21:54 Aýdym onuñ hemrasy | |
AÝDYM ONUÑ HEMRASY
Aýdym-saz sungaty
Milli aýdym-sazymyzyň hoş owazlary belentden-belent ýaňlanmaga mynasyp. Şirinden-şirin aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýänleriň biri-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Ogulmeňli Muhamowadyr. Dogrusy, aýdymçy bolmak, ilgüne ýaramak üçin özüňde de üşük bolmaly. Ýöne çyn zehin Ylahydan berlende başgaça bolýar. Galyberse-de, «Aýdymyň ol ýerini şeýleräk almaly, bu ýerini beýleräk almaly» diýip, dogry ýola ugrukdyrýan halypa-da gerek. Halypa-şägirtlik babatynda Ogulmeňliniňki şowuna boldy. Oňa Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýew halypalyk edýär. Ýene, şu ýerde onon iki ýyl mundan ozal bagşyçylyk sungaty, halypa-şägirtlik ýörelgeleri dogrusynda bolan söhbetdeşlik ýadyma düşdi. Şonda halypa bagşy: — O wagtlar biz oglanlykdan ýaňy saýlanypdyk. Magtymguly Garlyýew (Çuwal bagşy) Daşoguzda bagşylaryň ansamblyny döredip, özi hem şoňa ýolbaşçylyk edýärmiş diýen habar il içine ýaýrady. Menem köneje gara gazmamy alyp, eňdim niredesiň Daşoguz diýip. Magtymguly halypa meni şägirtlige aldy. Bir gün şeýle boldy. Halypa biziň her birimizi aýry-aýrylykda synagdan geçirdi. Maňada gezek geldi. Men ýapbyldak heňlerden başlap, aşaky perdelere çenli baryp ýetdim. Magtymguly halypanyň ýüzi çytylypçytylyp gidýärdi. Aýdym aýdylmalysy ýaly aýdylýardy. Kemi-kösti ýok ýalydy. Ýöne nämedir bir zat ýetenokdy. Halypanyň zordan çydam edip oturanlygy ýüzgözünden aňdyrýardy. Halypa dutaryny eline aldy. Ol maňa «kow» diýdi-de, başlan aýdymyndan tutdurdy. Hyruç bilen aýdym aýtdy. Halypanyň aýdymlary ýürekden gaýnap çykýanlygy, göçgünliligi bilen tapawutlanýardy. Şägirt üçin bu halypanyň sapagydy. — Hawa, inim, bu gün özümiz halypalyga ýetişenimizden soň, şägirtlerimize-de öňki halypalaryň ýörelgelerine eýermeklerini ündeýärin — diýip, ýürekden syzdyryp, janygyp gürrüň beripdi. Halypalaryň pentleridir sargytlaryna pitiwa edip, aýdymsazyň ýoluna düşen Ogulmeňli Muhamowa ilki obalarynda geçirilýän medeni-köpçülik çärelerinde öz aýdymlary bilen çykyş edýär. Soňra etrap-welaýat aýdym-saz bäsleşiklerinde öňdäki orunlary eýeleýär. 2004nji ýylda ykbal Ogulmeňlini Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Serpaý» folkloretnografiýa toparyna işe getirýär. Toparyň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Myratgeldi Baýramgeldiýewiň öwütündewleri bilen il içinde adygýar. Ol Italiýa, Ispaniýa, Polşa, Türkiýe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, SanktPeterburg, Belarussiýa, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan döwletlerinde türkmen aýdymsaz sungatyny wagyz etmäge mynasyp goşant goşýar. Onuň şirin owaz bilen ýerine ýetirýän aýdymlary dünýäniň ençeme döwletlerinde ýaňlandy. 2015-nji ýylda ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, Ogulmeňli Muhamowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Ogulmeňli halk aýdymlarynyň ençemesini ýazga geçirip, öwrenip başlaýar. «Halk aýdymlaryny öwrenmek üçin köp zähmet çekmelidigine düşünýärin. Magtymguly Garlyýew, Baýar Baýramow, Öre Şyh, Ilaman Annaýew ýaly milli aýdymsaz sungatynda uly yz goýan beýik halypalardan miras galan aýdymlary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirmek birbada aňsat däl. Öwrenýän her bir täze aýdymymyzyň çeküwli, iň aýlawly ýerlerini irginsiz gaýtaladyp, özleşdirmäge hemaýat eden halypama — Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýewe müň kerem sagbolsun» diýip, halypasyna hoşallyk bildirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zehini taplanyp barha kämilleşýän Ogulmeňli Muhamowanyň «Kerem geldi», «Oýan», «Gola gel», «Teşnit», «Taý atym» ýaly aýdymlaryny diňläniňde, onuň kämil sungatymyzyň inçe syrlaryna içgin aralaşýandygyna göz ýetirmek bolýar. Ol edil häzirki günlerde «Söýgi näme?», «Ajap eýýam», «Bagtly iller» ýaly aýdymlary öwrenýär. Täze öwrenen aýdymlarynyň hersinden birki bent aýdyp berende, Ogulmeňliniň mahmal owazy kalbymyzda mylaýym duýgulary oýardy. Amangeldi HOŞŞANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |