AÝDYMA ÖWRÜLEN ÖMÜR
Meşhur Sary bagşy ogullary Pürlüdir Orazyň, Nurynyň öz kesbini dowam etdirjekdiklerine ymykly göz ýetiripdi. 1934-nji ýylda Aşgabatda 63 ýaşynda ýogalan Sary bagşy ölmeziniň öňüçyrasy ogllaryna şeýle pent etdi: «Siz özüňizi ekläp-saklajak senediňize hiç haçan garalyk getirmäň!». Ol şeýle diýdi-de, diwarda asylgy duran dutardyr gyjaga ýuwaşlyk bilen nazaryny aýlapdy…
Doganlar sazyň gudraty hakda öz kakalaryndan köp-köp gyzykly gürrüňleri eşitdiler. Olaryň öýi durşy bilen saza ýugrulandy. Garaz-haý, Sary bagşynyň öýünde sazyň sesiniň ýatmaýandygy köplere mälimdi. Bagşynyň öýüne atly-atly bagşy-sazandalar uzak-uzak ýollary söküp, telim günläp myhman bolup gidýärdiler. Bütin Ahal etrabynda gyjagyň sesi ilkinji gezek ine, şu öýde ýaňlanypdy. Muny Sary bagşy Garrygala gidende, Hanmämmet gyjakçydan öwrenip gelipdi. Ýeri gelende aýtsak, Hanmämmet gyjakçy bu öýüň arzyly myhmanlarynyň biridi.
Şeýle hem bu öýde Şükür bagşa uly sarpa goýulýardy. Türkmen obasynyň üstüne çapawulçylyk eden birehim hanyň ganly penjesinden öz dutarynyň güýji bilen doganyny boşadan Şükür bagşy hakda doganlar gyzygyp diňleýärdiler. Göräýmäge, bir howaýy rowaýata çalymdaş bu gürrüňi ilkinji gezek eşidenlerinde, olar birnäçe günläp aňk bolup gezdiler. Bir günem Şükür bagşynyň ýogaldy habary Sary bagşynyň onki süňňüni lerzana getirdi. Bagşy bu ajy habara birnäçe günläp aýňalyp bilmedi.
…Meşhur Sary bagşy ýogaldy. Indi onuň asyrlara öz erkini ýöreden beýik sungatyny dowam etdirmek Pürli bilen Nurynyň hem Orazyň paýyna düşdi.
Pürli şol wagtlar eýýäm atly sazanda diýilýänlerdendi. Nurynyň bolsa bary-ýogy on bir ýaşy bardy. Emma, muňa garamazdan, ol Aşgabatda açylan sazçylyk tehnikumynda okaýardy. Aşgabatlylar onuň sazyny baýramçylyk konsertlerinde häli-şindi diňleýärdiler. Onuň dutardyr gyjaga erk edişine haýranlar galyp tomaşa edýärdiler.
Megerem, otuz dördünji ýyl bolsa gerek, respublikamyzyň sungat ussatlaryndan düzülen konsert brigadasy Watanymyzyň paýtagty Moskwanyň uly-uly teatrlarynda çykyş etmeli boldy. Şol ussatlaryňarasynda on bir ýaşlyja Nury bardy. Moskwalalar bary-ýogy iki kirişden ybarat dutaryň owazynyň edibilşine geň galyp seretselerem seretdiler welin, ýöne boýny gyzyl galstukly oglanjygyň sungatyna hasam haýran galdylar. Oňa ýüzläp-müňläp adam el çarpdy.
Moskwadan sag-aman gaýdylyp gelnensoň, bir pikir ýaş oglanyň asyl oýundan çykmady. Ony oýa batyran mähriban kakasynyň, saz sungatynyň eletmez şahasy Sary bagşynyň aýdan sözleridi. «Gözüňe söwdügim bu mukamlardan gaýry nähili täze zat döredip bolar?! Şulary bir ýitirmän, timarlap, özümizden soňkulara ýetirsek bolany» diýip, Sary bagşy aýdypdy.
Ülkämizde näze durmuş gurulýardy. Täze döwrüň waspyny edýän aýdymlar döreýärdi. Emma, ol aýdymlaryň sözleri täzeçe ýaňlansa-da, sazy welin gulaklaryň öwrenişip giden köne heňlerdi.
Ine, Nuryny oýlandyrýan zat hem şudy. Ol öz içinden «Ýa-da kakam pahyryň aýdany bilen bolunyberilse, nähili bolar?! Bütin ömrüni dutara gulluk eden adamyň sözleri bihal-a bolmaly däldir?!» – diýýärdi. Eger-de kakasy häzir diri bolaýanlygynda, Nury öz ikirjiňlenmeleri hakda merdemsilik bilen bolmasa-da, garaz, eýdip-beýdip, kakasynyň ýüzüne gelse-de geljekdi welin, arman…
Ol ahyry özüni oýlandyrýan zat hakda mugallymyna sala saldy. Öz okuwçysynyň zehinine göwni ýetýän goja mugllym, äýnegini elýaglygy bilen süpürişdirdi-de, birsalym dymdy. Hiç zat geplemedi. Belki-de, ol muny, özüniň aşa tolgunmasyny okuwçysyna duýdurmajak bolýandygy üçin şeýdendir. Soňundanam ol rus dilinde:
– Näsini aýdýaň, Nury! Ata-baba gelýän sungatdan birjik-de kem däl täze mukam döredip bilsek, heý-de oňa ýetesi zat barmy! Indi bular saňa we seniň deň-duşlaryňa bagly zatlar. Siz täze sungatyň ilkinji pionerleri! – diýdi. Şondan soň aradan bir topar wagt geçdi. Adaty günler dowam edýärdi. Ýöne ýiti syn eden adam, şol günler Nurynyň dünýäsinde bir öwrülişik bolup geçýändigini bilip biljekdi. Onuň özüne galsa-ha muny gizläp saklajakdy. Kim bilýär, ýüreginden dömüp ýaňy şineläp ugran mukamyň başga bir zat bolup çykaýsa, bildiňmi? Ine, şonda il-gün näme diýer!
Bu gezegem Nurynyň yhlasyna hemaýat eden şol goja mugallym boldy. Nury çaldy, ol üns berip diňledi. Ikinji gezek çaldy, halypanyňgözleri uçganaklady. Üçünji gezek çaldy, halypanyň gözleri nurlandy, ýüzleri ýagtylyp gitdi.
– Oglum, Nury, sen täze saz döretdiň. Bilýäňmi, sen öz eden işiňi! Täze saz, mukam! Aýtdym-a, sen täze türkmen sazynyň pioneri bolduň!…
Ol öz okuwçysyna ýene-de köp-köp guwançly sözleri aýtjakdy. Ýöne onuň begençden ýaňa bogazy doldy. Näme-näme bolandygyna heniz oňly düşünmän oturan on iki ýaşly oglanyň ýaňaklaryndan taýly gezek ogşap, ony mäkäm gujaklady.
…Hawa, bu waka 1935-nji ýylyň bahary bolupdy. Nury Saryýewiň täze döreden sazy bada-bar köpleriň ünsüni özüne çekdi. Bu täze sazyň ady «Pionerdi». Indi şol wagtdan bärem ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Emma ol saz häli-häzirem her gezek ýaňlananda, edil dek düýn eşidilen ýaly, täzeçe. Her gezegem täzeçe öwüşgin alýar. Ine şonda biz meşhur Sary bagşynyň ogly Nuryny ýyly mähir bilen ýatlaýarys.
Hawa, ýatlaýarys… Çünki,ol diňe indi biziň hakydamyzda ýaşaýar. Moskwa konserwatoriýasyny 1941-nji ýylda tamamlap, öýüne-mähriban Aşgabadyna tarap ýol şaýyny tutan Nury «Uruş tyrdy» habaryny eşitdi. Bäş ýyllap gujagynda üwrelen Moskwany onuň agyr gününde nädip taşlap bolar?! Nury uruşuň ilkinji günlerinden eline ýarag aldy. Moskwany duşmanlardan gorady. Duşman Moskwanyň ýigrimi bäş kilometr golaýyna gelende-de, ol öz halkynyň ýeňilmejekdigine ýüregi bilen ynanýardy. Ol öz kakasy Sary bagşynyň «Elmydama hak işe uýgun! Hakykat hemişe üstün çykýandyr!» diýen sözlerini ýatlap, ondan özüne güýç-kuwwat tapýardy. Nury Saryýewiň ömri gysga boldy. Ol heniz on iki ýaşundaka «Pioner» sazyny döretdi. Bary-ýogy on sekiz ýaşyndaka hem Moskwa ugrundaky mukaddes söweşlerde janyny pida etdi.
Mahlasy, Nury Saryýew hakdaky ýazgymyzy onuň agasy, TSSR- iň at gazanan artisti, ussat gyjakçy Oraz Saryýeiň ýatlamasy bilen dowam edeliň.
– Nuryjanyň talanty hakda gürrüň etseň, gürrüň kän.
1932-nji ýyldy. Bäherdende hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda uly toý boldy. Şonda kakamy aýdym aýtmak üçin çagyrdylar. Ol öz ýanyna Nuryjany hem aldy. Radiodan Pürlini, Mylly agany,Täçmämmet agany hem çagyrypdyrlar. Nury jan on ýaşyndady. Heniz synagdan geçmese-de, kakam oňa saz çaldyrypdyr. Iki gije-gündiz konsert beripdirler.
Öýe gelensoň, adamlar bagşa «Aman-sag geldiňmi, bagşy aga?» diýmek üçin öýmüzde oturdylar. Şonda bir ýaşuly:
Aý, bagşy Nuryjany ýanyňyzda çaldyrypsyň. Bu, näme, ýanyňda sazandarlyk edip biljekmi, bu çaga? – diýdi.
Kakam ýuwaşjadan ýylgyrdy-da:
– Nuryjan-a, adamlar sazanda bolup giden eken, bir öýde ýaşasagam muny bilmeýän ekenimiz – diýdi-de, ýylgyryp agzyny tutdy. Aýdym aýdyp berdik, saz çalyp berdik. Nuryjan bizi käýindirmedi. Gaýtam ezber sazandalar ýaly bolup, aýdymlaryň arasynda süýrenmeg-ä däl welin, birnäçe aýdymlarda öňümize-de geçjek boluberdi bi – diýip, pahyp özüniň oglundan gaty hoşaldygyny oturanlara gürrüň berdi.
Bu birinji basgançakdy. Çünki belli Sary bagşa sazandarlyk etmek oýun-ýounjak zat däldi.
Nuryjan Moskwada okap ýörkä, radioda 8-10 adamdan ybarat azerbaýjan ansambly bardy. Şonda Nuryjanyň talantyna höwes edip, ony özleriniň sazandasy hökmünde şol ansambla alan ekenler.
Ol hasam azerbaýjan sazlaryny gowy görerdi. Özüne kybapdaş ezerbaýjan kemençesini ýasatdy. Eýýäm 5-10 sazy ussatlyk bilen çalýardy. Şol ýyl Daşkentde Orta Aziýa respublikalarynyň günleri geçirildi. Hemme ugurdan adam bardy. Şolaryň arasynda Nuryjan aýratyn baha mynasyp bolupdyr. Ol şonda bir türkmen, birem azerbaýjan heňini çalypdyr. Oturanlar haýran galypdyr. Birinji derejeli diplom alyp geldi.
1939-njy ýylda Nuryjan kanikula geldi. Bir gün ol meň adymy tutdy-da, «Radiodaky ansambla baryp, ýaşulylar bilen salamlaşaýyn hemem Pürliň ansamblyny diňläýin» diýdi. Menem:
– Bolýar – diýdim.
Irden bile gitdik. Ansambl ýygnanan ekeni. Ýaşulular bar, ýaşkiçiler bar. Pürlem şol wagt ansambla ýolbaşçylyk edýärdi. Birki sagat repetisiýa etdi. Gutaransoň kimdir biri:
– Pürli aga, mende bir haýyş bar-la – diýdi.Pürli:
– Name haýyş – diýdi.
– Ine, Nuryjany köpimiz tanasa, köpimiz tanamzok. Bir se,äbi bilen gelipdir. Şunuň bir elini görsek. Gyjakçylygyny gözümiz bilen görsek. Mylly aga bilen üç-dört sany heň çalyp berse – diýdi.
Pürli:
– Aý, ony özüňiz sorap görüň – diýdi.
Huryjan kän çalmajak boldy. Mylly aga:
Hany çekinip oturma – diýensoň, ol saz çalmaga göwünjeň boldy. Üç-dört sany saz çaldylar. Saz çalnyp bolanyndan saň, Mylly aga:
– Haý, berekella, Nuryjan – diýdi.
Nuryjan «Pioner» sazyndan başga-da «Komsomol» sazyny hem döretdi. Plastinka ýazdyrjak diýýädi. Ýetişmedi neresse. «Çalyp beräýseňiz?» diýýäňizmi?» Wah, ondan bäri häçe wagt geçipdir. O sazyň diňe başky bölegi ýadymda galypdyr. (Ol gyjagyny alyp, «Komsomol» sazynyň başky bölegini çalýar Gör, nähili ussatlyk! Arman…).
Bu ýagdaýlar bolar öýtmedik. Yzy ýadymda däl. O heňi Nury janyň özi bilen gitdi-dä!
Nuryjanyň oglan wagty ýasadan kemençesini 1942-nji ýylda, fronta türkmen esgerlerine konsert bermäge gidemizde, Moskwadan getirdim. Okan ýerine barsam, yzynda galan zatlaryny görkezdiler. Alyp gaýtdym, kemençesini Annageldä berdik. (Häzir A.Jülgäýew TSSR-iň halk artisti – A.Ç.). Olam indi şondan bäri Nuryjanyň kemençesinde saz çalyp, il-günüň derdine ýarap ýör – diýip, Oraz aga aýtdy. Biziň gürrüňimize ussat kompozitor Nury Muhadow goşuldy.
– Men 1938-nji ýylyň ahyrynda 1939-njy ýylyň başynda Moskwa okuwa gitdim. Şonda Nuryjan bilen bir otagda ýaşadym. Uruş başlanan ýyly Nuryjan konsertde çykyş etdi. Ol sazyny çaldy. Maýa Kulyýewa-da aýdymyny aýtdy. Skripkada çaldy.
1941-nji ýylyň 21-nji iýunynda okuwyny tamamlaýanlaryň jemleýji konserti bolmalydy. Şonda Nury hem saz çalmalydy. Muny biz spisokda okadyk. Şonuň öňki güni men otaga hasanaklap girdim.
Nury:
Haý, garagol-ow! – diýip, maňa käýedi. Öýe girende ýuwaşrak gir, ýüregimi ýardyň – diýdi.Ol menden iki ýaş uludy.
Görsem, Nury biraz gaýgyly otyr. Pianinoň ýanyna barýar-da, saz çalýar, ýene goýýar, ýene saz çalýar, ýene goýýar. Menem geýimlerimi çykaryp durun. Ol turdy-da, äpişgeden köçä seredip dur.
– Näme beýle tukat, atdaş? – diýdim.
Ýüregim gysýar – diýdi. Oba gidesim gelýär – diýdi. Gözünden boýur-boýur ýaş gitdi. Jübüsinden ýaglygy çykardy-da, ýüzüni süpürdi. Krowadyň üstüne geçip oturdy. Onsoň menem:
Nury, ertir konsert bolýa – diýdim. Konsertde saz çalarys. 22-sine Moskwada gezeris. 23-ine hem gezeris. 24-ne hem Aşgabada gaýdarys – diýdim. Ol göwnüne geňeşýän ýaly, biraz durdy-da: – Onyňam dogry – diýdi. Nury konsertde sazy gowy çaldy. Bu gije ýatdyk. Daňdan bolsa uly gopgun başlady. Biz şol wagt Türkmenistanyň wekilhanasynyň jaýynda ýaşaýardyk. Konserwatoriýa bardyk. Kiçi zala ýygnandylar. Uly miting boldy. Rektor Gaýzwezer gepledi:
Ganym duşman Watanymyzyň üstüne çozdy. Meýletinler ýazylyň! – diýdi.
Nuryjan dagy ilkinjileriň hatarynda meýletin ýazyldy. Meň bolsa on ýedi ýaşym bardy.
Aýyň 23-ne olary hatara duruzdylar. Krasnopresnýa metrosyndan ugratdyk. Menem aglap gapdallaryndan ylgap barýan. «Gaýt» diýdiler. Gaýtdym. Bu biziň iň soňky duşuşygymyz bolupdy.
Ýaşap ýören bolsa Nuryjan häzir 65 ýaşynda bolmaly. Onuň roýalda türkmen heňlerini şeýle bir süýjülik bilen çalşy, şunça ýyl geçse-de gulagymdan gidenok.
1984 ý.
Aýdym-saz sungaty