02:51 Pursatlar | |
PURSATLAR
Goşgular
![]() Söýgi bilen galaýyn men bir pursat, Näzik kalbym ynjamasyn söýmeden. Onuň gözlerine bakyp bada bat, Ýadamaryn ömürlik gal diýmeden. Şygyr bilen galaýyn men bir pursat, Joşaýyn bulagyň akyşy ýaly. Teşne köňüllere gireli bile, Güneşiň zemine bakyşy ýaly. Mukam bilen galaýyn men bir pursat, Perdelere mähir bolup siňeýin. Göwün guşum al asmana uçuryp, Arzuwlaryň ganatynda ýüzeýin. Bägül bilen galaýyn men bir pursat, Iç içinden açylşyna bakyplar. Her gunçasy nur saçanda çar ýana, Goý, garaşsyn gelerime bakyplar. Söýgi, şygyr, mukam güller gurşalan, Zemin gujagynda baky galaýyn. Ýüregim mähirden, bagtdan joş alan, Sähralara maýsa bolup dolaýyn. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |