12:05 Güýz we men | |
GÜÝZ we MEN
Goşgular
Syrly gözellige dolupdyr dünýä, Gözüň gamaşdyrýar tylla ýapraklar. Agraslygy garry atamdyr, göýä, Ýene-de bir pasyl zemini päklär. Alasarmyk duýgulara berlilip, Uludan dem alyp ýöräp barýaryn, Şahasyndan aýra düşüp, saralyp, Gaýyp barýan ýapraklary görýärin. Hoşlaşyk aýdymyn aýdanda guşlar, Zaryn owazyna erkim aldylar, Jogap agtarýan men sowallaryma, Kalbym içre gam-gussamy saldylar. Saňa meňzäp, sary öýme daňdym men, Ýagyşlaryň özüm bolup aglady. Islemedim ilden beýik bolmagy, Sadalygym mydam ýolum baglady. Şeýle bir owadan hasratyň seniň, Ýolda galan umytlarym gynaýar. Güýzüm saňa meňzäp, pespäl galaýyn, Ykbal meni aýralykda synaýar. | |
|
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ "Gama batanyñy gördüm, Allaýar" / Goşgular - 09.09.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |