AÝA ÝARAG ÇYKARMAK HYÝALY
Angliýanyñ "Deýli telegraf" diýen konserwatiw gazeti amerikan harby-senagat kompleksiniñ täze haýasyz bir işiñ başyny başlamak kül-külüne düşendigi hakynda giñ makala çap etdi. Gürrüñ kosmosda uruş alyp barmak planlaryny işläp düzmek hakda barýar, özem köpçülikleýin gyryjy ýaraglaryñ iññän täze görnüşlerini... Aýda ýerleşdirmek göz öñünde tutulýar.
Şu habardan görnüşi ýaly BMG-nyñ Baş Assembleýasynyñ XXXVI sessiýasynda Birleşen Ştatlaryñ delegasiýasynyñ Kosmos giñişliginde islendik görnüşdäki ýaragyñ ýerleşdirilmegini gadagan etmek hakynda şertnama baglaşmak barada sowet teklibini goldamakdan näme üçin ýüz öwrendigi düşnükli bolup galýar. Şu teklibiñ sesleriñ aglaba köplügi bilen kabul edilendigi okyjynyñ adynda bolsa gerek ㅡ onuñ tarapyna 123 delegasiýa ses berdi, bir adam hem oña garşy ses bermedi, ABŞ-nyñ delegasiýasy bilen onuñ soýuzdaşlarynyñ azajyk topary bolsa ses bermäge gatnaşmakdan saklandylar.
''Deýli Telegraf'' kosmosda ''söweş lazer stansiýalaryny'' peýdalanmak arkaly gyryjy uruş alyp barmak baradaky amerikan pygylyny aýan etdi, şol stansiýalary bolsa Pentagon Ýeriñ töweregindäki orbitada we Aýda ýerleşdirilmegi arzuw edýär, özem, adatdaky ýal y bu wagşyçylykly pygyl ''sowet howpuna'' salgylanylyp delillendirilýär.
''Eger (!) Sowet Soýuzyna orbita söweş lazer stansiýasyny çykarmak başartsa, amerikanlar bolsa şony etmeseler, azat (?) dünýä öz duşmanlarynyñ huzuryna berler'' diýip, ''Deýli telegraf'' jögisireme biynjalygy bilen gürrüñ berýär.
Nähili bolýar? SSSR Kosmos giñişliginde islendik görnüşdäki ýaragyñ ýerleşdirilmegini gadagan etmegi teklip edýär, ABŞ bu teklibi goldanok, indi bolsa ''eger'' Sowet Soýuzy ''söweş stansiýalaryny'' döretse amerikanlar hem şeýle stansiýalar döretmeli bolarlar diýlip, uly ile yglan edýär.
Emma welin geliñ, Pentagonyñ şu gazet tarapyndan şeýle jar edilýän şol planlarynyñ asyl manysyna ýüzleneliñ. Birinjiden ''Deýli telegraf '' hem Günbataryñ köpçülikleýin informasiýa serişdeleriniñ telim gezek ýañzydan zatlaryny tassyklaýar: amerikanlaryñ synag edýän ''mäkili kosmos korably'' ''harby maksady yzarlajak'' ㅡ ''ol Amerikanyñ orbita ýarag çykaryş ukybyny artdyrýar, ýarag bolsa şol ýerde ilkinji nobatda zerurdyr(?)''. Ikinjiden, Pentagon şu absolýut kosmas ýaragyny'' Aýda ýerleşdirmek isleýän diýlip yglan edilýär, Aý bolsa... mälim bolşy ýaly, asla amerikan territoriýasy däldir.
''Deýli telegraf'' şu pikir-hyýaly düşündirip şeýle ýazýar: ''Aýdamy? Birbada bu ideýany samsyklyk ýaly bolup görünmegi mümkin, emma oña Hantswilanyñ (Alabama ştaty) Redstoun gorhanasynda hem-de Omahanyñ ( Nebraska ştaty ) strategik awiasiýa ştabynda spesialistleriñ bir topary tarapyndan geljekgi alternatiwleriñ biri hökmünde çynlakaý garalýar. Aýa sürülýän lazer söweş stansiýasynyñ artykmaçlyklary hakda oýlanyp görüñ. Oña häzirki wagtda päsgel berip biljek ýeke zat ㅡ 238000 mil aralykdaky uçujy kosmos apparatlaryny ýok edip biljek ýeterlik kuwwaty hem-de ýeterlik inçejik şöhlesi bolan lazer döretmek meselesidir, emma ol oturdylandan soñ ony hakykatda tapmak we kanonlarynyñ arasynda gizlemek mümkin''.
Munuñ üstüne amerikan spesialistleri şuny hem goşmakçy: ''uzak kosmosda ýene-de iñ azyndan iki sany söweş stansiýasy bolsady, onda ýere ýakyn orbitalaryñ ähli uçastoklaryny şol stansiýalar bilen gije-gündiz gurşap bolardy''. Olary görýäñmi näme aladalandyrýar ㅡ olaryñ Ýerdäki ýok etmekçi bolýan käbir ''obýektleri'' gije-gündiziñ dowamynda birnäçe sagat Aýdan görünmeýärmiş''.
Şu zatlaryñ hemmesi amerikan kyssa düzüjileriniñ köp ýyldan bäri başyny çatyşdyryp gelýän arzan fantastik romanlaryna çalym edýär. Şeýle-de bolsa ''Deýli telegraf'' gazetiniñ habar berýän faktlary çynlakaý üns bermäge mynasypdyr.
Ellerine hanjar alyp uly ýolda garakçylyk edýän galtamanlar ýaly, amerikan harby-senagat kompleksiniñ işgärleri hem Aýdan Ýer planetasynyñ gra£danlaryny gorka salmak hem-de olara öz erkini höküm etmek üçin, ''Deýli telegraf'' gazetiniñ atlandyryşy ýaly, özüniñ ''nyşana ýagtylygyñ tizliginde hereket edýän elektromagnitli ýaragy'' bilen Aýa dyzamagy päline düwýär.
Ýuriý ŽUKOW,
#"Amerikan imperializminiñ ganly yzlary", Aşgabat ''Türkmenistan'' 1983.
Geň-taňsy wakalar