13:11 Galasym gelýär | |
GALASYM GELÝÄR
Goşgular
![]() Käbir düýşler, ömürleriň bölegi, Düýşlerimde baky galasym gelýär. Gaýtaryp bolsady geçen günleri, Zemin içre söýgä dolasym gelýär… ...Garry atam gowaçaly pelleriň, Gyrasynda guwanyp dur seredip. Gumaksy ýollarda yzyndan galman, Kebelek kowalaýan heziller edip. Ak derekler gollaryny bulaýar, Kömelek çöplemäge çagyrýan ýaly. Ýylgynlar otyrlar bir geňsi bakyp, Syrly bakyşlary manydan doly. Salkym-salkym üzümleri sallanyp, Bagymyzyň erik, alma, nary bar. Howlymyzda jemlenipdir bar güller, Ýodalarda çagalygmyň yzy bar. Süýt bişirip, käselere süýt guýup, Gelnejemiň çagyryşy mähirli. Bal ýaly çörege sary ýag çalyp, Goşup berýän ýaly barça mährini. Enem janyň çep dyzyna ýassanyp, Gyzyl gülli çäýnegimden çaý guýýan. Küýsän didaryma sataşmak üçin, Ýüregim howlugýar, men ony duýýan, Az salym, uklaýyn asla oýarmaň. Çagalygym ömür baky bolsady… Eziz kyblam mähir bilen ýylgyryp, Meni ýene gujagyna alsady. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |