19:34 Aýal nämedir ol... | |
AÝAL NÄMEDIR OL...
Goşgular
Görnükli rus sowet şahyrasy, türkmen edebiýatynyñ dosty Rimma Kazakowanyñ ady türkmen okyjylaryna ozaldanam tanyşdyr. Onuñ zenan ýüregine, kalbyna mahsus poeziýasy millionlarça okyjynyñ kalbyna ýol ýasady. * * * Aýal nämedir ol, näme syry bar? Saña berilen däl ony görmeklik. Munuñ üçin günäkärem dälsiñ sen, Añyrdandyr körlüge el bermeklik. Aýal bolsa bildir saña kimdigin, Ýazyşy deý derdin bilen lukmanyñ, Äden bolsa muña ynamy bilen Geler, Geçer alñasaman, howlukman. Ynandyrar näme hakda sözlese, Aýal diýen zadyñ şeýle ahyry, Eger golaýyñda gonduryp bilseñ, Tok geçirer süññüñ üsti aşyry. Dyndarar ol seni aladalardan, Başarar. Özüñi özüñe getir. Ah, sen ony küýseýşiñi diýsene, Ýöne, gelmez öýlän, ýitensoñ ertir. Hawa, alyp gider, süpürer baryn, Gaýtmasyzdan gymmatly zat - özünem. Ornaşyp ýatansyñ golaý-goltumda, Alyp götäe ýany bilen özüñem, Goýýan däldir onsoñ seni ýanyndan, Oñýandyr ol soñra ýygşyrmak bilen. Gysar ol gaýgyly ýumruklaryna, Gözýaşynda gizlär ýylgyrmak bilen. Sen bagtly, Bu zatlardan bihabar, Gynanañok uly ýitgä, baýlygña. Hawa, Hawa, görseñ nätjek göz bilen, Guwanyp bilersiñ batyllygyña. * * * Agaçlara jan bermäge güýjüm ýok, Hemem bu obaga mähir bermäge. Munda ýaşanymy näziklik bilen, Ejiz gelýär sözler düşündirmäge. Aýralygmyz üçin günäkärleme, Dogry düşünmeli hökümdar bolan. Agaç sen, Lowlaýyp ýanyp duran ot, Men bolsa señ köpügiñde doglan. Rusçadan terjime eden: Gözel ŞAGULYÝEWA. | |
|
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |