12:29 Göwnüňe bolmasa... (Mugallym adam eken...) / hekaýa | |
GÖWNÜÑE BOLMASA... (MUGALLYM ADAM EKEN...)
Hekaýalar
Mari hatda şol gije gündeligine-de ýazypdyr. 2155-nji ýylyň 15-nji maýynda ýazylan depderiň sahypasynda: "Tommi şu gün öýde hakyky kitap tapdy!" diýip ýazylgydy. Bu gaty köne kitapdy. Mari hakyky kitaplar hakda atasyndan eşidipdi. Atasy bir wagtlar ýazgylaryň kagyz ýüzünde çap edilýändigini aýdypdyr! Doganlar kitabyň gatyny açyp gymyldaman duran harplara haýran galyp seretdiler. Sebäbi olar ekrandaky sahypasy üýtgäp durýan kitaplara öwrenşipdiler. - Muňa seret! - diýdi Tommi. "Şeýle kitaplar okalandan soň zyňylan bolmaly. Biziň elektron kitaphanamyzda millionlarça kitap bolmagyna garamazdan, bu olardan müň esse gowy. Muny eliň bilen tutmak we ýanyňda göterip gezmek hem mümkin. Men beýle kitaplary zyňmazdym". Mari: - Menem zyňmazdym - diýdi, kitaby ünsli gözden geçirip. Ol on bir ýaşyndady we Tommi ýaly elektron kitaplary köp okamandy. Tommi bolsa on üç ýaşyndady, elektron kitaphanasyna girizilen köp kitap okaýardy, birnäçe dilleri öwrenmäge gyzyklanýar, hatda käbir gadymy dilleri hem özleşdirýärdi. - Muny nireden tapdyň? - diýip gyzjagaz sorady. Oglanjyk gözlerini kitapdan aýyrman barmagy bilen yşarat etdi: "üçekden". Tommi kitabyň ýazylan diline düşünýän eken. Ol kitaby gyzygyp okaýardy. - Näme hakda eken? - sabry çydaman Mari sorady. - Mekdep hakynda... - Mekdep hakda? - diýip, Mari ýigrenç bilen aýtdy. - Näme üçin mekdep hakda ýazylan? Mekdep barada näme ýazyp bolardy? Mekdebi ýigrenýärin. Mari mekdebi hemişe ýigrenýärdi, indi bolsa ony öňküsindenem beter ýigrenýärdi. Galyberse-de, robot "mugallym" gyzjagaza derslerden soň synag aldy we gyzjagaz sapaklary gowy öwrenip bilmedi. Bu ýagdaý ejesi öýe "mugallymy" barlatmak üçin tehnik çagyrýança dowam etdi. Hünärmen tehnik her dürli gurallardan doly gutusy bilen geldi we "mugallymy" bölek-bölek etdi. Mari şol pursatda "mugallymynyň" bölek bölek bolup galmagyny isledi... Emma beýle bolmady. Tehnik hemme zadyň kadalydygyna doly göz ýetirdi we bir sagatdan soň şol "mugallym" ýene-de Mariniň öňünde durdy. Sowuk ekrany bilen soraglary we öý işini görkezýän ullakan, gara robot "mugallym". Mariniň iň ýigrenýän zady, synag jogaplary we öý işi üçin "mugallymyň" ekranyndaky açyk ýerdi. Ol ýere her gezek gyzjagaz özüne alty ýaş mahaly öwredilen kody girizmelidi. Robot "mugallym" bolsa goýmaly bahany bireýýäm öňünden hasaplap goýardy. Şol gün tehnik Mariniň ejesine: - Bu gyzjagazyň günäsi däl, hanym Jons. Ylym sektory adaty ýagdaýdan birneme çalt işleýär diýip pikir edýärin. Men ony on ýaşly çagalara görä düzerin. Mariniň umytlary puja çykdy. Sebäbi tehnik "Mugallymy" alyp gider diýip pikir edipdi. Bir gezek Tomminiň "mugallymy" bir aýlap alnyp gidilipdi. Munuň sebäbi, onuň taryh sektor doly köýen bolmagydy. Mari bu barada oýlanyp, köne kagyz kitabyny okaýan doganyna: - Näme üçin mekdep hakda ýazypdyrlar? Bu ýerde näme gyzykly? Tommi doganyna geň galyp seretdi we bilimlisiräp: - Bu biziň ýaly mekdep hakda däl samsyjak. Bu ýüzlerçe ýyl mundan ozalky mekdep hakynda! Mari bu mekdep hakda hiç zat bilmeýändigine gynandy. Tomminiň egninden kitaba seredip: - Her niçigem bolsa ol ýerde mugallymlar bolandyra? -diýdi. -Olar hakda näme ýazyp bolar? - Hawa, elbetde, ol ýerde mugallymlaram bardy. Emma olar adamdy! - Adam ?! - Indi Mari gaty geň galdy. - Nädip mugallym adam bolýar? Tommy gülüp başlady. Mari: - Öýümizde nätanyş adamyň maňa öwretmegini islemeýärin -diýdi. Tommy indi çynlakaý gülýärdi - Mari, sen bileňok. Mugallym okuwçylarynyň öýünde ýaşamaýardy. Mekdep üçin aýratyn, ýörite binalar gurulandy Çagalar ol ýere okamaga giderdiler. - Şol bir sapagy öwrenermidiler? - Elbetde, deňduş synpdaşlar bir synpda okaýardylar ... Indi Mari şol gyzykly mekdepler hakda has köp zat öwrenmek isleýärdi. Tommiden kitaby sesli okamagyny haýyş edip başlady. Ejeleri: "Çagalar! Mekdebe!" diýip gygyran wagty olar entek kitabyň ýarysyny hem okamandylar. Mari Tommiden ýalbardy: "Sapakdan soň kitaby ýene okaýarysmy?" Tommi: "Bolýar" -diýdi. Özi-de kitapda ýazylanlaryň täsiri astynda geň ýagdaýa düşipdi. Mari öýlerinde mekdep diýlip atlandyrylýan otaga girdi. Bu otag onuň ýatylýan otagynyň garşysyndady. Içinde robot "mugallym" gyzjagaza garaşýardy, Mari gireninde onuň ekrany ýakyldy we sowuk ses bilen: "Düýnki öý işini degişli ýere giriziň" -diýdi. Mari uludan demini aldy we görkezmäni ýerine ýetirdi. Gyzjagaz atasynyň atasy oglanjyk wagtyndaky köne mekdep hakda pikir edýärdi. "Çagalaryň hemmesi gülip oýnap mekdebiň howlusyna gelendirler" - diýip, gyzjagaz höwes bilen pikir etdi. "Hemmeler synp otagy diýilýän ýerde bile oturandyrlar, olara şol bir sapak berilendir. Günüň ahyrynda ähli okuwçylar bilelikde öýlerine dolanandyrlar. Öý işlerini bilelikde taýýarlandyrlar, birek-birege kömek edendirler we jedelleşendirler... Mugallymlaram adamdy. Diýmek çagalar onuň bilen gürleşip, ondan maslahat alandyrlar..." Mari şol wagt çagalaryň mekdebini nähili gowy görýändiklerini göz öňüne getirmäge synanyşýardy: "Mekdep we mugallymlar şeýle gowy bolandyr! Şol döwürde çagalar wah gör nähili heziller edendirler!" Aýzek AZIMOW. Terjime eden: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |