21:09 Meniň şeýle mährem ejem janym bar | |
MENIÑ ŞEÝLE MÄHREM EJEM JANYM BAR
Goşgular
![]() Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Tapmaryn dünýäde şoňky deý ýürek. Mähir derýasynda joşar tolkunlar, Ýöne gerek bolmaz gaýykdyr kürek. Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Älemiň bar nury jemlenen onda. Intizar mydama ýoluma garap, Goltugymdan götermekçi her demde. Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Hoşgylaw, mylaýym, ajaýyp zenan. Göýä açylmadyk syrly kitapdyr, Ak säher bagtly gün bu dünýä inen. Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Sulhuň alyp, göwnüň galkar şo bada. Sadalyk, pespällik hem mähribanlyk, Çörek deý zerurdyr her adamzada. Meniň şeýle mährem ejem janym bar, Maňlaýymda ogşan yzlary bardyr. Eneleriň söýgüsinden bu zemin, Dört pasyl aýlanýan aýdymdyr, sazdyr. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |