00:56 Aýdym-saz diñlemek harammy? | |
AÝDYM-SAZ DIÑLEMEK HARAMMY?
Aýdym-saz sungaty
Allaha hamd, Pygamberimiz Muhammede salat we salam bolsun. Sorag: Esselämu aleýkum wa rahmetullahi we barakatuh. Islamda aýdym eşitmek harammy? Haram bolsa, Kuran-Kerimden delil getiräýseñiz? Minnetdar bolardym! • Jogap: Waleýkim esseläm we rahmetullahi we barakatuh. Aýdym-sazyñ haramlygy Kuran-Kerimiñ aýaty we Sahyh Hadys bilen sabitdir. Kuran-Kerimde Allatagala şeýle diýýär: “Adamlaryñ arasynda şeýle kimseler bar-ki, olar bilimsizlik bilen (özgeleri) Allah ýolundan azdyrmak üçin we ol (ýoly) masgara etmek üçin (özüne) bihuda sözi (lehwel-hadis) satyn alarlar. Ana şolar üçin hor ediji azap bardyr”.¹ Sahabalaryñ alymlaryndan, Abdylla bin Mesutdan (radiallahu anh) aýatdaky Lehwel-hadis diýmegiñ, nämedigi soralanda, Ol: Özünden başga iläh bolmaýan Allaha kasam edýärin, ol aýdym-sazdyr, diýýär.² Kuranyñ terjimeçisi diýip at alan we Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi we sellem) dogan-oglany bolan, alym sahaba Abdylla ibn Abbas (radiallahu anh), bu aýat barada: Bu aýat aýdym-saz we şoña meñzeş zatlar hakynda, indirildi, diýýär.³ Sünnetden delili bolsa, Sahyh hadysda Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem): “Bir döwür geljekdir, ol wagt ymmatymdan zyna etmegi, ýüpekden egin-eşik geýmegi, içgi içmegi we aýdym-saz diñlemegi halal gören ynsanlar peýda boljakdyr....” ⁴ diýýär. Bundan başgada aýdym-sazyñ haramlygy beýan edýän aýatlar we sahyh hadyslar bardyr. Başga bir bellemeli zat, köp kişi aýdym-sazy diñe diñlemek diýip, göz öñüne getirýär. Emma aýdym-sazyñ sebäp bolýan başga haramlaryna, zyýanlaryna, edepsizliklerine üns bermeýärler. Mysal üçin, zamanymyzda aýdymyñ ýanynda ýörite klipler çekilip, ýarym-ýalañaç zenanlara tans etdirýärler, içgi içýärler ýa-da aýdymyñ içinde binamyslyga, haýasyzlyga çagyrýan sözler aýdylýar. We şol zatlary diñläp ýa-da klipde gören ynsanlara, şol haram zatlar belli bir wagtdan soñra adaty zat bolup, özleri hem şol haramlara höwes edip başlaýarlar. Şonuñ üçin alymlar aýdym-saza şeýtanyñ duzagy, aýdymça bolsa, şeýtanyñ azançysy diýendirler. Uly we gadym alymlardan Ibn Kaýýim (rahimehullah) aýdym-saz barada şeýle diýýär: "Ol şeýtanyñ kuranydyr. Ol Rahmana (Allaha) giden ýola päsgel bolan, galyñ perdedir. Ol beçebazlaryñ we zynaçylaryñ dogasydyr. Şeýtan onuñ üsti bilen gowşak adamlary aldaýar". Selefden Omar bin Abdyleziz (radiallahu anh) oglunyñ mugallymyna nesihat edende, aýdym-saz barada şeýle diýýär: "Başy şeýtandandyr. Soñy bolsa, Allanyñ gazabydyr".⁵ El-Fudaýl bin Yýad (rahimehullah): "Aýdym-saz zynañ dogasydyr" diýýär.⁶ Mezhep başymyz Ebu Hanifa (rahimehullah) aýdym-sazyñ haramlygy barada gaty berk belläp geçýär.⁷ Aýdym-saz ruhyñ içgisidir. Şerap bedeni serhoş edýän bolsa, aýdym-saz ruhy serhoş edýär. Şonuñ üçin hem aýdym-saz diñleýän kişiler, käwagtlar saz eşidenden elini-aýagyny tans etdirip galanyny bilmän galýarlar. Aýdym-saz diñläp öwrenişen adama Kuran diñlemek agyr gelip başlaýar. Alla bizi haram zatlardan gorasyn! Ämin! 1. "Lukman" süresi, 31/6. 2. "Tefsiru't-Taberi", 11/61. 3. Buhary, "Edebul-Müfred", No: 1265. Şeýh Albani Sahihu'l Edebu'l-Müfretde sahyh diýýär. No: 955, sahypa 487. 4. Buhary, "Kitabul-Eşribe". 5. Ibn Ebi'd-Dunýa, "Zemmu'l-Melähi". el-Ajurri, "Siretu Umer". 6. Ibn Ebi'd-Dunýa, "Zemmu'l-Melähi". Ibnul-Jewzi, "Telbisu Iblis", sahypa 235. 7. Ibnul-Jewzi, "Telbisu Iblis", sahypa 229. Begmuhammat ALLANAZAR. 19.01.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |