldigini aýdyp, gapyny ýapdym we onuň atmagyny ýamaşgan haýyş etdim. Ol sapançasyny çykaryp, çenedi... Men sekuntlary sanaýardym... men — aýalym geläýmäbilse ýagşydyr — diýip pikir edýärdim... Aýylganç bir minut geçdi! Silwio elini ýatyrdy. Ol: «Sapançamyn ülje şänigi bilen doldurylmandygyna gynanýaryn... gülle agyrdyr» diýdi. «Meniň göwnüme biziň munymyz duel däl-de, ölşük ýaly bolup görünýär: men ýaragsyz adama ýarag çenemegi halamaýaryn. Täzeden başlaly; kimiň önürti atmalydygyna bije atyşaly» — diýdi. Meniň başym pyr-pyr aýlanýardy... Göwnüme bolmasa, men razylaşmaýardym öýdýärin... Ahyr sony, biz ýene bir sanança doldurdyk; iki sany kagyzjygy togarladyk; ol şol kagyzjyklary aldy-da, meniň bir wagt tüpeňlän telpegime saldy; ýene-de meniň bijäm çykdy. Ol ýansylap; «Graf, seniň bagtlylygyň hiç diýip — aýdar ýaly däl» diýdi, onuň ol ýaňsylamasy hiç wagt ýadymdan çykmaz. Men näme bolandygyny we onuň meni muňa neneňsi mejbur edendigini bilmedim... Emma men atdym we ynha şu suraty urdum. (Graf barmagyny uzadyp, ok degip geçen suraty görkezdi; onuň ýüzi nar ýaly gyzardy; grafinýanyň ýüzi ýaglygyndan-da agardy: men içimi çekenimi duýman galdym). Graf sözüni dowam etdirip ugrady: «Men atdym we, hudaýa şükür, okum sowa geçdi; onsoň Silwio... (şol minutda ol örän aýylgançdy) Silwio maňa çenäp ugrady. Birden gapy açylyp, Maşa ylgap girýär we gygyryp, meniň boýnuma özüni oklaýar. Ol geldi hem welin, men özümi dürsedim. Men Maşa ýüzlenip: «Ezizim, biziň oýun edýändigimizi görmeýäňmi näme? Nämeden gorkduň! Bar, bir stakan suw içip gel; men seni köne dostum bilen we ýoldaşym bilen tanyşdyraýyn» diýdim. Maşa ynanman, gazaply Silwio ýüzlenip: “Adamymyň aýdýany dogrumy? Siziň ikiňiziň hem oýun edýändigiňiz dogrumy?” diýip sorady. Silwio oňa: «Bu hemişe oýun edýär, grafinýa, bir gezek oýun edip, maňa şarpyk çaldy, oýun edip tüpeňläp, meniň ynha şu telpegimden urdy, häzir oýun edip tüpenläp urup bilmedi; indi meniň hem oýun edesim gelýär...» diýip, jogap berdi. Şeý diýip, ol maňa çenäp ugrady... şunuň ýanynda! Maşa ylgap, onuň aýagyna ýykyldy. Men muny gaty ýokuş görüp: «Maşa, tur, utançdyr!» diýip gygyrdym.— «Sizem, jenap, aýal biçäräni horlap durmagyňyzy bes edýäňizmi, ýokmy? Atjakmy ýa ýokmy?» diýdim. Silwio: «Atjak däl, men maksadyma ýetdim: seniň alžyranyňy, gorkandygyňy gördüm; menden ýene atmaga mejbur etdim, mana şol besdir. Indi meni ýadyňdan çykarmarsyň. Seni öz wyždanyňa tabşyrýaryn» diýdi. Mundan soň ol çykyp gitjek boldy, emma gapynyň iç agzynda aýak çekip, meniň okumyň degen suratyna ganrylyp seretdi-de, ona çenäp durman diýen ýaly atyp, çykyp gitdi. Aýalym özünden gidip ýatyrdy; adamlar ony saklajak bolmadylar, gorkularyna ýöne seredip galdylar; ol gapynyň agzyndaky sekä çykyp, araba sürýänini çagyrdy we men özümi dürseýänçäm, araba münüp gitdi». Graf gürrüňini gutardy. Şeýlelik bilen özüniň başlanyşy bilen bir mahal geň galdyran wakanyň yzyny-da bildim. Onuň gahrymanyna soň duşmandym. Aleksandr Ipsilantiniň gozgalaňy wagtynda Silwio eteristler otrýadyna baştutanlyk edipdir we Skulýanynyň ýanynda söweşde öldürilipdir diýip gürrüň edýärdiler. A.S.Puşkin Terjime eden: M.Sopyýew Aşgabat “Магарыф” - 1982 | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||