02:10 Aýzek Azimowdan hikmetli sözler | |
AÝZEK AZIMOWDAN HIKMETLI SÖZLER
Sözler
![]() Isaac Asimov Taryhy proses şeýlebir derejä ýetdi, indi adamzada duşmanlyk etmek, ýowlaşmak mümkin däl. Ýerdäki adamlar hökman biri birleri bilen dostlaşmalydyrlar. Men şu garaýyşy eserlerimde aýratyn öňe sürýän... *** Bolýar, adamlar biri birini halaman bilerler, ýöne olaryň arasyndaky ýigrenç duýgusyny hökman ýok etmeli. *** Ylmy fantastika ähli adamlaryň birleşmegine kömek etjek esasy uguryň biri diýip ynanýan. *** Biziň ylmy-fantastik eserlerde gozgaýan meselelerimiz bütin adamzadyň möhüm meseleleridir... *** Her bir adam islän zadyna ynanybersin, ýöne hemmäniň bir zada mejbury ynandyrylmagyna garşydyryn. *** Ylymda beýan edilen iň gowy söz ,,Ewrika" däl, “Ynha bu örän täsin”-dir. *** Eger nahar süýji bolsa ol zyýanlydyr. *** Jogapkärçilik – agyr iş däl. *** Geljekde-de kitabyň ornuni hiç zat eýeläp bilmez, edil geçmişde hem eýelenmedigi ýaly. *** Adamzat taryhyna düşünmek kyn. Kiçijik üýtgeşmeler beýik netijeleri getirip çykarmagy mümkin. *** Beýik Ýaradyjy ählimizi söýýär, ýöne hiç birimizden haýran däl. *** Gahary gelýän adamyň sögünjine gynanmaň. Eger, ol biraz rahatlanyp ýene sögünse onda gynanyp bilersiňiz. *** Durmuşda birnäçe sowallara dogry jogap bermekden gyzykly iş barmyka? *** Ulalanymyzda biz üýtgämizok, diňe ýaşymyz ulalýar we ýygyrtlarymyz köpelýär. Emma, muňa gynanyp oturasy iş ýok. *** Eger lukman maňa bäş minut ömrüm galanyny aýtsa, howsala düşmän, tizräk bir zatlar ýazyp galmaga synanyşardym. *** Kem diýeni, umuman ýok diýenden gowydyr. *** Adamlar özlerini goňşularyndan gowyrak, medeniýetleri gadymy we beýik, başga ýerlere ýaýran iň gowy häsiýetler özlerinden geçen, ýamanlyklar bolsa başga ýurtlarda dörän, diýip hasaplamaga öwrenen. *** Garramagy hem bilmek gerek. siz garradygyňyz saýyn mylaýymrak, adamlara mähirli boluň. Esasysy, töweregiňizdäkiler siziň durmuşda rahat ýaşaýandygyňyzy görsünler. *** Söýgi babatynda özüňizi gynamaň. Ýönekeý ýol tutuň, ýagny söýýäniňize söýýändigiňizi aýdyň. Söýmek we söýülmek nähili gowy. *** Jemgyýetiň başynda durjak robot döredilse, ol iň gowy syýasatçy bolardy. Robotehnika kanunyna görä, ol adamlara zyýan ýetirip bilmezdi, ýamanlyk we parahorlyk etmezdi. Ol garramazlygyny we ölmezligini bilse-de, öz wagtynda işden çykardy. *** Ilki oýla, soň gürleme. *** Seni kim diýip hasaplamaklary däl, sen özüňi kim diýip hasap etmegiň möhüm. *** Ynam akyldan üstün. *** Ýaşaýyş – ýitirimler zynjyrydyr. Ýaşlygyňy, ene-ataňy, dostlaryňy, saglygyňy we ahyrynda ýaşaýşyň özüni hem ýitirýäň. *** Fantast ýazyjylar näme edýänlerini özleri hem anyk bilmeýärler, Olaryň köpçüligi öz döredijiligini gün-güzeranyny aýlamak üçin edýänini aýtsada, emma meniň üçin olar – nämälim we howply geljege bakmaga het edýän adamzat gözleridir. Taýýarlan: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |