04:23 Söýer ýaly | |
SÖÝER ÝALY
Goşgular
![]() Näme günä, ýazgym bar?! Ýalňyzlykda goýar ýaly. Az pursatlyk tazygan ýar, Özge güli söýer ýaly. Arzuwymda diňe özüň, Çeşme boldy gara gözüm. Ýüregimde gamgyn sazym, Monjuk deýin düzer ýaly. Sensiz boşap galdy kalbym, Gama batdy sagy-solum, Duşman gözler aldy aryn, Ömürbaky köýer ýaly. Her pursatda ymtylanym, Ömür, örküm gatylanym, Jebir çekip çytylanym, Ojar bolup köýer ýaly. Mähriň bilen gurşap al sen, Ganatym bol, göge galsam. On sekizi ýada sal sen, Ömür meni söýer ýaly. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |