01:15 Aýal dogan gelende | |
AÝAL DOGAN GELENDE
Goşgular
Gül deý açylýan birden, Aýal dogan gelende. Öýümiz dolýar nurdan, Aýal dogan gelende. Görüp, gözler nemlener, Derdiň bolsa ýeňlener, Arzy-halam diňlener, Aýal dogan gelende. Baryň-ýoguň goýarsyň, Saklan syryň diýersiň, Didaryndan doýarsyň, Aýal dogan gelende. Öten-geçen ýatlanar, Çagalaram şatlanar, Göwün göge atlanar, Aýal dogan gelende. Bagtdan serpaý ýapylar, Süýji gürrüň tapylar, Arzuw-niýet köpeler, Aýal dogan gelende. Gije barar bir çene, Galaýsa bir gün ýene, "Topbam” gyşardy, ine, Aýal dogan gelende. Başyňyz bolsun aman! Ganatym siz her zaman, Hiç zat bilen deňemen, Aýal dogan gelende. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Her döwür - bir döwür / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |